text
stringlengths
1
29.4k
Agşam Milli maglumat jemgyýeti agentliginiň ýolbaşçysy jenap Mun Ýok-şik bilen agşamlyk nahary geçirildi.
Duşuşygyň barşynda sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garalyp geçildi.
2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Milli Assambleýanyň binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Spikeri jenap Mun San bilen duşuşygy geçirildi.
Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna iki ýurduň parlamentariýleriniň arasyndaky özarahereketleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Soňra Mejlisiň başlygy KR-nyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bilim ministri hanym Yn-he bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler aýratyn hem Patyşa Sejon adyndaky okuw Merkeziň açylmagyna ýokary baha berdiler.
Türkmenistanda koreý diliniň öwrenilmegine ýokary gyzyklanma bildirilýändigi bellenilip geçildi.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi aýda Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde KHDR-nyň Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklar üçin futbolçylyk düzümi kesgitlediler.
duşuşyklaryň ikisi hem Aşgabatda «Köpetdag» stadionynda geçiriler.
Ikisi hem 16:00-da başlanjak duşuşyklarda milli ýygyndymyz 14-nji noýabrda KHDR-ny, 19-njy noýabrda Şri-Lankany kabul eder.
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy:Derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow («Altyn asyr»), Batyr Babaýew («Ahal»), Rahat Japarow («Köpetdag»).
Goragçylar: Mekan Saparow («Altyn asyr»), Şöhrat Söýünow («Ahal», häzirki wagtda şikesli), Abdy Bäşimow («Ahal»), Güýçmyrat Annagulyýew («Aşgabat»), Gurbanguly Aşyrow («Ahal»), Serdar Annaorazow («Ahal»).
Ýarym goragçylar: Serdar Geldiýew («Altyn asyr»), Wezirgeldi Ylýasow («Ahal»), Resul Hojaýew («Altyn asyr»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Merdan Gurbanow («Ahal»), Ruslan Mingazow («Irtyş», Gazagystan), Arslanmyrat Amanow («Lokomotiw», Özbegistan), Amir Gurbany («Nagaworld», Kamboja), Mirza Beknazarow («Ahal», häzirki wagtda şikesli).
Hüjümçiler: Wahyt Orazsähedow («Dordoý»), Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr»), Didar Durdyýew («Ahal»), Myrat Ýagşyýew («Altyn asyr»), Mihail Titow («Altyn asyr»).
Ätiýaçdakylar: Artur Geworkýan, Meýlis Diniýew («Köpetdag»), Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag»).
Tälimçiler düzümi: Ante Mişe baş tälimçi, Sandro Tomiç tälimçi, Maksim Belyh tälimçi, Begenç Garaýew tälimçi, Kyýas Hajyýew lukman, Eziz Amangeldiýew owkalaýjy, Parahat Bäşimow owkalaýjy.
Adminstrasiýa: Çaryýarguly Seýdiýew toparyň ýolbaşçysy, Resul Mämmedow adminstrator, Gennadiý Hristoforidi adminstrator, Babanazar Haknazarow menejer, Sapargeldi Begliýew wideooperator.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionaty 2020-niň Eýranda geçirilen saýlama duşuşyklaryndan soňra Türkiýe Respublikasyna ugrady.
ýerde Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky türkmen futzalçylary okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýärler.
Ýygnanyşygyň dowamynda ildeşlerimiz gün Türkiýäniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, Kojaeli şäherinde geçirilen duşuşyk Robert Grdowiçiň şägirtleriniň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykda Mülkaman Annagulyýew bilen Öwezbaý Muhammetmyradowyň her haýsy iki, Serdar Rejebow bolsa bir pökgi geçirdi.
Milli ýygyndymyz türk futzalçylary bilen 1-nji noýabrda ýene bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Ýeri gelende aýtsak, okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Aziýa çempionaty 2020-niň taýýarlyk tapgyrynyň çäginde geçirilýär.
Çempionat 24-nji fewral 10-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriler.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
gün 30-njy oktýabrda Aşgabatda ýerleşýän “Döwletliler köşgündäki” çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan welosiped sowgatlary gowşuryldy.
Täze nusgadaky welosipedler ozal döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa milli halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi diýip, TDH ýazýar.
Ýeri gelende aýtsak, welosipedleriň ýene-de ikisi Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýi bölümine hem-de Sport ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze gurulýan binasynda ýerleşdiriljek muzeýe gowşuryldy.
çäreler bilen baglanyşykly paýtagtyň köçelerinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş hem guraldy.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
ýylyň 29-njy noýabry aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň olimpiýa zenanlar ýygyndylarynyň arasynda futbol çempionaty geçiriler.
«CAFA U-23 Women Championship 2019» diýlip atlandyryljak halkara ýaryşa Türkmenistanyň ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy hem gatnaşar.
CAFA-nyň Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, her ýyl sebitleýin ýaryşlaryň birnäçesi geçirilýär.
Türkmen futbolçylary hem ýaryşlara gatnaşyp, özlerini halkara tejribesini artdyrýarlar.
Ýeri gelende, CAFA-nyň geçirýän ýaryşlarynyň halkara tejribäni baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýtmak gerek.
Çünki onuň düzüminde girýän federasiýalar tutuş Aziýa derejesinde hem güýçli ýygyndylary çykaryp bilýär.
ýylyň ýanwar aýynda Katarda geçirilen Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşa hem diňe Merkezi Aziýadan dört ýygyndynyň gatnaşandygyny nygtamak isleýäris.
kg» saýtynyň Gyrgyz Respublikasynyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habarynda hem nygtalyşy ýaly, zenan futbolçylaryň arasynda geçiriljek sebit ýaryşyna olimpiýa ýygyndylarynyň 6-sy gatnaşar.
Olar Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Türkmenistanyň ýygyndylarydyr.
Duşuşyklar Duşenbe şäherindäki Gissar Merkezi stadionlarynda geçiriler.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Ýokary liganyň 23-nji tapgyrynda meýdanynda Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagyny» 1:0 hasabynda ýeňen «Şagadam» Ýokary ligadaky 300-nji ýeňşini hem gazandy.
Çempionatyň ilkinji iki möwsüminde «Hazar» ady bilen çykyş eden 1995-nji 1996-njy ýyllaryň futbol möwsümlerine-de gatnaşmadyk kenarýaka şäheriniň topary çempionatdaky ilkinji möwsüminde (1992-nji ýylda) ýeňiş gazanypdy.
Topar bir möwsümdäki 20-den agdyk ýeňşini bolsa ilkinji gezek çempion bolan ýyly 2002-nji ýylda gazandy.
Şol möwsümi topar ýeňiş bilen tamamlapdy.
Toparyň ýeňiş rekordy bolsa 2003-nji 2014-nji ýyllaryň möwsümlerine degişli.
möwsümleriň ikisinde-de «Şagadam» ýeňiş gazandy.
ýyl kümüş medal ugrundaky ýerini has berkidip, «Altyn asyr» bilen çempionlyk ýaryşyna goşulan «kenarlylar» duşuşygyň 14-sini ýeňiş bilen tamamladylar.
Geçen ýyl bolsa topar ýeňiş gazanyp bilipdi.
Bir gezek Türkmenistanyň çempiony (2002-nji ýyl) bolan «Şagadamyň» ýurdumyzyň futbol Kubogyna (2007-nji ýyl) Naýbaşy kubogyna hem (2007-nji ýyl) mynasyp bolandygyny ýatladýarys.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Futbol boýunça milli çempionatymyzda köp duşuşyk geçiren iki toparyň biri kän ýeňiş gazanan topar bolan «Nebitçi» 1992-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýän çempionatynda derwezesine 800-nji goly hem geçirtdi.
Ýokary liganyň 23-nji tapgyrynda «Merw» bilen myhmançylykda oýnalan oýunda Begenç Guldurdyýewiň 32-nji minutda geçiren goly «Nebitçiniň» derwezesine Ýokary ligada geçirilen 800-nji goldur.
Taryhyny dört çempionlyk, dört kubok, Naýbaşy kubok AFK-nyň Prezidentiniň kubogynyň biri bilen şanlandyran «Nebitçiniň» Ýokary ligada derwezesini goran möwsümi 2010-njy ýyldyr.
Şol ýyl garşydaş toparlar «Nebitçiniň» derwezesine bary-ýogy pökgi geçirip bilipdiler.
Geçen ýyl bolsa topar derwezesinde gol görmeli boldy.
ýyl henize çenli pökgi geçirden topar ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagynda.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Türkmengala etrabynyň pagtaçy kärendeçileri ýer eýeleri özleriniň döwlete «ak altyn» hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý edip, uly zähmet üstünligine eýe boldular.
Etrabyň pagtaçylary ýyl 14700 gektar meýdana gowaçanyň biziň şertlerimizde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly «Ýolöten 7», «Ýolöten 39», «Ýolöten 45», «Ýolöten 46» hem-de inçe süýümli «Ýolöten 14» görnüşlerini ekip, bereketli hasyl ýetişdirdiler.
Türkmengalaly pagtaçylaryň Watanyň «ak altyn» harmanyna goşan pagta hasyly müň 400 tonnadan geçdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Watan harmanyna tabşyrmakda aýry-aýry daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri tapawutlandylar.
«Täze daýhan», «Ýeňiş», «Soltanýap» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri hem-de pagta ýygýan kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän kombaýnçylary aýratyn zähmet göreldesini görkezdiler.
gyzgalaňly günlerde medeniýet, sungat işgärleri pagtaçy kärendeçileriň arasynda ýygy-ýygydan myhmançylykda bolup, göwün göteriji çykyşlary bilen oba adamlaryna hezil berýärler, zähmet adamlarynyň armasyny ýetirýärler.
Geçirilýän medeni çärelerde pagta ýygymynda has öňe saýlanýan kärendeçilere, kombaýnçylara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Günortan arakesmesinde meýdan düşelgesinde dynç almak üçin döredilýän ýokary derejäki şertler pagtaçylar barada irginsiz alada edilýändigi aýdyň görkezýär.
Gazanylan zähmet üstünligi mynasybetli, etrabyň Medeniýet öýünde hormatly ýaşulularyň, mährem eneleriň, öňdebaryjy kärendeçileriň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda öňdebaryjy kärendeçilere milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şertnamalaýyn borçnama berjaý edilen hem bolsa, etrabyň hasyl ussatlary meýdandaky hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almagy maksat edinip, öndürijilikli zähmet çekýärler.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
2016-njy ýylda hususy kärhanalaryny açyp, telekeçilik işini ýola goýan doganlar Röwşen, Döwran Bekmämmedowlaryň öndürýän önümleri gün halkymyzyň bereketli saçagynyň gündelik bezegine öwrülmek bilen, daşarky bazarlara-da süýjülik ýoluny açýar.
Kärhananyň dünýä belli öňdebaryjy kompaniýalaryň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bölümlerinde hyýar, pomidor, bulgar burç ýaly gök önümleriň konserwirlenen, pomidoryň goýultmak görnüşleri, maýonezleriň birnäçe görnüşi «Nur» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň bazarlarynda tekjeleri bezeýär diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
«Nur» haryt nyşany bilen müşderilere ýetirilýän önümler bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik sehlerinde taýýarlanýar.
Ýaglylyk derejesi 30, 45, 55, göterim bolan maýoneziň 900 gramlyk çüýşe gaplara gaplanan görnüşi, şeýle-de 200 400 gramlyk ýöriteleşdirilen kiçi paketlere gaplanan görnüşi, pomidor goýultmagynyň adaty hem ajy görnüşi önümçilikde baý tejribesi bolan hünärmenleriň tutanýerli zähmet çekýän kämil enjamly sehinde taýýarlanýar.
Beýleki önümçilik sehinde hyýar görnüşde, ýagny adaty ajy, pomidor gök hem gyzyl görnüşde 0,5, 900 gramlyk çüýşe gaplarda konserwirlenýär.
litrlik çüýşe gapda konserwirlenen pomidor bilen hyýaryň garylan görnüşini-de ildeşlerimiz höwes bilen satyn alýarlar.
Her gün gök önümleriň tonnasy konserwirlenip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ýaýradylýan hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň ähli tapgyryna, önümleriň hiline gözegçilik edýän hil barlaghanasy hereket edýär.
Taýýar önümleriň saklanýan ýörite sowadyjy ammary bolsa, harytlar üçin degişli howany üpjün edýär.
hojalyk jemgyýetinde täze tehnologiýalaryň ulanylmagy, oýlanyşykly marketing strategiýasy önümlere alyjylaryň uly isleg bildirmegi önümleriň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, geljekde daşary bazarlarda hem ornuny tapjakdygyna ynamy artdyrýar Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Döwlet, hukuk demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanylan neşir Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy bilen açylýar diýip, TDH ýazýar.
Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda «Türkmenistan ÝUNFPA: strategik hyzmatdaşlyk» atly makala bar.
Onda türkmen döwletiniň üstünlikli durmuşa geçirýän gender deňligi babatdaky syýasatynyň ähmiýeti nygtalýar.
Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň şertleriniň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işi barada gürrüň berýän makalada halkara ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtalýar.
Hususan-da, onda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işjeň orny bellenilýär.
“Nebitgaz pudagynda maýa goýumlaryň mümkinçilikleri geljegi” atly makalada milli ykdysadyýetimiziň strategik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak mümkinçiligine garalýar, degişli şertleriň, şol sanda maýadarlar üçin hukuk kepillikleriniň bardygy bellenilýär.
“Hazar: hyzmatdaşlygyň ösüşiň ýollary” atly makalada Hazar sebitiniň kuwwaty barada gürrüň berilýär.
Onda möhüm geosyýasy geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň ornuna ähmiýetine aýratyn üns berilýär.
Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň çägini Aziýa Ýewropa bilen birleşdirýän ulag-üstaşyr hem-de söwda geçelgeleriniň mümkinçiliginden işjeň peýdalanmak babatda makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtalýar.
«Ulag-logistika: halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry» atly makalada halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag-logistika mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.