Dataset Viewer
text
stringlengths 99
138k
|
---|
Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndaky tokaý ýangynlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar 11.11.18 11:30:00
|
Türkmenistanyň Prezidenti agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Halallykdan kemal tapan halkymyz Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň her gününi uly zähmet üstünliklerine, ýeňişlere besleýär....
|
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda...
|
Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.
Negep çölüniň halky Ysaw dagyny eýelär. Baýyrlykdaky adamlar piliştlileriň topragyny eýelärler. Olar Efraýym hem Samariýa topragyna çenli ýeterler. Benýamin nesli Gilgady eýelär.
|
Türkmenabat şäheri «Beýik Ýüpek ýoly» boýunça ýaryşlaryň başlanýan ýeri. Bu şäheriň üstünden gadym wagtlar Beýik Ýüpek ýoly geçip, ol Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Eýrana, Ortaýer deňzine çenli uzalypdyr.
|
Ýakynda Boldumsaz etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň guramagynda etrabynyň Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň - Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinj
|
Halkymyzyň ruhy dünýäsi barha baýlaşýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň döwlet galamynyň astyndan çykan ajaýyp kitaplaryň hem ummasyz ähmiýeti bardyr.
Ol özüniň bütin ömrüni Şyhmansur ýaýlasynda geçirdi. Köp ýyllap Sakarçäge etrabynyň «Sakarçäge — Hutor» diýlip atlandyrylýan ýaýla obasyndaky mekdebiň müdiri bolup işledi. Soňra bolsa düýedarçylyk hojalygyna birnäçe ýyllap ýolbaşçylyk etdi.
|
Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda tennis, tanap çekmek, şaşka we düzzüm boýunça ýaryş geçirildi.
Golaýda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýӧriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde geçirilen «Ýol hereketiniň ýaş gӧzegçileri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Russiýa Federasiýasynda 31-nji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA ýurtlarynyň arasynda geçirilen «Kitap sungaty» atly 15-nji halkara bäsleşiginde Türkmen dӧwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda çap edilen 4 kitabyň hӧdürlenmegi, şol kitaplaryň ähl
Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde Bäherden etrabynyň bilim ojaklarynda geçirilýän çärelere okuwçy ýaşlar höwes bilen gatnaşýar. Etrapdaky 27-nji orta mekdepde bolan şeýle çäre hem ýaşlaryň gyzyklanmasyna eýe boldy.
|
Ýurdumyzyň taryhy senenamasyna ýazyljak möhüm syýasy wakalaryň biri bolan 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk işleri Türkmengala etrabynda hem giň gerim bilen ýaýbaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, ony döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ýakynda ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň guramagynda Bäherden etrabynyň 7-nji orta mekdebinde tejribeli mugallymlaryň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň 10-njy jiltiniň
Ýakynda Sarahs etrap bilim bölüminde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ýurdumyzyň ýörite we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap gelen ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça işe ugradyş dabarasy boldy.
|
Maýagoýumçylara olar ýaly biznes-meýilnamalar ýaramasa gerek. Eger-de, ilkinji birnäçe setirler okalanyndan soň, biznes-meýilnamanyň esasy manysy düşnüksiz bolsa, munuň özi meýilnamanyň ýalňyş düzülendigini aňladýar. Diňe bir konsepsiýanyň birsydyrgynlygy ýeterlik däl. Birnäçe setirde şu taslamanyň öz ulgamynda haýsy bäsdeşlik artykmaçlygynyň barlygyny düşündirip bilmeli, sebäbi maýagoýumçy siziň nähili ýagdaýda üstünlik gazanmakçy bolýandygyňyzy bilmek zerur.
Biznes-meýilnamaňyzy iň ýokary derejä ýetireniňizden soň, ony ulanman ýygnap goýmaň. Biznes-meýilnama – bu diňe işiň başydyr. Kärhananyň işini meýilleşdirmek, deňizde gämini sürmek bilen birdir: ugruňy elmydama üýtgedip durmalydyr. Meýilnamanyň bir özüniň ullakan bir gymmaty ýokdyr. Yzyňa dolanyp, oňa ýene-de bir gezek göz gezdirmek, näçe kyn hem bolsa, nirede ýalňyşlyk goýbereniňizi bilmek wajypdyr.
|
Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.
Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.
Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.
Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.
Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.
Ol heniz sözüni tamamlamanka, başga bir çapar: «Seniň ogullaryňdyr gyzlaryň uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrkalar, çöl tarapdan bir güýçli tupan gelip, öýi tutuşlygyna ýumurdy. Öý ýaşlaryň üstüne ýykyldy we olaryň bary öldi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýen habary getirdi.
|
1 Pakistan. Lahore. Şaýy musulmanlary ýedinji asyr şehidi, Muhammet pygamberiň agtygy Ymam Hüseýiniň ýasyny tutmagyň 40 gününiniň soňlanmagy mynasybetli özlerini zynjyr bilen saýýarlar. (AP/K.M. Chaudary)
3 Pitneçileriň elindäki ýerde ýaşaýan siriýaly çagalar hökümet güýçleriniň zarbasyndan soň öz zyýan ýeten mekdeplerini gözden geçirýärler. Damaskyň etegindäki Sakba şäheri. (AFP/Amer Almohibany)
|
“Elbetde, 15 ýyllap öz kakamyň ykbaly barada hiç zat bilmän ýaşamak meniň üçin örän kyn boldy, bu biz üçin iň aýylganç gynag, ýöne şindem umydymyz bar” diýip, beýanatyň başynda mejbury ýitirim edilenleriň biri Rüstem Jumaýewiň ogly Umed Uljabaýewiňaýdan sözleri getirilýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň janyna kast ediş synanyşygy diýilýäniň bolanyna 15 ýyl doldy, emma şol iş bilen baglylykda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglgyna höküm edilen adamlaryň maşgala agzalary şindem öz ärleriniň, doganlarynyň, kakalarynyň we ogullarynyň ykbaly, olaryň nirede saklanylýandygy barada habara garaşýarlar diýip, AI ýazýar.
Kast ediş synanyşygy diýilýän bilen bagly zorlukly ýitirim edilmäge sezewar bolanlaryň azyndan 80 sanysynyň ykbaly indi 15 ýyl bäri näbelliligine galýar. Türkmen häkimiýetleri olar baradaky maglumatlaryň ählisini gizlinlikde, aýan etmän saklaýarlar we sud edilenleriň maşgalalaryna hiç bir resmi dokumenti, hatda sud hökümleriniň göçürmelerini hem bermeýärler.
Ýitirim bolanlaryň garyndaşlary, olaryň köpüsi aýallar, uzak-uzak ýyllaryny hakykat we adalat gözlerinde geçirdiler.
Halkara günä geçiş guramasynyň beýanatynda Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim bolanlaryň hossarlarynyň başdan geçirenleri hem, olaryň öz sözleri esasynda gürrüň berilýär.
“Tatýana Şyhmyradowynyň, Darýa Atdaýewanyň we beýlekileriň tejribeleri zorlukly ýitirim edilmegiň soňy gelmeýän jenaýatdygyny görkezýär” diýip, beýanatda aýdylýar.
“Tatýana Şyhmyradowa sansyz hat ýazdy, dürli aksiýalara we kampaniýalara goşuldy, türkmen häkimiýetlerine gaýta-gaýta ýazmaça ýüz tutdy” diýip beýanatda bellenilýär.
Ahyrynda bu işe BMG-niň Adam hukuklary komitetinde seredildi we netijede bu komitet 2014-nji ýylda, 12 ýyl soňra Tatýana Şyhmyradowanyň hukuklarynyň Raýat we syýasy hukuklar boýunça halkara konwensiýanyň 7-nji maddasy esasynda bozulandygy baradaky karara geldi. Bu madda adamyň gynalmagyny we beýleki gazaply çemeleşmeleri, oňa adamkärçiliksiz ýa kemsidiji daramagy gadagan edýär.
Mysal üçin, Türkmenistanyň raýaty Annamyrat Atdaýew türkmen türmesinde 2017-nji ýylyň ýanwarynda ýitirim boldy. Halkara günä geçiş guramasy ony garyndaşlarynyň görmänine bir ýyla golaý wagt geçendigini belleýär.
“Türkmenistanyň häkimiýetleri 15 ýyllap zorlukly ýitirim etmek praktikasyny bes etmediler we bu ugurdaky şikaýatlary derňemekden ýa-da tussag edilenleriň nirede saklanylýandygy ýa soňky ykballary barada maglumatbermekden ýüz öwürdiler, halkara hukuk guramalary tarapyndan berlen rekomendasiýalara göz ýumdular" diýip, AI Türkmenistandaky ýitirim edilmeleriň 15 ýyllygyna gabat ýaradan beýanatynda aýdýar.
|
Azatlygyň çeşmesi 15-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly aýal dogany Gülnabat Mälikgulyýewna Döwletowanyň adamsynyň aradan çykandygyny we gije Türkmenbaşy, ozalky Lenin köçesiniň ugrunda bejeriş işleriniň geçirilendigini, ýol ýakasyndaky jaýlaryň reňklenendigini habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen metbugatynda baryp Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllaryndan bäri, häkimiýetleriň nukdaý nazaryndan aýratyn bir möhüm adamyň ölümi bolmasa, ölüm habarlary berilmeýär.
Azatlyk radiosy prezidentiň aýal doganynyň adamsynyň ýogalan wagtyna gabat gelen köçe bejerişlgi we jaýlaryň reňklenmegi baradaky maglumaty birnäçe çeşme arkaly barlady.
Paýtagtyň adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly bir ýaşaýjysy özüniň bu wakadan belli bir derejede habarlydygyny aýtdy.
“Ozalky Lenin köçesinde, harby gospitalyň golaýynda Senagat bankynyň merkezi edarasy ýerleşýär. Şol edaradan aşakda, wokzal tarapda iki aý çemesi ozal Türkmenbaşy köçesiniň ugrundaky ofis jaýlaryny ýykdylar. Emma bu ýykylan jaýlaryň materiallary doly ýygnalman eken. Şol töwerekde ýaşaýan adamlaryň gürrüň bermegine görä, bu ýykylan jaýlaryň ýerleri bir hepde, on gün mundan öň gaty howlukmaç ýagdaýda, gijesi bilen arassalandy we asfaltlandy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Aýdylmagyna görä, gyssagly bejeriş işleri geçirilenýeriň golaýynda, Sport we syýahatçylyk institutynyň ýeňsesinde köp gatly däl, ýöne owadan edilip salnan 20-30 sany ýaşaýyş jaýy ýerleşýär.
“Şonda prezident ýas ýerine gelmezinden bir gün öň, baryp gaýdanyndan ýarym gün soň Gurtly ýapyk durdy” diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.
Prezidentiň uly aýal dogany Gülnabat Döwletowa, metbugat işgärleriniň gürrüň bermeklerinde görä, ýönekeý orta bilimli zenan bolup, 1992-njy ýylda “Saglyk” žurnalynyň hojalyk bölüminiň müdiri bolup işleýärdi, ýagny redaksiýanyň kagyz-galam meselelerine jogap berýärdi.
“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň ýazmagyna görä, G.Döwletowa 2013-nji ýylda häkimlikdäki işinden gitmäge mejbur boldy we 2014-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Gyzylýarymaý jemgyýetinde ilki ýerine ýetiriji direktor bolan bolsa, häzir baş direktor bolup işleýär.
"Ol hakykatda jemgyýetiň başlygy, ýagny ähli meseläni özbaşdak çözýän ýolbaşçy" diýip, TAH öz çeşmelerine salgylanyp ýazýar.
Şeýle-de neşir Gülnabat Döwletowanyň uly gyzy Maralyň prezidentiň ýegeni Şammynyň (Şamyrat), döwlet baştutanynyň beýleki bir aýal doganynyň oglunyň gelnidigini habar berýär.
|
Polisiýanyň ýene bir resmisi Rab Nawaz pidalaryň sanynyň ýene köpelmeginiň ähtimaldygyny, sebäbi ýaralanan adamlaryň ýagdaýynyň agyrdygyny belledi.
Polisiýanyň aýtmagyna görä, derňewleriň netijesinde ulag sürüjileriň azyndan biriniň erbet howa şertlerinde çalt sürendigini anyklapdyr.
|
Eýranyň paýtagty Tähranda Prezident R.T.Erdoganyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahat geçirildi.
“Idlibiň gan kölüne öwrülmegini islemäýäris” diýen Erdogan, şäheriň diňe Siriýanyň syýasy geljegi üçin däl, eýsem Türkiýäniň milli howpsyzlygy hem-de sebitleýin parahatçylyk taýdan-da möhümdigini aýtdy.
Idlib ýaly çylşyrymly ýerde terrorçylara garşy netijeli göreşmek üçin wagt we sabyrlylyk talap edýan tapawutly usullaryň möhümdigini nygtan Erdogan; “Astana ruhunyň özeninde umumy garaýyşlarda ylalaşmak durýar. Şol umumy garaýyşlar bolsa Siriýanyň syýasy jebisliginiň üpjün edilmegi, territorial bitewiliginiň goralmagy we düşnüşmezlige parahatçylykly çözgüt tapmak” diýdi.
Erdogan Türkiýäniň esasanda Siriýanyň syýasy, geografik we sosial bitewiligi sözüň doly manysynda üpjün edilýänçä eýeleýän pozisiýasyny gorap saklajakdygyny nygtady.
Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, siriýaly 260 müňden gowrak bosgunyň Türkiýäniň terrordan saplan ýerlerine dolanyp barandygyny habar berdi
|
17 Çünki: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýip ýazylyşy ýaly, Hoş Habarda Hudaýyň dogrulygy imandan imana aýan bolýar.
20 Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär.
23 Pany däl Hudaýyň şöhratyny pany adamyň, guşlaryň, dört aýaklylaryň we süýreniji haýwanlaryň suratyna meňzeş zatlara öwürdiler.
28 Olaryň öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemeýişi ýaly, Hudaý hem olary ýerliksiz işleri etmekleri üçin ýaramaz pikirde taşlady.
|
Türkiýäniň “Polimex” gurluşyk kompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy arasynda türkmen hökümeti bilen baglaşylan şertnama esasynda gurýan ýokary tizlikli we tölegli ýolunyň gurluşygynda alyp barýan işlerini bes etdi. Sebäbi Türkmen häkimiýetleri Türk kompaniýasynyň başlygy Erol Tabança bu ýoly kompaniýanyň öz maliýe hasabyna gurmagy we soňra täze ýoluň gel...
Täze ýylyň ýanwar aýyndan ýa-da täze ýylyň sentýabr aýyndan talyp haklarynyň ýatyryljakdygy barada myş-myşlar aýdylýar. Bu maglumatlara görä, uniwersitetlerde talyplara “Men öz alýan talyp hakymdan ýüz öwürýärin. Sebäbi meniň talyp hakyna mätäçligim ýok” diýip, talyplara arza ýazdyrýandygy aýdylýar. Türkmenistandaky ykdysady krizis sebäpli kynçylyk...
Türkmenistan taryhynyň iň agyr ykdysady krizisini tejribe edýär. 2015-de başlan dollar krizisi Türkmen ekonomiýasynyň ähli pudaklarynda giňişleýin duýulýar. Kynçylygyň iň agyryny bolsa daşary ýurtlarda okap yören talyplar çekýär. Bilişiňiz ýaly ata-eneler daşary yurtlara okap ýören talyp ogul-gyzlary üçin okuw tölegleriniň ýanynda olaryň kwartira k...
|
Bİlşiňiz ýaly, Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň ikiji tapgyry geçenlerde oýnaldy. "D" toparynda Türkmenistanyň Ýokary ligasyndan iki Aşgabadyň “Altyn Asyr” we "Ahal" toparlary bar. Birinji tapgyrda, Altyn Asyr Gyrgyzstanyň çempiýony FK Alaý toparyny Oş şäheriniň Ahmetbek Suýinbayew statiýonynda 6-3 has...
|
Prezident Erdogan Türkiýäniň Ýewropa we Amerika bilen birlikde beýleki ýurtlar bilen hem ýakyndan gatnaşyk edip biljekdigini ýatlatdy.
|
6 Eý, köňlümiň aşygy, aýt maňa, Nirede bakýaň süriňi? Günorta çagy olara nirede dynç berýäň? Ýoldaşlaryňyň sürüleriniň ýanynda näme üçin sergezdan zenan dek bolaýyn? Ýigit
7 Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.
15 Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.
|
─ Aý, ine alma biziňem elimize gaçsa gowy bolardy diýip pikir edýäs. Günä iş edemzok, diňe ýagşylyk isleýäs. Beýleki zatlary hem edil bize öwredilişi ýaly ýerine ýetirýäs ─ diýşip, adamlaryň ählisi diýen ýaly deň gygyryşypdyrlar.
─ Barymy şu? Ine, men bolsa şunuň ýaly isleýän ─ diýip, ýaňky adam ýüpdür ýaýjyklary, basma ilikleri, nurbatly çüýjagazlary çykaryşdyryp, haýsydyr bir guralyň gurluşyny düşündirip başlapdyr. Ol:
|
10-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen Ahmet Annamuhammedow işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edendigi üçin zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ...
|
1 Hudaýyň saýlanlarynyň imanyna görä, Hudaý ýoluna ýaraşykly bolan hakykat bilimine görä Hudaýyň guly, Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan salam!
12 Aralaryndan biri, olaryň öz pygamberleriniň biri: «Giritliler hemişe ýalançy, ýaman haýwan, ýalta hajymelikdir» diýipdir.
|
Diňe şu ýylyň bahar paslynda türkmen atbakarlarynyňdyr çapyksuwarlarynyň hem-de seýisleriniň Beýik Britaniýa (8-njimartdan 8-nji aprel aralygy) we Bahreýn Patişalygyna (12-nji martdan 12-nji aprel aralygy) tejribe alyşmak we hünär kämilleşigini geçmek üçin iş saparlary boldy. Geçen ýylda ýurduň hünärmenleriniň şular ýaly saparlarynyň birnäçesi guraldy.
Geçen ýylda “Türkmenatlary” Döwlet birleşigi Ýaponiýanyň atçylyk assosasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy. Bu ylalaşygyň çäklerinde 2014-nji ýylda birnäçe çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Türkmen bedewiniň baýramyna ýapon atşynaslarynyň Aşgabada gelmegine garaşylýar. Hytaý atçylyk assosasiýasy bilen hem şunuň ýaly ylalaşyk baglaşylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň üçin şu ýylyň maý aýynda Halkara ahalateke atçylyk assosasiýasynyň nobatdan daşary mejlisini Pekinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýurduň atçylyk gurluşy ösdürilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň ähli weleýatynda atçylyk-sport toplumlary guruldy. Bütin Türkmenistanda arassa ganly ahalteke atlarynyň üç müňden gowragy türgenleşdirilýär hem-de saklanylýar. Döwlet birleşiginiň düzümlerinde arassa ganly atlaryň we baýtallaryň bir ýarym müňüsi saklanylýar. Olaryň beýlekileri bolsa iri hususy atçylyk hojalyklarynda saklanylýar.
|
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginde ýerleşýän sport mekdebi tanymallyga ýeten agyr atletikaçylaryň ençemesini taýýarlady. Golaýda onuň okuwçylarynyň biri, ýaş ştangaçy Reýimbergen Jumaýew halkara ýaryşynda şowly çykyş edip, milli ýygyndy topara dalaşgär boldy. Mekdebiň beýleki bir okuwçysy Şerzat Rustambaýew ýaşlaryň arasy...
|
6 Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehmi inip, bizi halas eder» diýdi.
|
12/11/2018 Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-leriniň ýolbaşçylary Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny maslahatlaşdylar
|
Türkmenistanda dün 17-nji awgustda Gawun baýramyny bellenip geçildi. Bu baýram her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ylmynda bellige alnan gawunyň 1600 görnüşiniň 400 naýbaşy görnüşi türkmen topragynda ýetişdirilýär. Gawunlaryň şunun ýaly dürli görnüşleri bakjaçylaryň her bir täze nesli tar...
|
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nury Ersoý, Türkiýä gelýän ýapon syýahatçylarynyň sanynyn üstümizdäki ýyl 90 göterime golaý artandygyny aýtdy
Altaý taňkynyň seriýalaýyn häsýetde öndürilmegi bilen bagly şertnama Goranyş senagaty müdürligi bilen BMC kärhanasynyň arasynda gol çekildi
|
14 Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük.
23 Ýahýa: «Men, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Rebbiň ýoluny dogrulaň diýip, çölde gygyrýanyň sesi» diýdi.
26 Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Men suw bilen çokundyrýaryn, ýöne siziň araňyzda biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz.
29 Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi.
39 Isa olara: «Geliň, görüň» diýdi. Olar baryp, Isanyň nirede ýaşaýanyny gördüler we şol gün Onuň ýanynda galdylar. Gündiz sagat dördüň töweregidi.
40 Ýahýanyň aýdanlaryny eşidip, Isanyň yzyndan giden iki adamyň biri Simun Petrusyň dogany Andreasdy.
50 Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm diýip aýdanym üçin Maňa iman edýärsiňmi? Sen mundan uly zatlary görersiň» diýdi.
51 Onsoň oňa şeýle diýdi: «Men size, hakykatdan-da, dogrusyny aýdýaryn, mundan beýläk siz Gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň üstüne inip-çykyşyny görersiňiz».
|
Türk we dünýä taryhynda belli bolan iň beýik jahankeşde we iň uly syýahatnama kitabynynyň ýazyjysy, Ewliýa Çelebi 1611–nji ýylyň mart aýynyň 25-nde Yssambylda dünýä inýär. Aňyrsy Kütahýaly bolan ýazyjynyň kakasy Köşk hökümdarlarynyň zergärleriniň ulysy Derwiş Mehmet Zylly Efendi. Ejesi Abaza we soňky ýyllada ýakyn dostlyk gatnaşyklaryny saklan weziri Melek Ahmet Paşanyň hem garyndaşydyr. Ewliýa Çelebiniň eserlerinde özüniň ýatlap geçişi ýaly ata-babasynyň arkasynyň, türkler üçin weli hasap edilen Hoja Ahmet Ýasawa baryp ýetýär.
1611-nji 1685-nji ýyllar arasynda, takmynan ýetmiş ýyla ýakyn ömür süren, dünýä taryhyna iň beýik jahankeşde hökmünde geçen we iň uly syýahatnama kitabyny ýazan Ewliýa Çelebi hiç haçan öýlenmändir. Onyň özüniň aýdyşy ýaly sakal we murt göýbermedik, hemme wagt sakal-murty syrylan, edep-ekramly bir asylzada.
Gezmäge höwesjeňligi sebäpli, gezmek için dörän iň ýönekeýje pursaty hem öz bähbidi üçin ulanmaga höwesli bolan Ewliýa Çelebi bütin ömrüni gezmek bilen geçiripdir. Özüniň ýazan “Syýahatnama” eserinde özüniň öwran-öwran gaýtalaýşy ýaly Gretsiýa, Arap we Ajamda, Şwetsiýa, Polşa we Çehoslowakiýada, 7 yklymy we 18 paşalyklara degişli bolan ýerleri 51 ýylyň dowamynda gezipdir. Gezen ähli ýerlerinde 147 dile degişli bolan sözleri toplapdyr.
|
Öň habar berlişi ýaly, «Abadan haly» APJ iki ýyl mundan öň, innowasion tehnologiýalar esasynda polipropilenden edilen ýüplükleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu bölümiň önümçilik kuwwaty her günde 8 tonna emeli ýüplüklere barabardyr. Bölüm Ýewropanyň öňdebaryjylary bolan Germaniýanyň “Oerlikon”, “Volkman”, “Pover Heat Seat”, Belgiýanyň “Gilbos” kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
|
Türkiýäniň Hasabat guramasy ýylyň ikinji çärýegindäki içerki milli girdejiniň görkezijilerini çap etdi
Türkiýäniň Hasabat guramasy ýylyň ikinji çärýegindäki içerki milli girdejiniň görkezijilerini çap etdi.
|
3 Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.
|
Aziýada sebäpli Aşgabatda hususy ulaglaryň gatnawy doly ýatyrylyp, jemgyýetçilik transportlary bilen çäklendirilendi diýlen myş myş bar. Aziýada geçýänçä şeýle karara gelnipdir. Metro-a ýok Aşgabatda, şol jemgyýetçilik Transportlary diýlen diňeje Awtobuslar bolaýmasyn. Awtobuslaryň sany ýeter mika taýýarlyk görülendir laý. Aý bolmasa-da ýerli halk ...
|
8 Çünki Rebbiň sözi sizden eşidilip ugrady. Hudaýa bolan imanyňyzyň habary diňe Makedoniýa, Ahaýa däl-de, hemme ýere ýaýrady. Şoňa görä-de, bize gürrüň berere zat galmady.
|
Sahabat Genjiýewa atly 24 ýaşyndaky Türkmen raýaty gyzjagazyň operasiýasy üçin sosiýal mediýadaky türkmenler pul ýygnap başlady. 2 aý öň Sahabatyň maşgalasy onuň Acute Lymphocytic Luecemia (ALL) keseline tutulandygyny öwrenýär. Bu ALL keseli süňk ýülüginiň bir görnüş rak keseli bolup muňa gan rak keseli hem diýilýär. Sahabatyň maşgalasy baryny-ýogu...
Türkmenistanyň bitaraplyk statusyna eýe bolan döwletdigi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, dünýäniň 185 ýurdunyň goldamagynda kabul eden rezolýusiýasynda görkezilýär. Bu karara laýyklykda Türkmenistan Bitaraplyk statusyna salgylanyp, regional guramalaryň ençemesine goşulmakdan saklanýar. Şol sene Türkmenistanyň halky üçi...
|
Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny kesgitlejek agzalyp geçilen resminama Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gol çekmegi bilen Hazar gaz serişdelerini ýewropa bazarlaryna çykarmak boýunça amatly mümkinçilikler açylar.
Türkmenistan we Azerbaýjan, öz tarapyndan, Hazar deňzi boýunça turba geçiriji çekmäge taýýar. Elbetde, energiýa serişdelerine baý bolan iki döwlet energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyna eýerip, taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary ederler, diýip türk bilermeni hasaplaýar.
|
2 Eý ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde, ýa atalar döwründe heý-de bolupmydy şular ýaly zat?
6 Sebäbi meniň topragyma ummasyz hem-de güýçli çozdy bir leşger; arslanyňky ýaly onuň dişleri, ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.
14 Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de dady-perýat ediň siz Rebbe.
19 Ýa Reb, Saňa dady-perýat edýärin, çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy, meýdan agaçlarynyň baryny ýalyn köýdürdi.
20 Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary, çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.
|
1 Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň; Ysraýylda Ýowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy. Ysraýyl wepasyzlyk edýär
2 Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa aýtdy: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ondan nikasyz çagalar bolsun. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär».
3 Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy.
7 Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».
9 Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin. Ysraýyl Hudaý bilen ýaraşýar
|
Türkmenistanyň hökümetiniň 22-nji dekabrda geçirilen mejlisinde energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlamagy ýokarlandyrmak zerurlygy nygtaldy. Türkmenıstan Döwlet Habar gullygynyň maglumatyna görä, “energiýa serişdeleriniň netijeliligini, olaryň tygşytlanylyşyny ýokarlandyrmak ýaşaýyş jaý toplumy üçin hem wajyp bolup durýar”. Sebäbi, energiýa ...
|
Säginiň we pikir edip görüň. Özüniň nähili häsýetlendirýäňiz, (nemes, arap, türk, musulman, hristiýan, ateist…) Müň ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýan ýurduňyzda döwlet size “siz beýle däl” we “siziň kesgitleýşiňiz ýaly halk bu ýurtda ýok” diýýär.
Gynansagam beýle däl. Bu şertlerde ÝB-ne agza ýurtlardan biri bolan Gresiýada entegem dowam edýär. Adamlar grek döwletine müň ýyldan gowrak wagt bäri şol ýerde musulman we türk şahsyýetleri bilen ýaşaýandyklaryny kabul etdirmek üçin uzak ýyllardan bari göreşýärler.
Günbatar Frakiýadaky türk şahsyýeti taýdan başdan geçirilenler hem şondan tapawutsyz. 1927-nji ýylda döredilen “Ksanti Türk Bileleşigi” 1980-nji ýyllara çenli iş alyp barýar. Adyndan “Türk” sözi bolandygy sebäpli 1983-nji ýylda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan atýazgysy aýrylýar. Iş alyp barmagyna rugsat berilmeýär. Gurama grek ýerli kazyýetleri we Prokuroturasy tarapyndan “Günbatar Frakiýada türk ýok” diýlen sebäp bilen ýapylýar. Şondan soň Günbatar Frakiýanyň musulmanlar türkleriň işi Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetiniň garamagyna hödürleýär. Kazyýet 2008-nji ýylda Ksanti Türk Bileleşigini mamla diýip tapýar. Ýaňadandan içerki hukuk ýollaryna ýüz tutulmaly bolýar. Günbatar Frakiýa türkleri soňky ýyllarda Gresiýanyň Ýewropanyň Adam Hukuklarynyň kararyny berjaý etmegi üçin göreşýär. Mesele boýunça soňky kazyýet işine 2018-nji ýyulyň 9-njy fewralynda Komotininiň Kassasion kazyýetinde seredildi we ýene-de netije çykmady.
1983-nji ýylda başlan we iň bir başlangyç adam hukuguna äsgermezçilik edýän basyşyň ortadan aýrylmagy üçin doly 35 ýyldan bäri göreşilýär. Günbatar frakiýaly musulman türkler bizar bolmazdan we asla hukugyň çäginden çykman göreşmäge dowam edýär. 35 ýyldan bäri Gresiýadan we Gresiýa degişli basyşy etmeýän ÝB-den adalata garaşýarlar. Emma bu möhletde grek döwleti adalatyň ýerine basyş ediji syýasaty saýlap alýar.
Günbatar Frakiýa türkleri 1988-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda özlerini ykrar etmeýän grek kazyýetiniň kararyna garşy ýokary gatnaşykly demonstrasiýa geçiripdi. Şol seneden soň 29-njy ýanwary “Milli Göreş Güni” hökmünde yglan edýärler. Emma Gresiýa şu günki günde-de geçirilýän çärelere basyş etme we olaryň öňüni alma ýoluny saýlap alýar. 1990-njy ýyllardaky “Milli Göreş Gününe” ähli garşylyklara garamazdan onlarça müň adam gatnaşyp, şahsyýetlerini orta goýýar. Emma şol demokratik we legal ýörişiň dowamynda fanatik grekler türklere hüjüm edýär. Iki günüň dowamynda ýüzlerçe musulman türkleriň iş ýerleri talanýar, ýakylyp, ýykylýar. Ksantiniň saýlanan müftüsi Mehmet Emin Aga we döwrüň garaşsyz halk deputaty Ahmet Faikogly ýaly köp sanly türk agyr ýaralanýar. Grek polisi bolsa olara tomaşa edýär.
Meseläniň gynandyryjy bolan beýleki bir tarapy bolsa ÝB-niň düzümleriniň we halkara guramalarynyň onlarça ýyl dowam eden şol basyşlaryň öňüni almak ugrunda ýeterlik syýasat alyp barmaýanlygy. Şol basyşlar musulman dünýäsinde-de ýeterlik bilinmeýär.
Gresiýadaky Adam Hukuklary Basyşlary habarnamasy ýaly işleriň sanynyň artmagyny, raýatlarymyzyň başga ýurtlardaky basyşlar barada has köp maglumat edinmegini tama edýäris.
|
2 Eý, söýgüli doganym, janyň üstünlikli bolşy ýaly, seniň hemme zatda üstünlik gazanyp, saglykda bolmagyň üçin doga edýärin.
6 Olar ýygnagyň huzurynda seniň söýgiň barada güwä geçdiler. Olary Hudaýa mynasyp tärde ýola salsaň, ýagşy edersiň.
|
2 Pygamberleriň kitabynda şeýle ýazylgy: «Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol Seniň ýoluňy taýýarlar».
4 Şeýlelikde, Ýahýa peýda boldy. Ol çölde çokundyrýardy, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi.
5 Bütin Ýahuda ýurdy, iýerusalimlileriň bary onuň ýanyna çozuşýardylar. Olar günälerini boýun alýardy, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy.
24 «Biziň bilen Seniň näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.
|
FactSet-iň maglumatlaryna görä, çarşenbe güni söwdalaryň netijeleri boýunça WTI-niň bahasy şu ýylda ilkinji gezek iň aşak derejä düşdi.
|
[1] Günäsiz etjek bolup çalyşdyrmak, günäniň üstüni ýapmak, aýybyň üstüni basdyrmak, aklajak bolmak.
|
Habarda uçaryň uçarmanynyň ýogaldygy, ýanyndaky 1 adamyň ýaralanandygy, uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygyny doly anyklamak üçin derňew işiniň dowam edýändigi mälim edildi.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-niň ýurdyna garşy birtaraplaýyn häsýetdeki embargolar bilen ýalňyş bir ýol saýlandygyny we ýeňlişe sezewar galjakdygyny nygtady.
|
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen on aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary N.Bäşimow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory D.Bäşimow, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň başlygy...
6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky...
Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-leriniň ýolbaşçylary Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny maslahatlaşdylar
Türkmenistan Şanhaý şäheriniň Milli sergi toplumynda ilkinji gezek geçirilýän hytaý halkara import sergisinde özüniň önümlerini hödürledi. Bu çärä wekilleriniň özüniň ösüşini we öndürýän harytlarynyň ýeten derejelerini görkezýän 80-den gowrak döwletiň söwda-maýagoýum pawilýonyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdylar. Bu çäre Bütindünýä söwda guramasynyň we BMG-niň howandarlygynda geçirilýär. Sergide Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat,...
Seulda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy
2018-nji ýylyň 6-7-nji noýabry aralygynda Seul şäherinde «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumynyň» Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde 11-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine bu forumda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary baştutanlyk edýär, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Agzalan forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle...
Russiýa we Pakistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň we Eýran – Pakistan taslamasynyň gurluşygyna rus korporasiýalarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyklygynyň meselelerini öwrenýär. RF-iň HBS-leriniň habar bermegine görä, Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Pakistanyň premýer-ministri Imran Han bilen geçiren duşuşygynda bellenilýär. Duşuşyk Şanhaýda geçirilen EKSPO-nyň çäklerinde boldy, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Rus...
|
1 Hakalýanyň ogly Nehemýa, ine, şulary gürrüň berdi. Pars patyşasy Artakserksiň patyşalyk etmeginiň ýigriminji ýylynyň Kislew aýynda men Suza galasyndadym.
6 Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.
7 Biz Seniň guluň Musa beren tabşyryklaryňy, parzlaryňy, hökümleriňi berjaý etmän, Seniň garşyňa juda erbet iş etdik. 8–9 Guluň Musa: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna pytradaryn. Ýöne siz Maňa dolanyp, tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etseňiz, siziň sürgün edilenleriňiz ýeriň aýagujunda bolsa-da, Men olary şol ýerden ýygnap, Öz adymyň mesgen tutmagy üçin saýlan ýerime getirerin“ diýen sözleriňi ýada sal.
11 Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň şerap guýýançysydym.
|
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şanly wakalara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çärelere, şeýle hem döwletiň we jemgyýet durmuşynyň beýleki meselelerine garaldy.
Türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksada okgunly strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary, şeýle hem iri desgalaryň birnäçesinde işleriň ýagdaýy we şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-njy oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Amala aşyrylýan syýasat netijesinde, türkmen döwleti gysga wagtyň içinde sazlaşykly ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun alyp, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşuldy.
Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky üçünji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasyna we ýurdumyzyň kanunçylykhukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky meselelere ünsi çekdi. Hünär bilimi hemişe döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň şertleriniň biri boldy. Häzir ol zähmet bazarynyň isleglerine has laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz döwletiň, iş berijileriň we okuw mekdepleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň hem-de şolary Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar gadymdan gözbaş alýan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, mazmun taýdan ýylsaýyn baýlaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy, hususan-da, sport desgalarynyň bezelişi hem-de olaryň ulanylyşy bilen, Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda — dünýä birinjiliginiň esasy çäreleriniň geçiriljek ýerinde türgenler üçin şertleriň döredilişi we ýaryşlary ýokary derejede guramak ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) baş sekretary Jawad Mottagini, ABU-nyň prezidenti, Hindistanyň Doordarşan döwlet teleýaýlymynyň baş direktory hanym Supriýa Sahuny hem-de ABU-nyň wise-prezidenti, Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň prezidenti (NHK) jenap Rioiçi Uedany kabul etdi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem gün tertibine goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky wezipeler girizildi.
|
11 Soňra Danyýel baş gözegçiniň özüniň, Hananýanyň, Mişaýylyň we Azarýanyň üstünden goýan sakçysyndan haýyş edip, şeýle diýdi:
19 Patyşa olaryň ählisi bilen tanyşdy. Olaryň hemmesiniň içinde Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa dagy bilen deňeşdirer ýalysy tapylmady. Şonuň üçin patyşanyň hyzmatyna olar bellendiler.
|
7 Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.
15 Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbek enelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi:
17 Emma bu göbek eneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar.
19 Göbek eneler fyrowna: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbek ene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler.
|
Aşgabatdaky Merkez ÝHHG-niň Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän meýdan wekilçiligidir. Onuň ýolbaşçysy Belarusiýaly Ilçi Natalýa Drozd. Merkeziň kollektiwini alty sany halkara we 19 sany milli işgär düzýär. Merkeziň býudžeti 1,511,700 Ewro barabardyr.
|
Alparslan Türkeşiň Türk daşary syýasatyna bolan garaýyşlary we bu garaýyşlarynyň şu günki gündäki netijeleri
Türkiýäniň syýasatynyň möhüm şahsyýetleriniň biri bolan Alparslan Türkeş ýogalmagynyň 21-nji ýylynda, geçen birnäçe gün ozal Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň hem gatnaşmagynda biri-birinden tapawutly çäreler bilen hatyralandy. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Alparslan Türkeşiň Türk daşary syýasatyna bolan garaýyşlaryny we bu garaýyşlarynyň şu günki gündäki netijelerini analiz etmekçi. Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Türkiýe Respublikasynyň şu günki günde alyp barýan işjeň daşary syýasatyna düşünmek üçin Türk daşary syýasatyndaky geçmiş mysallaryň analiz edilmegi hökmany. Şol çäkde hem belli bir döwürde Türkiýäniň içerki we daşarky syýasatyny ugrukdyrmagy, hem-de Ýewraziýa geografiýasyndaky täsirleri bilen Alparslan Türkeşiň daşary syýasat bilen baglanşykly garaýyşlarynyň analiz edilmegi şu güne düşünmegimiz taýdan has peýdaly bolar.
Türkeş 1917-nji ýylda Kipriň Nikosiýa şäherinde doguldy. 1933-nji ýylda maşgalasy bilen bilelikde Türkiýä göçdi. Imperiýadan Respublika, ýagny milli döwlete geçiş etabynda başdan geçirilen pikir jedelleşikleri we şol çäkde jedelleşilen milletçilik pikrileri hem Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň hem-de Milletçi hereket partiýasynyň esaslandyryjysy Alparslan Türkeşiň pikirleriniň we garaýyşlarynyň emele gelmeginde täsirli boldy.
SSSR darganyndan soň Garaşsyzlyklaryna eýe bolan Türki dilli Respublikalar bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň nähili bolmalydygyny Türkeş şu sözleri bilen belläp geçipdi: “Türki dilli halklaryň arasyndaky ýakynlaşma we ýygjam gatnaşyklar başga bir ýurtlara hiç wagt zeper ýetirmek we hüjüm guramak üçin ulanylmaly däl. Türkler dünýäniň haýsy döwletinde bolsa bolsunlar, başga milletler ýa-da bilelikde ýaşaýan beýleki jemgyýetler bilen dostluk we gowy niýet bilen, paratahçylyga esaslanýan hyzmatdaşlyk içinde ýaşamak isleýärler” diýip beýan etdi.
Şu günki günde daşary syýasat döwletleriň iň möhüm arkalaşyk gurallarynyň biridir. Bir döwlet şol bir geografiýada ýaşaýan milletler bilen, umumy medeniýete eýe bolan jemgyýetler bilen daşary syýasatyň esbaplary bilen aragatnaşyk saklýar. Şu günki temamyzy Alparslan Türkeşiň garaýyşlarynyň esasynda jemlemek islesek: bir döwlet syýasatyny emele getiren mahaly ähli zatdan ozal garaşsyzlygyna we territorial bütewiligine howp salmajak ýagdaýda ähli mümkinçiliklerini ulanmaly. Şol çäkde Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylary daşary syýasaty emele getiren mahallary milli bähbitleriň nämedigini kesgitläp, şoňa görä hereket etmeli. Daşary syýasat alynyp barylan mahaly Türkiýäniň şol wagtky ýagdaýy gowy analiz edilmeli we şoňa görä hereket edilmeli.
|
NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen Türkiýäniň hyzmatdaşlykda iňňän möhüm pozisiýa eýeleýändigini aýtdy
|
Türkmenistanyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän guramalarynyň we edaralarynyň ählisine, şol sanda nebit-gaz pudagyna ýokarky edaralardan iş orunlaryny şu ýylyň 1-nji dekabryndan ýa-da gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30% kemeltmek barada görkezme berildi. Diňe orta mekdeplere degilmeli däl. Mugallymlar düzümini kemeltmek planlaşdyrylmaýar, emma di...
|
Ýerli kompaniýalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine girýändigini tassyklaýan şahadatnamanyň göçürmesini görkezmeklik hökmanydyr.
|
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine ýüz tutmaly we:
|
JOGAP: Goýun we keçi ýaly janlylaryň bir ýaşyny dolduran bolmaly ýa-da doldurmadyk bolsa bir ýaşyny dolduran janlylar ýaly semiz we daýaw bolmalydyr. Sygyr, Öküz we Manda ýaly janlylaryň iki ýaşyny, Düýeleriň bolsa bäş ýaşyny dolduran bolmalydyr.
|
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň gündogar «B» Blogyndaky gaz känleriniň
|
2 Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular. ג
4 Siýona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar. ה
|
6 Mesihde özüňize degişli bütin ýagşy zatlary biler ýaly, özüňdäki imany beýlekiler bilen paýlaşmakda täsirli bolmagyň üçin doga edýärin.
7 Sebäbi men seniň söýgiň arkaly uly şatlyk hem teselli tapdym, çünki, eý dogan, seniň saýaňda bütin mukaddesleriň ýüregine ynjalyk berildi. Pawlusyň Onesimus baradaky haýyşy
13 Hoş Habaryň ugrunda tussagdakam, seniň ýeriňe maňa hyzmat etmegi üçin, ony öz ýanymda alyp galmak isleýärdim,
14 ýöne etjek ýagşylygyň mejbury ýaly däl-de, meýletin bolar ýaly, senden soragsyz hiç bir zady etmek islemedim.
19 Men Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn, özüm bererin. Seniň hem öz ýaşaýşyň bilen maňa borçludygyňy aýtmagymyň geregi ýok.
|
2 Dünýä şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň ruhy perwaz urýardy.
9 Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
10 Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.
17 Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
26 Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
27 Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy.
28 Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.
31 Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.
|
Bilişimiz ýaly Demirgazyk Koreýa (DK) dünýäde iň içine ýapyk döwlet hasaplanylýar. Adam haklary, Ykdysady azatlyk, Medýa azatlygy ýaly döwletler indeksinde köp ýyllardan bäri iň soňky orunda durup gelýär. Dekabr 2011-e çenli atasy Kim Song II DK-nyň prezidentidi. Şol taryhda atasy duýdansyz aradan çykýar, ýerine üçünji aýalyndan bolan ogly Kim Jong...
|
Öz gezeginde, döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.
Belläp geçsek, «ARETI» kompaniýalar topary 2009-njy ýylyň sentýabrynda gol çekilen taýýar önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň şertlerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde 21-nji deňiz blogyny işläp özleşdirýär. Bu taslama onuň Türkmenistanda amala aşyrýan iň iri taslamasydyr.
|
“Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 58-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda, şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny we saglygy goraýyş ulgamynda ylmy ösdürmek we ýokary derejeli lukmanlary taýýarlamak maksady bilen...Resminamalar sahypada doly oka
“Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasynyň 11-nji bendiniň “n” kiçi bendine laýyklykda we raýatlaryň lukmançylyk gözegçiligine alynmagyny (dispanserleşdirmegi) kämilleşdirmek maksady bilen,buýurýaryn: Doly Oka
“Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 66-njy we 193-nji maddalarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 2-nji iýunynda çykaran 13682-nji karary bilen tassyklanan, Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary hakynda Düzgünnamanyň esasynda, buýurýaryn:.... Doly Oka
“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy we 41nji maddalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 187-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet .... Doly Oka
|
Şeýlelikde, “ýyldyrym çaltlygynda” köpçülige ýaýran wideo görnüşler tomaşçylaryň arasynda giň seslenme döretdi.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň dabaralanýandygyny, ýurtda adam hukularynyň ýagdaýynyň kemsidilýändigini, metbugat azatlygynyň ýokdugyny aýdýarlar.
Dünýä metbugat serişdeleri mundan ozal Berdimuhamedowyň geçen ýylyň awgustynda özüniň "harby ussatlygyny" görkezip düşen wideosyna jemgyýetçiligiň ünsüni çekipdi.
|
Internetde peýda bolan wideoda Abdulmanap Nurmagamedowyň türkmenlere ‘salam’ ýollaýan we ýaşlygynyň belli bir böleginiň Türkmenistanda geçendigini aýdýan pursatlaryny görkezýän wideo peýda boldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, Russiýanyň Dagystan respublikasyndan bolan Abdulmanapyň ogly – Habib häzir Amerikanyň promouşeny Absýolýut Söweş Çempionatynyň, ýagny UFC-niň çäklerinde çykyş edýär. Ol professional hökmünde geçiren 27 duşuşygynyň ählisini ýeňdi.
Özüne “Bürgüt” lakamyny alan Habib häzir UFC-niň ýeňil agram kategoriýasynyň çempionydyr. Şu aýyň başynda 30 ýaşly Habib irlandiýaly meşhur türgen Konor Makgregordan üstün çykyp, özüniň çempionlyk titulyny gorapdy. Şol duşuşyk, käbir kommentatorlar tarapyndan, UFC-niň taryhyndaky iň uly we düşewüntli çäre hökmünde häsiýetlendirdi.
Habibiň çykyşlaryndan we sosial ulgamlarynda galdyrýan ýazgylaryndan çen tutsaň, onuň kakasy bilen juda ýakyn gatnaşyklarynyň bardygyny, oňa uly hormat goýýandygyny aňsa bolýar.
Emma, belli tälimçiniň dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän Türkmenistana ýeke özüniň, ýa-da çempion ogly bilen barjakdygyny, umuman, bu planlaryň nä derejede hakykata bap gelýändigini beýleki garaşsyz we resmi çeşmelere tassyklatmak başartmady.
|
Ol başgalar ýaly ýokary bökmäne synanyşýardy, ýöne ol hemişe ýykylýardy. Haçanda, ol ýykylanda hemmeler onuň daşyna üýşüp nokatjyk ýelmeýärdi.
Käbir Wemmikler Lusiýanyň nokatlary ýokdygy üçin ony gowy görüp ýyldyzjyklar berýärdi, ýöne ýyldyzjyk hem ýelmeşmän ýere gaçýardy.
Başgalar bolsa onda ýyldyzjyklaryň ýokdygy üçin oňa erbet seredip, nokat berýärdiler, ýöne nokatlar-da oňa ýelmeşmeýärdi.
Dar ýoda bilen ýöräp depäniň depesine çykdy we uly ussahana girdi. Içerik girende, ol ýerdäki zatlaryň ululygyny görüp onuň agaç gözleri giňeldi. Oturgyç onuň boýy bilen deňdi. Iş stolynyň üstüni görkmek üçin bolsa aýagynyň ujuna galmaly boldy. Çekiç onuň eliniň uzynlygyça-dy. Punçinello ýuwdunyp, “Men bu taýda durup bilmen!” diýip, yzyna öwrülip gidiberjek boldy.
“Men aýratyn? Näme üçin? Men çalt ýöräp bilemok, böküp bilemok. Meniň reňklerim gopup düşen. Näme üçin men seniň üçin aýratyn?”
Eli Punçinello seretdi we onuň kiçijik agaç egnine elini goýdy-da, ýumşaklyk bilen, “Çünki sen Meniňki. Şonuň üçin sen meniň üçin aýratyn.”diýdi.
“Sebäbi, Lusiýa üçin başgalaryň pikirinden Meniň pikirim has wajypdy. Ýelmentgiler diňe sen rugsat berseň ýelmeşýär.”
“Ýelmentgiler seniň üçin wajyp bolsa ýelmeşýär. Sen näçe meniň saňa bolan söýgüme ynansaň, ýelmentgitler seniň üçin manysyz bolar.”
|
Türkmenistanyň bankara walýuta biržasyndaky söwdalaryň netijesi boýunça 2014-nji ýyldaky daşary ýurt pullarynyň gatnaşyklarynyň sanawy
|
26 Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, atly-abraýly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi. 27 Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. 28 Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady. 29 Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin! 30 Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygy, ýagny dogrulygymyz, mukaddesligimiz we azatlygymyz boldy. 31 Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly:«Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin2».
|
"Reňkleriň Piri" diýip tanalýan bir ökde suratkeşiň şägirdi okuwyny tamamlaýar. Uly ussa şägirdini ugradanda, çeken suratlaryny şäheriň iň bir köpüň gelýän-gitýän ýerinde ýerleşdirmesini we ýanynda-da bir gyzyl ruçka goýup, halkdan halamadyk ýerlerine x goýmalaryny haýyşt eden bir yazgy taşlamasyny isleýär. Ol şeýle hem edýär.
Türkmenistanda ilkinji muzeý toplamasy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlandy. Eýýäm şol ýyllarda ol esbaplar türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişlidi. 1897-nji ýylda taryhy wakalaryň esasynda Gökdepe muzeýi hereket edip başlady. 1899-njy ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda resmi ýagdaýda Za...
1830-njy ýyllarda demirýollaryň adam durmuşyna aralaşanda “duýduryş” yşygynyň reňki ýaşyl, “geç” yşygynyň reňki bolsa ak bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen ak reňkiň yş...
|
1991-njy ýylyn 1-njy okýabrynda Russiýanyň yokary sowet soyuzynyň gorkezmesi bilen Çeçen-inguşetiýa respublikalary aýrylyp, Çeçen we inguşetiýa respublikalaryna bolunyar (granisa belli edilmezden)
Biriniň aýaly ärini uzak günlap garoh bilen naharlapdyr, öýde başga produkda bolmansoň. Agşam ara äri ýabyň boýunda otyr diýýa, aýaly :
|
Diňe obmen Daşoguz şäheriniň Nowruz şäherçesiniň 28-nji orta mekdebiniň gapdalynda ýerleşen 5 etajly jaýyň 5-nji etajy - 4 otagly kwartira - obmen edi...
|
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat bölüminde işleýänleriň hak-hukuklaryndan doly peýdalanyp bilmeýändigi we mundan nägile bolanlaryň köpelýändigi öňe sürülýär. Aýdylşyna görä, munuň sebäbi: parahorluk we garyndaşparazlyk.
|
Gadyrly ildeşim, meniň kalbym seniň bu ajaýyp wada-baky gutulyşa, Hudaýyň göklerdäki seniň üçin arzuw eden bereketlerine Isa Mesihde ýetmegiňi isläp her gün seniň üçin Biribara dileglerde ýüzlenýär!
|
2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Minsk bu toplumyň gurluşygy bilen baglylykda Aşgabady maliýe bökdençliklerini döretmekde aýyplady.
Şonda Belarusyň milli ýygnagynyň Respublika geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi bilen duşuşyp, Aşgabadyň Garlykda gurulýan zawod boýunça öz üstüne alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezliginden özleriniň ynjalyksyz bolýandyklaryny mälim edipdi.
2016-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň ylalaşyklar boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigine aladalanma bildirdi.
Ýöne türkmen neşiriniň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, 6-njy noýabrda ýazmagyna görä, 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda bu kärhanada jemi 24 müň 200 tonnalyk kaliý döküni öndürildi. Bu görkeziji zawodyň göz öňünde tutulan ýyllyk önümçilik kuwwatynyň takmynan 2 %-e barabar bolýar.
Ýatlasak, 2017-nji ýylyň maý aýynda bu kombinatyň umumy kuwwatynyň diňe 7 göteriminden peýdalanylýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.
2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu zawodyň gurluşygy bilen baglylykda Belarus tarapynyň hünärmenleriniň şertnama boýunça ýerine ýetirilmeli işleri doly berjaý etmändiginiň ýüze çykarylandygyny habar berdi.
|
Hudaýymyň bu uly gutulyşy iň erbetleriň biri bolan, iň bir umytsyzlaryň biri bolan mende hem orun tapdy, Isa Mesih meniň durmuşymda hem gudraty bilen Özüni görkezdi! Men bolsa Onuň bu gutulyşyny ýüregimden çykýan aýdymlarda wagyz ederin!
|
Pygamberler Hudaýyň Sözi bolan Töwratda we Zeburda Isanyň görgüleri barada welilik edýärler. Hudaýyň Sözüniň dowamy bolan Injil bolsa bu wakanyň amala aşyrylyşyny jikme-jik beýan edýär. Onuň üstesine-de, bu kitaplar Isanyň keşbinde Hudaýyň hut Özi ejir çekdi diýýärler. Biz muny ykrar edenimizde Hudaýa dil ýetirmeýäris, çünki biz Hudaýyň Öz kitaplarynda aýdan zatlaryny ykrar edýäris. Şu sebäpden biziň öňümizde iki mesele durýar: ýa biz Hudaýyň görgüleri baradaky diýilýänleri kabul etmän, Hudaýyň kitaplary bolan Töwraty, Zeburdyr Injili adamlar tarapyndan üýtgedilen kitaplar hökmünde ret etmeli (adatça musulmanlaryň edişi ýaly), ýa-da olary iman bilen kabul edip, bu aýdylýanlaryň asyl manysyna ýetjek bolmaly. Biz, elbetde, bu kiçijik kitabymyzda Gurhandan ozal gelen Mukaddes Kitaplaryň hakykylygy baradaky subutnamalaryň üstünde durup geçmeris. Emma welin bir tassyklamany bellesek, bize bu ýeterli bolar:
Musulmanlar öz mukaddes kitaby bolan Gurhanyň 1600 ýyldan bäri üýtgedilmän, ýoýulman gelýändigine ynanýarlar. Sebäbi bu kitabyň awtorynyň Hudaýdygyna salgylanyp , Hudaýyň Öz Sözüni ýoýmaga ýol bermän ony goraýandygyny Gurhanyň sözleri bilen tassyklaýarlar. Gurhanyň özi özünden öň Hudaýdan gelen başga-da kitaplaryň (Töwradyň, Zeburyň we Injiliň) bolandygyna, olaryň-da Hudaýyň Sözi bolandygyna güwä geçýär ahyryn. Eger Hudaý Öz Sözi bolany üçin Gurhany goraýan bolsa, onda näme üçin Ol Özüniň öňki sözlerini goramady-ka? Belki-de, Hudaý bir säwlik goýberendir? Belki-de, Hudaý giç Özüne gelendir? Belki-de, Hudaý öňki kitaplar bilen bolan zatlardan tejribe toplap, netijä gelip, soň aňyna aýlanyp, soňky kitabynyň goragyna çykandyr? Belki-de, Hudaý öňler ejizräk bolup, indi, Gurhany berende kämilleşendir? Belki-de…ÝoK, ÝOK, we ýene-de ÝOK. Eger beýle diýsek, onda hut şu sözler arkaly Hudaýa dil ýetirerdik. Biz bütin ýaradylyş üýtgese-de, Hudaýyň Özüniň hiç haçan üýtgemeýändigine ynanýarys: “Ýa Reb, başlangyçda Ýeriň düýbüni Sen tutduň. Gök hem Seniň elleriňiň işidir. Olar ýogalar, diňe Sen galarsyň. Hemmesi bir eşik ýaly köneler. Olary bir geýim ýaly düýrersiň, olar üýtgär. Emma Sen şol durşuňa durarsyň, Seniň ýyllaryň tükenmez” (Injil, Ýewreýlere hat 1:10-12).Biz bar zatlar üýtgese-de, emma Hudaýyň agzyndan irde-giçde çykan Sözüniň hiç haçan üýtgemejekdigine, onuň dünýäniň soňuna çenli üýtgewsiz durjakdygyna ynanýarys: “Çünki size dogrusyny aýdýaryn, Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyňbir harpy-da, bir nokady-da kemelmez” (Injil, Mattanyň Hoş habary 5:18).
Bir gezek türkmen obalarynyň birinde bu dünýäni Isa Mesihe ynam bilen terk eden ýaş aýalyň märekeleri berildi. Şol märekeleriň birinde oba adamlary tarapyndan janly soýlup, gan çykarmagyň zerurdygy aýdylanda, Isa iman edenleriň biri şeýle diýdi: “Bize, mesihilere, janly soýmagyň, onuň ganyny dökmegiň geregi ýok, çünki biziň Rebbimiz bolan Isa Mesih biziň hemmämiz üçin gan dökdi. Onuň döken gany biziň we merhum doganymyzyň hem günälerini ýuwmak üçin we Hudaýyň huzurynda aklamak üçin ýeterlidir” diýdi. Şonda-da märekeler türkmeniň medeniýetiniň bir bölegi bolup galandygy üçin bolmalysy ýaly edilip geçirildi. Emma gan çykarmak baradaky bu gürrüňi oba adamlarynyň biri geň-taň galmak bilen soň ýatlady: “Eý toba, toba! Bularyň diýýänlerini! Bular üçin hezreti Isa ganyny çykaranmyşyn! Eý toba, Hudaý saklasyn!”.
Ýaradanyň öz ýaradan ynsany üçin ynsan keşbinde çeken görgüleri – adamlaryň nägilelikleriniň çür depesidi, sebäbi bu olar üçin Ýaradana dil ýetirmäniň çür depesi bolup saýylýardy. Eger Hudaýyň beýikliginiň we mukaddesliginiň nä derejede aýdyp bolmazlygyna göz ýetirip bilmeýän adamlar Hudaýyň görgüleri barada eşidende şeýle pikir edýän bolsalar, onda iň belentlerde, Hudaýyň tagtynyň öňünde irkilmän gije-gündiz durýan, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, ganatlary bilen ýüzlerini we aýaklaryny ýapyp: “Mukaddes, mukaddes, mukaddes, Reb Hudaý” diýşip, biri-birine habar berýän perişdeler Hudaýyň görgülerini görenlerinde bu barada näme pikir etdilerkän? Bu ýagdaý Gögüň mukaddes perişdeleriniň hem düşünmedik zady bolan bolsa gerek. Beýle sözler olaryň hem edil ýüreginden gaýnap çykýan sözler bolmagy mümkin!
Hudaýyň bizden başga-da ýaradan zatlary köp-ä! Olaryň içinde ynsan nämejikmişin? Eýsem bütin ýaradylyş Oňa alkyş aýtmaýarmy näme? Ýazylyşy ýaly:
Ol hiç bir zada mätäçlik çekmeýän Dolulyk we Kämillik dälmi näme? Biziň dindarlygymyzdan Oňa näme haýyr bar? Biz hatda özümiziň iň dogry durmuşymyz bilen Onuň kem ýerini doldurar ýaly, näme, Onuň bir ýetmezi barmy? Eýýup pygamberiň kitabynda ýazylyşy ýaly:
Ýa-da Ol bize borçly bolar ýaly, näme, Onuň biziň öňümizde dilini gysga edýän ýagdaýlar barmy-ka? Ýok, çünki Injilde resul Pawlus muňa şeýle jogap gaýtarýar:
“Çünki Hudaý dünýäni (ýagny bizi) köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi” (Ýahýanyň Hoş Habary 3:16).
Hudaýyň näme üçin ynsany saýlandygynyň, ony ýokary tutandygynyň sebäbi barada Musa pygamberiň aýdyşy has haýran galarly. Ol Töwratyň “Kanun taglymaty” diýen bölüminde diýýär:
Musa pygamber bu sözlerinde Hudaýyň ynsany saýlamagynyň sebäbini Onuň ynsana bolan söýgüsi diýip aýdýar. Ol muny ýöne bir belläp geçmeýär. Musa ilki bilen Hudaýyň elinde bar bolan ynsandan has ýokary, has belent, has arassa zatlaryň bardygyny aýdýar. Hawa, eger Hudaý nämedir bir zady özüne ýarawly bolar diýip saýlamaly bolaýanda-da, onda ejiz, güýçsüz, hiç bir dereksiz ynsany saýlamaly däl, çünki onuň elinden gelen işi ýok. Eger Hudaý özüne alkyş aýtmagy üçin hem kimdir birini saýlamaly bolsa-da, onda günä batan, pitneçi, pis ynsany saýlamaly däldi, çünki ol Hudaýa şöhrat deregine masgaraçylyk getirýär. Biz hatda gökleriň sanynyň näçedigini bilmeýäris, olary doldurýan perişdeleriň sanyny, olaryň güýjüni, şöhratyny bilmeýäris. Musa “gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar” diýmek bilen, Hudaýda ynsana görä has beýik, has abraýly, has arassa, has peýdaly, şörata we taryplanma mynasyp zatlaryň bardygyny görkezýär, emma şeýle bolsa-da, hawa, şol zatlar “Rebbiňki bolsa-da”, “Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady”. Ol ýüzläp pygamberleriniň üsti bilen öz saýlan ynsanyna: “Men seni ýürekden söýdüm” diýýär.
Bu heniz hem şeýle bolmaklygynda galýar. Hudaý öz ýaradan zatlarynyň arasynda diňe öz saýlan adamlarynyň Oňa jogap edýän söýgüsinden hoşal bolýar, we Özüniň olary söýýändigine umydyny baglanlardan göwni hoş bolýar. Muňa düşünenler iman edýärler, düşünmedikler bolsa bizi adalatly ýazgarýarlar, şeýdibem olar özlerini bu rehimden, merhemetden, söýgüden jyda edýärler.
Ine, hut şu ýerde ynsanyň aňy ýetip bilmejek, ozallar perişdelerden-de gizlin bolan, Hudaýyň beýleki, düýbünden başga bir keşbi aýan bolýar – ynsanyň halas bolmagy üçin adalat ýerine ýeter ýaly, bütin näleti, günäniň muzdy bolan ölüm azaplaryny Öz üstüne alýan Hudaýyň hasrat çekiji, görgi görýän keşbi. Isa Hudaýyň ýerdäki ynsan keşbi, Onuň görgi görýän keşbi; höküm gününe ýetmänkä, her bir ynanýan adamyň günäleriniň jezasyny Öz boýnuna alan keşbi, näleti, ölümi, bizi gul eden iblisi adalatly ýeňen keşbi. Injilde bu barada şeýle diýilýär: “Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim inkär edip bilmez. Hudaý bedende aýan boldy…” (Timoteusa 1-nji hat 2:16); “Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne ee bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak, ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi. Çünki Ol, elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyň neslinden bolanlara ýardam edýär. Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy (Ýewreýlere hat 2:14-17).
Şeýlelik bilen, günä sebäpli öli, ýaşaýyşa bütinleý ýarawsyz bolan biz, Hudaýyň söýgüsi bilen, Isa Mesihiň görgüleri arkaly ýaşaýarys:
Ybraýym pygamberiň imanynyň synalmagy bilen bolup geçen bu wakada Hudaý hut Özüniň geçjek synaglary barada gürrüň edýärdi. Bu gürrüň göni manyda Ybraýymyň başyna düşen hasrat bolsa-da, emma göçme we iň esasy manysynda, Hudaýyň Öz Ogluny gurban berjekdigi bilen baglanyşykly bolan, Onuň Özüniň ölçäp bolmajak hasratlaryny aňladýan gürrüňdi. Hut şu göçme many has aýgytly, has anyk, jikme-jik bellenilýärdi. Töwrat Hudaýyň Ybraýyma aýdýanlaryny şeýle beýan edýär: “Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi” (Gelip çykyş kitaby 22:1-2). Hudaý Ybraýyma gurban et diýende “ogluňy” diýip, ýöne bir gezek aýdyp goýmaýar. Ol bu sözi üç gezek gaýtalaýar. Üç gezek. Kimi gurban edeýin? Ogluňy. Haýsysyny? Ýalňyz ogluňy. Düşünmedim? Söýgüli ogluňy. Belki-de gyrnak Hajardan bolan oglum Ysmaýylydyr? Ýok, Yshagy. Her gezek gaýtalananda bu söz ýüregiňi dilip, oňa has çuň çümýärdi. Ol her gezek gaýtalananda “belki-de ýalňyş düşünýändirin” diýen umydy ýok edýärdi, gaçara ýer, tapara bahana galmaýardy. Hudaý, göýä diýersiň, bu sözleriň manysyny menden gowy bilýän ýok diýýärdi. Bu sözleri Hudaý Öz Ogly, ýalňyzy, söýgüli Ogly barada aýdýardy. Hawa, Hudaýda Ysmaýyla meňzäp, Hudaýyň ogullary diýlip atlandyrylan perişdeleri köpdi, emma Ol Öz Ogly, Öz ýalňyzy, Öz söýgüli Ogly barada aýdýardy. Näme üçin Moryýa ýurdundaky dag? Sebäbi bu ýerde geljekde Isa haçda Öz janyny berer. Ynsan, bu sözleri ýatda sakla: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al”! Hudaý Öz Oglunyň, Öz “Yshagynyň” gürrüňini edýärdi.
Ybraýym uzak ýol ýöräp, üçülenji güni oglunyň gurban ediljek ýerini uzakdan görýär. Bu habarda Ybraýymyň çekýän azaby has açyk beýan edilýär. Ol bu ýere duýdansyz ýetip gelmedi. Ol öz ogluny gurban etjekligi baradaky pikir bilen bütinleý gaplanyp alnypdy. Ol näçe ýol ýörän bolsa, şonça-da “bu ýere ýakynlaşyp galan bolaýmaýyn” diýip, gorkýardy. Onuň gözleri şol ýeri häli-şindi gözläp gelýärdi, şonuň üçin hem “Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi”. Hudaý Öz Oglunyň gurban boljak ýerini heniz dünýä esaslanmanka görýärdi. Ol Ony uzakdan görýärdi. Ol bu ýere tiz-tizden seredýärdi: Şu ýermi? Şu nälet siňen ýermi? Men Öz Oglumdan aýrylmaly ýer şu ýermi? Oglumyň ynsan günälerini göterip geljek ýeri şu ýermi? Men Öz saýlan ynsanlarymyň günäleri sebäpli Öz Oglumy ret etmeli boljak ýerim şu ýermi?
Bu wakada ýene bir wajyp bolan ownujak zat: Ybraýym ogluny gurban etjek ýerine üç gün ýol ýöräp bardy. Biz eýýäm aýdypdyk, eger zerur bolmadyk bolsa, has dogrusy, munuň manysy bolmadyk bolsa, onda Hudaý beýle jikme-jik, wakanyň ownuk-uşak zatlaryny gürrüň bermezdi. Üç günlük ýol ýöreldi. Näme üçin bu ýer üç günlükde, golaýjykda däl? Bu bolsa Hudaý Öz ogluny gurban berjek pursadynyň daşrakdadygyny, ýagny Hudaý üçin entek üç günüň bardygyny aňladýardy. Injil bize Hudaý üçin müň ýylyň bir güne barabardygyny aýdýar (Petrus 2-nji hat 3:8). Hudaýyň Özi bu gurbanlyga baryp ýetinçä, ýagny Isanyň gurban edilmeli wagtyna baryp ýetinçä üç müň ýyla golaý ýol ýöredi. Ýoluň soňunda Öz ýalňyz ogluňdan dynjakdygyňy bilmeklik bu ýoly has agyrlaşdyrýar. Bu – daga tarap ýoldy. Ädimiň öz badyna gidilenokdy. Her ädimde adam güýç goýmalydy. Ata bu ýoly juda kyn geçmeli bolupdy.
Indiki zerur jikme-jiklik, bu-da Yshak ýanmaly ody üçin gerek boljak odunyny özüniň göterip barýanlygy bolsa, ot bilen pyçagy onuň atasynyň, Ybraýymyň göterip barýanlygydy: “Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi. Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi” (Gelip çykyş kitaby 22:3-4). Näme üçin Kitapda kimiň näme göterip barýandygy-da aýdylypdyr? Hiý-de bir bu zatlaryň manysy barmy? Esasy zat – Yshagyň gurban boljagy dälmi? Ot bilen pyçagy hyzmatkär göterdi nä, ýa Yshak göterdi nä, Ybraýym göterdi nä? Eger biz özümiz üçin muňa gowy düşünmesek, onda Hudaýyň ýüregine, Onuň eden işine düşünmeris. Ol biderek ýere bulary jikme-jik ýazdyrmady. Isa bir göz aýlaň! Onuň üstünde näme görýärsiňiz? Agaç haçy, ýagny oduny. Emma eger Hudaý bize ruhy gözleri beren bolsady, onda biz Onuň ýanyndaky eli ot we pyçakly barýan Atasyny-da görerdik. Gurban edilmeliler hyzmatkärler däldi. Hudaý hem perişdelerinden birini gurban etmedi. Bar hyzmatkärler eşegiň ýanynda galdylar: “Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň”. Hudaýyň ähli hyzmatkär perişdeleri-de çetde galdylar, hawa olar-da “eşegiň” ýanynda galdylar: “Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler”. Üsti odunly Ogul, eli otly we pyçakly Ata daga barýarlar. Odunyny göterip barýan Ogul – bu Isady. Ybraýymyň ol odunda öz ogluny daňyşy hem – Hudaýyň Öz Ogluny Onuň gerdenindäki oduna, ýagny haça daňmasyny aňladýardy. Emma Ybraýymyň hasratlary şu ýerde kesilýär, ol ogluny gurban etmeýär, gaýtam ogul halas bolýar. Çünki munuň dowamy Ybraýym barada däldi. Köpler bu wakany şol ýerde soňuna ýetdi diýip hasap edýärler, emma beýle däldi. Bu waka Ybraýymyň oglunyň gurban bolmagy barada däldi-de, gökden gelen guzynyň gurban bolmagy baradady. Bu Isanyň haça çüýlenmegi baradaky gürrüňdi. Bu wakany Hudaýyň Özi dowam edýär. Ol Öz Ogluny jezalaýar, Ony şol odunda gurban edýär. Isa döwründe amala aşyrylan Rim imperiýasynyň bu görnüşli jezalarynda her bir haça çüýlenmeli adamyň özi jeza çekmeli ýerine öz haçyny, odunyny göterip barmalydy. Isa haçyny göterip barýarka, Ata Hudaý Oglunyň ýanyndady, Onuň elinde bolsa ynsanyň günäleri üçin niýetlenen ot bilen pyçagy bardy. Ol bize şeýle diýýärdi: “Ybraýym ýaly, Men Öz Oglumy gurban etmäge Özüm alyp bararyn, Men hem Onuň ýanynda bolaryn, emma Onuň haçyny göterişmek üçin däl, ot bilen ýakmak, janyny almak üçin barýaryn. Serediň bularyň bary siziň üçin!!!” Bu wakanyň has aýylganç ýeri-de – ata öz jigeri, gözüniň göreji bolan ogluny özi öz taýýarlan odunynda öldürmelidi. Bu waka bu günler hem dowam edýär. Çünki Hudaý her bir Özüne gelen günäkäri bu wakanyň esasynda kabul edýär. Edil şo wagt, ýagny bu günäkäri kabul edende, Ata Öz Ogluny nähili jezalandygyny ýatlaýar. Edilen şol aýylganç iş Hudaýyň günäkäre bolan gahar gazabyny rehimdarlyga öwürýär. Hudaýyň saýlan günäkäri! Bu iş, bu waka seniň geçen durmuşyňdaky, geljekki durmuşyňdaky ähli günäleriňi Hudaýyň ýadyndan çykarmagy üçin, Onuň seni hemişe kabul etmegi üçin ýeterlidir. Bu wakada Hudaýa ýakynlaşýan her bir günäkäre bagyşlanma gazandyrarça azap, görgi, güýç we söýgi bar.
Isanyň görgüleri baradaky oýlanmalarymyz bizi Ysraýyldaky Kidron çaýynyň aňyrsynda ýerleşen Getsemani diýilýän ýere alyp gelýär. Ol ýerde Isa entek hiç kim tarapyndan sütem edilmese-de, beýan edip bolmaz jebir-jepany başdan geçirýär. Markus bu barada şaýatlyk edip, öz Hoş Habarynda şeýle gürrüň berýär:
Şu ýerde Isa Öz şägirtlerine Özüniň öler ýaly jebir-sütem içindedigini aýdýar. Ol Özüniň çekýän azaplarynyň derdinden eýýäm ölüp barýandygyny aýdýar.
Matta ýazan Hoş Habarynda (26:42) Isanyň Atasyna ýalbaryşynda bu käsäni içmegiň gaty agyrdygyny aýdýandygyny belleýär: “Isa ikinji gezek gidip: «Eý Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda, Seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi”. Diýmek Ony nähilidir bir käsäniň bardygy we ony-da Özüniň içmeli bolýandygy şeýle azaplara getiripdir. Bu nähili käsedi?
Bir adam: “Isanyň gören görgüleri Onuň bize bolan söýgüsiniň nähili belentdigini görkezýär” diýse, ýene biri “Ýok, Onuň görgüleri biziň günälerimiziň nähili agyr, nähili köp, nähili nejisdigini görkezýär” diýýär. Olaryň ikisiniň hem pikiri dogry. Şonuň üçin hem bu iki pikire doly düşünmek üçin, we düşünip, iman bilen kabul etmek üçin, Oňa bagyş edilen durmuşda ýaşamak üçin biz Onuň görgüleri barada oýlanmalary gaýta-gaýta dowam etdireris. Isanyň görgüleri biziň günälerimiziň bahasyny, muzduny görkezýärdi, Onuň ölümden direlmegi bolsa ol muzduň tölenendigini, tölenen bahanyň ýeterli bolandygyny aňladýardy. Onuň direlmegi Oňa ynananlaryň hem direljekdiginiň subutnamasydy. “…Ölümiň ynsan arkaly gelşi ýaly, ölüleriň direlişi-de ynsan arkaly geldi. Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter” (Injil. 1Kor.15:21-22).
Injilde kim Hudaýyň Ogly Mesih Isany kabul eden bolsa, Oňa iman eden bolsa, Hudaýyň ol adama Özüniň çagasy bolmak hukugyny berýändigi hakda aýdylýar : “Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi. Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar (Ýahýanyň Hoş Habary 1:10-13). Biz, Mesih Isa arkaly Hudaýa iman edenler, Hudaýa Ata diýip ýüzlenýäris. Bu hem käbir adamlar üçin geň zat bolup duýulýar. Geň diýsek, belki-de, bäri ýanyndan gaýdanymyz bolar, sebäbi Hudaýa Ata diýmekligiň özü-de Oňa dil ýetirmäniň bir görnüşi saýylýar, çünki Hudaýa Ata diýmek bilen adam özüni Oňa deň edýär, netijede ýene-de şo-o-l ozalky “beýle diýer ýaly siz kim bolupmyşyňyz?” başlanýar.
Isanyň görgüleri baradaky oýlanmalarymyz biziň nazarymyzy Onuň haçdaky iň soňky pursatlaryna we şol wagtda ýüze çykan tebigy hadysalara dikýär. Hudaýyň erki bilen bu pursatlary Hoş Habarçylar jikme-jik beýan edýärler. Ýahýa Isanyň haçdaky soňky pursatlarynda aýdan sözlerine köp üns berýän bolsa, Matta, Markus we Luka tebigatda bolup geçen wakalary gürrüň berýärler. Olaryň aýdyşyna görä, günorta çagy, Gün özüniň has ýiti şöhle saçmaly wagtynda birdenem garaňkylyk bilen bürelýär. Luka muny beýan edip, “Gün garaldy” diýýär. Bu – Günüň adaty tutulmasy däldi, çünki bu ýagdaý üç sagatlap dowam etdi. Üç sagatdan soň bolsa, haçdan Isanyň “Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?” diýen, ýeri lerzana getirip titredýän nalyşy eşidilýär. Diýmek, Isa Gün garalanda nämedir bir zatlary başyndan geçiren, Onuň bu başyndan geçenleri “Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?” diýmäge Ony mejbur eden. Matta Isa jan bereninde Günüň garalmasyndan başga-da, ýeriň titrändigini we daşlaryň ýarylandygyny aýdýar. Bu hadysalar näme üçin ýüze çykdy-ka? Bu hadysalaryň Isanyň ölümi aýdan sözleri bilen nähili baglanyşygy bar-ka? Adaty haça çüýlenme jezalary Rim häkimleri tarapyndan ozal hem müňläp-müňläp amala aşyrylan hem bolsa, emma tebigat beýle ýagdaýa gelmändi. Olar hamana diýersiň adamlara bir zady aýtjak bolýan ýalydy! Olar galagopluga düşüp, bir zatlardan gorkýan ýalydy! Olar adamlaryň görmeýän nämedir bir zatlaryny görýän ýalydy! Bu hadysalary gören, Isany haça çüýleýän esgerleriň başlygy bolan ýüzbaşy: “Bu adam hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken” diýen netijä geldi. Bu barada Matta şeýle ýazýar: “Ýüzbaşy we onuň bilen bile Isa garawullyk edip duranlar bolsa ýer titremegini, bolan beýleki zatlary görenlerinde: «Dogrudan-da, bu Hudaýyň Ogly eken» diýşip, gaty gorkdular” (Mat. 27:54).
Hakykatdan hem tebigatyň aýtjak bolýan zatlaryny ýüzbaşy we onuň ýanyndaky esgerler gaty gowy aňan bolmaga çemeli: adamlaryň haça çüýleýäni Diri Hudaýyň ebedi Sözüdi, Onuň Öz içinden çykyp gelen Ýeke-ýalňyz Söýgüli Ogludy. Şeýle çak etmek ýalňyş bolmaz, çünki tebigat Öz ýaradyjysyny gaty gowy tanaýardy. Sebäbi ol Hudaýyň Sözi arkaly ýaradylypdy, Onuň Sözi arkaly barlyga gelipdi, Onuň Sözi arkaly-da hereket edýärdi. Bu pursat bolsa, bolýan zatlara onuň akly haýran ýalydy, çünki ýaradylan bütin älemleriň içinde bir tozgaça-da bolmadyk ynsan öz Rebbini, ýagny ýaradylan zat öz Ýaradyjysyny haça çüýleýärdi. Her niçik-de bolsa, Günüň garalmasyndan, tebigy hadysalardan ýüzbaşynyň gelen netijesi şudy.
Bu adamzat taryhynyň ýerdäki we Gün astyndaky iň soňky güni bolar. Şol gün günä bilen oýnaşan, Hudaýyň duýduryşlaryny boş gürrüň hasaplan adamlaryň öz günälerine jogap bermeli güni bolar. Ol güni Gün yşyk berip bilmez, Gökler gaçara ýer tapmaz, Ýer we ondaky bar zatlar ýanyp ýok bolar. “Emma Rebbiň güni bir ogry kimin geler. Şonda Gök uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar” (2Petrus 3:10). Hudaýyň Baky Oglunyň görgülerini äsgermedikler, ol görgüleriň nämä deňdigini öz üstünde çeker. Emma olar Hudaýyň Oglunyň ölüm we dowzahy ýeňip çykyşy kimin ýeňiji bolup çykyp bilmezler. Olar otda baky galmaly bolar:
Hudaý bolsa öz saýlan adamlary bilen, edil Ybraýymyň Guzy sebäpli gazapdan aman galan ogly bilen bagtly döwran sürüşi ýaly, öz Şalygynda baky döwran sürer: “Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar. Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy” (Ylham 21:3-4).
Bir adam: “Isanyň gören görgüleri Onuň bize bolan söýgüsiniň nähili belentdigini, nähili çuňdugyny, nähili giňdigini görkezýär” diýse, ýene biri: “Ýok, Onuň görgüleri biziň günälerimiziň nähili agyr, nähili köp, nähili nejisdigini görkezýär” diýýär. Bularyň ikisiniň hem pikiri dogry. Şonuň üçin hem bu iki pikire doly düşünmek üçin, we düşünip, iman bilen kabul etmek üçin, Oňa bagyş edilen durmuşda ýaşamak üçin biz Onuň görgüleri barada oýlanmalary gaýta-gaýta dowam etdireris. Muňa düşünenler Hudaýyň Ogluna iman edip, aklanmak üçin bütin umydyny Oňa baglaýarlar, şeýdibem Injiliň bu aýdýanlary olarda ýerine ýetýär:
Goý, Hudaý bu makalany okaýan her bir adama ol otdan gutulmak üçin Isa bolan imany bersin, şeýdip, Isanyň döken ganynyň, çeken azaplarynyň meni aklaýşy ýaly, ony-da aklasyn!
Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
“Men sizi ýetim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin.Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz” (Ýahýa 14:18-19).
Bu dünýäniň barlygynyň özi Ýaradana ezýet berýär. Onuň gözleri pisligi görerden päkdir. Bu biziň gözlerimize ýakymlydyr her hili uruş kinofilmlerini görmek, gan döküşik sahnalaryna seretmek, göni internet sahypalarynda namysa degilmelere tomaşa etmek, hatda olarda gatnaşmak hem. Biziň döwrümizde kinofilmler näçe gan döküşiklige baý bolsa şonça-da meşhurlyga eýe bolýarlar. Zulum, sütem sahnalary öz töweregine has köp tomaşaçylary toplaýar. Şeýle biziň tebigatymyz, şeýle biziň dünýämiz. Emma bu zatlar Hudaýyň päk gözlerine juda agyr azaplary berýär. Isa diýdi: “Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim, artykmaç tutaşyp ýanmagyny nähili arzuw edýärin!Meniň ýerine ýetirmeli bir çokunmam bar, bu bolýança nähili darygýaryn!” (Luka 12:49-50). Hudaý bu dünýä ot ýagdyrmak isleýär, onuň has lowurdap, tutaşyp ýanmagyny arzuw edýär, Ol bu arzuwynyň haýsy derejede beýikdigini “nähili arzuw edýärin! diýen sözler arkaly beýan edýär. Bu NÄHILI arzuw?! Emma bu iş heniz amala aşyrylmandygy Ony gysyp, gynaýar: “Bu bolýança nähili darygýaryn!” Bu NÄHILI darykma?! Biz bu duýgularyň düýbüne göz ýetirip bilmeris. Bu dünýedäki bütin erbetlikler Oňa azap berýär. Heniz bu älem-jahanda şeýtan bar-ka, heniz bir sany hem bolsa toba etmedik günäkär ýaşaýarka Hudaý dynçlyk tapmaz. Çünki toba etmedik, Hudaýa sežde etmeýän, Onuň ähli ygtyýara eýedigini boýun alyp, Hudaýyň öňünde dyza çökmeýän,”Sen näme diýseň, men şony-da ederin” diýip, Oňa boýun bolmaýan bir sany adam barka Hudaýa duşmançylyk we Oňa garşy pitne, Onuň erk-ygtyýaryna dawagärlik dowam eder. Eý, toba etmedik günäkär, seniň Hudaýsyz, özbaşdak durmuşyň “Men hem Hudaýdyryn” diýdigiňdir, “Ýaşaýyş demim öz elimdedir, etjegimi ederin, Göklerdäki näme eder?” diýdigiňdir! Bir sany toba etmedik günäkär hem ýok edilmese, Hudaýyň ähli aýdýanlary berjaý edilmez, günä ýok bolmaz, Ony älem Şasy diýip bolmaz. Sen, Hudaýa boýun bolmadyk halyňa ýaşaýarkaň, Hudaý Hudaýa meňzeş däldir, hemme aýdýanlaryny etdirip bilýän Gudratygüýçlä meňzeş däldir, Ol sen sebäpli ähli tarapdan çäklendirilen adama meňzeşdir! Bu görgi dälmi? Onuň bu zatlara döz gelmegi sen günäkär üçin rehim-şepagat bolman, eýsem näme? Onuň näme üçin bu dünýäni häziriň özünde ýakyp kül etmeýäliginiň jogaby ýene ynsandyr. Bu barada Injil şeýle diýýär: “Reb Öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir. Ol biziň üçin sabyr edýändir, çünki Ol hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär” (Petrus 2-nji hat 3:9). Emma biz Hudaýyň bu sabrynyň ýene näçe dowam etjekdigini bilmeýäris. Hudaýyň Sözi bolan Injil biziň şu günki günlerimizi Onuň görgüleriniň, Özüne azap beriji, emma bize rehim inderiji sabrynyň, çydamynyň iň soňy diýip aýdýar. Ýene sähelçe wagtdan Ol adamzat nesliniň soňuna çykyp, Özüne garşy giden perişdeleriň soňuna çykyp, görgülerinden dynar-da, Öz dynçlygyna öwrüler. Hudaý hemme zatda we hemme zadyň üstünde bolar. Hudaýyň dynçlygyna girenler hem, Onuň Özi kimin dynç we rahatlykda bolarlar.
|
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hökümeti ýerli azyk önümleriniň önümçiligini we onuň daşary ýurtlara satylmagynyň möçberini artdyrmak, munuň bilen birlikde daşary ýurtlardan satyn alynýan azyk harytlarynyň önümçiligini ýurduň içinde ýola goýmak boýunça planlaryny döwlet derejesinde ileri tutulýan meseleleriň arasynda agzaýar.
Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda döwletiň garamagyndaky dükanlarda un we çörek ýok. Muňa garamazdan dükanlaryň öňünde ýüzlerçe adamdan ybarat nobatlaryň döremegi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, adamlar unuň satuwa çykarylmagyny tama edip, dükanlaryň öňlerinde üýşüp garaşýarlar.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurt ykdysadyýetiniň batly ösýänigini, adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny habar bermegini dowam etdirýär. 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylary milli habar beriş serişdelerine ykdysady ösüşleri wagyz etmegi ýene-de bir gezek tabşyrdy.
|
Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.
Biz Onuň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaýandygymyzy aýdyp-da, tümlükde gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris.
|
- siz munyň namesi bolýaňyz:- diýip bir özi deň duş duş ýaş oglanyň sesine ziňkildap gitdi.Onyň haçan ýanyna geleniňiň hem duýmady
|
Sen ataň-eneň döwlediniň başysyň, nesil ulgamynyň dowamysyň. Sen olaryň gözüniň guwanjysyň, dyzynyň daýanjysyň, biliniň kuwwadysyň! Biz seniň barlygyň bilen bir zatdyrys. Syn edip gör: hatda ösümlikler hem özleriniň dok dänelerini ýere gaçyryp, ýeneki ýyllarda gögerip, pajarlap ösmeginiň, tohumynyň ýitip gitmezliginiň aladasyndadyr. Şonuň üçin hem...
Şahyr Kemal Işanow geografiýany, esasan hem, Hytaýyň geografiýasyny gowy bilýän ekeni. Ol hatda Hytaýdaky haýsydyr bir şäher bilen başga bir şäher...
Hiç kim patyşanyň göwnüne ýaraýjak zady tapyp bilmändir. Ahyry şanyň sypaýylarynyň biri uzak oýlanmalardan soň bir ýüzügi hökümdar...
Kä ynsanlar öz ýalňyzlyklaryna çydaman ýalňyzlyklaryny derman tapmak üçin ynsanlary ulanýalar. Söýýän adamyň rolyny oýnaýarlar. Bizem muňa ynanyp söýgidir öýtýäs, we olaryň oýunlaryna ynanyp uýýas, ýalňyzlyklary gutaran wagty ýa-da başga ynandyrjak ynsany tapan wagtlary bizden gitýärler. Bizem...
|
2) Günäňi bagyşlamakdan lezzet alýanyňy bilýän bolsalardy. saňa ýaranmak üçin ýakynlaryň günä iş ederdiler.
|
Aşgabat türmesiniň ýanyndaky rus öwlüýäsiniň bir çetinde ýeke-täk musulman adamsynyň mazary ýatyr. Onuň daş-töweregi syrylyp-süpürilen, daşyndan köp aýlanylýany bildirip dur. Bu kimiň mazaryka? Ony Aşgabatda ýaşaýanlardan sorasaň: “Ol gurbany boldugym Azym işanyň mazarydyr” diýerler.
Bir adam, bir gije düýş görüpdir, düýşünde uzyn deňiz kenaryndaky çägede dosty bilen ýöreýän eken. Olar ýöreýän wagty hem asmanda şol adamyň durmuşy bir film sahnasy ýaly görünýärdi. Deňiz kenary adamyň durmuş ýoly ýalydy. Adam gumda 2 jübüt aýak yzyň bardygyny görýärdi. Bir jübüt özüniňki, bir jübüt dostunyňky.
|
Türkiýäniň “NTV” telekanalynda 8-nji noýabrda görkezilen habarda aýdylşyna görä, wakanyň üsti 5-nji noýabrda açylypdyr. Mahsun Kyrmyzygülüň 85 ýaşyndaky Faika Aryk atly ejesi bir hepde owal öýünde hojalykçy bolup işe başlan 41 ýaşyndaky Miýesser M. atly türkmenistanly migrant zenany ogurlykda aýyplap, polisiýa şikaýat edipdir.
“Hürriýet” gazeti, polisiýadaky soragda türkmenistanly çatynjanyň diňe öz üstünden çykan ogurlyk zatlaryň jogapkärçiligini boýnuna alandygyny, olar bilen bir öýde bolýan 4 türkmen migrantyň bolsa ogurlyga ilteşiginiň ýokdugyny öňe sürendigini ýazýar. Gazet, polisiýada resmi işleri tamamlanan şübhelileriň sud edilmegine garaşylýandygyny habar berýär.
|
Türkmenistan BMG-niň işjeň agzalarynyň biri hökmünde dünýä syýasatynyň doly hukukly agzasy bolup adamzada garşy howplara, ilki bilen terrorçylygyň we radikalizmiň dürli görnüşleri bilen göreşmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga özüniň saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gün terrorçylyk bilen göreş BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary tarapyndan bellenilen ýaragsyzlandyrmak we ýaýratmazlyk, ulag we energetika, ekologiýa we beýleki nukdaýnazarlaryň ençemesi, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly global meseleleri bilen birlikde Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde köptaraplaýyn özaragatnaşygynyň gün tertibinde strategiki wajyp orny eýeleýär.
Bu ýa-da beýleki ýurtlaryň we sebitleriň ösüşiniň derejesine garaşly bolmazdan terrorçylyk onuň ähli görnüşlerinde adamzat üçin iň gorkuly howp bolup durýar. Parahatçylygyň we howpsuzlygyň şertlerinde ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmek esasy şertleriň biri bolup durýan globalizasiýanyň gidişi güýçlenýän häzirki döwürde, terrorçylyga garşy hereketiň aýratyn ähmiýeti bar. Terrorçylyk hereketler garşylygyň netijeli çärelerini talap edip, tizleşdirilen tehnika-tehnologiki gidişiň, köpçülikleýin aragatnaşyklar serişdeleriniň, maglumatlary ibermegiň görnüşleriniň ösüşiniň şertlerinde hil taýdan täze görnüşleri emele getirýär.
Bularyň ählisi Türkmenistan BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi ýaly halkara düzüm birlikleri, şeýle hem goňşy döwletler bilen netijeli we serişdeleýin hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistan öz tejribesinde BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge, şeýle hem dünýäniň ol ýa-da başga bir sebitiniň taryhy, sosial, ykdysady we medeni aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen bu işe sebitleýin baglanşyk bermäge berk ygrarlydygyny görkezýär.
“BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň orny” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, garaşsyz bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyksöýüji syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolýar.
BMG-niň bu ugurdaky işiniň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen terrorçylyga garşy merkeziniň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn topary (TGÇMT) döredildi. Edarasy BMG-niň ulgamynyň 36 guramasyna, Bütindünýä gümrük guramasyna we Interpol ýaýraýan TGÇMT agzalygy sazlaýar.
Bu taslama Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy merkeziniň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn toparyň edarasy tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Aşgabatdaky Sebit merkezi bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) hem-de Norwegiýanyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär. BMG-niň terrorçylyga garşy merkeziniň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn topary we Ýewropa bileleşigi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky sebitleýin merkezi BMG-niň ýokarda agzalan strategiýasyny Merkezi Aziýada ulanmak boýunça taslamasyny durmuşa geçirdi.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň TGÇMT, ÝB we BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan 2011-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabatda ýokary derejeli duşuşygynda Jemleýji Aşgabat Beýannamasy we BMG-niň Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Meýilnamasy makullandy. Bu Hereketleriň Meýilnamasy şu görnüşde dünýäde ilkinji resminama boldy. Soňky ýyllaryň dowamynda bu Meýilnama tarapyndan göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça taslamalar iş ýüzüne geçirildi. 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we BMG-niň arasynda gepleşikleriň çäklerinde ýokary derejeli duşuşygy “BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşik” taslamasynyň ikinji tapgyrynyň jemleýji çäresi boldy. Duşuşygyň esasy maksady durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça meseleler, olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak gepleşikleriň esasy maksady boldy.
2018-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrlarynda Aşgabatda “Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda” temasyna bagyşlanyp ýokary derejede maslahat geçirildi şeýle hem, Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyna goldaw bermek baradaky bilelikdäki taslamasynyň 3-nji tapgyryna badalga berildi. Birinji we ikinji tapgyrlar 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda kabul edilen Hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasy (HBM) taýýarlamak boýunça Ählumumy strategiýasynyň esasy 4 ugurlarynyň görkezmelerini düzmekligine bagyşlanyp 2010-2017-nji ýyllarda amala aşyryldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow maslahatda çykyş edip, taslamanyň esasy çäreleri terrorçylyga garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça milli hem-de sebitleýin strategiýalaryny işläp düzmegini, Merkezi Aziýa üçin HBM-da kesgitlenen ähmiýetli ugurlarda Merkezi Aziýa döwletleriň mundan beýläk kuwwatynyň güýçlendirilmegini şeýle hem, sebitde we onuň daşyndaky öňde baryjy tejribeler bilen paýlaşmakda ýardam bermegini öz içine aljakdygyny belläp geçdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedow duşuşykda çykyş edip, mundan beýläk Türkmenistanyň BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek merkezi bilen BMG-niň terrorçylyga garşy strategiýasynyň Aşgabat hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşygy teklip etmäge taýýardygyny belledi. Şunuň bilen birlikde türkmen tarapy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkezini ulanyp, görkezilen ugurda anyk teklipler bilen çykyş etdi.
Forumyň ahyrynda “Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň ýolunda” atly ýokary derejede geçirilen maslahatyň netijeleri boýunça Beýannama kabul edildi. Geljekde “Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň ýolunda” atly BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi we BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek merkezi bilen bilelikdäki sebitleýin terrorçylyga garşy göreşmek boýunça başlangyçlarynyň täze tapgyrynyň Merkezi Aziýa döwletleriň terrorçylyga garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça ulgamlarynda strategik esasynda kuwwatynyň güýçlendirilmegine gönükdirilmegine garaşylýar.
|
Halan kliplaryňyza ýa-da aýdymlaryňyza LIKE goýmagy unutmaň! Iň köp goýlan like hepdäniň aýdymy ýa-da klipi diýlip saýlanar.
|
Sen indi öýlendiň, öýli-işikli bolduň. Bir bendäniň göz guwanjy, dünýäsine deňäp oturan gyzy bolsa seniň duluňy bezäp otyr. Ol indiki galan ömrüni seniň bilen geçirmäge, seniň ýagşyňa-ýamanyňa şärik bolmaga kaýyl. Ol öz bagtyny saňa baglady. Indi seniň boýnuňda diňe öz gara başyň aladasy däl-de, ýene bir kişiniň garamaty bar. Durmuş arabasyny ýoldan dogry tigirläp gitmek diýilýän zat adam saýlaýan närsedir. Bu ýolda sähelçejik ýalňyşlyk arabaňy sandan çykaraýmagy ähtimaldyr. Şonuň üçin-de bu ýolda öňüňden çykjak kötelliklerden aman-sag geçmäge taýýar bolgun. Bu ýolda özgelere ýagşy görelde bolmagy özüňe borç edingin.
Şeýtdigiň öz ogullyk borjuňy-da berjaý etdigiňdir. Sähel ýerde özüňi ýitirme, äden ädimiňi oýlanyp ätgin, pederlerimiziň paýhasyna daýan, ýalňyşmazak bolarsyň! Kynçylyk barada aýdylanda Kerim şahyryň:
Ine, indi senem hak öýüňe düşdüň. Belki uzagyndan bolsun... «Döwletimiziň başy» — diýip ýören dogmamyza ömürlik ýan-ýoldaş bolmagy özüňe mynasyp gördüň. Sen onuň uzak ýyllar boýy arzuwlanyp ýeten bagt guşy bolsaň-da, «depesine çykybermäge» hakyň ýokdur. Hyzmata hyzmat bilen, sylaga sylag bilen jogap bermek seniň borjuňdyr. Onuň abraýy-seniň abraýyň, seniň abraýyň bolsa onuň abraýydyr. Durmuş göräýmäge, elpe-şelpelik ýalydyr. Emma ýeňmesi juda kyn garşylyklardan doludyr. Garşylygyň, kynçylygyň öňünde müzzermek ejizligiň alamatydyr. Diňe ejizlemeýän kişiler maksadyna ýetýändirler.
Könelerimiziň, ata-babalarymyzyň aýdan sözleriniň yrýa ýeri ýok eken. «Görkezenjäňi gerersiň» diýen nakyly kän eşidipdim weli, edil munuň ýalydyr öýtmezdim. Hudaýa şükür, indi menden bagtly adam ýok. Biler bolsaň, täze
Günleriň birinde üç elti bolup, üç ýer-de ortalyk saýaly bagyň kölegesinde çaýlaşyp otyrkalar, olaryň ýanyna üç sany adam gelipdir.
|
Biz bu taýda Allahyň köpdügi barada gürrüň edemizok, Isa MEsihe uýýanlaryň Biribara ynanýandygyny diňe bir dini alymlar däl-de, dünýewi maglumatlar hem tassyklaýar.
Bu ýada ol dine ynanmak, akyl we ýürek arkaly bolmalydyr. Meniň enem-atamyň ol ýada başga dine degişlidigi meniň ol ýada bu dine degişlidigimi aňlatmaýar. HEr bir ynsan hakykata düşünip, kalbyndan iman getirmelidir.
|
Pikir ýöretmek, düşünmek ýaly güýje eýe bolan akylymyzy has netijeli ulanmak üçin nämeler etmeli? Alymlaryň pikirine görä, beýnimiziň güýjüni artdyrýan, öňde goýan maksatlarymyza ýetirýän ýollary ýakynlaşdyrýan ukyplaryň käbiri şulardan ybarat:
Bilim. Alymlar şeýle maslahat berýärler: bilime höwesjeň ýapyşyň, bilimsizlige garşy göreşmegiň ýeke-täk çäresi öwrenmekdir. Munuň üçin köp güýç-gaýrat sarp ediň. Ýatkeş boluň! Ýatda saklamagyň iş esasy şerti gaýtalamakdyr. Unutmakdan daşda duruň. Bilimli ynsan iň güýçli pälwandan hem has güýçlüdir. Sebäbi durmuşyň her bir ýolunyň ýakasynda bilimde ynsanyň mertebesi ýatyr.
Sabyr. Akylyň maýasy sabyrdyr. Onuň üçin sabyrly bolmaga çalşyň we öňde goýan maksadyňyza tutanýerlilik bilen çemeleşiň. Sabyr bagtyň açarydyr, ol ýoluňy ýagtylandyrýan çyradyr. Alymlaryň gazanýan üstünlikleriniň esasynda hem sabyr ýatandyr. Ol şol birwagtyň özünde dertleriň hem öňüni alýan mümkinçilikdir.
Okamak. Beýtmek arkaly alnan bilim siziň artykmaçlygyňyzdyr. Ol hiç kimiň sizden alyp bilmeýän baýlygydyr. Iň ýakyn dostuň kitap bolmalydyr. Ýagny iýip-içeniňde lezzet alşyň ýaly, kitap okanda hem edil şonuň ýaly lezzet almagy başarmalysyň.
|
2. Ozaly bilen niýet-päliňi düzüwle. Şöhratdan peýdalanmak, ar almak kemsitmek, onuň şöhratyndan ýa-da onuň ejizlän wagtyndan peýdalanjak bolmak ýagşy däl. Eden işiň çig bolar.
7. Öýerjegiň kim? Çagasyny erbet görýän ýokdur. Garga-da öz çagasyna ap agym diýermiş. Şonuň üçin-de özüňkä özgäniň gözi bilen seredip görmäge çalyş. Goý, öýlenjekler bir-birlerine laýyk bolsunlar. Ogul seniň döwletiň başydyr, ýöne gyz hem, onuň bagrynyň başydygyny unutmagyn.
Derdiňi paýlaş. Ýagşy günlerinden ýagşylygyna guwan, ýaman gününde ýamanlygyna gynan. Çünki sen onuň bilen ýakyn garyndaş ahyry. Onun balasy seniň balaň, seniň balaň onuň balasy.
|
Siziň bu okaýan ýüzlenmäňiz Injildäki tekste esaslanandyr. Hudaý: “Şonuň üçin Men seniň bilen şeýle edýärin, Ysraýyl; seniň bilen näme edýändigimi görä-de, öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol, Ysraýyl” (Amo 4:12). Bu aýat, Hudaýyň öňündäki ebedi ýörelgäni habar berýär. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – bu, islendik nesile edilýän çakylyk we duýduryşdyr.
1. Ýönekeý sözlere üns beriň. Mysal getirilen tekstiň her biz sözünde adatdan daşary ýönekeýlik bardyr. Injilde: “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – diýlipdir. Taýynlanmak – bu, taýyn bolmagy aňladýar: ölüme taýyn bolmak, Höküme taýyn bolmak, Rebbiň gelmegine taýyn bolmak. Mukaddes Ýazgy adamlaryň bu dünýä gelip dogulaly bäri, Hudaý bilen duşuşyga taýyn däldigine şaýatlyk edýär. Hudaý, islendik adamyň kanunsyzlykda dogulandygyny aýdýar. Beýle diýildigi, biziň Hudaý bilen bu dünýäde duşuşmagymyz üçin, günälerimiziň bizden aýrylmalydygyny aňladýar. Injil hem Isa Mesihiň ganyndan başga hiç zadyň günäni ýuwup bilmejekdigini anyk yglan edýär. Resul Ýahýa öz hatynda: “… Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir” – diýýär (1Ýah. 1:7). “Taýyn bol” sözi – örän ýönekeý sözdür, onda hiç hili zat gizlenen däldir. Bu tekstiň sözleri matematikanyň meselesi-de däldir. Islendik adam olaryň näme aňladýandygyny bilýändir. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – jümlesi, Hudaý bilen duşuşmaga taýyn bolmagy aňladýar. Bu, edil smolanyň (gara sakgyz – şepbeşigiň) garyň ýüzündäki zolagy ýaly aýdyňdyr. Köp adamlar, nähili-de bolsa bu ýönekeý sözleri nädogry kabul edýärler. Birleri öýlenmäge taýynlanýar, başga birleri dynç alyşa gitmäge taýynlanýar. Köp adamlar çagalaryny mekdebe taýynlaýar. Köpler, pensiýa üçin goýlan pullary garran çaglary ulanmak üçin, garrylyga taýynlanýar. Ýöne olar, diňe özleriniň durmuşynda wajyp zat bolan, ebedilikde Hudaý bilen duşuşmaga taýynlanmaýarlar. Dost, Injiliň bu ýönekeý sözlerine gulak goý, – öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol.
Belki, bu, duýdansyz ölüm bolup biler. Sizi hem, öňünden duýdurmazdan Hudaýyň ýanyna alyp giderler. Bir garry şotland wagyzçysy bir gezek öz obadaşynyň dükanyna gidipdir. “Wagyzçy, gapyny kakman, bir söz aýtman dükana girende, men bir iş bilen gümra bolup ýördüm” – diýip, soň şol dükanyň eýesi gürrüň berýär. Wagyzçy: “Siz maňa garaşýaňyzmy?” – diýýär. “Ýok, jenap, garaşmandym.” – diýip, dükanyň eýesi jogap beýär. Wagyzçy biraz dymyp duransoň, ýüzüni gamaşdyryp: “Eger bu ölüm bolsa näme?” – diýýär-de, gelişi ýaly basym çykyp gidýär. Dükanyň eýesi, soň bu ýagdaý barada gürrüň berip, wagyzçynyň aýdanlarynyň özüni oýlanmaga mejbur edendigini ýatlaýar. Netije-de, dükanyň eýesi Reb Isa iman etdi. Mesihi üçin Hudaý bilen duşuşmak örän ajaýyp başdan geçirme bolar. Resul Pawlus öz ömrüniň soňunda: “Çünki men eýýäm Hudaýa hödürlenen şerap kimin dökülip durun, meniň bu dünýäden ötmeli wagtym geldi” – diýýär (2Tim. 4:6). Ol bu sözleri aýdanyndan soň, basym ölüm hem gelip ýetdi. Hatda, imanly üçin Hudaý bilen duşuşmak – gorkuly synagdyr. Injil şeýle diýýär: “Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir” (Ýew.10:31). “Reb sabyrlydyr we rehimdardyr, Ol kanunsyzlygy we jenaýaty bagyşlaýandyr” (San.14:18). Emma Ol günäkäri-de jezasyz goýmaýar. Eger siz Hudaýyň söýgüsini äsgermeseňiz, Onuň berýän gutulyşyny ret etseňiz, Onuň duýduryşlaryna üns bermeseňiz, onda Onuň öňünde durjak günüňiz, siziň üçin elhenç gün bolar.
|
Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbalyny anyklamak boýunça “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy 15 ýyl çemesi wagtlap tussaglykda saklanan Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň öňki baştutany Tirkiş Tyrmyýewiň 13-nji ýanwarda aradan çykmagy bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi.
Azatlyk Radiosy: Ýuriý, siziň sanawyňyzda dereksiz ýitenleriň arasynda görkezilen şahsyýetleriň ýene biri Tirkiş Tyrmyýewiň ykbaly gynançly ýagdaýda mälim boldy, ol tussaglykda ýogalansoň, jesedi maşgalasyna tabşyryldy. Siziň kampaniýaňyz bu habary nähili kabul etdi?
Ýuriý Jibladze: Dogrudanam, 2012-nji ýylyň mart aýynda Tyrmyýewiň türme möhleti doluberende, ony türmede ýapyk sud arkaly täze tussaglyk möhletine höküm etdiler we “sakçy bilen ýakalaşyk” üçin diýlen aýyplamanyň esasynda ýene ýedi ýyl we 11 aý berdiler.
|
Mazaly ajygan aýal bir metjidiň howlysynda biraz wagt öň özüne berlen çöregi çykaryp iýjek bolanda, elini-ýüzüni ýuwup duran bir esgeriň özüne seredendigini görýär. Esgeriň ýagdaýyndan, onuň ýoldan gelendigini we ýadanlygyny aňşyrýar.
Dilegçi, esgeriň nazaryndan onuň açdygyny hamala “Biraz maňa-da ber” diýen manyny çykarýar. Ýaş esgeriň ýagdaýyna gynanan aýal çöregiň hemmesini esgere berýar we ol ýerden uzaklaşýar.
Ýaş oglan biraz wagt öň metjidiň howlusynda bir dilegçi aýalyň özüne çörek berendigini, ony iýeninden soňra şu ýagdaýa gelendigini aýdanda aýal oňa çörek berendigini ýadyna salýar we başyndan gaýnag suw dökülene dönýar.
“Men näme etdim?” diýip çendenaşa gynanmaga başlar, ýöne eýýäm iş-işden geçýär. Ýolbars ýaly ýaş oglan duran ýerinde durmuşa gözlerini ýumýar.
|
Golaýda Aşgabat şäheriniň bir ýaşaýjysy paýtagtyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlaryndan şikaýat edip, ýaşaýan etrapçasyndaky Ýaşaýyş jaý müdirligine ýüz tutýar.
“Biziň işimiz birinji nobatda [eýesiz] it-pişikleri öldürmek, ikinjilik bilen biz köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň gabadynda goýlan ulaglary kowmaly. Siz bolsa ýyladyşyň gürrüňini edýärsiňiz!”
Türkmen häkimiýetleri Aşgabatda geçirilýän halkara çäreleriň öňüsyrasynda paýtagty eýesiz it-pişiklerden arassaladýar.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary we haýwan goraýjy aktiwistler Jemagat hojalygynyň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň işgärleriniň mämişi reňkli agyr ulagda jaýlaryň töweregine aýlanyp, eýesiz haýwanlaryň “awyna çykýandygyny” gürrüň berýärler.
16-njy oktýabrda redaksiýa gelip gowşan iki wideo ýazgyda Aşgabatda it-pişikleri zorlukly ýygnaýan edara gullukçylaryny, şeýle-de ýygnalan haýwanlary daşaýan mämişi reňkdäki agyr ulagy görmek bolýar.
Mundan ozal 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýany häkimiýetler paýtagtdan ykmanda haýwan ýygnamak çärelerini güýçlendiripdi.
Munuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda haýwan goraýjy aktiwistleriň tagallalary bilen Aşgabadyň käbir ýaşaýjylary Şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirliginiň bir edarasyna paýtagtda it-pişikleriň öldürilmegi boýunça nägileliklerini beýan edip, ýörite arza bilen ýüz tutdy.
Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşigi 2018-nji ýylyň 5-nji sentýabr güni ýaşaýjylaryň şol arza-şikaýatyna jogap berdi.
Birleşigiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D. Ýazlyýewiň goly bilen çap edilen resmi hatda Aşgabady gündelik ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleriniň Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň buýrugy esasynda ýerine ýetirilýändigi we bu çäreleriň kanuna doly laýyk gelýändigi öňe sürülýär.
Ýöne resmi hatda Ministrler kabinetiniň başlygynyň haýsy orunbasarynyň buýrugynyň berjaý edilýändigi agzalmaýar.
|
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan käbir türkmen bosgunlaryň aýtmagyna görä, Türkiýäniň Göç edarasy bir ýyldan bäri olaryň BMG-däki statusyny ýatyryp, ýurdy terk etmeklerini soraýar.
|
Ýaşlaryň arasyndaky söýgi ody örän çalt tutaşyp, ahlah serhetden geçip gyz namysy unydylyp, gyzyň öýiniň aýak uçyndaky mal ýatakdan, ýagny şygyrdyr,göle, geçidir goýnyň şaýat bolmagynyň astynda ol gyzlyk namysy elden gidipdir
Bu aýşy-eşretli günler uzaga gitmändir ,iki üç aýyň dowamynda yigdiň ýüregne düşup başga gyzyň yşgyna düşip bu gyzdan el çekip ,gyzyň durmyşyndan ýitipdir
Şoňky döwürde mekdep okuwçylaryň arasynda şeýle wakalar gaçmak ýa göwreli bolmak ondan mundan köp eşdilýar.
Gyzlara ýekeje zat aýdasym gelýar. Mowzygy goýan badyma telim agza we myhmanlar okaýar, goňşy saýtlara alnyp goýylýar.
|
Mydama aýtýarlar diýýärler: bu ynsan näme üçin beýle edepsiz, Heý soradyňyzmy? Edebini bozan haýsy häsiýetsiz diýip.
|
End of preview. Expand
in Data Studio
README.md exists but content is empty.
- Downloads last month
- 4