text
stringlengths
99
138k
Türkmenistanyň daşynda galyp, öz milli türkmen pasportlarynyň möhletini geçiren raýatlaryň ençemesi Türkmenistana barandan soň tussag edildi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda şeýle wakalaryň 20-den gowragy ýüze çykypdyr, tussag edilenler türkmen häkimiýetleriniň möhletini geçiren raýatlaryň pasportlaryny täzeläp bermek wadasyna ynanyp, Türkiýeden baran türkmenistanlylar. Soňky aýlarda Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda ýerli häkimiýetleriň guramaçylygynda ilat bilen ýörite duşuşyklar geçirilip, ýurduň daşyndaky raýatlary yzyna gaýtarmak boýunça olaryň garyndaşlaryna çagyryşlar edildi we gaýdyp baranlaryň dokumentleriniň düzüw bolmagyk ýagdaýynda olaryň jogapkärçilige çekilmejegi wada berildi. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, häkimiýetler welaýatlarda geçirýän ýygnaklarynda köne pasportly raýatlaryň pasportlaryny üç hepdäniň içinde täzeläp bermegi wada berýärler, şeýle-de daşary ýurtlarda galyp, Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini gaýtalaýarlar. ​Soňky ýylyň dowamynda türkmen häkimiýetleri ýurduň daşynda zähmet çekýän migrantlary yzyna gaýtarmak boýunça çäereleriň ençemesini amala aşyrdylar. Mundan öň migrantlary ýurduň daşyna çykarmazlyk boýunça çäreleriň eçemesi görülipdi. Aşgabadyň halkara aeroportunda türkmen raýatlarynyň uçardan düşürilmegine degişli ýüze çykýan ýagdaýlar barada yzly-yzyna habar berilýär. Käbir halatlarda raýatlar häkimiýetleriň hereketlerine garşylyk bildirýär, şeýle-de dürli heläkçilikli wakalar ýüze çykýar. Maý aýynyň aýagynda Aşgabadyň halkara aeroportynda Türkiýä goýberilmedik aýal maşgalanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, soňy bilen aradan çykandygyny, Azatlyk Radiosynyň biri-biriden habarsyz ençeme çeşmesi habar berdi. Türkmen hökümeti gazanjyň gözleginde ýurduň daşyna gidýän raýatlaryň sany barada resmi sanlary çap etmeýär. Daşary ýurt hökümetleriň berýän käbir sanlaryna görä, Türkmenistandan zähmet migrasiýasynyň akymy gitdigiçe artýar. Türkiýede 2016-2017-nji ýyllarda 25 müň çemesi türkmenistanlynyň ýaşamaga resmi rugsat alandygy habar berilýär. Ondan ozalky sanlarda ýutda azyndan 200 müň çemesi türkmenistanlynyň ýaşaýandygy, aglaba köpüsiniň ýurtda bikanun bolýandygy habar berlipdi.
Eýran özüniň Bahreýniň esasy nebit geçirijisiniň partlamagynyň we ot almagynyň arkasynda durandygy barada aýdylýanlary ret etdi we bu aýyplamany “esassyz we arzan” diýip häsiýetlendirdi. Bahreýn häkimiýetleri “munuň ýaly bolgusyz we galp beýanatlary etmegiň hem-de şeýle çagaçyl günälemek oýunlarynyň zamanynyň geçendigini bilmeli” diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Ghassemi 12-nji noýabrda eden beýanatynda aýtdy. Bahreýniň içeri işler ministri Şeýh Raşid bin Abdullah al-Khalifa biraz öň 10-njy noýabr güni giçlik Buri obasynyň golaýynda nebit geçirijiniň partladylmagyny “terrorçylygyň howply akty” diýip atlandyrypdy. "Ýurduň ýakyn döwürde şaýat bolan terrorçylyk aktlary Eýranyň göni aragatnaşyklary we görkezmeleri arkaly amala aşyrylýar” diýip, Khalifa 11-nji noýabrda eden beýanatynda aýtdy. Bahreýniň Içeri işle ministrligi zarba urlan geçirijiden akýan nebitiň togtadylandygyny we ýangynyň kontrol astyna alnandygyny aýtdy. Bahreýn öz ulanýan nebitiniň köp bölegibabatynda esasan goňşulykdaky Saud Arabystanyndan gelýän geçirijä daýanýar.
Ýeriň ölçegi (6-sotok) ýeriň ýerleşýän ýeri baýyryň üstünde ýere söz ýok, 2-komlatnyý jaýjagaz gurlan kuhniýasy aýrat...
Russiýanyň Gönüden maýa goýum gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew, Hytaý bilen 2019-njy ýylda ilkinji gezek milli pul birlikleri bilen söwda işlerini ýerine ýetirjekdiklerini habar berdi.
Halkara kategoriýada “İň gowy film baýragyna” Hila Medelýanyň we Şoh Şylamyň režisýorlyk etmegindäki “Web garaşlylary” filmi laýyk görüldi. Aýdyn Kapanjygyň režisýorlyk etmegindäki “Gaý” filmi bolsa Milli höwesjeň kategoriýasynda “İň gowy film” baýragyna laýyk görüldi.
Latyn Amerikasy diňe bir tebigy baýlyklaryň bol sebiti bolman, eýsem, arzan işçi güýjüniň hem köp ýeridi. Şonuň üçinem ABŞ we beýleki ösen döwletler ol ýere höwes bilen öz maýa goýumlaryny goýdular. Netijede, sebitiň ykdysadyýeti daşary ýurt maýadarlarynyň gol astyna düşdi. Ykdysady tarapdan baknalyk bolsa, syýasy özbaşdaklygy-da çäklendirýärdi. II-nji jahan urşy ýyllarynda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň aglabasynyň ösüşinde birmeňzeş, umumy häsiýetli ýagdaýlar ýüze çykdy. Argentina, Meksika, Kolumbiýa, Braziliýa ýaly ýurtlar uruşýan döwletleriň islegini kanagatlandyryp, olaryň senagaty üçin zerur çig maly öndürýärdiler. Şol önümleriň bahasynyň birnäçe esse ýokarlanmagy, ýerli baýlaryň sanynyň artmagyna getirdi. Ýerli baýlarda bolsa, daşary ýurtlarda baknalykdan dynmak meýli güýçlendi. Olaryň goldamagy bilen döwlet eýeçiligi ösüp başlady. Germaniýa hem onuň ýaranlaryna degişli eýeçiligiň millileşdirmegi, daşary ýurtlara degişli senagat kärhanalarynyň, demir ýollaryň satyn alnyp, döwlet eýeçiligine öwrülmegi ýaly çäreleriň hemmesi ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini güýçlendirip, ykdysady baknalykdan dynmaga gönükdirilen çärelerdi. Emma şol çäreleriň geçirilmegine garamazdan, 50-nji ýyllarda-da Latyn Amerikasy döwletleriniň ykdysady baknalygy entek saklanýardy. Sebäbi ol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň iň esasy we has girdejili pudaklary ABŞ-yň elindedi. ABŞ 1949-1960-njy ýyllarda şol döwletlere goýan maýa goýmundan 2 esseden gowrak girdeji alypdy. 50-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň oba hojalygynda aýratyn bellär ýaly özgerişler bolmady. II jahan urşundan öňki ýyllardaky ýaly ýagdaý, ýagny iri ýer eýeçiligi saklanyp galdy. Oba hojalygynyň esasy aýratynlygy her ýurduň özüne mahsus ekininiň bolmagydyr (monokultura). Mysal üçin, Braziliýada, Kolumbiýada – kofe, Kubada, Dominkan respublikasynda – gant, Gondurasda, Kosta-Rikada, Ekwadorda – banan oba hojalygynyň esasy önümi hasaplanýardy. Milli azat edijilik hereketi. Latyn Amerikasy ýurtlarynyň syýasy-ykdysady ýagdaýy ol ýerlerde milli-azat edijilik hereketiniň güýçlenmegine getirdi. 1940-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda, 50-nji ýyllaryň başynda sebitiň ýurtlarynda agalyk eden öňki syýasy toparlar gowşap, demokratik özgerişleriň tarapdarlary güýçlendiler. Bu toparlar ykdysadyýete döwletiň aýgytly goşulmagy, ýerli maýa goýumlarynyň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy esasynda daşary ýurt maýasyna baknalykdan dynmak isleýärdiler. Öňe sürlen şu maksady halkyň ähli gatlaklary (daşary ýurt maýadarlary bilen baglanyşyklardan başgasy) goldaýardylar. 40-50-nji ýyllardaky syýasy-ykdysady özgerişler. 40-50-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynda amala aşyrylan syýasy, durmuş, ykdysady özgerişleriň häsiýetli taraplaryny şol ýurtlaryň käbirleriniň mysalynda görüp geçeliň ! Braziliýa Latyn Amerikasy döwletleriniň arasynda ykdysady tarapdan iň ösen döwletleriň biridir. Braziliýanyň ykdysadyýetinde täsirli yz galdyran özgerişler 1930-njy ýylda häkimiýet başyna gelen prezident Žetulis Wargasyň (1883-1954) döwründe başlandy. Wargas Braziliýanyň ykdysady tarapdan kuwwatly döwlete öwürmegi maksat edindi. Ol nebit senagatyny, senagatyň başga-da birnäçe pudagyny daşary ýurt maýa eýeleriniň elinden alyp, millileşdirdi. Bu bolsa, ykdysadyýetde güýçli döwlet eýeçiligini döretmäge mümkinçilik berdi. 1950-nji ýylyň Oguz aýynda bolan prezident saýlawynda Wargas ýene-de ýeňiş gazandy. Ol milli ykdysadyýeti gorap, daşary ýurtdan gelýän maýa goýumlaryny çäklendirdi, birinji nobatda, döwlet eýeçiligini ösdürmäge üns berdi. Wargas elektrik senagatynyň kärhanalaryny döwlet eýeçiligine geçirmek ýer eýeçiligini ýok isledi. Emma ol pikir daşary ýurtly maýa goýumdarlarynyň we ýerli iri ýer eýeleriniň garşylygyny güýçlendirdi. Prezidente garşy harbylaryň ýolbaşçylygynda dildüwşük guraldy. Edilýän hyýanatlara çydaman, Wargas özüni öldürdi. Peron başarjaň syýasatçy we ajaýyp dilewar adamdy. Ol halky öz yzyna düşürmegi başarýardy. Argentinanyň zähmetkeşleri ony öz penakäri hasaplaýardylar. Argentinanyň kärdeşler arkalaşygy onuň esasy daýanjy boldy. Ol ýerli işewür adamlary goldap, olary öz tarapyna çekmegi başarýardy. Emma prezidentiniň syýastyndan närazy generallar 1955-nji ýylyň Ruhnama aýynda döwlet agdarylyşygyny geçirdiler. Harby hökümdarlar Peronyň kabul eden köp kanunlaryny, konstitisiýany ýatyrdylar. Gwatemala, Boliwiýa Latyn Amerikasynyň yzagalak döwletleridir. Bu ýurtlaryň ykdysadyýetiniň esasyny oba hojalygy tutýar. Ekerançylyk üçin amatly iri ýer eýeleriniň we daşary ýurt baýlarynyň elindedi. 1944-nji ýylyň Bitaralyk aýynda Gwatemalada rewolýusiýa bolup, harby polisiýa düzgünini agdardy. Şeýle öwrülişik 1952-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Boliwiýada hem boldy. Häkimiýeti eline alan güýçler bu ýurtlarda köneçil toparlaryň garşylygyna garamazdan, demokratik özgerişleri amala aşyrmaga girişdiler. Emma ýerli köneçilleriň we ABŞ-yň gazaply garşylygy netijesinde syýasy ýagdaý üýtgedi. 1954-nji ýylyň tomsunda Gwatemalada harby öwrülişik amala aşyrylyp, häkimiýet harbylaryň eline geçdi. 1952-nji ýylda Boliwiýada bolan rewolýusiýa bu ýurda ykdysady özbaşdaklyk getirmedi.
Türkiýede başdan geçirilýän wakalar bilen bagly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giň beýan tapýar Türkiýäniň we dünýäniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giňişleýin ýer alýar Türkiýäniň we dünýäniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giňişleýin ýer alýar. Dünýäniň we Türkiýäniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giňişleýin ýer alýar. Türkiýäniň Manisa velaýatynyň Soma etrabynda başdan geçirlen magdan pajygasy baradaky habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giň seslenme döretdi Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giňişleýin ýer alýar
Mundan öň, Siriýanyň Iordaniýa we Ysraýylyň gözegçiligindäki Golan Beýiklikleri bilen araçäkleşýän sebitlerindäki 30 şäheri hökümetiň kontrollygyna geçirmek ugrunda alnyp barylýan gepleşikler togtadylypdy. Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň günorta-günbatar sebitlerini doly öz gözegçiligine geçirmegi maksat edinýär. Bu ýerler jeňçileriň Siriýadaky soňky berkitmeleriniň biridir.
DNS serwer saýtlaryň sanawy ýaly bir zat. Mysal üçin internetda ýerleşýän islendik saýtyň hakyky ady bar. Ol at IP adres bolup, diňe bir sanlardan durýar. Mysal üçin talyplar.com saýtyň IP adresi 123.121.234.00 we ş.m. Ýöne biz ýaly adaty adamlar saýtlaryň IP adreslaryny ýatda saklamaga ukyply däl. Biz üçin saýtlaryň atlary bolsa has oňaýly. Şonyň üçin DNS serwer diýen zat oýlanyp tapyldy. DNS serweryň işleýşi şeýle. Sen mysal üçin öz brawzeryňda www.kitapcy.ml adresi ýazýaň, seň soragyň Türkmentelekomyň DNS serweryna barýar we şol ýerde şol saýt haýsy IP adresa bagly bolsa şol saýt açylýar. DNS serweri ullakan bir sanaw hökmünde göz öňüne getirseň bolar. Saýtlaryň sanawy we olaryň IP adresi. Haçanda ulanyjy belli bir saýty açjak bolanda DNS serwer öz sanawyna görä ulanjyny şol saýtyň IP adresyna tarap ugradýar. Internedyň IP protokolyny adaty adam diline öwürýär. DNS sererler barada gowja düşiner ýaly ýene bir zat aýdyp bereýin; Adaty DNS serwerlardan başga ýörüte tölegli DNS-lar bolýar. Ol serwerlarda howuply we wirusly saýtlaryň ýörüte gara sanawy bolýar. Mysal üçin sen wirus ýaýradýan saýtyň adyny brawzerda ýazýaň, seň ýüz tutýan DNS serweryň bolsa seni duýdyryş sahypasyna zyňýar. Tipa siziň açjak bolýan sahypaňyz wirusly. Ýa-da ýörüte çagalar üçin DNS serwerlar bar, ol serwerlaryň sanawyndan Pornagrafiýa saýtlaryň bary aýyrlan. Şeýle DNS-e sazlanan telefon ýa-da kompýuter hiç bir pornografiýa saýty açmaýar. Şeýle DNS-laň saýt sanawy mydama täzelenip durýar. Ýöne gynansakda Ruslaryň we köp internet prowaýderlaryň edýän işine görä DNS serweri çalşyp bolanok. Diňe prowaýderiň berýän DNS serwerini ulanmaly bolýar, ol ýerde bolsa syýasy saýtlaryň köpisiniň adresi sanawdan aýrylan...
"Biz daşary ýurtlulara näme görkezeňde-de, içerdäki zatlaryň gowy we owadan däldigine ünsi çekmek isledik” diýip, 16 ýaşyndaky Lika Petrowskaýa 3-nji iýulda “Roýterse” aýtdy. Orsýet dünýäniň iň bir abraýly futbol ýaryşyna beýemçilik etmek bilen, dabaralar mahalynda özüni mümkin boldugyça gowy görkezmek tagallalaryny etdi we olara gatnaşyjylaryň käbiri häkimiýetleriň mylakatlylygyna geň galdy.
Manafort bilen täsirli rus biznesmeni Deripaskanyň arasyndaky bag çarşenbe güni aýan edildi. Bu Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Muelleriň prezident Donald Trampyň kampaniýasy bilen Russiýanyň arasynda bolan mümkin koordinasiýa boýunça özüniň alyp barýan derňewiniň çäginde aýan edilen soňky maglumatdyr. Russiýanyň metal tütjary Deripaskanyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşyklary bar. ABŞ şu ýyl Deripaska garşy sanksiýalary hem girizipdi. 2017-nji ýylyň iýulynda Federal Derňew Býurosynyň agentleri Manafotyň öýünde gözleg geçirdiler. Onuň dowamynda Manafort bilen Deripaksanyň arasyndaky maliýe gatnaşyklary boýunça geçirilýän derňewiň çäginde möhüm delilleri ele geçirmek başardypdyr.
Owganystanda hindi we sikh jemgyýetleriniň wekilleri öldürilen ildeşlerini jaýlaýarlar. 2-nji iýul, 2018 ý.
Şweýsariýada Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy - Parstoday Şweýsariýada Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Egl şäherinde boldy we ol ýerde Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň (UCI) Prezidenti Dawid Lappartient bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, hususan-da BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýasy bellenildi. Mundan başga-da taraplar, Türkmenistanda welosiped sporty boýunça halkara derejeli ýaryşlary geçirmek baradaky meselä garadylar.
Taraz iki ýa-da birnäçe derýanyň, kölüň, deňziň ýa-da okeanyň suw ýygnaýjy basseýnlerini bölüp aýyrýan ýerüsti şertli topografiki liniýa bolup durýar.
Türkiýe bilen Gazagystanyň alyp barýan köp ugurly aktiw daşary syýasatynyň global parahatçylygyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigini nygtan Dönmez,“ Sebitimizde durnuklylygyň we asudalygyň üpjün edilmegi üçin Astanada we Stambulda dowam edýän gepleşikler, Türkiýe bilen Gazagystanyň alyp barýan içgin tagallasynyň görkezijisidir. Geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýän Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar” diýdi. Gazagystandaky türk maýa goýumlarynyň 3,2 milliad dollara ýetendigini aýdan Dönmez, Russiýa we Hytaýdan soň Türkiýäniň Gazagystanda iň köp daşary ýurt maýaly firma eýe bolan 3-nji ýurtdygyny ýatlatdy.
Ýeriň aşagyndan çogup çykýan tebigi gazlar diňe uly daş bölekleriniň aşagyndan däl, deňiz we okeanlaryň aşagyndan hem çogup çykýarlar. Sebabi deňiziň aşagy hem üsti suw bilen gaplanan (gury)ýer bölegidir. Şeýlelikde okeanlar gaty çuň bolany üçin aşagynda güýçli basyş bardyr. Ine, bu güýçli basyşyň aşagyndaky ýerlerden çykýan tebigy gazlar, çuňlukdaky ýylylygyň pesligi netijesinde “gaty” ýagdaýa gelerler we “hidrat” diýilýän ak we hek (мел) ýaly bir madda halyna öwrülýärler. Okeanyň iň çuň ýerlerine çenli çümüp bilýän robot kameralaryň ol ýerdäki gar ýaly ak okeanyň aşagyny we birnäçe gämi harabalaryň suratlaryndan soňra bu ýagdaýa ylmy düşündiriş getirilendir: Ýer şarynyň bu bölegi “Gulf Stream” diýip atlandyrylýan ýyly suwuň akyp geçyan ýeridir. Ýeriň aşagynyň käwagt ýylanmasyndan soňra bu “hek gazlar” ereýär we suwdan ýeňil bolany üçin ýokary galýarlar. Şol wagt suwuň aşagyndan ýokarsyna çenli boşluk (wakuum-deşigi) emele gelýär, okean deşilen ýaly bolýar. Şeýle ýagdaý bolup duran wagty şol ýerden geçýän näme bar bolsa çuňňur guýa gaçýan ýaly ýokary tizlik bilen okeanyň düýbüne gaçar. Sebäbi suwuň aşagyndan çykýan gazyň göterme güýji gämileri galdyryp bilmejek derejede pesdir. Gazyň çogup çykmagy gutaranda bolsa boşluk ýene öňküsi ýaly dolar we hiç hili yz galdyrmaz.
Soňky ýyllarda ösüşi bilen üns çekýän uniwersitetleriň biri bolsa Rusiýadaky Tomsk politehniki uniwersitetdir. Bu ýokary okuw jaýy Rusiýanyň "5-100 maksatnamasynda“ hem orun almagy başarypdyr. Bu hökümet programmasynyň maksady 2020-nji ýyla çenli dünýädäki iň gowy 100 uniwersitetiň arasyna Rusiýadan 5 uniwersiteti goşmakdyr. Tomsk politehniki uniwersiteti geçen ýylky reýtingde 56-njy orunda durýan bolsa, bu ýyl 21-nji orny eýeleýär. Munda esasy rol oýnaýan sebäpler ol ýokary okuw jaýynda göreldelik işleriň köpelmegi, ylmy barlag geçirilýän ýerleriň has gowylaşdyrylmagy we beýleki şertlderdir.
Pariž (fr. Paris [paˈʁi] (pari)) — Fransiýanyň paýtagty, ýurduň Sena derýasynyň kenarynda ýerleşýän möhüm ykdysady we medeni merkezi.
Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, ýurduň açyk pikirli ýaşlara mätäçligi we MHM-niň ‘watançylyk’ söhbetdeşlikleri; Türkmenistanda bir ýere toplanýan şor we hapa suwlaryň ýakyn geljekde daşky gurşawa salyp biljek howpy baradaky söhbetlerimizi diňlemäge çagyrýarys.
12-nji sentýabrda ir bilen “Amul — Hazar 2018” awtorallisine gatnaşyjylar öz ulaglarynda Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş çäginiň serhediniň golaýynda ýerleşýän “Mary” düşelgesinden çykyp, ýaryşyň ikinji tapgyrynyň badalga aljak ýerine tarap ugradylar.
Bu günki programmamyzda: Türkmen studentleriniň we olaryň ene-atalarynyň kart/pul kösençlikleri dowam edýär; Özbegistan wiza düzgünlerini ýeňilleşdirýär; Kiprde bir türkmen öz aýalynyň gyz jigisini zorlamakda aýyplanýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Saýtyň ýazmagyna görä, merhumyň aýaly Gyzlargül orta mekdepde taryh mugallymy bolup işleýär. Ony 26-njy iýunda oba geňeşligine çagyryp, merhumyň mazaryna onuň ýaşan ýyllaryny we adyny görkezýän mazar daşyny oturtmazlygy berk tabşyrýarlar. Tabşyrygy berenler özleriniň kimdigini tanyşdyrmaýar. Haçan-da Gyzlargül olaryň maslahatyna eýermejekdigini aýdanda oňa “Gyzlaryň hakda oýlan!” diýip, ar almak haýbatyny atýarlar. Türkiýäniň Osmaniýe şäherinde ýerleşýän Gorkut ata uniwersitetinde okap ýören wagty fewralyň ortasynda aldawa salnyp Türkmenistana äkidilensoň, tussag edilen Ömruzak Omarkulyýewiň Dostluk şäherinde ýaşaýan 50 ýaşly kakasy Şirinbaý Omarkulyýew maý aýynyň birinji ýarymynda ýüreginden tutup aradan çykdy. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri merhumyň Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň gonamçylygynda jaýlanandygyny habar beripdi. “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň habar bermegine görä, merhumyň yzynda galan aýaly we iki gyzy ýerli häkimiýetleriň basyşlaryna sezewar bolýar. Mundan ozal Azatlyk howpsuzlyk gulluklarynyň ýas ýerini gabawda saklaýandygyny, hatda ýasa baran adamlaryň surata alnyp, soňra polisiýada soraga çekilýändigini habar beripdi. Azatlyk Radiosynyň başga bir çeşmesi merhumyň kyrkynyň bellenmeginiň öňüsyrasynda beren maglumatynda häkimiýetleriň basyşy sebäpli köp adamyň ýasa barmakdan asla çekinýändigini aýdypdy. “Obadaşlary 'onuň ogly syýasata goşuldy' diýip, köpüsi ýasa barmakdan hem çekinýärler” diýip, çeşme maglumat beripdi. Ömruzak Omarkulyýew Türkiýede türkmen talyplarynyň raýdaşlyk jemgyýetini döretmäge gatnaşýar. Hökümete degişli bolmadyk guramanyň resmi Facebook sahypasyndan mälim bolşuna görä, raýdaşlyk jemgyýeti 2-nji ýanwarda öz işine başlaýar. Omarkulyýew özüniň alyp barýan işleri barada 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň “Dünýä Türkmenleri” gepleşiginde çykyş edýär. Guramanyň feýsbuk sahypasynda iň soňky gezek 12-nji fewralda Türkiýede okaýan we işleýän türkmenistanlylary saýlawa çagyryp maglumat çap edilýär.
Bu günki programmamyzda: Türkmen we täjik prezidentleriniň çäre syýasatlary: Kim nämeden nägile bolýar?; Türkmenistanda 40 ýaşyna ýetmedikler ýurduň daşyna çykarylmaýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Tungyşbaýew maý aýynda, gazak resmileriniň haýyşy esasynda, Bişkekda tussag edilipdi. Astana Tungyşbaýewiň ekstremist toparlaryny maliýe taýdan goldandygyny we olaryň hereketlerine goşulandygyny öňe sürýär.
Bişkegiň sudy Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň Muratbek Tungyşbaýewi Gazagystana ekstradisiýa etmek boýunça kararynyň kanuna gabat gelýändigi barada höküm çykardy. Tungyşbaýew maý aýynda, gazak resmileriniň haýyşy esasynda, Bişkekda tussag edilipdi. Astana Tunghyşbaýewiň ekstremist toparlaryny maliýe taýdan goldandygyny we olaryň hereketlerine goşulandygyny öňe sürýär.
“Güneşli syýahat” kompaniýasy “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly wideorolik üçin konkurs yglan edýär. ...
Mejlisiň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekilhanasynyň Türkmenistandaky baştutany Şahin Niloferiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda maglumat berdi. Ýaşlar syýasatynyň, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramagyň we üpjün etmegiň üstünliklerini belläp, ýurtda bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky işine gysgaça göz aýladylar. Durnukly ösüş maksatlarynyň çarçuwasynda çagalary hukuklaryny durmuşa geçirmeiň esaslary babatda aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini bellediler we olary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. UNICEF-yň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bu resminamanyň häsiýetiniň agramlylygyny we köpçygyrlylygyny belledi we çäreleriň ençemesini gurnamak we bilelikdäki toparyň döredilmegi arkaly ony durmuşa geçirmek boýunça teklipleriň ençemesi bilen çykyş etdi. Bu resminamanyň maksatlary babatda jikme-jik maglumatlary berip, türkmen tarapy Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny öz içine çagalaryň we aýallaryň hukuklaryny goramak we ýerine ýetirmek ugrunda Türkmenistanyň syýasatynyň tutuşlygyna öz içine alýandygyny belledi.
Onuň sözlerine görä Türkmenistandan Western Union arkaly aýda 100 dollar ugradyp bolýar. Ýöne bankda bu ulgam arkaly her aý pul ugratmak üçin niýetlenen orunlaryň örän çäklidigini aýdyp, talyp sözüniň üstüni ýetirdi. Azatlyk Radiosyna düýn gelip gowşan beýleki bir hatda-da daşary ýurtda okaýan talyplaryň bank kartlary bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary agzalýar. Onuň mazmunynda Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenilip, bank kartlary boýunça dowam edýän çäklendirmeleriň aradan aýrylmagy haýyş edilýär. Şeýle-de onuň mazmunynda kynçylyklaryň wagtlaýyndygy, ýöne kynçylyk döwründe resmileriň ýagdaýa düşünip talyplara goldaw bermelidigi barada gürrüň edilýär, şondan soň sanlyja ýyldan talyplaryň ýurda dolanyp watana ak ýürekden halal hyzmat etjekdikleri barada wadalar berilýär. “Kömek ediň, sizden başgasyna gep täsir etmeýär bu ýurtda!” diýip, talyplaryň adyndan ýazylandygy aýdylýan hatyň awtorlary türkmen prezidentine ýollan hatyny jemleýär.
Yragyň harbylary gündogar Siriýa urlan howa zarbasynda “Yslam döwleti” toparynyň 45 söweşijisiniň, şol sanda uly liderleriniň öldürilendigini aýdýar. Harbylaryň beýanatynda Yragyň F-16 söweş uçarlarynyň 22-nji iýunda Siriýanyň gündogaryndaky Deir Ezzor welaýatynyň Häjin şäherinde, yrak serhediniň golaýynda “YD liderlerini nyşana alýan şowly zarbalary urandygy” aýdylýar. Harbylar howa zarbasynda öldürilen söweşijileriň arasynda YD toparynyň “uruş ministriniň orunbasarynyň”, media resmileriniň biriniň, baş lider Abu Bakr al-Bagdadiniň şahsy kurýeriniň we polisiýa başlygynyň hem bolandygyny aýtdylar.
Türkmenistanda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň sanyny azaltmak baradaky maglumatlaryň peýda bolmagy bilen, ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda hem polisiýa gözegçiliginiň selçeňländigine üns çekilýär. Ýatladyp geçsek, ýylyň çalyşmagy bilen Lebap welaýatynda 1 müň çemesi polisiýa işgäriniň wezipesinden boşadyljakdygy aýdylypdy. Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýry çeşmeleri iş orunlarynyň kemeldilmeginiň ministrligiň beýleki bölümleri bilen bir hatarda, esasan, Jenaýat agtaryş bölüminde amala aşyryljakdygyny, hatda bu bölümiň doly ýapylmak ähtimallygynyň hem bardygyny aýdypdylar. Munuň bilen birlikde, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri geçen ýylyň aýagynda, Polisiýanyň ýol hereketine gözegçilik gullugynyň (PÝGG) düzüminde hem ştat kemeltmeleriniň boljakdygy barada duýduryşlaryň berlendigini gürrüň beripdiler. Ozal her çatrykda, käte köçäniň iki tarapynda hem 2-3 polisiýa işgäri duran bolsa, häzir diňe her 2-2,5 kilometrden bir gözegçi dur, aglara bukulyp durýan ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri asla-da ýok boldy diýen ýaly. Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri PÝGG işgärleriniň düzgün bozmadyk sürüjileri saklap, dokument barlap, jerime salar ýaly bahana gözlemegi ýaly ýagdaýlaryň azalanyna meňzeýändigine hem üns çekdiler.
Eýran parlamentiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat wekili Amerika kongressinde Eýrana garşy täze gadaganlyklaryň taslama ýazgysynyň taýýarlanmagyny ýadro ylalaşygynyň bozulmagynyň we Amerikanyň duşmançylygynyň alamatydyr diýdi.
Amerikada her ýyl müňlerçe çaganyň ýaragly hüjümlerde öldürilýändigini, günde 5-19 arasy jenaýatyň bolýandygy baradaky maglumatlary internetden almak mümkin. Şol maglumatlarda ABŞ-daky mekdeplerdäki hüjümleriň dünýäniň beýleki ýerlerindäkiden iki esse ýokarydygy hem beýan edilýär. Köpçülikleýin jenaýatlar esasan Amerikan jemgyýetiniň esasy böleginiň ýaragly bolmagy bilen düşündirilýär. Amerikalylar dünýäniň ilatynyň 4,4 göterimini emele getirýärler. Emma dünýädäki şahsy ýaraglaryň 42 göterimine eýe. Dünýädäki köpçülikleýin hüjümleriň 31 göterimi ABŞ-da guralýar. Amerikadan soň adam başyna düşýän ýarag sany taýdan Ýemen ikinji ýerde durýar. ABŞ-da umumy jenaýat işleme sanlary hem dünýä ýurtlaryna görä diýseň ýokary. Federal barlag ofisiniň görkezijilerine görä ABŞ-da 2016-njy ýylda 1,195,704 jenaýat işlenipdir. 15,696 adam öldürilipdir. Şol jenaýatlaryň 71,5 göterimi gyzgyn ýaraglar bilen edilipdir. 2016-njy ýylda polisiň öldüren adamlarynyň sany bolsa 1,152. Dünýäde zorlama jenaýatynyň edilýän ýurtlarynyň sanawynda ABŞ birinji ýerde durýar. Ýurtda soňky bir ýylda 90,185 zorlama jenaýatynyň işlenendigi beýan edilýär. Zorlananlaryň 62 göteriminiň 18 ýaşyndan, 29 göteriminiň bolsa 11 ýaşyndan kiçidigi beýan edilýär. Amerika aňyrsy bärisi göz ýetmeýän sebit. Taryhy hem indeýler hem-de öz içinde berk çaknyşyklar bilen geçen ýurt. Şol sebäpli şeýle ýurtda ýarag göterme hukugy belli bir derejede ýerlikli diskusiýa bolup biler. Şonuň bilen birlikde diskusiýanyň diňe bir konstutsion erkinlikler taýdan ele alynmagy Amerikan jemgyýetine degişli bolmadyklar üçin beýle düşnükli däl. Sebäbi diskusiýanyň birnäçe ugry bar. Ýylda müňlerçe adamyň öldürilýän ýurdunda diskusiýany diňe bir konstitutsion erkinlikler taýdan seljermek salgymy kowalamakdan başga zat däl. Mundan başgada Amerikanyň Prezidenti Trampyňky ýaly geň teklipler hem bar. Tramp mugallymlary ýaraglandyrmagy teklip etdi. Şeýlelikde Floridada şeýle teklip ştatyň parlamentide kabul edildi. Mekdeplerde ýylda müňlerçe okuwçynyň öldürilýän, onsuz hem tas her bir raýaty ýaragly bolan ýurtda mugallymlary ýaraglandyrmak meseläni nähili çözerkä? Okuwçylaryň biri-birlerine we mekdebe hüjüm etmekleriniň öňüni almak üçin mugallymlara has gowy ýaraglar bermekçi bolýarmykalar? Eger şeýle bolsa okuwlar has güýçli ýaraglar edinseler, mugallymlara ýadro ýaragyny berermikäler? ABŞ halkara arenasynda käbir ýurtlara garşy yglan eden ýaragsyzlanma bäsleşigini ýurduň içinde mugallymlar bilen okuwçylaryň arasynda-da yglan edermikä? Düşüner ýaly däl. İspan ýazyjysy Ortega Kassetiň beýan edişi ýaly maddy swilizasiýa agyr mesele diýmeklikdir. Ösüş ulaldygy saýyn sezewar bolýan howpy hem ulalýar. Mekdep we umumy jenaýatlar diskusiýa azatlyklar ýa-da ýaraglaryň gadagan edilmegi taýdan ele alynmaly däl. Meseläniň bulardan daşgary başga faktorlary hem bar. Käbir jenaýatlarda ganhorlar näme etjekdiklerini, nähili etjekdiklerini sosial media arkaly aç-açan beýan edýärler. Şol çäkde tapawutly analizler geçirilmeli. Bu barada amerikaly ýazyjy Adam Lankfordyň garaýyşlary iňňän ýerlikli. Lankford köpçülikleýin jenaýatlary Amerikan ýarag medeniýetine we okuwçylara adatdan daşary güýje eýe bolandyklary, isleýän zatlarynyň ählisine eýe bolup biljekdikleri düşünjesiniň ornaşdyrylmagyna esaslandyrýar. Esasanda maşgalada kemala gelmedik, hossarsyz, özüni boşlukda duýýan ýaşlar döwrebap medeniýetiň meçew beriji şertlerinde özlerini şeýle subut etmäge mejbur duýýarlar. Köp sanly ýurduň terrordan ýa-da başga ýurtlar bilen bolan söweşinden hem agyr ýitgiler bilen gutarýan ABŞ-daky köpçülikleýin jenaýatlar diňe bir ýaragsyzlanma ýa-da konstitusion erkinler taýdan seljerilmeli däl. ABŞ-daky köpçülikleýin jenaýatlary düşündirmek üçin sosiologik, psihiki, pedagogik, patalogik, ylmy, medeni perspektiwa esaslanýan analizler geçirilmeli. Şol analizlere maddy abadançylyga eýe bolan jemgyýeti gönükdirji ruhy düşünje hem goşulmaly. Halkara arenasynda günsaýyn wagşylaşýan ýurduň adamlarynyň ýurduň içinde hem legallalygyň azalmagyny islemegi hem gutulgysyzdyr. Seljerilmeli beýleki bir faktor Amerikan jemgyýetiniň dünýäniň galan bölegi bilen deňeşdirilmejek derejede ýaraglanma isleginiň sebäbi nämeden gelip çykýarka? Onuň çuňňur şahsy we jemgyýetçilik howpsyzlygy aladasynyň beýany bolup bolmandygy?
Basranyň halkynyň 8-nji iýuldan bäri eletrik we suw ýetmezçiligi, işsizlik we galplyk sebäpli geçirýän ýörişleriniň depgini güýçlendi Yragyň Mejlisi 12-nji maýda geçirlen saýlawyň ýeňijisi Mukteda As Sadryň çagyryşyna laýyklykda Basrada başdan geçirilýän wakalar sebäpli ertir adatdan daşary ýagdaýda jemlenşer. Basranyň halkynyň 8-nji iýuldan bäri eletrik we suw ýetmezçiligi, işsizlik we galplyk sebäpli geçirýän ýörişleriniň depgini güýçlendi.
Prezident R. T. Erdogan Siriýa temaly üçtaraplaýyn maslahata gatnaşmak üçin Eýranyň paýtagty Tährana gitdi. Prezident Erdogan ýörite uçary “Jan” bilen Siriýa temaly Türkiýäniň-Russiýanyň we Eýranyň gatnaşmagyndaky üç taraplaýyn maslahata gatnaşmak üçin Türkiýe wagty bilen 09.10-da Eýran gitdi
Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen maslahatyň netijeli tamamlanmagyna kanagatlanma bildiren Guterreş; “Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň we Eýranyň liderleri tarapyndan gol çekişilen taryhy ylalaşyk sebitleýin hyzmatdaşlygyň halkara parahatçylygynyň we howpsyzlygyň üpjün edişmegi taýdan iňňän möhüm” diýdi.
Oňa Medeniýet ministrliginiň wekilleri, paýtagtymyzyň we welaýat teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Bu çäre iýun aýynyň üçünji ongünlüginde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň özboluşly dowamyna öwrüldi hem-de ilatyň ünsüni ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijiligine çekdi. Festiwalyň çäklerinde görkezilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda sahnalaşdyrylan “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty”, “Amul Hazar arasy”, “Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Gündogaryň ýyldyzy”, “Kerwenbaşynyň ogly”, “Gürgenç kyssalary”, “Söýgi ummanynda küreksiz” atly oýun tomaşaçylary gadymy söwda ýolunyň taryhy hem-de onuň häzirki zaman dünýäniň kemala gelmegine täsiri bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz öz işinde bu transmilli ýoluň halklaryň dostlugynyň berkemeginde hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak orun eýeländigini nygtaýar. Ýüpek ýoly Ýewropany we Aziýany mäkäm ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen birleşdirdi, onuň ýüreginde—Türkmenistanda bolsa Günbataryň we Gündogaryň medeniýetleriniň özara ýakynlaşmak ýörelgesiniň iň gowy däpleriniň ösmegi dowam edýär. Bu festiwal milli teatr sungatynyň döredijilik mümkinçiliklerini döwrüň alamatlaryna degişli täze işler bilen baýlaşdyrdy. Türkmen halkynyň watançylyk, edermenlik, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, ynsanperwerlik ýaly belent ruhy-ahlak häsiýetlere eýe bolan gahrymanlary döreden oýunlar ýurdumyzyň teatrlarynyň sahna gorlarynyň üstüni ýetirer. Teatr toparlaryna ýadygärlik sertifikatlaryň, şeýle hem “Erkek keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Iň oňat drama eseri üçin”, “Suratkeşiň iň oňat işi üçin”, “Iň gowy sahna lybaslary üçin”, “Iň oňat režissura üçin”, “Iň gowy halypaçylyk işi üçin”, “Döredijilik gözlegleri üçin” diýen ugurlarda ýeňiş gazananlara sylaglaryň gowşurylmagy çäräniň möhüm pursadyna öwrüldi. Ýeňijileriň pikirine görä, şu festiwal halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge mynasyp goşandyny goşdy. Şeýle döredijilik çäresiniň geçirilmegi ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine — medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly ünsüň berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym. Siz meniň ýahudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim.
Olar aňrybaş ýaşaýşy halaýarlar, tagamlaryň lezzetini bilýärler. Özleri-de tüýs söýgi üçin doglan. Häsiýetleri ýumşak, mylaýym, parahatçylyk söýüji. Meşhurlyga jan etmeýärler. Diňe görýän zatlaryna ynanýarlar. Hakykaty kän bir halap barmaýarlar. Hakyky duýgular söz aýdylmazdan öň ýüzde peýda bolýar. Ýalan duýgular ýa-ha söz bilen bile, ýa-da sözden soň peýda bolýar.
Şeýle mekdebi açmaklyk diňe biziň işgärlerimiziň däl, eýsem başga-da köp adamlaryň doga-dilegleri bilen mümkin boldy, şeýle hem bu gullugy pul kömegi bilen goldaýanlaryň goşandy boldy. Biz bu okuw size beýik ýalkanyş getirer diýip umyt edýäris.
Gaýybana Injil Mekdebiniň hyzmaty uly pul çykdaýjysyny talap edýär. Häzirki wagtda mekdepde okuwlar meýletin sadaka berýänleriň hasabyna amala aşyrylýar, bu bolsa okamak isleýän her bir adama mümkinçilik berýär. Injil missiýasynyň bir kursyny okamak üçin her bir talybyň okuw tölegi ortaça 30 ýewro durýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmen paýtagtyny döwrebap özgertmek barada yzygiderli alada etmek bilen, ýurdumyzyň sebitlerininiň, welaýat merkezleriniň hem ösmegi, täze we görkana keşbe beslenmegi baradaky meseläni üns merkezinde saklaýar. Hut şunuň esasynda Lebap welaýatynyň merkezi – Türkmenabat şäheri-de bezemen binalary, gür bagy-bossanlygy we aýna ýaly tekiz, arassa köçeleri bilen günsaýyn durkuny özgerdýär. Häzirki dowam edýän gyş paslyna seretmezden, Türkmenabadyň köçelerine, medeni-köpçülik ýerlerine gezelenç etmegiň özboluşly lezzeti bar. Kaşaň binalar, taryhy şahslarymyzyň edermenligini, nusgalyk durmuşyny açyp görkezýän ýadygärlikler, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň düýli özgerişliklerini alamatlandyrýan monumentler, gyşyn-ýazyn ýaşyl reňke beslenen daragtlar, naşyja güller şäheriň görküne görk goşmak bilen, onuň ýaşaýjylarynyň hem, myhmalarynyň hem kalbyna nur çaýyp, ruhy dünýälerini gözelleşdirýär. Şäherimize aýratyn bezeg berýän ýadygärlik ýazgyly monumentleriň gurluşygynyň häzirki günlerde hem ýakyn günlerde işe giriziljek welaýat köpugurly hassahanasynyň çatrygynda, şeýle-de Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat ― Farap awtomobil we demirýol köprüleriniň ýanynda dowam edýändigi ýaşaýjylarda uly buýsanç döredýär. Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat ― Farap awtomobil we demirýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň gurluşyk işlerine geçen ýylyň noýabr aýynda başlanyldy we 2018-nji ýylyň martynda doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Desganyň baş potratçysy Türkmenabadyň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusy, kömekçi potratçysy bolsa häzirki wagtda Türkmenabadyň halkara howa menziliniň gurluşygyny alyp barýan «Gündogdy» hususy kärhanasydyr. Monumenti gurmak üçin goşa köprä barýan köp gatnawly awtomobil ýollaryň çatrygynyň, aýlaw görnüşli ýer böleginiň saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Gurluşykçylar tarapyndan gysga wagtda 1,1 gektar ýer böleginiň ortasynda beýikligi 40 metre barabar bolan ajaýyp monument bina edilýär. Ol ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümindäki demirýol, awtoulag, howa we suw ulaglaryny, aragatnaşyk pudagyny alamatlandyrýan, aşakdan ýokarlygyna uzaýan şekillerden we monumentiň ýokarsynda «Türkmenhowaýollary» gullugynyň nyşany bolan laçynyň şekili ýerleşdirilen ýer togalagynyň şekilinden ybarat bolar. Monumentiň eteginde ýüzüne ýadygärlik ýazgy ýazylan sekizburçly granit daş oturdylar. Monumetiň daş-töwereginde oňa eltýän ýodalar gurlar, amatly oturgyçlar goýlar, owadan çyralar oturdylar. Ekiljek agaç nahallary we owadan güller bu ýere gaýtalanmajak gözellik paýlar. Bu monument Türkmenistanyň ösüşleriň ýoly bilen okgunly öňe barýandygynyň, dünýä döwletleri üçin açykdygynyň, ýer ýüzüniň halklary bilen ysnyşykly gatnaşyklary giňden ýola goýýandygynyň çeper beýanyna öwrüler.
Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi. Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar». Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.
Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara 31.03.2018 Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi Aziýanyň Kubogy — 2019 bäsleşikleriniň saýlama oýunlarynyň soňky tapgyryndaky şowsuzlyk futbol ýygyndy toparymyza Birleşen Arap Emirliklerinde ýanwar aýynda geçiriljek ýaryşlaryň final bölegine çykmaga bökdençlik döretmedi Düýn Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar geçirildi
bagtyýarlyk çeşmesi dini maglumaty öz içine alýar.onda din alymlarynyň wagyzlary eşitdirilýär we her günde Türkmenistanyň wagty bilen sagat 20-de serhetdaşa bölüminden ýaýalyma berilýär.
1914-nji ýylda Joýsyň 15 hekaýadan ybarat «Dublinliler» kitaby neşir edildi. Birinji Jahan urşunyň öňýany ýazyjy Sürihe göçýär, şol ýerde hem «Suratkeşiň ýaşlyk portreti» romanyny tamamlaýar. Bu eser 1916-nji ýylda aýratyn kitap bolup çykýar. Joýsyň ikinji we iň belli «Uliss» romany ilkinji gezek Parižde, 1922-nji ýylda çap edildi. Täze, eksperimental usulda ýazylan bu agyr eser XX asyryň iň naýbaşy eserleriniň biri hasaplanylýar. Bu eserinden soň ýazyjy bütindünýä meşhurlygyny gazanýar. Emma 1939-njy ýylda çap edilen iň soňky romany – «Finneganyň ýasy» okyjylaryň tamasyny ödemeýär.
Dünýä edebiýatynyň iň belli kyssaçylarynyň biri, beýik italiýan şahyry we ýazyjysy Dante Alighieriň ýazan eseri.
Paýhaslylyk mehaniki häsiýetde ylmy maglumatlary toplamak däldir, ol dünýä bir bütewilikde akyl ýetirmekden, şonuň ýaly-da onuň ýeke-täk başlangyjyna düşünmekden ybaratdyr.
Mary iliniň iň uly söwda merkeziniň "Belent" restorany. Ussat aşpezlerimiziň tagamlaryny dadyp görmäge, dynç almaga we wagtyňyzy şatlykly geçirmäge çagyrýarys.
Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar.
BMG-niň Howpsyzlyk geňeşi, Russiýanyň talabyna laýyklykda Prezident R.T. Erdoganyň, Russiýanyň Döwlet Baştutany Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň geçen hepdäniň anna güni Tähranda geçiren maslahatyň netijelerini we Idlibdäki wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi. ABŞ-niň BMG-däki hemişelik wekili Nikki Haleý ol ýerde eden çykyşynda: “Russiýa, Eýran we Başar Asad syýasy çözgüt bilen gyzyklanmaýar. Türkiýe muny geçen hepde bildi, Idlibde parahatçylyk isledi, emma Russiýa we Eýran, Türkiýäniň bu teklibini kabul etmedi” diýdi. Nebenzia Idlibde El Nusra we terror guramasy DAIŞ-e agza on müňlerçe terrorçynyň bardygyny belläp, Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň Siriýanyň ähli ýerinde terrorçylary arassalamak babatynda bir pikirdediklerini habar berdi. Siriýadaky krizise syýasy çözgütden başga bir ýoluň bolmandygyny aýdan Nebenzia: “Syýasy çözgüde karar beren ýaragly toparlary gyssagly ýagdaýda terrorçylardan aýyrmaga zerurlyk bar we bu çagyryş halkara jemgyýetiň ähli agzalaryna” diýip belledi. Tähran maslahatynda Siriýanyň ýaňadandan gurulmagynyň hem ele alynandygyny we şertleriň bu ýagdaý üçin kadalydygyny aýdan Nebenzia, Siriýada ynsanperwer kömeklere, minalaryň saplanmagyna we infrastrukturanyň täzeden emele getirilmegine zerurlygyň bardygyny emma, Günbataryň bu babatda syýasy şantaž edýändigini nygtady. Russiýa ABŞ-nyň Siriýa legal bolmadyk nebit toruny gurup, terrorizmi maliýeleşdirýändigi günäkärlemesi bilen käbir rus firmalaryny we bir sany rus raýatyny sanksiýa sanawyna girizmegine reaksiýa bildirdi
Şaja Batyrowyň ady Türkmenistanyň ýakyn taryhynda mertligiň, edermenligiň, Türkmen kadrlaryň işlere çekilmek meselesi bilen uýtgaşdy.
- TM HYZMAT MUSIC-da “Rus, Türkmen, Türk we Daşary ýurt” aýdym bölümleriň içindäki aýdymlaryň arasynda görünýän reklamada 1 ýer berilýär
Merhum ýurduň bulagaý ýagdaýy sebäpli, Pakistanyň Peşawar şäherinde bosgun bolup ýaşan ýyllarynda-da ençeme türkmen dessanlary, klassyk we täze eserleri işläp, çapdan çykardy.
Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam! Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr. Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda, şu ýyldaky soňky kadr çalyşmalarynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Kaka etrabynyň häkimi bolup işlän Şöhrat Amangeldiýewi belledi. TDH-nyň rus dilindäki maglumatlaryndan belli bolşuna görä, Ahal welaýatynyň häkimi bolup işlän Taňryguly Atahallyýew golaýda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi. Emma Atahallyýewiň Ahal welaýatynyň häkimliginden haçan boşadylandygy barada türkmen dilindäki habarlarda hiç zat aýdylmaýar. Ýöne metbugatda Kaka etrabynyň häkiminiň wezipesiniň ozal häkimiň orunbasary bolup işlän Arman Gurbanowyň üstüne ýüklenilendigi welin aýdylýar. Bu kadr çalyşmalary prezidentiň ýurduň welaýatlaryna edýän saparyna, ilki Lebap welaýatyna, soň Mary welaýatyna baryp, welaýat ýolbaşçylaryny we käbir etrap häkimlerini täzelemeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şeýle-de prezidentiň ýurduň demirgazyk welaýatyna – Daşogza hem sapar etmegine we kadr çalyşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda soňky ýigrimi ýylda hökümetiň jogapkär wezipelerinde işlän adamlaryň,wise-premýerleriň, ministrleriň, welaýat, etrap häkimleriniň, pudak ýolbaşçylarynyň işden boşadylmagy ýa olara käýinç, duýduryş berilmegi, ozalky resmileriň onlarçasynyň jenaýatda aýyplanmagy adaty zada öwrüldi. Berdimuhamedowyň soňky häkim çalyşmalary bir tarapdan maý aýyndakorrupsiýa garşy başlan göreşiniň dowamy bolup görünýär. Emma prezident Maryda esasan oba hojalyk önümleriniň ýeterlik öndürilmezliginden, bugdaý planynyň dolmazlygyndan, meýdanlarda galan pagta hasylynyň ýygnalyşynyň haýallygyndan nägile boldy. “Eger daşyndan seretseň, Berdimuhamamedow bir dünýäde, halk başga bir dünýäde ýaşaýan ýaly. Emma onuň indi öz syýasatyny azajygam bolsa üýtgetmegi gerek” diýip, türkmen ykdysatçysy aýtdy. Berdimuhamedow Maryda iş saparynda bolanda, ozal hem boýun alşy ýaly, dowam edýän kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň başlyklarynyň, ýagny iň ýokarky ýolbaşçylaryň hem gönüden-göni jogapkärdigini umumy sözler bilen tassyk etdi.
Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna owal çagyrylyp, häzir bolsa çagyrylmaýandygyny aýdýan siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýetiniň” başlygy Dr.Muhtar Fatih, Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna hem çärelerine owal çagyrylýandygyňyzy we häzir bolsa çagyrylmaýandygyňyzy aýdýarsyňyz. Munuň sebäbi näme we Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işlerine siriýa türkmenleriniň bir wekili höküminde nähili baha berýärsiňiz? Dr.Muhtar Fatih: Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde geçirilýän ýygnaklaryna owal birnäçe gezek gatnaşdym. Şol ýygnaklarda dünýä türkmenleriniň meselelerine çynlakaý garalmaýandygyna üns çekjek bolsam diňleýänem bolmady. Ýöne ýene ruhdan düşmän, iň azyndan siriýa türkmenlerine öz peýdamyz deger ýaly we nähili ynsanperwerlik işi edip bolýandygyny görkezmeklik üçin ýörüte siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” diýen jemgyýet döretdim. Siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwerlik birleşiginiň ýygnaklaryna gatnaşmaklyk we Aşgabada aýlanyp gaýtmaklyk üçin gurulmady. Häzirki döwürde siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” içerki uruşdan zyýan çekenlere daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlerden kömek ýygnamaklyk bilen meşgullanýar. Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler kömege mätäçkä kömek edilmejek bolsa haçan edilmelikä? Meniň pikirime görä Türkmenistanyň Dünýä Türkmenleri birleşiginiň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere ynsanperwerlik kömeklerini bermäge hiç hili halkara kanun päsgelçiligi ýa-da bir gysyş ýok.
Wikipediýa bir mesele üstündäki jedellerde ujypsyzja garaýşyň giňden ýaýran garaýyşa barabardygyny ýaňzydýan ýaly görünmeli däldir. Ujypsyzja ululykdaky jemagatyň garaýşy olara bagyşlanan makaladan daşary başga ýerlerde orun berilmeli hem däldir. Wikipediýa garaýyşlara ygtybarly çeşmelerde çap edilişiçe paýdeňlikde we gatnaşykda orun bermelidir.
Biziň lukmançylyk merkezlerimizde "Ra-Kurs" usulyýetini ulanyp enjam arkaly alkogol, nikotin, nahar, internet, oýun garaşlylyklaryň, toksikomaniýam anoreksiýa, narkomaniýa, depressiýa, newroz, beýleki ýagdaýlar we keselleriň diagnostikasy we netijeli toplumlaýyn bejerişi geçirilýär Işiň moral taýdan mälimligi, lukmançylyk tehnologiýalarynyň ylmy taýdan delillendirilmegi, girdeýjiligiň ýokary görkezijileri (ýylda 700% çenli), pudakdaky bäsdeşligiň pes bolmagy, ösüş perspektiwasynyň ýokary bolmagy teklibimizi aýratyn ähmiýete eýe edýär. "RА"-nyň ähli kärdeşleri işi alyp barýan ýerlerinde Ra-Kurs brendini we tehnologiýasyny ulanmak hukugyna eýe bolýar. "RA" kompaniýasy Russiýa Federasiýasynyň, GDA ýurtlary we Ýewropanyň lukmançylyk bazarynda 2004-nji ýyldan bäri işleýär. Kompaniýanyň esasy işlerine ular girýär: Biz kärdeşleriň isleglerini we sebitiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup işlemegiň maýyşgak shemalaryny hödür edýäris Kompaniýamyz tarapyndan hödürlenýän önümleriň bahalary öndürijileriň bahasyny geçmeýär, köplenç halatda haryt aýlannyşygy sebäpli arzanrak hem bolýar.
Biologiýa ylmynda biologik sistematika ýa-da ylmy klassifikasiýa biologlar tarapyndan organizmleri toparlara hem-de kategoriýalara bölmekde peýdalanylýan usuldyr.
“Siriya Türkmenlerine Dünýä Türkmenleri ynsanperwer guramasy kömek etmedi” Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna owal çagyrylyp, häzir bolsa çagyrylmaýandygyny aýdýan siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýetiniň” başlygy Dr.Muhtar Fatih, guramanyň alyp barýan işlerine we siriýa türkmenleri bilen bolan gatnaşyklaryna Azatlyk Radiosynyň geçiren gürrüňdeşliginde şeýle baha berdi: Dr.Muhtar Fatih Türkmenistanda Dr.Muhtar Fatih, Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna hem çärelerine owal çagyrylýandygyňyzy we häzir bolsa çagyrylmaýandygyňyzy aýdýarsyňyz. Munuň sebäbi näme we Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işlerine siriýa türkmenleriniň bir wekili höküminde nähili baha berýärsiňiz? Dr.Muhtar Fatih: Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde geçirilýän ýygnaklaryna owal birnäçe gezek gatnaşdym. Şol ýygnaklarda dünýä türkmenleriniň meselelerine çynlakaý garalmaýandygyna üns çekjek bolsam diňleýänem bolmady. Dr.Muhtar Fatih. Aşgabat Soň siriýa türkmenleri üçin ençeme gezek kömek sorap beren ýüzlenmelerim hem jogapsyz galdy. Ynha şeýle bolany üçinmi näme Dünýä Türkmenleri ynsanperwer guramasy meni siriýa tü... Devamı
“Sabah” gazeti “Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýä maýa goýmaga çagyrdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň İlçileriň 10-njy maslahatynyň açylyşynda; “Şu günki günde Türkiýe tas ýarysy Ýewropa kontinentinde we beýleki ýerlerdäkiler bilen birlikde jemi 74 ýurtdan halkara maýa goýumyny kabul edýär. Şol maýa goýumlarynyň mukdaryny hasam artdyrmak üçin işläliň. Ähli kampaniýalara, toslamalara, myş-myşlara, dünýäniň başdan geçirýän agyr synaglaryna garamadan Türkiýe şu günki günde maýa goýmak üçin iň bir ynamdar ýerlerden biri” diýen sözlerini çap edýär. “Ýeni Şafak” gazeti “Albaýrak: “Germaniýanyň beýanaty kanagatlandyrdy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň; “ABŞ-da Türkiýä garşy edilen soňky göçümler barada Germaniýanyň Ykdysadyýet ministriniň beýanatyndan diýseň hoşal boldum” diýendigini ýazýar. Gazet Albaýragyň: “Ýagşy niýetliligiň we diplomatiýanyň tarapynda durýan syýasatçylar Germaniýa we ÝB bilen bolan gatnaşyklarymyza türk halkynyň ynamyny güýçlendirer” diýen sözlerine ünsleri çekýär. “Hürriýet” gazeti “Yrakly syýahatçylar esasan Türkiýäni saýlap alýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň taryhy we tebigy gözellikleri bilen yrakly syýahatçylaryň ünsüni çekmäge dowam edýändigini nygtaýar. Gazet Yragyň esasanda günorta welaýatlaryndan Kerkuga we Erbile gelip, syýahatçylyk firmalarynyň guraýan gezelençlerine gatnaşýan hem-de Türkiýäni saýlap alýan syýahatçylaryň sanynyň günsaýyn artýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
+ Ýeri ýene bir näçe jübüt yndan ýaratsaň bolmazmy, çagalam biri-birinden köpelmez ýaly? Palçykdan ýasasyň gelmeýän bolsa Howuň gapyrgasyndan ýasa, et-dä bir zat! bir alymyň, ýazyjyň ýa-da şahyryň eserindäki ýalňyş ýerleri aýtmak, kritika etmek ony sylamaýandygyňy aňlatmaýar. bolýar zorlamaýyn, ýazan zatlaryňy okamda-da zorlamaly däldigime düşündim. Sebäbi düşündirjeklerime seniň IQ-ň ýetmejegine göz ýetirdim. Sagbol, esen gal!
Zorluk ýok diýýän diniň Arap ýarymadasyndan daşyna ýaýylanda diňe gylyç zory bilen ýaýyldy, muny araplaryň özem inkär edenok.
aslynda muny gülmek maksady bilenä ýazmadym. Sebäbi gülmek üin ýa ýalan bolmaly ýa-da aýyp, utanyljak waka bolmaly. Bu rowaýat ýalanmy ýa-da aýypmy güler ýaly?!
“Maýadarlar bilen aç-açan we içgin gatnaşyklaryň dowam etmegini isleýäris” diýen Albaýrak HPG bilen hiç hili şertnama gol çekişilmejekdigini aýtdy.
Trampyň bu beýannamasyna garamazdan ýewropa ýurtlary Eýranda işleýan ýewropa kompaniýalaryndan hemaýat etjekdiklerini yglan etdiler.Pekin döwleti hem Eýrandan nebit satyn almaklygy dowam etdirjekdigini yglan etdi.
Theodor Herzl (2 maý, 1860 - 3 iýun 1904) Awstriýa-Wengriýanyň žurnalist, aktiwist syýasy we ýazyjy.
Dünýä edebiýatynyň iň belli kyssaçylarynyň biri, beýik germaniýan şahyry we ýazyjysy Gýote Iogann Wolfgangň ýazan eseri.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hökümeti 8-nji fewrala çenli maliýeleşdirmek boýunça gysga möhletli çärelere gol çekip, hökümetiň işiniň üç günläp bes edilmegi bilen bagly ýagdaýyň soňuna çykdy. Trampyň 23-nji ýanwarda gol çeken karary ABŞ-nyň Kongressiniň iki öýüniň geçiren bitarap ses berişliginde goldanypdy. "Men Kongressdäki demokratlaryň özüne gelendigi üçin hoşal” diýip, Tramp kanuna gol çekensoň aýtdy. Şol bir wagtda-da, iki partiýanyň syýasatçylary hökümetiň işini togtatmagynda bir-birini aýyplapdy.
Ahal welaýatynyň galla ekilen meýdanlarynda bugdaýyň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak boýunça depginli işler dowam edýär. Bu ýerde eýýäm orak möwsüminiň deň ýarysy geçilip, 112 müň gektara golaý meýdanyň bugdaýy oruldy. Watan harmanyna azyklyk dänäniň 227 müň tonna golaýy tabşyryldy. Şu ýyl daýhanlaryň orak möwsümine örän jogapkärçilikli taýýarlanandyklaryny bellemek gerek. Tomsuň şu yssy günlerinde esasy agram mehanizatorlaryň gerdenine düşýär. Etrabyň altynsow galla meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda kuwwatly bugdaý orujy kombaýnlaryň 110-sy işledilýär, olara ýük awtoulaglarynyň 550-si hyzmat edip, dänäni kabul ediş nokatlaryna we elewatorlara dessine ýetirýärler.
Siriýa Türkmenleri Gepelişigiň şu günki sanyna diňe bir Türk dünýäsini däl, eýsem bütin dünýäni gyzyklandyrýan aktual habar bilen başlaýarys. Akdeniz Ýörük-türkmen jemgyýetçilik guramalary federasiýasy we Dünýä Türkmenleriniň bileleşigi Türkiýäniň Adana weleýatynda bir maslahat geçirdi. Ýakyn Gündogaryň parahatçylygynda Türkmenleriň pozisiýasy” temaly maslahatda çykyş eden Siriýada we Yrakda ýaşaýan Türkmenleriň wekilleri Türkmenleriň duçar bolýan basyşlaryny we gyrgynçylyklaryny gürrüň berdiler. Siriýada gyrgynçylyk edilýändigini, emma “dünýäniň gyrgynçylyga dymmak bilen syn edýändigini” gürrüň beren dokladçylar Türkiýe eýe çykman halatynda dolulygyna ýok bolma howpuna sezewardyklaryny aýtdylar. Çag uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Prof.Dr.Sedat Arslan tarapyndan ýolbaşçylyk edilen ylmy maslahatda Yrak Türkmen frondunyň Türkiýedäki ozalky wekili Sadun Köprüli, Siriýa Türkmenleri bileleşiginiň başlygy Bekir Atajan we başlygyň orunbasary Ali Öztürkmen dokladçy hökmünde çykyş edip, Siriýada we Yrakda ýaşaýan Türkmenler barasynda maglumat berdiler. Ylmy maslahaty açan Akdeniz Ýörük-türkmen jemgyýetçilik guramalary federasiýasynyň we Dünýä Türkmenleri bileleşiginiň başlygy İsmail Demirdüzen asyrlardan bäri Balkanlarda, Demirgazyk Afrikada we Ýakyn Gü... Devamı
Allanyň bendeleri bolan yslam dinine uýýan möminler Allanyň haky üçin bir aýyň dowamynda agyz beklär. Yslam dünýäsiniň mukaddes Oraz aýynda tutan orazalarynyň ve eden doga dilegleriniň kabul bolmagyny dileýäris.
Şu gün 00:20 Wang ZHONGCAI, «PetroChina» kompaniýasynyň wise-prezidenti, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy:
Ankara Birleşen Ştatlarda bosgunlykda ýaşaýan Güleni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň garşysyna 2016-njy ýylyň iýulynda guralan döwlet agdarylyşygy synanyşygyna meçew bermekde günäleýär.
Jaň kakylmagyna entek bäş-on minut bardy. Şadyýan çagalaryň ala-wagyrdysy, Tahyryň ýüregine düşüp başlady, göýä öz üstünden gülünýän ýaly, çym-gyzyl bolup ýere giräýjek bolýardy. Onuň kellseine birden bir ajaýyp pikir geldi we ýüzi ýagtylyp gitdi. Ilki penjeginiň, soň jalbarynyň jübülerini bir-birden barlaşdyrdy: “Içigar galmyş diýsäni”—diýip, her gün ir bilen berilýän puljagazyny, penjegini geýjek bolup durka, sagadyň ýanynda goýany ýadyna düşdi. “Ýadyň bar bolsun-la, atamyň ýatkeşligem meňkiden gowudyr” diýip, ol öz-özüne igendi. Tahyryň atasy üçünji sapagyň arakesmesine ýetişdi. Ol agtygynyň tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetiripdir—ýolda gül satylýan dükana sowulyp, ýaňy açylyp barýan çigildemleriň iki dessesini haşamladypdyr. Çemenleri agtygyna uzadyp durşuna: — Aýjeren gelin, içiň gysmaz ýaly arasynda senem daşaryny jyklaý! Ýöne olaryň arasynda seniň Hudaýberdi-ňä tapmarsyň, ol saňa öýde garaşýar — diýip, köp manyly ýylgyrdy. Soň ýüwürjisini mahabatlap başlady —Meniň ýüwürjim ýaly yigidi dünýe gezseň tapmarsyň... — Öýle boldy. Pyýadakazylar bir zatlar okaýarlar, men oaryň näme diýýändiklerini aňşyramok, iň soňunda olaryň: Aýjeren ejäniň ýogalanyna on-on iki ýyl geçdi. Entegem obadaş gelin-gyzlarynyň onuň näme üçin ýeke ýaşap öteninine düşünmeýänleri bar. —Ha,ha,ha,ha—diýip, hezill edip, güldi. Gülküsini goýup, aýalynyň ýüzüne seredip, ýene gülmäge hyýallanan-da, Hajaryň sarsman oturanyny görüp, geň galdy. Rejep aýalynyň çynydygyna indi düşünip başlady.—Seň çynyňmy, ýa oýun edýämiň? —diýip, Hajaryň ýüzüne çiňerilip seretdi. — Çagalar siziň içiňizde söz aýtjagyňyz barmy? —diýende, Nazarmuhammediň göýä biri arkasyndan itekleýän ýaly öňe çykanda, öz aýaklaryny duýmady. Berilen sowgady nirede goýjagyny peýläp, biraz ikirjiňlenip durdy-da, botinkany emaý bilen arassarak ýerde goýdy, gözleriniň ýaşyny süpürip durşuna dili tutuldy. Müdir çaga begenjine tolgunýandyr öýdüp: Toýly aga Hajymyradyň kakasynyň we onuň inileriniň iň uly agalarydy. Toýly aganyň inileriniň hemmesi fronta gidip geldiler, ýaşy elliden geçeni sebäpli ony uruşa ibermediler. Uruşdan ilki bilen Hajymyradyň kakasy gelipdi. Hajymyrat “Salawmaleýkim!” diýip, içeri girende, Toýly aganyň aýaly—Aýnäzik gelneje adamsynyň eline kündükden suw akydyp duran ýerinden Hajymyradyň kişenli aýaklaryny görmediksirän bolup:
Syýahat deşikden aşak düşüp görse, ýeriň aşagy uly bir galamyş. Bir jaýyň içinde bir gyz oturan eken. Onuň beýle ýanynda aždarha uklap ýatan eken. Gyz Syýahaty görüp, gaty gorkupdyr. Ol: – Bu ýere janly-jandar gelyän däldir. At gelse toýnakdan, guş gelse ganatdan, adam gelse kelleden aýrylýandyr. Sen bu ýere nädip düşdüň? Aždarha oýansa, seni iýer. Oýanmanka şu ýerden git – diýip özelenipdir. Gyzyň beýle aglanyny görmedik ýigit. Oňa dözmän uklap ýatan aždarhanyň kellesini pyzlawyk kädä dönderipdir. Gyz oglanyň batyrlygyny görüp, janlanypdyr. Syýahat ýurduň iň gowy ussalaryny çagyryp, aždarhanyň şol eýelän deşiginiň üstünde uly minara saldyrypdyr. Aždarhanyň ýanyndaky gyz hüýr-peri gyz eken. Syýahat uly toý tutup, ony özüne aýal edip alypdyr. Oňa: – Bu şäher seniň şaheriň. Aždarhadan alan mal-mülküm hem seniňki. Şäher seniň adyňa Hüýr Genji bolsun! – diýipdir. Şondan soň, kem-kemden «Hüýr Genç», «Ürgenç» bolupdyr. Syýahat bolsa adyl patyşa bolypdyr. Syýahat Köneürgenji dädesiniň ýurduna birleşdirip, uzak ýyl bagtly ömür sürüpdirler.
Wang ZHONGCAI, «PetroChina» kompaniýasynyň wise-prezidenti, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy: – CNPC korporasiýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň netijelerine nähili baha berýärsiňiz? – Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygynyň on ýyllyk taryhy bar. Gaz pudagynda özara gatnaşyklarymyzyň iki sany esasy ugruny görkezmek bolar. Birinji ugur – bu «Apstrim» bolup, «Bagtyýarlyk» taslamasy onuň nyşany bolup durýar. Ikinji ugur – bu gaz söwdasynda hyzmatdaşlykdyr. Meniň pikirimçe, biziň hyzmatdaşlygymyz şol 10 ýylyň dowamynda üstünlikli...
Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum--tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy. Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbegenelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi: Emma bu göbegeneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar. Göbegeneler faraona: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbegene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler.
Türkiýäniň Tennis Federasiýasy tarapyndan berilen beýanata görä Italiýanyň Reggio Emilia şäherindäki jemi 15 müň dollarlyk ýaryşda Tuna Altuna bolgar ýoldaşy Aleksandr Lazow bilen 22-nji Futures ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Gyzamyk (lat. Morbilli) — bu çagalyk döwrüniň ýokanç keselidir. Ol syrkaw adamdan sagdyn adama ýokup bilýär. Endama örgün örüp başlan günler ol has hem ýokançdyr. Üç gün geçenden soň gyzamak çykaran çaga eýýäm beýle bir ýokançly hem däldir. Gyzamyk howa-damja arkaly, mysal üçin, söhbetleşlikde, kimdir biri üsgürip-asgyranda ýokup bilýär. Gyzamyk çykaran çaga üsgürip-asgyranda agzyndan, burnundan bölünip çykýan suwuklyklar keseli ýaýradyjydyr. Gyzamyk ýaşaýyş jaýlarynda hemmeler üçin umumy bolan ýerlerden otaglar, eýwanlar arkaly ýaýrap bilýär. Gyzamyk çykaran adam bilen bir otagda bolýan çagalaryň hemmesi bu kesele aňsatlyk bilen ýolugyp bilýärler. Göwnejaý bolmadyk durmuş-sosial şertleri bu keseliň ýaýramygyna ýardam edýär. Gyzamygyň wirusy adatça zatlaryň ýa-da üçünji bir adam arkaly geçmeýär. Gyzamyk keseli adamdan sagdyn adama aňsat ýokup bilýär. Emma soňky döwürlerde gyzamyk keseliniň öňüni alýan sanjymlaryň edilmeginiň netijesinde, bu kesele ýolugýan adamlaryň sany barha azalýar. Bir gezek gyzamyk çykaran adam bu kesele ikilenç ýolukmaýar. Keseliň gaýtalanýan ýagdaýlary juda seýrekdir. 3 aýa ýetmedik çagalar adatça gyzamyk keseline ýolukmaýarlar. Gyzamyk köplenç sowuk gyş-ýaz aýlary ýüze çykýar. Onuň wirusy çaganyň organizmine dem alyş organlary we gözleri arkaly ýokup bilýär. Gyzamyk organizmiň kesellere garşy bolan durnuklylygyny peseldip bilýär. Gyzamygyň inkubasion döwri 9-21 gündür. Gyzamygyň wirusy ýokan çaganyň gyzgyny 38-39°С çenli ýokarlanyp bilýär. Çaga kellesiniň agyrýandygyndan zeýrenýär. Onuň burny akyp başlaýar, üsgürýär, ysgyny bolmaýar, iňirdisi artýar, işdäsi kesilýär, ukusy bozulýar. 2-3 gün geçensoň, gyzgyny 37,3-37,5°С çenli peselse-de, burny akmasy güýjeýär, açyk sary reňkli suwuklygyň bölünip çykmasy artýar. Çaga gury üsgürýär, bokurdagynyň agyrýandygyndan zeýrenýär, sesi boguk çykýar. Çaganyň ýüzi ýellenen ýaly bolýar, gabaklary çişýär, gözi gyzarýar we ýaşarýar. Onuň gözleri ýagtylykdan gorkýar, gabaklary ýagtylykda tiz-tizden ýumulýar. Çaganyň agyz boşlugynda, ýaňagynyň iç ýüzünde owunjak ak tegmiller döreýär. Bu gyzamygyň kesgitli alamatydyr. Bu ak tegmiller 2-3 günden ýitip, agyz boşlugy gyzaryp galýar. Diş etlerinde agymtyk galyndylaryň bolmagy mümkindir. Çaganyň gyzgynynyň ikinji gezek ýokarlanmagy bilen onuň endamyna örgün örýär. Keseliň 5-7 günlerinde çaganyň gyzgyny 36,9-37,2°С çenli peselip, kadalaýyk derejesine ýakynlaýar. Gyzamyk örgüni ilkibada gulagyň aňyrsynda we ýüzde peýda bolýar. Bir gije-gündiziň dowamynda bu örgün tutuş ýüze, boýna we bedeniň bilden ýokary bölegine örýär. Burun-dodak aralygy hem örgüne bürelýär. Ikinji gije-gündiziň dowamynda örgün tutuş bedene, gola, buda örýär. Üçülenji gün bolsa örgün ellere we aýaklara örýär. Örgün agymtyl-gülgüne reňkli bolup, deriden dary dänesiniň ululygynda saýlanýar. Bu örgün tegmilleri soňabaka özarasynda birigýärler. Örgün käwagt gan öýen düwürtikler görnüşinde-de bolýarlar. Bu gyzamygyň aýratyn bir görnüşidir. Örgün 3 günüň dowamynda saklanýar (halk arasynda bu ýagdaýa «güllemek» hem diýilýär). Dördülenji gün bolsa, örgün örüp başlaýşy ýaly gaýdyşyp ugraýar, ýagny ilki ýüzde örüp başlan bolsa, ýüzden-de solup başlaýar. Käwagt örgün keseliň üçülenji güne ele-aýaga ören wagty, onuň ýüzde we boýunda gowşap, solup başlaýan ýagdaýlary hem bolýar. Örgün solýar-da, peselýär. Ilkibada ol gögümtil reňkde bolýar, soňra bolsa açyk goňur reňkdäki tegmillere öwrülýär. Bu halda ol bir-iki hepde saklanýar. Örgüniň gaýdyşmagy ýa-da «solmagy» endamyň we ýüzüň derisiniň soýulmagy bilen bir wagtda bolup bilýär. Deriniň soýulmagy bäş-ýedi gün dowam edip bilýär. Gyzmagyň örgüni örüp başlanda bedende umumy ysgynsyzlyk, hereketlerinde haýallyk, kelleagyrylar, işdäniň kesilmegi, ukynyň erbetleşmegi ýüze çykýar. Syrkaw biynjalyksyzlanyp, samrap başlaýar. Onuň agyz boşlugyndaky ýokarky kentlewüginiň astyndaky mäzleri biraz ulalýar. Gyzamagyň ýiti alamatlary ýitenden soňra gutulyş döwründe çaganyň heniz-de ysgynsyz, gaharjaň bolmagy, ýatdaşlagynyň peselmegi ahmaldyr. Bu ýokanç keseli öýken sowuklamasy, beýniniň sowuklamasy, damagyň galmagy, içegäniň sowuklamasy ýaly nogsanlyklar döräp biler. Türkmenlerde „gyzamakdan galan kesel” diýip ýöne ýere aýdylanok. Kesel döwri tutuş organizm gowşap, kesellere garşy bolan durnuklylygy juda peselýär. Gyzamaga ýolugan çaga bu döwürde başga kesllere aňsat uçraýar. Şonuň üçin-de, çagany ýekeje minutda gözden salmaly däl. Çaganyň endamy gyzyp, teninde örgün peýda bolup başlan dessine çaga lukmanyny öýe çagyryň. Bejergi döwründe çaganyň şahsy arassalygyna aýratyn üns bermelidir. Eger lukman çagany hassahana äkitmezden, öýde bejermegi dogry hasaplasa, çagany özbaşyna bir otagda ýerleşdiriň. Otag giň bolmalydyr. Ony ýygy-ýygydan ýelejiredip durmalydyr. Ýöne otagy ýelejiretjek bolup, çagany üşedäýmäň! Çaganyň gyzgynynyň bolmadyk ýagdaýynda, ony ýyly geýindirip, açyk aýnaly eýwanda gezmeledip bolýar. Gyzamyk çykaran çaganyň el-ýüzüni gaýnan ýyly suw bilen wagtal-wagtal ýuwmalydyr. Onuň gözlerini günde gaýnadylan ýyly suw bilen ýuwmalydyr. Pagtanyň bölejigini şu suwa eziň-de, gözüniň daş burçundan iç tarapyna usullyk bilen süpüriň. Burny sülekeýden we kesmejiklerden arassalamaly. Dodaklaryna ýag çalmaly. Çaga ýygy-ýygydan ýyly çaý, süýt içiriň. Bularyň haýsydyr birini içerseňiz-de, ondan soň çaganyň agzyny çopantelpegiň, şalfeýiň demlenen suwuna çaýkatdyrmaly.
↑ 2,0 2,1 Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti: 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň sebitler boýunça administratiw-çäkleýin bölünişi
14ㄧ37-nji ýyllar一Rimde Awgustyň ogullygy, Imperator Tiberiniň höküm sürmegi. Onuň pretorianlara daýanyp, ýeke-täklik syýasatyny ýöretmegi. Imperiýanyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmagy başarmagy. 25一220-nji ýyllar 一Hytaýda Gündogar ýa-da soňky dinastiýanyň höküm sürmegi. Hytaýda Hindistandan geçen buddizmyň giňden ýaýramagy. 41一54-nji ýyllar一Rimde imperator Klawdiýanyň höküm sürmegi. Onuň imperator býurokratizminiň esasyny goýmagy, ýurduň maliýe ýagdaýyny düzeltmegi, salgydy düzgünleşdirmegi, welaýat adamlaryna rim raýatlygy hukugyny bermegi. Öz aýaly, Neronyň ejesi Agrippina tarapyndan zäherlenip öldürilmegi. 43-nji ýyl一Rimiň Britaniýany basyp almaga başlamagy. Günorta Britaniýanyň rim welaýaty diýlip yglan edilmegi. 64-nji ýyl一Rimde şäheriň 14 etrabynyň 10-syny ýoga çykaran güýçli ýangyn. Ýangyn babatda özüne bolan şübhäni başdan sowmak üçin Neronyň ýewreýlere we hristiýanlara günä ýüklemegi (ýewreýleriň ilkinji kowulmagy). 69-njy ýyl一Reýn legionlary tarapyndan imperator diýip yglan edilen Witelliýanyň goşun bilen Italiýa baryp, Otony ýeňmegi, oktýabr aýynda bolsa onuň özüniň Wespasian tarapyndan dolandyrylmagy. 69一70-nji ýyllar. Rimde imperator Traýanyň höküm sürmegi. Traýanyň ýeňip alyşlarynyň netijesinde imperiýanyň serhetleriniň özüniň iň ýokary derejesine ýetmegi: Dakiýa (101-njy ý), Arabystan 106-njy ý), Beýik Ermenistan (114-nji ý), Mesopotamiýa (115-nji ý).
Türk ýaragly güýçleri Siriýanyň hökümetiniň Idlibe harby operasiýa başlatjakdygy hakyndaky habarlardan soň İdlib serhedine goşmaça esger ornaşdyrýar.
seretmäň hem. Öň bir wagt ýerde ýaşan iň akyldar adam şeýle diýipdir: «Şerabyň gyzarmasyna, pyýalada öwşün atmasyna, aňsatlyk
Dünýäniň barha dartgynlaşýan, terrorçylyk, içerki çakynyşyklar we söweşler bilen durnuksyzlaşýan döwründe mukaddes Remezan aýyny ýene-de dünýäniň ganaýan ýarasy bolan Gazadan şehit habarlary bilen garşy aldyk.
Ýüpek-sapakly iňňäniň we çeper elleriň ýördümi bilen döredilýän ajaýyp inçe işe keşde diýilýär. Bu türkmen zenanynyň döreden sungaty, jadyly hem ajaýyp hünäri. Keşde iňňäniň ujundan önýän, iňňän nepis inçe iş bolup, keşde diýeniňde, älem-jahan nagyş bolup göz öňüňe gelýär. Çünki Aýyň, Günüň şöhlesi, pasyllaryň öwüşginleri, çeper sözleýişler hem şahyrana kalba nagyş, keşde ýaly bolup duýulýar. Owadan zatlara, owadan hatlara-da keşde ýaly diýýärler. Mahlasy, türkmen zenanlarynyň keşde sungaty dünýäde iň ajaýyp sungatdyr.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanynyň milli medeni we ruhy-ahlak baýlygynyň bir bölegi hökmünde mertebesiniň belent bolmagyny, olaryň hak-hukuklarynyň goralmagy, erkekler bilen bir hatarda durmuşyň ähli ulgamlarynda deň şertlerde zähmet çekmeklerini we jemgyýetiň işeňňir agzasy bolmagyny üpjün etmekligi özüniň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm bölekleriniň biri hasaplaýar. Munuň şeýledigi ýurdumyzda alnyp barylýan gender syýasatynyň mazmunynda aýdyň görünýär. Zenanyň öý-ojagynyň wepaly eýesi, erkek kişiniň bolsa onuň goragçysydygy baradaky milli düşünje durmuş ýörelgelerine giňden ornaşdyrylýar, olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklary birek-birege goýulýan hormat-sylag bilen berkidilýär. Döwletimiziň kanunçylyk binýadynda-da aýallar bilen erkekleriň deňhukuklylygy, olaryň jemgyýetçilik, syýasy, zähmet gatnaşyklarynda gender deňligini üpjün edýän kanunlar arkaly berkidilendir. 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin Milli hereketleriň Meýilnamasynyň» tassyklanmagy aýallaryň we erkekleriň gender deňligine aýratyn üns berilýändigini subut edýär hem-de bu ugurda ýurdumyzda anyk işleriň, durmuş hereketi bilen baglanyşykly çäreleriň geçirilýändigini görkezýär. Bu Meýilnamada ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere aýallaryň we erkekleriň deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak, onuň üçin gerek bolan zerur şertleri döretmek esasy maksat bolup durýar. Aýallaryň ýurdumyzda syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna, şol sanda ösüş strategiýalaryny we jemgyýetçilik taslamlaryny meýilleşdirmäge, olary durmuşa geçirmäge, gözegçilik etmäge we baha bermäge gatnaşmagy üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam bermek, gelin-gyzlaryň jogapkärli wezipelerdäki wekilçiligini artdyrmak, olary bilimiň dürli derejesinde we basgançaklarynda tebigy we adaty bolmadyk ugurlary saýlap almaklaryna höweslendirmek, zähmet bazarynda aýallaryň bäsleşige ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ýaly wajyp meseleler Meýilnamada göz öňünde tutulyşy ýaly durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen gender deňligi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy oňyn netijeleri berýär. Türkmenistanyň 2016—2018-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meselesi boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bolsa, gelin-gyzlaryň mertebesini has-da beýgeltdi. Birleşen Milletler Guramasynyň bu Ýerine ýetiriji geňeşi 2010-njy ýylda döredildi. Bu geňeş dünýä ýurtlarynyň döwlet, jemgyýetçilik düzümleri bilen utgaşykly we ylalaşykly işleri durmuşa geçirýär we gender syýasatyny guramaçylykly alyp barmakda, dürli çäreleri geçirmekde ýardam edýär. Bu halkara abraýly Ýerine ýetiriji geňeş bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy hem-de Türkmenistanyň oňa agza bolmagy ýurdumyzyň dünýä halklary bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler berýär. Gender deňligi boýunça alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine syýasy-jemgyýetçilik, medeni-gumanitar, durmuş-ykdysady ugurlary boýunça döredilen şertler Türkmenistanda zenanlaryň we erkekleriň deňhukukly mümkinçiliklerine ýardam edýär. Häzirki wagtda erkekler bilen bir hatarda, aýallar hem durmuş, syýasy, jemgyýetçilik işlerini amala aşyrmakda işjeňlik görkezýärler, olar her bir pudakda özleriniň janypkeşlikli zähmetleri, parasatly pikirleri bilen tapawutlanýarlar. Ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagynda aýallaryň we erkekleriň deň mümkinçilikleriniň bolmagy döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulan konstitusion kadalar adamyň ähli hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň aýallara we erkek adamlara doly we deň derejede üpjün edilmegini we goralmagyny üpjün edýär. Hukuklary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýan Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky Konwensiýasynyň kadalary bilen Esasy Kanunymyzyň 29-njy maddasynda «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deň hukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär» diýip kesgitlenmegi aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini döretmek ulgamyny halkara ülňülerine gabat getirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi, olaryň milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, teniniň reňkine, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi kepillendirilýär. Şeýle hem döwletimiz bilimde, ylymda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, zähmetde, durmuş taýdan goramakda, döwlet we jemgyýetçilik ugurlarynda gender deňligini üpjün edýär. Gender deňligi — durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygyny we mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar. Şeýle deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi umumadamzat hukuklarynyň goraglylygyna esaslanýar we jemgyýetiň demokratiýa barýan ýolunda ähmiýetli görkezijileriň biri bolup durýar. Bu meseläniň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin gün tertibinde durnukly ösüş boýunça kesgitlenen ählumumy maksatlaryň biriniň Gender deňliginiň we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmeklige bagyşlanmagy hem subut edýär. Her bir döwürde-de türkmen aýallary erkekler bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni-ykdysady, sosial-ynsanperwer, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen durnukly ösüşiň gazanylmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar döwleti dolandyrmaga, jogapkärli wezipelere saýlanmaga we saýlamaga, ylymda açyşlar etmäge, döwrebap tehnologiýalar bilen meşgullanmaga, aýdymçy, ýazyjy, şahyr hökmünde halka ýüzlenmäge, pagta, galla ýygýan maşynlara atlanmaga, umuman, her bir işde görelde bolmaga haklydyrlar we ukyplydyrlar. Häzirki wagtda aýallaryň we erkekleriň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deň bolmagy olaryň öz borçlaryna dogry düşünmeklerini üpjün edýär. Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine laýyklykda, erkek adam çagasy üç ýaşyna ýetýänçä oňa seretmek üçin zähmet rugsadyny almak mümkinçiliginden peýdalanyp bilýär. Bu bolsa çaganyň enesiniň özi üçin möhüm işleri amala aşyrmagyna (mysal üçin, ýokary okuw jaýynda okaýan, ylmy iş bilen meşgullanýan bolsa ýa-da wezipesi boýunça iş saparlaryna gitmeli bolsa) ýardam edýär. Bu ikitaraplaýyn ylalaşyk maşgalada ene-atanyň çaga terbiýesinde ornunyň, jogapkärçiliginiň deň, şol maşgalanyň sagdyn ruhly, maşgala binýadynyň berk bolmagyna getirýär. Arkadagymyzyň saýasynda bagtly durmuşda ýaşaýan türkmen zenanynyň erkekler bilen deň hatardaky hukuklary we mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylyp, bedew bady bilen öňe gidilmegi guwandyryjydyr, aýdyň geljekdir, ol gözel geljekde gözüň eglenýär.
10 ýyl! Bu möhlet kän bir uzak aralygam däl. Emma şol döwrüň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalara, taryhy senelere ser salanyňda welin, «Sanlyja ýylyň içinde ýurdy nädip bu derejä ýetirip bolar?!» diýen sowal öňümizde keserýär. Çünki on ýylyň içinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde gazanylan netijeler, ýetilen belent sepgitler sanardan gaty kän. Mähriban Arkadagymyz bizi döwletli-döwrana, ajap eýýama ýetirdi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen deňsiz-taýsyz ösüşlere, ajaýyp özgerişlere beslenen eziz Diýarymyzyň waspy bu gün dünýä ýaň salýar, şan-şöhraty tutuş äleme dolýar. Bu ösüşler, ajaýyp sepgitler ýurt Baştutanymyzyň 60 ýaşyna bagyşlanan täze neşirde — «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitapda giň beýanyny tapýar. Mähriban Arkadagymyzyň dillerimizde sena edinen aýdym setirlerinde ýaňlanyşy ýaly, ajap eýýam, ajap çagymyz bar. Agzybir halkymyz täze zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, işleýär, gurýar, döredýär. Aý-günlerimiz şanly senelere, taryhy wakalara, dabaraly açylyşlara beslenýär. Türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelşi ýaly, halkymyzyň şatlyk-buýsanjy-da goşadan gelýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň bol-bereketli tomus paslynyň ajaýyp gününde mähriban Arkadagymyzyň 60 ýaş toýunyň şatlygy, Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly goşandy üçin milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan Aleksandr Newskiý ordeni, Gagauziýanyň ýokary sylagy «Gagauz Ýeri» ordeni, Russiýa Federasiýasynyň ýokary sylagy «Gornýak Rossii» Altyn nyşany bilen sylaglanmagy bilen utgaşyp, toý şatlygyny goşalandyrdy. Bu buýsançly günlerde ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm wakalary, ähmiýetli seneleri, ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk ýoly baradaky publisistik gürrüňleri öz içine alan täze kitabyň elimize gowuşmagy bolsa, kalbymyza joşgun berip, göwün guşumyzy ganatlandyrdy.
Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak Britaniýa guran iş saparynyň çäginde paýtagt Londonda maýadarlar bilen duşuşdy
Aşgabat şäherinde we welaýatlarda hususy dermanhanalaryň birnäçesiniň ýapylyp başlandygy barada maglumatlar bar. Aşgabadyň Howdan ýaşaýyş massiwinde Ankara köçesiniň ugrundaky hususy dermanhananyň ýapylandygyny aýdyp, aşgabatly ýaşaýjysy Sona şeýle diýýär. Hususy dermanhananyň öz işini togtatmagynyň esasy sebäbi daşary ýurtlardan gelýän dermanlar üçin gerekli möçberde döwlet tarapyndan konwertasiýa edilmeýänligi sebäp diýen maglumatlar bar. Ýöne esasy sebäbiň olarda dermanlaryň arzanrak satylýandygy üçin, döwlet dermanhanalaryň söwdasynyň pese düşmegi bilen baglydygyny aýdýan ýaşaýjylaram bar. Hususy dermanhanalaryň Balkan welaýatynda-da, Mary welaýatynda-da birnäçesiniň ýapylandygyny ol welaýatyň ýaşaýjylaryndan eşitmek bolýar. “Bu bolsa ýarawsyz adamlara däri-dermany saýlamaga mümkinçilik bermeýär” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
Ol syýahata başlan ilkinji günlerinden başlap, islendik zenanyň ýekelikde bütin Ýer şaryna aýlanyp çykmaga ukybynyň bardygyny subut etmäge çalşypdyr. Özüniň 196 döwlete amala aşyran syýahaty bilen islendik, hatda «amala aşmagy mümkin däl» diýlen maksatlara hem ýetip bolýandygyny subut etmegi başardy. Kassandra özüniň syýahatynyň dowamynda birnäçe päsgelçiliklere duçar bolan hem bolsa, bu syýahat onuň üçin uly durmuş tejribesine öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem Kassandra De Pekolyň syýahatynyň esasy bölegine öwrüldi. 2017-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar çeşmeleri merkezinde Kassandra De Pekol bilen duşuşyk geçirildi. Şol duşuşygyň dowamynda Kassandra Türkmenistanyň özüniň syýahat eden 195-nji döwletidigini aýratyn belledi. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan ösen döwletleriň biri bolup, ýaşaýjylary bolsa, myhmansöýerligi, açyk göwünliligi bilen tapawutlanýar. Syýahatçy zenan Aşgabady: «Diýseň owadan, tämiz hem ajaýyp şäher. Ol gijelerine şöhle saçýar» diýip mahabatlandyrýar. Kassandra Aşgabadyň binagärlik aýratynlygy barada aýratyn durup geçip, munuň ýaly binalary hiç bir döwletde görmändigini belleýär.
TurkmensNews- Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyna yşarat edip Amerikalylaryň bu hereketi ýurtdaky maýagoýumlyklarda biraz täsiri boldy ...
Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyza aýratyn üns bermegi bilen köňli zehinli aýal-gyzlarymyzyň el işleriniň gymmatynyň dikeldilmegine giň ýollar açylýar. Milli el senedimiziň önümlerine bagyşlanan bäsleşikler döwlet derejesinde geçirilip, mährem ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň önümleriniň şöhraty has belende galýar. Giň meýdanda enaýy edilip haşamlanyp goýlan keçeler we el işlerinden dörän gözellikler seredenimizde kalbymyza ganat baglatdy. Änew şäheriniň Mukaddeslik meýdançasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden «Gülüň owadan» atly keçe bäsleşiginiň welaýat tapgyryna etraplardan birnäçe ussat keçeçiler gatnaşdylar. Olar ýüň saýlap almak, ýüňi daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirip görkezmek hem-de keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary we olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler. — Keçe basmak üçin semiz, gowy bakylan goýnuň ýaz, güýz ýüňi iň naýbaşy çig mal bolup hyzmat edýär. Ýaz ýüňi keçäniň gülüni taýýarlamak üçin has amatly. Güýz ýüňi keçäniň esasy özenlik serişdesi bolup, ýaz we güýz ýüňleri garylyp, bu arzyly düşegiň ýüzlügi, aralygy, arkalygy, gara ýüňden bolsa gyragara ýasalýar. Gyragara hem keçä özboluşly bezeg berýär. Gül ýasalanda, reňkleriň wajyplygy has ähmiýetlidir. Güle niýetlenip boýalan ýüňler darakdan geçirilip, pişge ýasalýar. Darakdişi, ýagny daragyň düýbünde galýan ýüň aýratyn goýulýar, soňra gamyş ýazylyp, onuň üstüne keçäniň gülleri rejelenýär. Pişgeler süýülip, keçäniň simi çekilýär. Nagyş üçin saýlanan güller hem pişgelerden süýülip, gülüň şekili çekilen suduryň içine goýlup başlanýar. Darakdiş diýlip atlandyrylýan galyndy ýüň bolsa, keçäni berkitmek üçin ulanylýar. Soňra ak ýüňden ýasalan ýüzlük nagşyň üstüne düşelýär. Gyragara bolsa gyraky simiň üstüne mündürilibräk, gara ýüňden ýazylyp çykylýar. Aralyk bolsa gyragaranyň arasyna salnyp berkidilýär. Bu işler tükellenenden soň, gyragara bilen aralyk sypmaz ýaly edilip, mylaýym suw bilen suwlanyp başlanýar. Suw sepelenip başlandan soň, her tarapdan bir keçeçi keçäniň ujy sypmaz ýaly, gamşy düýrläp başlaýar. Gamyş düýrülenden soň, ony öz ýüpi bilen üç ýerden berkidýärler. Ondan soň ýene-de uzyn ýüp bilen, ýagny garnaw bilen hem has ykjamlanan keçe edil bolmalysy ýaly bolup, öz hetdine ýetiberýär. Soňra iki adam bolup keçäni çekmek işi başlanýar. Ikitaraplaýyn suwlanýan keçe çekilip bolundym edilenden soň, gamyş açylyp, sodalyk bilen ýazylýar. Taýýar bolan keçe ilki dikligine bilek bilen basylýar, soňra şu ýagdaý keseligine hem gaýtalanýar, soň ýene dikligine basmak dowam etdirilýär. Gyragara göni we saz bolsa, keçe hala barabar diýdirýän derejä baryp ýetýär.
Orsýetiň BMG-däki ilçisi Siriýada Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýany “Yslam döwleti” (YD) toparynyň elinden basylyp alnan giňişliklerde ýerli häkimiýet guramalaryny döretmek arkaly ýurdy bölmäge synanyşmakda aýyplady diýip, Orsýetiň täzelikler agentlikleri habar berdiler. Orsýetiň ilçisi Wasiliý Nebenzýa 29-njy noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen maslahatda kürt we arap söweşijileriň ýakynda YD toparynyň elinden alnan Rakka şäherinde dolandyryjy guramalary döretmek we Orsýetiň ýarany Siriýanyň hökümetini gatnaşdyrmazdan ykdysadyýeti dikeltmek hakynda maslahat geçirendigini aýtdy. Bu barada Orsýetiň Interfaks we RIA-Nowosti agentlikleri habar berdi. Orsýetiň bu nägileligi Siriýanyň hökümetiniň we gozgalaňçy toparlarynyň alty ýyl bäri graždan urşuny başdan geçirýän ýurda parahatçylygy getirmek ugrunda Ženewada geçirilýän gepleşikleriň sekizinji tapgyryna gabat geldi. Aşgabatly enäniň gullukdaky ogly esgerleriň esasy iýmitleriniň arpa ýarmasy bolup durýandygyny, ony iýeniňde aşgazanyň agyrýandygyny we naharyň esli wagtlap siňmeýändigini gürrüň berdi. Emma ýerli synçylar, suw ýetmezçiligi zerarly, obalardaky mellek ýerleriniň hem hemişe derde ýaramaýandygyny, bu hili ýagdaýa düşen ene-atalaryň ne ogullarynyň yzyndan gitmäge, ne pul ibermäge gurbunyň çatýandygyny aýdýarlar.
Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim bölüminiň müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris. Ähli bu zatlaryň integrasiýasyny üpjün edýän Milli komandowaniýa we atyş gözegçilik ulgamlaryna eýedir.
Dowamy о Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň yglan eden “Görnükli alym zenan” atly bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň «Zenan kalby» žurnaly bilen bilelikde geçiren maslahaty şeýle atlandyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda uludan bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Bahar Serdarowa maslahaty alyp baryp, onuň hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň täze edara binasynda geçirilýän ilkinji dabaraly çäredigini aýratyn belledi. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli döwlet syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine zenanlarymyzyň ilkinjileriň hatarynda seslenýänligidir. Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň hem-de onuň ýerlerdäki ilkinji guramalarynyň alyp barýan işleri, wagyz-nesihat çäreleri «Zenan kalby» žurnalynyň sahypalarynda hem giňden beýan edilýär. Ýene-de bir buýsançly habar, milli telewideniýede güneşli Diýarymyzyň zenanlarynyň zähmet we durmuş ýoluny açyp görkezýän «Zenan kalby» atly täze gepleşigiň açylmagydyr. Ýörite habarçymyz maslahata gatnaşan ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň açylmagy, göwün galkyndyran hoş habarlaryň biri. Dana pähimlerimizde «Bilimli il ozar» diýilýär. Ylym-bilim beýik ösüşleriň badalgasy. Şu maksat bilen açylýan ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlarymyz çuňňur bilim we terbiýe alýarlar, hünär öwrenýärler. Şolaryň hatarynda biziň uniwersitetimizde hem geljekki lukmanlaryň ýüzlerçesi taýýarlanylýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň täze okuw ýyly biziň öňümizde has-da uly jogapkärçiligi goýýar. Biz hemmämiz birlikde «Aşgabat 2017-niň» ýokary guramaçylykly geçirilmegini gazanmaly. Türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu şanly baýramçylygyň ýeňişlere beslenmegini arzuw edýäris.
Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we- laýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň depu- taty Baýramsoltan Myradowa alyp bardy we çykyş etdi. Onuň çykyşynda nygtalyşy ýaly Watanymyzda ynsan saglygyny go- ramak iň derwaýys hem-de möhüm meseleleriň biridir. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arka- dagymyzyň saýasynda döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ençeme saglyk merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň özi, ata Watanymyzda ynsan saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly durmuşa ornaşdyrylýan işleriň döwlet syýasatynyň iň möhüm ugrudygynyň güwäsidir. Maslahatyň dowamynda çykyp geplemeklige uly orun berildi. Onda lukmanlaryň degişli mowzuklar boýunça çykyşlary aýra- tyn mana eýe boldy. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň howp­ly täze döremeleriniň öňüni alyş bölüminiň müdiri, lukmançy- lyk ylymlarynyň kandidaty Maýsa Ýalkabowanyň, şeýle-de şol merkeziň süýt mäzleriniň çiş keselleri bölüminiň müdiri Serdar Hajyýewiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman se­nagaty ministrliginm Merkezi bejeriş we sagaldyş hassahana- synyň ýetginjekler lukmany Gülälek Orazowanyň hem-de Altyn asyr etrap hassahanasynyň akuşer-ginekolog lukmany Altyn Seýtiýewanyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ynsan saglygyny goramagyň, howply täze döremeleriň öňüni almagyň, olary irki derejelerde ýüze çykarmagyň, bejergi işle- rini öz wagtynda amala aşyrmagyň, şeýle hem täze döreme- leri anyklamakda degişli barlaglary wagtynda geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de olar raýatlaryň saglygyny goramakda Diýarymyzyň her bir künje- ginde gurlup ulanylmaga berilýän, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezleri bilen bir hatar- da ýurdumyzda geçirilýän şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň hem ähmiýetiniň ýokarydygyny nygtadylar. Lukmanlar çykyşlarynyň dowamynda ýüze çykýan howply täze döremeleriň öňüni al- mak bilen baglanyşykly peýdaly maslahatlary berdiler we gat- naşyjylar bilen özara sowal-jogap alyşdylar.
Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çärä welaýatymyzyň günbatar sebit etraplaryndan zenanlar gatnaşdylar. Şeýle at bilen Änew şäherindäki Medeniýet öýünde baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Oňa zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar hem-de mährem eneler gatnaşdylar. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen zenanlar bolsa baýramçylyk duşuşygynyň iň arzyly myhmanlary boldular. Ýazlar bilen zenanlaryň arasynda meňzeşlik bar diýilýär. Eýsem, bu meňzeşlik nämedekä?! Olaryň ikisiniň hem gözelligindemikä ýa-da zenanlaryň kalbynyň tebigatdaky özgerişlikleri inçeden duýýanlygyndamyka?! Ýazlar bilen zenanlaryň arasyndaky meňzeşlik olaryň ikisinde hem kimdir birine ömri, ýaşaýşy bagyş etmegi başarýanlygynda bolsa gerek.
Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň we TürkmenstanyňZenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk gadamlary” diýen at bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň işgärleri, arkalaşygyň pudaklar boýunça guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň