text
stringlengths 1
29.4k
|
---|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesindäki Medeniýet öýünde halypa bagşylaryň ömrüne döredijiligine bagyşlanyp «Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr» atly aýdym-sazly dabara geçirildi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
|
Türkmenistanyň gazanan artisti Nursähet Halsähedowyň, Türkmenistanyň halk bagşysy Hydyr Hojamgulyýewiň, Türkmenistanyň halk bagşysy Gurt Ýakubowyň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Gaýgysyz Çaryýewiň ömri döredijiligini öwrenmek, olaryň sungat ýoluny halka giňden ýaýmak ýaş nesillere öwretmek maksady bilen geçirilen çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, tanymal bagşy-sazandalar, çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary okuwçylary, medeniýet, sungat işgärleri, halypalaryň dogan-garyndaşlary, aýdym-saz sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar.
|
Dabarada çykyş edenler halypalaryň ömri döredijiligi, hormatsarpalary bilen baglanyşykly bilýän baý maglumatlary bilen halk köpçüligini tanyşdyrdylar.
|
Medeniýet, sungat ussatlary, şeýle-de «Altyn asyr» tans toparynyň tansçylary, tüýdükçiler Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary gyzykly çykyşlary bilen dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
Ýakynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan sany konteýnere ýüklenilen kaliý dökünleri ýurdumyzyň Kelif demirýol bekedinden Hytaý Halk Respublikasynyň Sindao portuna ugradyldy diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
|
Garlyk Kaliy dag-magdan toplumyndan ilkinji gezek ugradylan konteýner kerweni Gazagystan Respublikasynyň üsti bilen 9688 kilometr ýoly, takmynan, günüň dowamynda geçip, HHR-niň Sindao portuna baryp ýeter.
|
Kaliý dökünleri ýüklenen şeýle uly kerwen Türkmenistandan daşary ýurtlara ilkinji gezek eksport edildi.
|
Toplumda işleriň barha ilerlemegi bilen türkmen kalisiniň eksportyny geljekde has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar.
|
Habarymyzyň rus dilindäki görnüşinde kerweniň Gazagystan Respublikasyna baryp ýetendigi aýdylýar.
|
barada habarda «Gazak demir ýollarynyň» metbugat gullugyna salgylanylýar.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
1-nji noýabrda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň ýyllygy bellenildi.
|
TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi baş edara bolup, ýerde ýüz müňlerçe maglumatlar toplanyp, şolaryň arasynda Türkmenistan, onuň şöhratly geçmişi güni hakynda maglumatlary saklaýan seýrek hem-de täsin resminamalar däl.
|
Türkmen arhiwçileri özleriniň, hakykatdan-da, yhlasly işleriniň esasy wezipesini köne resminamalaýyn subutnamalary diňe bir düýpli gorap saklamakda däl, eýsem, halkymyzyň baý milli mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, şolary ýüzünde peýdalanmakda hem-de barlag işlerini işjeň alyp barmakda görýärler.
|
Taryhy resminamalara laýyklykda, musulman gündogarda arhiw işiniň gözbaşy uzak gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar, emma onuň häzirki garaýyşdaky esaslary Türkmenistanda Zakaspiý oblastynda dolandyryş edaralarynyň döredilmegi bilen XIX asyryň ahyrlarynda goýuldy.
|
Şol edaralaryň her biriniň önümçiligi ilkinji arhiw gaznalaryny kemala getiren resminamalary bolupdyr.
|
1929-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Merkezi döwlet arhiwi döredildi.
|
Türkmenistanyň arhiw edaralary onýyllyklaryň dowamynda resminamalary toplamagy, hasaba almagy ulgamlaşdyrmagy, ylmy-tehniki taýdan işlemegi alyp bardylar, pudaklaýyn edaralaryň arhiwleriniň işine gözegçiligi usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrdylar.
|
Şeýdip, milli arhiw gaznasy kemala geldi.
|
235-den gowrak gurama Merkezi döwlet arhiwinde hasapda durýar.
|
Guramalarda resminamalaryň saklanylyşy üpjün edilende, uly işler geçirilýär.
|
Dabara gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň arhiw ulgamynyň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan goldaw berilýär.
|
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň maddy ruhy mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek meselelerini döwlet syýasatynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.
|
möhüm işleri alyp barmakda arhiwlere örän uly orun degişli bolup, ýerde ajaýyp taryhy-medeni mirasyň bir bölegi bolup durýan gymmatly resminamalaýyn çeşmeler jemlenendir.
|
Ýazyjylaryň, alymlaryň, kompozitorlaryň, sazandalaryň, bagşylaryň, suratkeşleriň, artistleriň, lukmanlaryň, görnükli döwlet işgärleriniň, harby serkerdeleriň, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň şahsy maglumatlaryndan resminamalary toplamak hem-de saklamak boýunça geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrynda başlanan işleri beýan etdi.
|
1959-njy ýylyň ýanwarynda Merkezi döwlet arhiwinde edebiýat sungat bölümi döredildi, bölüm gönüden-göni meseleler bilen meşgullandy.
|
Türkmen arhiwçileri ylmy-barlag neşirýat işlerini amala aşyrýarlar.
|
Munuň mysaly hökmünde, bäş jiltlik «Hatyra» diýen işi agzap bolar, 1941 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan ugrundaky söweşlerde gahrymançylykly göreşen, dereksiz ýiten hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna bagyşlanýar, şeýle hem mähriban ojagyna ýeňiş bilen dolanyp gelen esgerler baradaky «Şöhrat» diýen kitap bar.
|
Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi giň okyjylar köpçüligine niýetlenen «Türkmen arhiwi» diýen taryhy resminama, ylmy-taglymat usulyýet žurnaly neşir edýär.
|
Türkmen rus dillerinde çap edilýän neşiriň esasy wezipesi Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmekden, ýurdumyzyň arhiwini öwrenmegiň hem-de ulgamda gazanylanlary beýan etmegiň nazaryýet esaslaryny ösdürmäge ýardam bermekden ybaratdyr.
|
Arhiw maglumatlaryna elýeterlilik geçmişi beýan etmäge hem-de ýurdumyzyň taryhyna bolan gyzyklanmany ösdürmäge mümkinçilik berýär.
|
Türkmenistanyň arhiw gaznasynyň resminamalaryny işjeň peýdalanýanlaryň hatarynda alymlar, aspirantlar talyplar, kompozitorlar, ülkäni öwrenijiler beýlekiler bar.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
Halkara basketbol federasiýasy tarapyndan Olimpiada 2020-niň 3x3 basketbol boýunça saýlama ýaryşlarynyň bije çekilişigi geçirildi.
|
Ýaryşlara Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy hem gatnaşar.
|
Basketbolyň soňky ýyllarda meşhurlygy has artýan görnüşi boýunça erkekleriň zenanlaryň arasynda ilkinji dört ýollanma eýýäm belli.
|
Çünki dünýä sanawynda öňdäki dört orny eýeleýän ýygyndylar Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşlaryny geçirmesizden gatnaşyp bilýärler.
|
Şeýlelikde, erkekleriň arasynda Serbiýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň Ýaponiýanyň, zenanlaryň arasynda bolsa Russiýanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň Rumyniýanyň ýygyndylary Olimpiada 2020-däki garşydaşlaryna garaşýar diýip bileris.
|
Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak galan ýygyndylar bolsa dünýä sanawynda 24-nji orunlary eýeleýän ýygyndylaryň arasynda geçiriler.
|
Saýlama tapgyryň duşuşyklaryny 2020-nji ýylyň martynda Hindistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.
|
Geçirilen bije çekilişigiň netijesine görä, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy «B» toparçada ýaryşar.
|
Biziň topardaşlarymyz bolsa Eýranyň, Ýaponiýanyň, Ukrainanyň Awstraliýanyň ýygyndylary bolar.
|
Olimpiýa oýunlary 2020-niň saýlama tapgyry.
|
Zenanlar«A» toparça: Fransiýa, ABŞ, Germaniýa, Urugwaý, Indoneziýa.
|
«B» toparça: Eýran, Ýaponiýa, Ukraina, Türkmenistan, Awstraliýa.
|
«C» toparça: Niderlandlar, Estoniýa, Belarus, Wengriýa, Şri-Lanka.
|
«D» toparça: Italiýa, Taýwan, Çehiýa, Şweýsariýa, Hindistan.
|
Basketbolyň 3x3 görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna Halkara Olimpiýa komitetiniň Karary bilen 2017-nji ýylyň iýun aýynda goşuldy.
|
Mundan ozal hiç bir Olimpiýa oýunlarynda hem basketbolyň görnüşi boýunça ýaryş geçirilmändi.
|
Basketbolyň 3x3 görnüşinde her topara dört oýunçy wekilçilik edýär.
|
Duşuşyklar arassa minut dowam edýär.
|
Eger şol wagta çenli haýsydyr bir topar utuk toplasa, duşuşyk şol wagt ýatyrylyp bilner.
|
3x3 basketbol boýunça ilkinji dünýä çempionaty 2012-nji ýylda geçirildi.
|
Olimpiýa oýunlary 2020-de bolsa erkekleriň zenanlaryň arasynda güýçli ýygyndy ýaryşyp biler.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
1-nji noýabrda Aşgabatda Söwda-ykdysady ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi.
|
Oňa iki döwletiň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hünärmenleri gatnaşdylar.
|
TDH-nyň habar bermegine görä, gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň hem-de dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilişiniň barşyny goşmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň anyk meseleleri girizildi.
|
Duşuşygy açyp, her toparyň ýolbaşçysy häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar hem-de Türkmenistanyň Täjigistanyň bar bolan mümkinçiliklerini nazara almak bilen, taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmegi maksat edinýändiklerini nygtadylar.
|
Bellenilişi ýaly, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýeti köp babatda iki döwletiň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmon tarapyndan ägirt uly üns berilmegi bilen şertlenendir.
|
Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda mähirli, özara hormat goýmak gatnaşyklary emele geldi.
|
ýere ýygnananlar netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanma bildirilýändigini belläp, gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça birnäçe anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
|
Ýangyç-energetika ulgamy, senagat elektroenergetika, oba suw hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy.
|
Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi.
|
Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birek-birege iberilýän harytlaryň görnüşini mukdaryny hem-de edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.
|
Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda iki goňşy ýurduň halklaryny baglanyşdyran taryhy-medeni gatnaşyklary göz öňünde tutup, ynsanperwer ulgamda özara hereket etmäge hem uly ähmiýet berilýär.
|
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtda guralýan Medeniýet günleriniň hem-de beýleki iri möçberli medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
|
Mejlise gatnaşyjylar geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belläp, ara alnyp maslahatlaşylan hem-de durmuşa geçirilmegi bellenilen anyk işleriň ählisiniň öňünde täze gözýetimler açylýan köptaraply döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli artdyrmaga gönüden-göni ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
|
Mejlisiň netijeleri boýunça degişli beýannamalara gol çekildi.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
23-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly geçiriler.
|
barada 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer
|
Abdyýewa hasabatynda belledi.
|
TDH-nyň ýazmagyna görä, döredijilik forumyna ABŞ-dan, Eýrandan, Italiýadan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan Estoniýadan teatr toparlarynyň, sungatşynaslaryň hem-de sahna işi boýunça hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
|
Festiwala gatnaşyjylar sahna oýunlaryny görkezerler, şeýle hem onuň çäklerinde sungat sergileri, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar ussatlyk sapaklary geçiriler.
|
Myhmanlar üçin Aşgabadyň muzeýlerine gözel ýerlerine gezelençler guralar.
|
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şeýle medeni çäreleriň milli medeniýetimizi sahna sungatymyzy ösdürmekde hem-de baýlaşdyrmakda, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän tejribäni giňden alyşmakda ähmiýetiniň uludygyny belledi.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde türkmen parlament wekiliýetiniň Baku şäherine sapary guralar.
|
sapar azerbaýjan tarapynyň teklibiniň gelip gowşmagy esasynda amala aşyrylýar.
|
Parlamentiň wekiliýetiniň nobatdaky sapary barada 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisininde Mejlisiň Başlygy
|
Mämmedowa hasabatynda belläp geçdi.
|
TDH-nyň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe çäreler duşuşyklar meýilleşdirildi.
|
Şol sanda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy bilen duşuşmak, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky «ASAN» hyzmat durmuş innowasiýalary raýatlara hyzmat etmek boýunça döwlet agentliginiň işi bilen tanyşmak beýlekiler göz öňünde tutulýar.
|
Munuň özi häzirki döwürde netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
|
Türkmenistanyň Prezidenti parlamentara gatnaşyklaryny has-da giňeltmek baradaky meselelere ünsi çekip, ugurdaky görülýän çäreleriň Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, dünýä jemgyýetçiligini biziň içeri daşary syýasatymyz, ýurdumyzyň häzirki zamanda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
Aşgabatda Koreý okuw merkezini açmak meýilleşdirilýär.
|
barada 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisininde Mejlisiň Başlygy
|
Mämmedowa hasabatynda belläp geçdi.
|
TDH-nyň ýazmagyna görä, milli parlamentiň wekiliýetiniň 31-nji oktýabrda Koreýa Respublikasyna bolan saparynyň barşynda Seul döwlet uniwersitetiniň işi bilen tanyşdylar.
|
Şeýle-de, wekiliýet Halkara gaznasyna baryp gördi, gazna dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunda 180-e golaý merkezi özünde jemleýär.
|
Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň spikeri bilen duşuşyk geçirildi.
|
Onda parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna hem-de olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
|
Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, bilim ministri bilen bolan duşuşygyň barşynda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi, hususan-da, Aşgabatda Koreý okuw merkezini açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyňIndi täzelikleri okamak has ýeňilleşdi.
|
Subsets and Splits
No community queries yet
The top public SQL queries from the community will appear here once available.