text
stringlengths
1
29.4k
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda sporty, şol sanda futboly ösdürmek babatda edilýän işleriň kändigi nygtalyp, munuň hünärmenleriň jogapkärçiligini ýokarlandyrýandygy aýratyn bellenilip geçildi.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýeke-täk kanuny töleg hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady onuň şaýlyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.
Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi, olardan manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, manadyň goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.
Milli manadyň hümmetiniň durnukly derejede saklanmagy bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň wajyp guraly, şol bir wagtyň özünde-de, şerti bolmagynda galýar diýlip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen makalada aýdylýar.
Türkmenistanda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bank kartlarynyň sany artdyrylýar, şeýle-de bankomatlaryň töleg terminallarynyň giň tory hereket edip, olaryň bökdençsiz işlemegi ýola goýulýar.
2019-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýynda jemi 3,2 million bank karty bolup, ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýynda olaryň sany 3,7 milliondan geçdi, ýagny aýyň dowamynda göterim artdy.
Bu, gezeginde, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ýurdumyzyň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylýan bank kartlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini aňladýar.
Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende göterim ösüş gazanyldy.
Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize giňden ornaşdyryldy.
Häzirki wagtda bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyza «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.
Ilatyň zähmet haklary, kömek pullary, pensiýalar, talyp haklary, degişlilikde, «Altyn asyr», «Millikart» bank kartlaryna geçirilýär.
Ýurdumyzyň karz edaralary olaryň ähli şahamçalary tarapyndan raýatlaryň «Altyn asyr» «Millikart» bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk azyndan göterim girdeji hasaplanýar tölenýär.
amatlyklar raýatlarymyza goşmaça girdeji çeşmesi bolup durýar.
Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän hasaplaşyklaryň beýleki görnüşi «Maşgala» bank kartydyr.
«Maşgala» bank karty «Altyn asyr» ýa-da «Millikart» bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda maşgala agzalaryna, şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner.
Müşderiniň arzasy ýa-da «Internet-bank» ulgamy arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen.
«Maşgala» bank karty çagalara talyplara gerekli okuw esbaplaryny beýleki harytlary satyn almaga, söwda hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet-bank» «Mobil-bank» ulgamlary arkaly karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga hasaplanan göterimi tölemäge, telefonunyň, öýjükli telefon, IP-TV internet hasabyny doldurmaga hem-de bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.
«Maşgala» bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine hem, «Altyn asyr» «Millikart» bank kartlarynda bolşy ýaly, ýyllyk göterim hasaplanýar tölenýär.
Ýurdumyzyň çäginde hereket edýän bank kartlarynyň ýene bir görnüşi «Goýum bank karty» bolup durýar.
Bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin «Goýum bank karty» işjeň gural hasaplanylýar.
«Goýum bank kartynyň» eýeleriniň galyndy pul serişdelerine degişlilikde, 5-7 göterim möçberinde ýyllyk göterim hasaplanýar tölenýär.
Goýumlara tölenilýän göterimler, bir tarapdan, müşderileriň erkin pul serişdelerini, goýumlara goýmak arkaly, goşmaça girdeji gazanmaklaryna şert döredýän bolsa, beýleki tarapdan, banklar üçin dolanyşykdaky puluň mukdaryny dogry kesgitlemäge, milli manadymyzyň hümmetini durnukly derejede saklamaga mümkinçilik berýär, ýagny işjeň bank amallarynyň goşmaça çeşmesi bolup çykyş edýär.
Şeýle hem «Goýum bank kartynyň» eýelerine islendik möçberde nagt pul goýmak, töleg terminallaryndan, «Internet-bank» «Mobil-bank» hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly nagt däl görnüşde tölegleriň dürli görnüşlerini amala aşyrmak, zerur halatynda kartdan nagt puly almak, bankomatlar ýa-da internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligini döredýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän «VISA» «MasterCard» halkara töleg kartlary hem işjeň hereket edýär.
Dürli görnüşli «VISA» Classic, Business, Gold) «MasterCard» (Maestro, Standart, Business, Gold) halkara töleg kartlaryny peýdalanmak arkaly daşary ýurtlara okuwa, saparlaryna, şeýle hem syýahata gidilende, nagt puly götermek, olar barada biynjalyk bolmak meseleleri aradan aýrylýar.
Dükanlarda harytlara, hyzmat edilýän nokatlarda edilen hyzmatlara tölegleri amala aşyrmak üçin degişli töleg terminallarynyň üsti bilen çalt hasaplaşmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady banky «VISA» hem-de «MasterCard», Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky «VISA», «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky «MasterCard» halkara töleg kartlarynyň emitent banklary bolup çykyş edýär.
Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklaryň hilini ýokarlandyrmak gerimini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde, QR-kod hyzmaty, galtaşyksyz töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlary arkaly hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin «Internet-bank», şol sanda «Mobil-bank» ulgamlary hem hereket edýär.
Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär.
Bank kartlary arkaly amala aşyrylýan hasaplaşyklaryň görnüşiniň geriminiň artmagy nobatlarda durulýan wagtyň tygşytlanmagy, ýolda sarp edilen wagtyň tygşytlanmagy netijesinde zähmet öndürijiligini artdyrmaga serişdeleriň tygşytlanmagyna itergi berýär.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
30-njy noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Buzda typmagyň halkara birleşiginiň (ISU) maksatnamasyna laýyklykda, «Bosfor-Stambul kubogy 2019» atly halkara ýaryş geçirilýär.
Şol ýaryşa Türkmenistanyň Gyşky sport görnüşleriniň milli merkeziniň türgenleriniň gatnaşmagy meýillesdirilýär diýip, Türkmenistanyň Sport ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty ýazýar.
Türkmenistanyň Buzda typmagyň halkara birleşiginiň agzalygyna kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň halkara ýaryşlaryna wekilçilik etmegine giň ýol açyldy.
bolsa, birleşigiň baýdagynyň astynda geçýän iri halkara ýaryşlara, şol sanda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama bäsleşiklerine türkmenistanly figuralaýyn typyjylaryň gatnaşmagyna mümkinçilik berer.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Türkmenistanyň Sport ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 3-8-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde futzal boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler diýip Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda ýazylýar.
Çempionata paýtagtymyza hem-de welaýatlarymyza wekilçilik edýän toparlaryň 5-si gatnaşar.
Olar Türkmen döwlet bedenterbiýe sport institutynyň «Talyp sporty» hem-de «Aşgabat», «Daşoguz», «Lebap» «Mary» toparlarydyr.
Paýtagtymyzyň sebitleriň atlaryny göterýän toparlar ýerli sport ýaşlar syýasaty müdirliklerine wekilçilik edýär.
Ýeňiji bir aýlawda geçiriljek bäsleşikde kesgitlener.
ýaryşyň 2020-nji ýylyň 12-nji iýuly aralygynda futzal boýunça zenanlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Çempionatyna taýýarlygyň çäginde geçirilýändigini bellemek gerek.
Ýaryşyň esasy maksady Aziýa çempionatynda çykyş etjek futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň düzümini kesgitlemäge ýardam eder.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
gün 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Türkmenistan bagtyýarlygyň Watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg bölümi türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky jemgyýeti geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri habar berýär.
çärelere Leningrad oblast administrasiýasynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň merliginiň ýolbaşçylary hünärmenleri, Sankt-Peterburgda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary gatnaşdylar.
«Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen alabaýyna bagyşlanan täze eseriniň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň ygrarly dosty bolan itleriň tohumynyň häsiýetini hem-de ähmiýetini takyk açyp görkezýändigi aýratyn bellenilip geçildi.
«Türkmen alabaýy» kitaby diňe bir dünýäde gadymy görnüşleriň biri bolan itleriň tohumynyň gelip çykyşy ösüşi hakynda gürrüň etmän, eýsem asyrlaryň çuňlugyndan bäri ahalteke bedewi ýa-da türkmen halysy bilen bir hatarda milli gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegi bolan alabaýyň özboluşly medeni aýratynlygyny hem açyp görkezýändir.
«Russiýa meniň taryhym» Taryhy seýligähiniň foýesinde «Türkmenistan Bagtyýarlygyň watany» atly sergi ýaýbaňlandyryldy, onda Türkmenistan hakyndaky kitaplar, türkmen suratkeşleriniň eseleri, milli egin-eşikler, türkmen zergärleriniň elinden sünnälenip çykan zergärçilik şaýlary görkezilendir.
Şeýle hem uly ekranlarda häzirki zaman Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri baradaky wideofilmler görkezilýändir.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Myradowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Ertir futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, ýaryşyň soňky dörtlügine «Altyn asyr», «Aşgabat», «Köpetdag» hem-de «Ahal» toparlary galdy.
Türkmneistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, ýarym final duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty eminleri baradaky maglumatlar:“Altyn Asyr” “Aşgabat”.
Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat
Başlanýan wagty: 15:30.
Duşuşygyň emini:
Mämmedow (Aşgabat
Kömekçi eminler:
Begnazarow (Mary
Atdyýew (Tejen
Ätiýaçdaky emin:
Goşşanow (Tejen
Gözegçi emin:
Ramazanow (Aşgabat
)“Köpetdag” “Ahal”.
Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat
Başlanýan wagty: 16:00.
Duşuşygyň emini:
Allaberdiýew (Aşgabat
Kömekçi eminler:
Hydyrow (Balkanabat
Annamyradow (Balkanabat
Ätiýaçdaky emin:
Ýazmyradow (Aşgabat
Gözegçi emin:
Seýitgulyýew (Aşgabat
)Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
gün 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň Konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriň, Türkmenistanyň raýatlarynyň Gruziýadaky hukuk ýagdaýy, Gruziýanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýy, Gruziýada okaýan türkmen talyplarynyň beýleki meseleleri jikme-jik maslahatlaşdylar.
Gün tertibine laýyklykda, taraplar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullygy Gruziýanyň migrasiýa häkimiýetleriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşdylar.
Geňeşmeler türkmen-gruzin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly işjeň ýagdaýda geçdi.
Ikirataplaýyn geňeşmeleriň soňunda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky konsullyk geňeşmeleriň Teswirnamasyna gol çekildi.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň öndürijiligi barha ýokarlanýar.
Munuň şeýledigine kärhananyň işçi hünärmenleriniň tagallasy bilen ýylyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen önümçilik işleriniň görkezijileri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Kärhanada ýylyň ýanwar sentýabr aýlarynda million 562 müň 220 manatlyk önüm öndürilip, göz öňüne tutulan meýilnama 106,6 göterim ýerine ýetirildi.
Degişli döwürde düz aýna gaplyk çüýşe önümlerine isleg örän ýokary boldy.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
«Garabogazkarbamid» zawodynyň zähmet toparlary 2019-njy ýyly uly üstünliklere besleýärler.
Kärhananyň işe girizilenine onçakly köp wagt geçmedigem bolsa, baglaşylan şertnamalara laýyklykda ýylyň geçen dokuz aýynda ýerde 253 müň 410 tonna barabar karbamid öndürilipdir diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ýokary hil derejesine laýyk öndürilen önümiň 215 müň tonna golaýynyň daşary ýurtlar tarapyndan uly isleg bilen satyn alnandygyny aýratyn nygtamak gerek.
Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda «Garabogazkarbamid» zawodynyň önümine bolan isleg barha artýar.