text
stringlengths 99
138k
|
---|
Soňky döwür internetde Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň işgärleri bilen baglylykdaky wideo ýazgylar peýda bolup başlady. Olarda raýatlaryň polisiýa ofiserleriniň hereketlerine bildirýän nägileliklerini synlasa bolýar. Bellesek, häzir Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlyk çäreler geçirilýär.
|
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habar bermegine görä, soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Özbegistanda ilkinji gezek “Wor w zakonlaryň”, ýagny “Kanuny garakçylaryň” duşuşygy geçirildi. Öz geçmişini sowet döwründen alyp gaýdýan bu söz guramaçylykly jenaýat toparlaryna ýolbaşçylyk eden, ýa-da edýän türme garakçylary babatda ulanylýar.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleri Bahtiýar Kudratillaýewiň (aka Bahti Taşkentskiýniň) Gazagystanyň we Orsýetiň “garaňky jenaýatçylaryny” ýurtdaky guramaçylykly jenaýat toparlarynyň gözegçiligini maslahat etmek üçin Özbegistana çagyrandygyny aýdýarlar.
Kerimowyň döwründe şeýle toparlaryň ýurtda örňemegine ýol berilmedi, hem-de olaryň 90-njy ýyllaryň aýagyna çenli soňuna çykyldy. Kudratillaýew bikanun ýarag götermek, bikanun neşe söwdasyny etmek ýaly aýyplamalar bilen jogapkärçilige çekilen-de bolsa ol Özbegistanda galdy. Ol yzly-yzyna tussag edildi, hem-de 2014-nji ýylda, aýdylmagyna görä, saglyk ýagdaýlary sebäpli boşadyldy.
Geçen ýylyň aýaklarynda ýurtda Kudratillaýew bilen ilteşikli ençeme jenaýatçylykda güman edilýäniň tussag edilmegi bilen onuň güýjüniň pese gaçyp başlandygyna ynanylýardy. Ýöne 20-nji awgustda ol “ýakasy gaýyşly bellentgi” diýilýänleri Daşkende çagyryp bilen bolsa, görnüşinden, Kudratillaýew güýç-gudratyny saklap galýan çemeli.
Ol ýerde Gafur Rahimowyň hem gürrüňi gidýär. ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Rahimowy “Merkezi Aziýa ýurtlarynda neşe önümçiliginiň guramaçylygyna ýolbaşçylyk edýän özbek jenaýatçy toparlarynyň liderleriniň biri” diýip, 2012-nji ýylda sanksiýa sanawyna girizdi.
Rahimow 2010-njy ýylda Özbegistany terk etdi, aýdylmagyna görä ol esasan Dubaýda ýaşady. Oňa garşy Özbegistanda 2013-nji ýylyň fewral aýynda maliýe jenaýatçylygynda, hem-de galp dokument taýýarlamakda günä bildirildi. Ýöne Mirziýoýewiň hökümet başyna geçmeginden sanlyja hepde geçenden soň, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda, aýdylmagyna görä, Rahimowyň ady Interpolda gözlenýänleriň sanawyndan çykarylypdyr.
Soň ol ýerde Salim Abdulwaliýew bar: ol özüni başarjaň biznesmen diýip tanyşdyrýar. Käbir habarlardan mälim bolşuna görä, ol gazanan üstünlikleriniň köpüsini “garaňky garakçylara” ýolbaşçylyk etmekdäki roluna borçly. 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Mirziýoýewiň prezidentlik wezipesine saýlanmagynyň öňýany, Abdulwaliýewiň Mirziýoýewiň suraty çekilen, hem-de suratyň aşagyna “meniň prezidentim” ýazylan futbolkany geýip düşen suraty jemgyýetçilige giňden ýaýrady.
Mirziýoýewiň hökümet başyna geçenden soň bitirjek diýen wadalarynyň hatarynda ýurdy korrupsiýadan arassalamak hem bar, ýöne jenaýatçylykly hereketlere baş goşan “ýakasy gaýyşly bellentgileriň” atlary Kerimowyň döwri bilen deňeşdireniňde, Mirziýoýewiň döwründe has köp ýygylykda agzalyp başlady.
Ol bu ýagdaýy 16-njy sentýabrda geçiriljek “ak kerwen” dabaralaryna taýýarlyk işleriniň talaplary bilen, hem-de býujet işgärleriniň ýurtda geçirilýän awtorallä çekilmegi bilen düşündirdi.
“Şäherleriň we obalaryň köp sanly ýaşaýjylary köpçülikleýin iş gözleginde daşary döwletlere gitdiler, [ýygyma] adam ýetenok” diýip, habarçy aýtdy.
“Bu çagalaryň ömrüne howp abandyrýar, ýöne olary ýörite awtobuslarda däl-de, traktorlaryň teleşkalarynda ýygyma daşaýarlar” diýip, habarçy bu ýagdaýyň üns çekýändigini nygtady.
Synçylar ýurtda adam hukuklarynyň basgylanmagyna, şol sanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy hereket edýän mehanizmleriň öz funksiýasyny doly ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň, ýagny Adalatçynyň 2017-nji ýylyň jemleri boýunça ýaýradan hasabatynda pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmet barada gürrüň gozgalmaýar.
|
Türkmenistanyň Balkan welaýatynda 130-a golaý lukmanyň iş orny boş dur, bu barada welaýat häkimliginiň “Balkan” gazetiniň 6-njy sentýabrda çykan sanynda habar berildi.
Bellemeli ýeri, mundan öňki ýyllarda Balkan welaýatynda mugallymlaryň, halyçylaryň, kärendeçileriň ýetmeýändigi hakynda bildiriş berilýärdi.
Şonuň bilen birlikde, Türkmenistandaky düzgüne görä, ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlar iberilen ýerine gidip, iki ýyl işlemese, diplomlaryny alyp bilmeýärler. Eýsem, öňünden görlen şu we beýleki çärelere garamazdan, ýurduň iň az ilatly welaýatynda ýiti lukman ýetmezçilginiň sebäbi näme?
Azatlyk bilen anonim şertde söhbetdeş bolan lukmanlaryň düşündirişine görä, bu welaýatdaky iş we durmuş şertleriniň örän ýaramazlygy bilen bagly.
“Okuwyny gutaran ýaşlar, başarsalar Balkana gitmejek bolýarlar. Eger gitseler hem, iki ýyl möhleti gutaran badyna başga ýere geçýärler, sebäbi ol ýerde saglyk işgäriniň aýlygy bilen ýaşamak örän kyn” diýip, ozal bu sebitde işlän wraç gürrüň berdi.
"Bu ýagdaý hirurg ýa iç keselleri boýunça lukman bolup ýören tejribeli saglyk işgärleriniň hem başga ugurlara işe gitmegine sebäp bolýar" diýip, Balkan welaýatyndaky problemalary ýakyndan öwrenýän ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Onuň sözlerine görä, Saparmyrat Nyýazowyň garaşsyzlygyň başky ýyllarynda müňläp saglyk işgäriniň, mugallymlaryň iş orunlaryny kemeltmegi ýurduň saglygy saklaýyş pudagyna agyr zarba urdy we şindi hem durmuşda lukmanlaryň işine ikinji derejeli zat ýaly garalýar.
Azatlyk radiosynyň çeşmeleri lukmançylygyň ýagdaýynyň beýleki welaýatlarda hem Balkandakydan gowy däldigini habar berýärler.
Balkan welaýaty Türkmenistanyň territoriýasynyň 30 prosente golaý meýdanyny tutýar, 1989-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu sebitde ýurduň ilatynyň 11,5 prosenti ýaşaýardy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Balkan welaýatynda ýaşaýan kawkazlylaryň, gazaklaryň köpüsi Türkmenistandan köpçülikleýin göçüp gitdi.
|
Şol bir wagtda ýurduň nebit-gaz pudagynda üsti açylandygy aýdylýan korrupsiýa barada doly maglumat berilmeýär.
Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň ýokary gözegçilik edarasynyň we prokurartura edaralarynyň geçiren barlaglarynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň kärhanalarynda düýpli artdyryp ýazmalaryň ýüze çykarylandygyny habar berdi.
Şeýle-de, prezidentiň tassyklamagyna görä, bu pudagyň işine öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmeýän firmalar hem çekilip, döwlete düýpli zyýan ýetirilipdir.
«Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynda ýolbaşçylaryň birnäçesi eýeleýän wezipesinden peýdalanyp, düzgün bozmalara ýol beripdir» diýip, telewideniýäniň habarynda bu hasabatyň jikme-jiklikleri, ýagny aýdylýan korrupsiýanyň möçberleri we ýaýrawy barada maglumat bermekden saklanylýar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 6-njy noýabrynda, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň on aýyň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen mejlisinde Baýmyrat Hojamuhammedow «saglyk ýagdaýy sebäpli» diýlip, wezipesinden boşadylypdy.
Prezident Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda soňky ýyllarda ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň oňat kanunçylyk binýadynyň döredilendigini, munuň ýaramaz hadysalara garşy netijeli göreş alyp barmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Döwlet baştutanyň sözlerine görä, gelýän aýlarda welaýatlaryň häkimleriniň we oba hojalyk toplumlarynyň aýry-aýry ýolbaşçylarynyň ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek barada edilen işler dogrusyndaky hasabatlary diňleniler.
Türkmenistan Halkara aýdyňlyk guramasynyň soňky hasabatynda Korrupsiýa indeksi boýunça 154-nji orny alyp, iň korrupsiýa çümen ýurtlaryň arasynda agzaldy.
|
Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine görülýän taýýarlyklaryň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny, oňa her welaýatdan 7000 çemesi adamyň gatnaşmaly edilendigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary aýdýarlar.
Balkan welaýat häkimliginiň adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran käbir işgärleriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, bu barada 15-nji awgustda “Aşgabatdan ýurduň welaýatlarynyň häkimliklerine ýörite görkezme gelip gowuşdy”.
“Şu günden başlap welaýatlaryň ählisinde awtoralliniň geçjek ýolunda konsert berjek, uly şagalaň döretjek medeni toparlary kesgitlemegi hem-de olaryň geljek hepdäniň üçünji gününden gijä goýman, welaýat merkezine ýygnap, şolar bilen ýörite repetisiýalary, ýagny taýynlyklary geçmäge başlamaklyk hakynda görkezme berlipdir” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew Balkan welaýat häkimliginiň işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.
Türkmen mediasynda awtoralliniň geçjek ýolunyň umumy uzynlygynyň 1500 kilometrden gowrakdygy we onuň Garagum çölüniň giň sähralyklaryndan geçjekdigi aýdylýar.
Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 9-14-nji sentýabry aralygynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisine görülýän taýýarlyklaryň çäginde geçen aýyň ahyrynda sport çäreleri geçirilip başlanyp, munuň bilen baglanyşykly welaýatlaryň, şäherdir etraplaryň aralygyndaky ýollaryň ýapylmagy henizem dowam edýär. Bu bolsa, welaýatlardan Aşgabada we beýleki etraplara sapar etjek ýolagçylara uly kynçylyklary döredýär.
Býujet işgärleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň we mekdep okuwçylarynyň çärelere mejbury gatnaşdyrylmagy, ýollaryň ýapylmagy we munuň ilata dürli bökdençlikleri döretmegi bilen baglanyşykly ýagdaý geçen ýylyň sentýabrynda hem bolupdy. 17-27-nji sentýabr aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna türkmenistanlylaryň müňlerçesi tomaşaçy hökmünde gatnaşdyrylypdy.
|
12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Orsýetiň hem-de Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýa gol çekildi. Bu ylalaşygy amala aşyrmak üçin kenarýaka 5 döwletiň resmileri soňky 22 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 50-den köp iş maslahatyny geçiripdi.
“Munuň birinji sebäbi örän aýdyňdyr, ýagny Türkmenistanyň Orsýet bilen aýratyn ähmiýetli howpsuzlyk gatnaşyklary bar. Meniň pikirimçe, prezident Berdimuhamedow islendik Trans-Hazar gatnaşygy boýunça Orsýetiň iş ýüzünde hiç hili garşylygynyň ýokdugyny anyk görmek isleýär. Ol Azerbaýjana ondan aňry Ýewropa satyljak gaz boýunça Orsýetiň närazyçylygynyň ýokdugyna anyk göz ýetirmek isleýär, şol sebäpden ol bu barada dymyp, ümsümligi saklaýar” diýip, Roberts aýtdy.
“Bu ylalaşygyň kabul edilmeginiň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlyga ýol açjakdygy barada gürrüň edilýär. Bu beýle däl, ýagdaýlar üýtgemez. Ozal bu iki döwletiň [bu ugurda] hyzmatdaşlyk etmändiginiň sebäbi konwensiýanyň aradan aýyran päsgelçilikleri bilen bagly däldi” diýip, Ançeski aýtdy.
Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Hazaryň hukuk derejesi boýunça gol çekilen Konwensiýanyň Kaspini deňiz diýip kesgitleýändigini aýtdy.
Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz söwdasy 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyndan ýüz öwürmegi bilen bes edilipdi.
|
Maryda açylan desganyň ýurtda gaz we bug bilen işleýän ilkinji elektrik stansiýasydygy aýdylýar. TDH-nyň suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda Mary welaýatyna iş saparyna baryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde täze gurlan utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap elektrik stansiýasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Bu habar ýurduň regionlaryndaky tok, elektrik kesilmeleriniň has gürelýän wagtyna gabat geldi. Ýerli çeşmeler hökümetiň goňşy ýurtlara iberýän togunyň möçberi köpeldigiçe ýurt içindäki tok kesilmeleriniň ýygjamlaşýandygyny aýdýarlar.
Gepiň gerdişine aýdylsa, prezident şu ýylyň fewralynda Mary welaýatyna sapar edende, energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin döwlet programmasyny tassyklady. Mälim bolşy ýaly, öňki ýyllarda Türkmenistan ilatyň ulanjak elektrik toguny mugt ýa-da ýeňillikli bahalar esasynda berýärdi.
Bu elektrik stnsiýasy Türkmenistanyň ozal esasan tebigy gaz eksportyndan gelýän girdejilere garaşly bolan ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek planlarynyň bir bölegi bolup durýar.
|
Sowadyjy bejermäge rugsat berilmeýän welaýatyň ýaşaýjylary Mollagara 'şypahanamy ýa jepahana?' diýip soraýarlar
|
Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine laýyklykda taýarlanan maglumata görä ýanwar-iýun aýlarynyň arasynda Türkiýä 16 million syýahatçy geldi
Türkiýä glen syýahatçylaryň jemi syýahatçylyk çykdajylarynyň 9,5 milliard dollary şahsy, 2 milliard dollary bolsa gezelenç harajatlary görnüşinde edildi.
|
“Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen ajaýyp dostlugym we ýurdumyzyň Hytaý bilen bolan gatnaşyklary meniň üçin örän möhüm. Ýöne milletlerimiziň arasyndaky söwda eýýäm ençeme wagt bäri adalatsyz. Bu ýagdaý bular ýaly dowam etmeli däl” diýen Tramp gollanmanyň çägindäki tarifleriň Hytaýyň amerikan tehnologiýalaryny adalatsyz ýagdaýda ibermeginiň öňüni aljakdygyny habar berdi.
|
Şu ýylyň başynda bäri Türkmenistan Gazagystandan 100 müň tonna gazak gallasyny satyn aldy diýip, Gazagystanyň “Habar” atly habar gullugynyň “24.kz” portaly aýdýar. Bu habar, Türkmenistanda iýul aýynda tamamlanan galla oragynyň netijeleri boýunça anyk sanlaryň mälim edilmeýän, ýurtda un ýetmezçiliginiň ýiti duýulýan mahalyna gabat geldi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň hem-de azyk ýetmezçiliginiň fonunda, türkmen hökümeti ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigi barada ýygy-ýygydan habar berýär. Hatda türkmen häkimiýetleri soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça pudagara topar döretmek barada iki gezek karar kabul etdi. Bu kararlaryň birinjisine geçen ýylyň dekabrynda, ikinjisine şu ýylyň iýul aýynda gol goýuldy.
Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan hökümet ýygnagynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, beýleki döwletlerden ýurda getirilýän harytlaryň möçberiniň 43 göterim azalandygy, Türkmenistandan beýleki döwletlere iberilýän eksport önümleriniň möçberiniň bolsa 41,5 göterim artandygy habar berdiler.
|
Siriýanyň daşary işler ministrligi Ysraýyl režimiň basybalyjylykly hereketlerine nägilelik bildirdi - Parstoday
Siriýanyň daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasyna we bu guramanyň howpsyzlyk geňeşine hat ýazyp Ysraýyl režiminiň basybalyjylykly hereketleriniň garşysynda halkara köpçüliginiň mymyp oturmagyny tankyt etdi.
Sionist režimiň uçarlary geçen juma güni basybalynan ýerleriň içinden Siriýanyň Gonaýtare welaýatynyň Al-Bas şäheriniň töweregindäki ýaşaýyş jaýlara tarap raketa atdylar.
Siriýanyň daşary işler ministrligi hem BMG-sy bilen bu guramanyň howpsuzlyk geňeşine aýry-aýry hat ýazyp şol hüjümi Sionist režimi bilen terrorçy toparlaryň gatnaşykda bolmaklarynyň we Sionist režimiň terrorçylara hemaýat bermek ugurdaky netijesiz tagallasynyň görnişi bildi.
|
Guramaçylaryň aýdyşyna görä, Garagum çölüniň içinden Amyderýanyň we Hazar deňziniň aralygyndaky uzynlygy 1500 kilometrlik giňişlikden geçýän "Amul-Hazar" awtorallisi 11-15-ni sentýabr aralygynda geçiriler. Ýaryşlara jemi 20 ýurduň 80 çemesi komandasy gatnaşar.
Bu ýaryşlara bäsdeş hökmünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenabada barandygyny 10-njy sentýabrda habar berdi.
"Bir aý bäri bu ýerde emeli galany gurýarlar. Ol golaýda, welaýat keselhanasynyň arka tarapynda ýerleşen taryhy Amul galasyny şekillendirjek ýaly" diýip, habarçymyz belledi.
Türkmenabadyň bu merkezi meýdançasy häkimiýetleriň ýygy-ýygydan geçirýän köpçülikleýin medeni we syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň berjaý edilýän ýeridir.
"Bu ýerde öňem çäre geçirilýärdi, emma bu gezek bu tutumynyň ululygy bilen has tapawutlanýar" diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy aýdýar. Onuň bellemegine görä, soňky günlerde köçeler ýapylýar, bu ýagdaý sürüjilere we pyýadalara uly kynçylyk döredýär.
"Amul-Hazar" awtorallisine badalga beriljek meýdançanyň deňinden geçýän Bitarap Türkmenistan köçesi tutuş şäheri kesip geçýär, bu ýerde döwlet edaralary, sosial obýektler we ýaşaýyş jaýlar ýerleşýär.
"Býujet edaralarynyň işgärleriniň tas ählisi elleri bedreli ýörite himiki serişdeleri ulanmak bilen asfalt ýollaryny ýuwýarlar" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 7-nji sentýabrda gürrüň beripdi.
Azatlyk Radiosynyň bu regionlardaky habarçylaryna görä, daşoguzly we ahally gatnaşyjylary köpçülikleýin çäreleriň guramaçylary we aýdym-sazly çykyşlary berjaý etjek döredijilik toparlary bilen bilelikde bu ýerde awtobuslar bilen guramaçylykly gatnadýarlar.
"Geçen anna güni býujet işgärlerini köneje awtobusly çöle äkitdiler, olar ýolda döwlüp, ýüzlerçe adam gije çölde galdy. Üstesine, ýol gözegçilik inspeksiýasynyň tas ähli işgäri howpsuzlygy üpjün etmek üçin awtoralliniň geçjek ýerine çöle ugradyldy" diýip, 10-njy sentýabrda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy gürrüň berdi.
Türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, şu günler Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Galkynyşyň, Türkmenbaşy şäheriniň şeýle-de aralykdaky ýollaryň arassaçylygyny we tämizligini gyssagly üpjün edýärler we bu işlere býujet işgärlerini çekýärler. Bu regionda hem awtoralli sebäpli ýollar ýapylýar.
"Türkmenbaşynyň ýaşaýjylaryna, şeýle-de golaýdaky ýaşaýyş punktlarynyň ilatyna 13-den 15-ne çenli üç günüň dowamynda Türkmenbaşy şäherine barýan ýollaryň doly ýapyk boljagyny duýdurdylar, bu "Amul-Hazar" awtorallisiniň jemleýji tapgyry bilen bagly" diýip, Amanmyrat Bugaýew aýtdy.
Halkara awtorallisiniň guramaçylarynyň öň mälim etmegine görä, ulagly ýaryşa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we awtosport boýunça milli federasiýasynyň 15 komandasynyň gatnaşmagyna garaşylypdy. 9-njy sentýabrda türkmen metbugaty Türkmenistandan 12 sany komandanyň çykyş etjegini habar berdiler.
"Amul-Hazar 2018" awtorallisini geçirmek ideýasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli. Mundan öň türkmen telewideniýesi birnäçe gezek döwlet baştutanynyň ýokary tizlikde awtoulag sürüşini, pellehana birinji bolup gelişini we hatda professional ussatlardan üstün çykyşyny görkezipdi.
Arizona Library Association (AzLA) began in 1926, when Estelle Lutrell and State Librarian Con Cronin recognized the need for a strong association of librarians to improve Arizona libraries. The mission of the fledgling group was to "look after the general welfare of library work and workers in Arizona, to advance the education advantages of the state through libraries, and to promote general interest in library extension [traveling libraries]." From a beginning of 23 members, AzLA has grown to approximately 1,000 strong. Since its establishment, the Association's basic mission has remained the same: to promote and improve library service and librarianship in Arizona.
|
Abhazlar- Abhaziýanyň esasy ilaty. Abhazlar özlerini apsua diýip atlandyrýarlar. Abhazlaryň dili kawkaz dialektleriniň abhaz-adyg toparyna degişlidir. Abhazlar Abhaziýadan daşarda, esasan, Gürjüstanda, Russiýada, Ukrainada, Türkiýede, Siriýada, Yrakda, Iordaniýada ýaşaýarlar. Olar medeniýeti boýunça adygeýlere, gruzinlere ýakyn hasaplanylýar. Abhazlarda ortodoks we yslam dini ýaýrandyr.
|
Türkmenler umuman alnanda welaýatyň demirgazygynda we Türkmenistanyň serhedine golaý şäherlerde ýaşaýar.
Gazaklar özlerini Türkmenlere dini we etniki taýdan ýakyn bileni üçin Türkmenlere golaý ýerlerde ýaşaýar.
|
Şu günler Aşgabadyň etrap polisiýasynyň resmileri öýlere aýlanyp, raýatlaryň ýazga duran ýerinde ýaşaýandygy ýa-da ýaşamaýandygy bilen gyzyklanýarlar we daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň şahsyýetini hem-de olaryň näme bilen meşgullanýandygyny anyklamaga synanyşýarlar.
“[Aşgabadyň etrap polisiýasynyň resmileri] adatça iş güni tamamlanandan soňra, agşam sagat 20:00-22:00 aralygynda gapyma-gapy kakyp, öýlere aýlanýarlar. Olaryň elinde umumy depder, öňden düzülen sanaw bar. Olar ýazga duranlaryň ýaşaýandygyny ýa ýaşamaýandygyny, eger ýaşamaýan bolsa, olar ýurduň içindemi ýa-da daşyndamy? Ine, şular bilen gyzyklanýarlar. Eger 16 ýaşyndan ýokardaky adam ýazga duran ýerinde ýaşamaýan bolsa, onda onuň el telefonyny hem-de pasportynyň kopýasyny bermekligi talap edýärler” diýip, synçy Bugaýew aýtdy.
Türkmenistanda bellenilýän ýa-da geçirilýän uly baýramçylyklaryň we halkara çäreleriň öňýanynda, türkmen häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, ýurt raýatlarynyň ýazga duran ýerinde ýaşaýandygyny ýa-da ýaşamaýandygyny anyklamak we daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň şahsyýeti bilen gyzyklanmak işlerini wagtal-wagtal amala güýçlendirýärler.
Geçen ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, Aşgabadyň häkimiýetleri çagalary ýa-da beýleki bir maşgala agzasy daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän adamlary polisiýa departamentine çagyryp, soraga çekdiler. Şeýle-de, olardan Türkmenistanyň daşyndaky maşgala agzalary barada käbir resminamalary tabşyrmagy talap etdiler.
Mundanam başga, şu ýylyň awgust aýynyň başynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen gyzlaryň hem ýurtdan goýberilmeýändigi barada hem maglumatlar gelip gowuşdy.
Galyberse-de, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, eklenç gözleginde daşary ýurtlara maşgala bolup göçüp gidýän türkmenistanlylaryň sanynyň barha artýandygy we munuň netijesinde türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmenistanlylary ýurda getirmek boýunça dürli çäreleri geçirýändigi aýdylýar.
Şu ýylyň iýun aýynda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary häkimiýetleriň ýurduň dürli geňeşliklerinde ýörite duşuşyklary geçirip, “köne pasportly” raýatlaryň pasportlaryny üç hepdäniň içinde täzeläp bermegi we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini wada berýändigini habar berdiler. Resmi metbugatda bu barada hiç zat aýdylmaýar.
|
Şonda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýranyň prezidentiniň diwanynyň baş dolandyryjysy Mahmud Waezi bilen hem duşuşdy. Waezi iki ýurduň arasynda bank ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edipdi.
|
“Şu günler Türkmenistanyň ähli bazarlarynda, söwda merkezlerinde we dükanlarynda azyk-harytlarynyň, gök-bakja önümleriniň hem-de miweli ir-iýmişleriň bolçulygy göze ilýär” diýip, türkmen hökümetine ýakyn turkmenportal.com saýty ýazýar.
“Söwda merkezlerindäki doly tekjeler ýurdumyzdaky azyk bolçulygyna şaýatlyk edýär. Adamlara zerur harytlaryň elýeterliligi ýurdumyzyň söwda pudagynda gazananlarynyň aýdyň subutnamasydyr” diýip, hökümete ýakyn saýt habary jemleýär.
Ýöne Özbegistanyň telewizion kanallary hökümete ýakyn portalyň maglumatlary bilen ylalaşmaýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysynyň sözlerine görä, 21-nji iýunda Özbegistanyň “Yoşlar” telekanlynda, MY5 ("Mening Yurtim") we "Sevimli" atly telekanallarynda Türkmenistanyň Mary we Daşoguz welaýatlarynda çörek gytçylygy bilen bagly dükanlaryň öňünde uzyn nobatlaryň döreýändigi, halkyň ykdysady kynçylyklar sebäpli agyr günleri başdan geçirýändigi habar berildi.
12-nji iýunda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertlerde maglumat berip, welaýatyň çäginde un gytçylygynyň ýiti duýulýandygyny habar beripdi.
“Un Daşoguzda pula-da tapdyrmaýar. Häzir raýatlar bir aý öňünden nobata ýazylyp, adam başyna 3 kilogramdan berilýän una garaşýar emma gelýän un ýok. Welaýatymyzyň halky agyr ýagdaýa düşdi” diýip, habarçy belledi.
|
Bolgariýa ýa da Bolgarystan (bolg. България ; resmi ady — Bolgariýa Respublikasy) — Gündogar Ýewropadaky döwlet. Bu ýurt Balkan ýarym adasynyň gündogar böleginde ýerleşýär. Ol demirgazykda Rumyniýa, günortada Gresiýa we Türkiýe, günbatarda Makedoniýa bilen araçäkleşýär. Ýurduň gündogar bölegini Gara deňiz ýuwýar. Onuň kenarynyň uzynlygy 378 kilometre barabardyr. Ýurduň paýtagty we iri şäheri - Sofiýa. Onda 1 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Umumy tutýan meýdany 110,9 müň inedördül kilometrdir.
Bolgariýanyň tebigaty köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Demirgazygynda göge bürenen Dunaý derýasy akýar, merkezinde bolsa dürli agaçly tokaýlyklar agdyklyk edýär, günortasynda giň düzlükler ýaýylyp ýatyr, gündogarynda Gara deňiz we onuň çägeli kenarlary bar. Ýurduň üçden iki bölegini baýyrlyklar we düzlükler tutýar. Bu ýerlerde oba hojalyk ekinleri ekilýär. Bolgariýanyň günorta-günbatar bölegini daglar tutýar. Ýurduň iň beýik gerşi Musala - 2925 kilometr. Rodopi dagy bolsa peýdaly gazylyp alynýan magdanlara örän baý.
Ýurduň ilatynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Häzirki döwürde ýurtda 7,7 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Bolgariýa çaga dogluşy babatda Ýewropada iň öňdäki orunlarda durýar. Ýurduň ilatynyň ýaş dowamlylygy erkeklerde - 68,25, aýallarda bolsa 75,56 ýyl. Ilatyň agramly bölegi şäherlerde ýaşaýar. Soňky ýyllarda obalardan şäherlere ýaşamaga gelýän adamlaryň sany barha artýar. 1976-njy ýylda şäheriň ilatynyň umumy ilatyň 59 göterimini tutýan bolsa, 1996-njy ýylda ol 70 göterime çenli artdy. Ýurduň ilatynyň agramly bölegini bolgarlar düzýär. Şeýle hem ýurtda türkler, grekler, ermeniler, ruslar we beýleki milletden bolan adamlar ýaşaýar.
Ýurduň Baş kanunyna laýyklykda, Bolgariýa parlament respublikasy bolup, döwlet baştutany - prezident. Ol gönüden-göni saýlawlar esasynda bäş ýyl möhlete saýlanýar. Prezident şol sanda ýurduň ýaragly güýçleriniň baş serkerde başysy hem-de milli howpsuzlyk boýunça maslahat geňeşiniň başlygydyr. Ýurduň kanun çykaryjy organy - bir palataly (Halk geňeşi) parlamentdir. Parlamentiň düzüminde 240 sany deputat bolup, olar saýlawlar esasynda dört ýyllyk möhlete saýlanýar. Olaryň arasynda saýlawlarda iň azyndan 4 göterim ses alan partiýalaryň agzalary hem bar. Parlament ýurduň baş bakany wezipä belläp ony wezipesinden boşadýar hem-de baş bakanyň teklibi boýunça ministrler kabinetiniň agzalaryny saýlaýar.
Bolgariýa Respublikasy dünýäniň 130-dan gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklar saklaýar. Bolgariýa Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup, 300-e golaý halkara guramalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Bolgariýa bilen NATO-nyň arasyndaky gatnaşyklar 1990-njy ýylda ýola goýuldy. Häzir bolsa bu gatnaşyklar "Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk" meýilnamasynyň çäklerinde ösdürilýär. 1992-nji ýylyň 5-nji maýynda Bolgariýa Ýewropa Geňeşine agzalyga kabul edilýär. Bir ýyldan soň, Yewropanyň erkin söwda assosiasiýasy bilen ylalaşyga gol çekişýär.
Bolgariýa Respublikasy industrial-agrar ýurt hasaplanýar. Ýurtda maşyn gurluşyk, azyk senagaty, gara we reňkli metallurgiýa, nebit-himiýa, agajy gaýtadan işleýän senagat has ösendir. Oba hojalygynda bolsa ekerançylyga uly ähmiýet berilýär. Syýahatçylyk pudagy hem ýurduň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýar. XIX asyrda Bolgariýa oba hojalygy ýurdy hasaplanýardy. Muňa gammazdan, ýurduň dokma we aýakgap-deri senagatynda uly ösüşler gazanylypdyr. Beýik Watançylyk urşunyň öň ýanyndaky on ýyllyklaryň dowamynda ýurtda daşary ýurt maýa goýumynyň hasabyna hususy telekeçiligiň ösdürilmegine üns berilýär. Ýöne muňa garamazdan, ýurduň esasy milli girdejisiniň agramly bölegini oba hojalygyndan gelen girdeji düzýär.
Peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary bolan kömürň çykarylyşy yyl-ýyldan artýar. Bolgariýadaky nebit yataklaryny senagat taýdan özleşdirip bolmaýar. Ýurt nebiti OPEK guramasyna agza ýurtlardan we GDA ýurtlaryndan satyn alýar. Çig nebit Burgas şäheriniň golaýynda nebiti gaýtadan işleýän toplumda täzeden işlenilýär. Bu toplumda himiýa önümleriniň 100-e golaý görnüşi öndürilýär. Şeýle hem Bolgariýa GDA ýurtlaryndan tebigy gaz hem satyn alýar.
1993-nji ýylda ýurduň demirýollarynyň uzynlygy 6600 kilometre barabardy. 1995-nji ýylyň ahyrynda gara ýollarynyň 37 müň kilometrinde abatlaýyş işleri geçirildi. 1995-nji ýylda Bolgariýada Saraýewo halkara deniz porty açyldy. Bolgariýanyň çäginden 445 kilometr turba geçirijisi geçýär. Ýurtda 10 aeroport bolup, onun üçüsi halkara derejesinde halka hyzmat edýär.
Bolgariýanyň pul birligi - lew. Ýurduň merkezi banky esasy bank edarasydyr. Ol 1964-nji ýylda döredilen daşary söwda bankynyň hem gymmat bahaly kagyzlarynyň 72 göterimine eýedir. Döwlet süýşürintgiler banky ilata bank hyzmatlaryny hödürleýär. Ýurtda paýdarlar banklary 1987-nji ýylda döredilip başlandy.
Bolgarlaryň agramly bölegi 20 bilen 30 ýaş aralygynda durmuş gurýarlar. Bolgariýa özüniň tebigy ajaýyplygy bilen hem hemmeleri haýran edýär. Ýurduň bu tebigy ajaýyplyklary daşary ýurtly jahankeşdeleri hem özüne bendi edýär. Ýurdun paýtagty Sofiýa Ýewropanyň iň gadymy şäherleriniň biri hasaplanýar. Bu şäherde köp sanly muzeýler, gadymy ýadygärlikler we özboluşly nusgawy kiliseler bar. Paýtagtyň owadan ýerleri şeýleräk: Aleksandr Newskiniň sobory (Balkan ýarym adasynyň iri prawoslaw kilisesi hasaplanýar), daşary ýurt sungaty muzeýi, Batenberg meýdany, etnografiýa muzeýi, milli taryh muzeýi (Balkan ýarym adasynyň iri muzeýi hasaplanýar), botanika bagy we ş.m. Pernik şäherinde Wizantiýa imperiýasy döwründen galan gadymy galalara duş gelmek bolýar. Bolgariýa 395-nji ýylda Wizantiýa imperiýasynyň düzüminde bolandygy üçin bu ýurduň käbir şäherlerinde şol döwürdäki taryhy ýadygärliklere gabat gelinýär.
Bolgariýanyň Bankýa sebiti termal şypahanalar merkezi hasaplanýar. Bu şypahanalar daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýeridir. Sumen şäheri Bolgariýanyň orta asyrlardaky durmuşyny açyp görkezýär. Bu şäherde Şumens galasy we ýurduň iň iri Tombul metjidi ýerleşýär. Şäheriň eteginde milli seýilgäh ýaýylyp ýatyr. Plowdiw şäherinde 3 müň omnlyk teatr we Hisar Kapiýa derwezesi bar. Şäheriň golaýynda Hiarýa şypahanasy ýerleşýär. Ol gadymy Rim döwründe hem örän meşhur şypahanalaryň biri hasaplanýan eken.
|
Putin agzalýan iki adamyň “hiç-hili jenaýatçylyk” bilen ilteşiginiň ýokdugyny, hem-de olaryň özleriniň bolan wakalar barada gürrüň bermeklerini umyt edýändigini aýtdy: “Bu hemmeler üçin gowy bolar” diýip, ol belledi.
Putin güman edilýänler boýunça Orsýetiň Britaniýa kömek etjekdigini alamatlandyrýan hiç zat aýtmady. Onuň ýüzüni sapajakladyp eden gürrüňi, bu meselede Orsýetiň kömek etmejekdigini alamatlandyrýan çemeli.
Britan hökümeti bu jübüdi “Nowiçok” atly Sowet zäherini bikanun ýollar bilen atyr gabyna salyp Britaniýa girizmekde, hem-de ony Skripalyň Selizburi şäherinde ýerleşýän öýüniň işigine zyňmakda aýyplaýar. Rus harby razwedkasynyň öňki ofiseri Skripal Selizbury şäherine 2010-njy ýylda Sowuk urşuny ýatladýan içaly almaşmak çäresiniň yzýany gelip ornaşypdy.
Hüjümden soň saglyk ýagdaýy agyrlaşan 67 ýaşly Sergeý Skripal bilen onuň 34 ýaşly Ýuliýa Skripal hassahanada saglygyny dikeltdi.
Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, hüjümçileriň taşlap giden atyr gabyny tapan başga bir jübüdiň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar – olardan Çarliý Rowliýniň saglyk ýagdaýy hassahanada bejergi alandan soň gowulaşdy, ýöne onuň ýoldaşy 44 ýaşly Dawn Sturgess 8-nji iýulda aradan çykdy.
9-njy sentýabrda Britaniýanyň içeri işler ministri Sajid Jawid Britaniýanyň bu iki adamy Russiýadan çykan halatynda dessine ele salyp, jogapkärçilige çekjekdigini aýtdy.
|
Eýran resmisi 11-nji sentýabrda ýüze çykan bu ýagdaýyň derňelýändigini aýdyp, "12 adam keselhana düşdi. Birnäçe sagadyň içinde keselhana düşenleriň sany 39 adama ýetdi" diýip belledi.
1979-njy ýylyň rewolýusiýasyndan soň Eýranda alkogol gadagan edilýär we munuň üçin urlup-ýenjilme jezasy hem pul jerimesi göz öňünde tutulýar.
|
Türkmenistanda geçirilýän mundan öňki köpçülik çärelerinde bolşy ýaly, 9-16-njy sentýabr aralygynda geçirljek “Amul-Hazar” awtorallisine görülýän taýýarlyk işleri hem ýerli ýaşaýajylaryň gündelik durmuşynda bir topar emeli kynçylygyň döremegine sebäp bolýar.
“Şäherdäki býujet işgärleriniň ählisi diýen ýaly ellerine bedre alyp, köçeleriň asfaltlaryny ýörite himiki serişdeler bilen, öýüň poluny ýuwan ýaly, yhlasly ýuwýarlar” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berdi.
“Türkmenabada barýan awtomobilleriň barysy saklanyp, yzyna gaýtarylýar, şähere gatnap işleýän adamlar, keselhanada ýatan näsagyň yzyndan barmak ýa-da saglyk ýagdaýlary sebäpli şähere gitmek zerurlygy çykan raýatlar bu ýagdaýdan örän nägile bolýarlar” diýip, Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.
Dilden berlen görkezmä laýyklykda, ýurt içindäki awia gatnawlarynda hem, emeldarlardan beýleki ýönekeý raýatlar babatynda hereket azatlygynyňçäklendirilmegi tabşyryldy diýip, Azatlygyň çeşmesi bilen anonim şertde gürleşen resmi aýtdy. “Adamlara barjak ýa gitjek ýerine ýaryş geçenden soň gitmek maslahat berilýär” diýip, çeşme aýtdy.
Şeýle-de, çeşmäniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we beýleki ýokary derejeli myhmanlaryň geçjek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gowaça meýdanlarynda “gyssagly defelýasiýa işleri geçirilýär”; gögerip oturan gowaçalaryň şahalaryna goşmaça, emeli we ak-patrak bolup açylan gozalar ýelmenýär.
“Daşdan görseň, ak patrak bolup açylan gozalary görüp, gözüň dokunýar. Olar edil tebigy ýaly, “Bäh, bu ýyl pagta gowy bolupdyr” diýeniňi duýman galýarsyň” diýip, şaýatlar gürrüň berýärler.
"Olaryň düzüminde “Amul-Hazar 2018” awtorallini bilelikde guraýjy fransuz kompaniýasynyň wekilleri, hatarynda Beýik Britaniýadan, Çehiýa Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan meşhur sürüjiler bolan ýaryşa gatnaşyjylar hem-de bu ýaryşlary beýan etjek žurnalistler — umuman, 117 adam bar" diýip, TDH habar berýär.
'Amul-Hazara' taýýarlanýan Türkmenistanda sürüjiler şaýlanýar, hususy ýük ulaglary eýeleriň elinden alynýar
|
Kampaniýanyň bu sanawy şu günler Warşawada ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça geçirýän ýyllyk maslahatynyň çäginde köpçülige mälim edildi.
Hasabatyň awtorlary sanawda 121 adamyň ady görkezilýän hem bolsa, Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim edilen tussaglaryň hakyky sanynyň has köpdügi belleýärler.
"Ýurtda graždan azatlyklarynyň berk basylyşy we daşary ýurtly adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň hem synçyaryň goýberilmezligi göz öňünde tutulanda, çap edilen sanawyň doly däldigini hasaba almaly. Biziň çaklamalarymyza görä, Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň sany ýüzrleçe adama ýetýär" diýlip, kampaniýanyň beýanatynda aýdylýar.
Çäräniň çäginde 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň ombudsmeni Ýazdursun Gurbannazarowa birinji gezek çykyş etdi, emma ol özüniň bu wezipedäki işlerine we ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyna oňyn baha berdi.
Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni Türkmenistanda ýüzden köp adamyň ykbaly nämälim galýar
|
Emma 7-nji sentýabrda gol çeken kararlary we TOPH geçirijisiniň gurluşygyna hemişe gözegçilik etmek barada aýdan sözleri döwlet baştutanynyň nebit-gaz pudagynyň işinden asla kanagatlanmaýandygyny aňladýar.
TDH döwlet baştutanynyň nebit-gaz ulgamynyň işindäki kemçilikler hakynda gürrüň edendigini habar berýär, emma bu diýilýän kemçilikler o diýen anyklaşdyrylmaýar.
TOPH bilen bagly ýagdaýlary ýakyndan synlaýan ekspertler bu proýektiň üstünlikli boljagyna köplenç gümanly garaýarlar we Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri Imran Han golaýda ýurduň eýran gazyny import etmek işini çaltlandyrjagyny syzdyrdy.
Ýerli synçylar ýurtda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän kadr geldi-geçerliginiň pudaklaryň ösüşine kiçi-girim zyýan ýetirmeýändigini belleýärler.
|
Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň asyl maksatlary we onuň ýaranjaňlyk platformasyna öwrülmeginiň sebäpleri baradaky söhbetlerimizi diňlemäge çagyrýarys.
|
Şu günki programmamyzda: Gökdepe metjidiniň ‘owadan görünmegi üçin’ gökdepelileriň jaýlary ýykylýar; Daşoguzda býujet işgärlerini ýatymlaýyn pagta ýygymyna çekmek işleri dowam edýär we beýleki maglumatlary diňläp bilersiňiz.
|
Netanýahu hem jogap berip, “Eýranyň regiondaky agressiýasyny yza serpikdirmek we onuň hiç haçan ýadro ýaragyny edinmezligini kepillendirmek boýunça” özüniň hemişe gepleşige garaşyp gelendigini aýtdy.
Tramp Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan maý aýynda çekilip, ylalaşyk boýunça ýatyrylan sanksiýalary gaýtadan girizdi.
Boltan Ysraýyla sapar etmezden öň Birleşen Ştatlarda “ABC” telekanalyna beren interwýusynda özüniň Eýranyň Siriýadaky gatnaşyklary hakda Ysraýylyň lideri bilen pikir alyşmagy planlaşdyrandygyny mälim etdi. Birleşen Ştatlar bilen Ysraýyl Siriýada barýan raýat urşunda Eýranyň prezident Başar al-Assady goldamagyna bütinleý garşy.
“Birleşen Ştatlaryň maksady, Ysraýylyň maksady – prezident Putin munuň Orsýetiň hem maksadydygyny aýtdy – Eýrany, Eýranyň ýaragly güýçlerini, eýranly söweşijileri, Eýranyň tarapdarlaryny hem Siriýadan, hem-de Yrakdan çykarmak, Eýranyň Hizbullaha berýän goldawynyň soňuna çykmak” diýip, Bolton aýtdy.
Ol Trampyň ýadro ylalaşygyndan çekilip, sanksiýalary gaýtadan girizmegi “Eýranyň ykdysadyýetini kyn ýagdaýa saldy”, Tähranyň Orta Gündogarda “bozgunçylykly işleri amala aşyrmak” ukybyny çäklendirdi diýdi.
Bolton bilen Putiniň howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Petruşewiň duşuşygy iýulda Tramp bilen Putiniň arasynda Helsinkide bolan duşuşykdan soňra ilkinji resmi duşuşykdyr.
|
Dünýä edebiýatynyň iň belli kyssaçylarynyň biri, beýik ýewreý ýazyjysy we akyldary Frans Kafkaň ýazan hekaýasy.
|
“Aziýa oýunlary geçdi, sport desgalarynyň hem bazary sowuldy. Olary indi käte daşary ýurtdan gelen ýokary derejeli adamlara görkezmeseler, ýa-da “Olimpiýa” myhmanhanasynda ýygnak geçirmeseler, başga zada ulanmaýarlar” diýip, ýerli resmi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, “Ýyldyz”, “Oguzkent” ýaly myhmanhanalara ýerli adamlar ýa goýberilmeýär, ýa-da olar türkmen raýatlarynyň gurby ýeterden aşa gymmat.
“Sport mekdepleriniň köpüsinde sport inwentarlary ýetmezçilik edýär, şeýle-de olary gyşyna ýylatmak, tomsuna sowatmak işleri ýola goýulmadyk, iň esasy mesele bolsa, ol ýerlerde çagalar bilen türgenleşik geçer ýaly, ýa-da ýurduň ýygyndy komandalaryny ýaryşlara taýarlar ýaly türgenler, mugallymlar ýetmezçilik edýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sport resmisi Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna aýtdy.
Nyýazowyň inisiatiwasy bilen Aşgabatdaky Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlan otuza golaý myhmanhana uzak ýyllar boş durup, olaryň üçden biri daşary ýurt firmalaryna ofis jaýy hökmünde berildi, käbiri daşary ýurt ilçihanalarynyň goşmaça ofisine öwrüldi diýip, Aşgabatdaky çeşme habar berýär.
Ykdysady kynçylyklardan kösenýän ýurtda, prezident Parfiýa şalarynyň köşklerine meňzeş otel gurdurýar
Bahasy azyndan 5.5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherjiginiň ýaşaýyş jaýlary indi ministrliklere, pudaklara geçirilýär
|
Özbegistanyň Zor TW telekanalynyň Real Hit atly proýektiniň 9-njy awgustda Daşkentiň Aşgabat seýilgähinde geçiren pikir soraşygyna gatnaşanlaryň saýlan iň gowy 13 aýdymçysynyň arasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow girdi.
|
Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň bir maşgalasy 16 ýaşly gyzyny 70 ýaşly bir goja, 14 müň dollara bermäge razy bolupdyrlar. Gyz muny islemese-de, başga alajynyň ýokdugyny aýdýar. Gyzy aljak bolýan goja häzirlikçe gerekli puly toplap bilmändir.
|
Ähli derýalar deňze akýar, emma deňiz dolmaýar. Derýalar täzeden akmak üçin öz akýan ýerine dolanýarlar.
|
«Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bananlaryň ilkinji hasylyna garaşýarlar. Geçen ýylyň sentýabrynda biziň ýurdumyz üçin täsin nahallar Türkiýeden getirildi. Ýörite olar üçin Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda bir gektar meýdanda beýikligi 8,6 metre barabar bolan ýyladyşhana guruldy.
TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary bilen bilelikde kislota almagyň tehniki düzgüni işlenilip taýýarlanyldy. Golaýda himiýaçylar ýörüte «Ak Sili» HK üçin hlorowodorodyň suwdaky ergininiň esasynda energetikada we beýleki pudaklarda ulanylýan ýylylyk alşygy hem-de ýyladyş enjamlarynyň daşyndaky duz we demir oksidli gatlaklary aýyrmak üçin olary ýuwup aýyrýan ergin almagyň tehnologiýaýasyny işläp taýýarladylar. Mundan başga-da, ol mermerdäki, granitdäki we beýleki ýerlerdäki hek örtügini aýyrmakda, şeýle hem nebitli guýylaryň düýbüni arassalamakda ulanylýar. Ýaňy-ýakyna çenli bu reagent daşary ýurtlardan satyn alynýardy.
|
Türkmenistanda hem ýurduň ykdysadyýeti on ýyldan gowrak şol bir adamyň kontrollygynda. Emma dollaryň häzirki gymmatlamasy we manadyň nobatdaky hümmetsizlenişi, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirlerine görä, ýetip gelýän Gurbanlyk baýramy bilen bagly.
Onuň sözlerine görä, gurbanlygy hemme kişi, ýagdaýy bolsa-bolmasa, etmäge çalyşýar, sebäbi hiç kimiň ilden kem bolasy gelmeýär. Özüň goňşularyň, dogan-garyndaşlaryň we tanyşlaryň gurbanlygyna baryp, nahar iýip, soň olary öz sadakaňa çagyryp bilmeseň, diňe seniň özüň üçin däl, çagalaryň üçin-de utanç bolýar.
- Her etrapda 3-4 adamy gözegçi edip goýýarlar, emma olar söwdagärleriň ýüzüne seretmegä hem utnaýar, “Iýen agyz uýalar diýleni” - diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
|
Mundan öň, 11-15-ni sentýabr aralygynda Garagum çölüniň içinden Amyderýanyň we Hazar deňziniň aralygyndaky uzynlygy 1 müň 571 kilometrlik giňişlikden geçýän rallä türkmen lideriniň gatnaşjakdygy, bu barada oňa ýörite şahadatnamanyň hem gowşurylandygy habar berlipdi.
Azatlyk Radiosynyň Lebap, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndaky habarçylary we söhbetdeşleri ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan uly ähmiýet berilýän bu halkara çäresine görlen taýýarlyklara agzalan welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň giňden çekilýändigini habar berdiler.
Häzirki wagt Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri awtoralliniň geçjek ýollarynda we olaryň töwerek-daşynda arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işlerini geçirýärler. Şeýle-de, ýurduň welaýatlarynda medeni, aýdym-saz toparlary ralliniň geçýän ýolunyň ugry boýunça uly şowhun döretmek üçin mejbury çärelere çekilýärler.
Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, awtorallä görülýän resmi taýýarlyklar ýerli ilat üçin uly kynçylyk döredýär, şol sanda ýollar petiklenýär hem ilatyň hereket etmek mümkinçiligi çäklendirilýär.
Ralliniň jemleýji tapgyry geçmeli Balkan welaýatynyň häkimiýetleri aýyň 13-15-i aralygynda, ýagny üç günüň dowamynda Türkmenbaşy şäherine barýan ýollaryň ýapyk boljakdygyny duýdurdylar.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosy bu halkara çäresine görülýän resmi taýýarlyklaryň dowamynda häkimiýetleriň ýük we gurluşyk awtoulaglaryň eýelerinden olaryň hususy ulaglarynyň bu çäre üçin talap edýändigi habar berlipdi.
|
“Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän gury ýer goşunlary polkunda gulluk edýän agtygymyň saglygyny örän alada edýärin” diýip,Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy Gülaýym Babaýewa (ady üýtedildi) Azatlygyň çeşmesi bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Bu ýagdaýy Azatlygyň Aşgabatdaky, Lebapdaky çeşmeleri hem tassyklaýar. Ozal esger ogullarynyň yzyndan azyk önümlerini elten ýa-da başga adamlardan pul iberen ene-atalar indi bu işi edip bilmeýändiklerini, sebäbi durmuşyň barha gymmatlaýandygyny, elleriniň bolsa aýdan-aýa ýukalýandygyny gürrüň berýärler.
Emma bu ýagdaý ýurtda prezident çalşandan soň üýtgedi we türkmen goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan gowulandyrylýandygy habar berildi. Emma muňa garamazdan, soňky bir ýylyň dowamyndatürkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiliginiň tas kada öwrülip barýandygy hakynda maglumatlar gelip gowuşýar.
Emma halk içinden, anyk adamlardan we ogullary goşunda gulluk edýän ene-atalardan gowuşýan maglumatlar, S.Nyýazowyň döwründäki ýaly, esgerleriň ýene-de hususy adamlaryň hojalyklarynda işledilip başlanandygyny tassyklaýar. Munuň üçin ofiserler bilen gürleşip, soralýan puly bermek ýeterlik, esgerler bolsa hojalyklarda gowurak naharlanmak umydynda bolup, beýle işe höwes bilen gidýär diýip, aşagabtly ýaşaýjy oglunyň gulluk edýän ýerine baryp geleninden soň gürrüň berdi.
|
“Sinjiangda alnyp barylýan repressiýa kampaniýasy Hytaýyň bu kemsitmeleri bes etmegi üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen beýleki hökümetleriň onuň garşysyna sanksiýa girizip-girizmezligi hakda esasy synag bolup durýar” diýip, Riçardson aýtdy.
Üstümizdäki ýylyň başlarynda Gazagystana gaçyp gelen Hytaý raýaty bir gazak zenan günbatar Hytaýda “gaýtadan tälim beriş lagerleriniň” bardygy hakda kazyýetde çykyş etdi. Ol müňlerçe gazagyň bu ýere ýygnalýandygyny we olara “syýasy indoktrinasiýa” berilýändigini aýtdy.
|
11-nji sentýabrda Nangarhar welaýatyna edilen hüjümden soň, ýaşaýjylar hüjümçilere garşy şygarlary gygyrýarlar.
|
Britan, fransuz, italýan we german uçarlary Günbatar Ýewropanyň ýokarsynda, NATO manýowrlarynyň çäginde rus uçarlarynyň ýaranlygyň howa giňişligine girmeginiň öňüni alyş tälimlerini geçirdiler.
Bu tijenme Orsýet bilen Günbataryň arasynda Moskwanyň Ukrainadaky we Siriýadaky hereketleri we Birleşen Ştatlardaky we ýewropa ýurtlaryndaky saýlawlara gatyşmasy diýilýän bilen bagly dartgynlyklaryň erjellik bilen ýokarlanýan wagtynda bolýar.
Ýaranlygyň söweş uçarlarynyň NATO türgenleşiklerine gatnaşan pilotlary Belgiýanyň harby transport uçarynyň Ispaniýa barýan ýolda saklanylyşyny sahnalaşdyrdylar. Görnüş gözegçilikleri uçarlaryň sagatda 900 kilometr tizlikde uçmagynda amala aşyryldy.
"NATO aktual, iş ýüzünde, teoretiki däl” diýip, Ispaniýanyň Harby-howa güýçleriniň general leýtenanty Ruben Garcia Servert belgiýa uçarynyň bortunda aýtdy.
Onuň gürläp duran wagty italýan ýewrosöweşijileri uçaryň ekipažynyň kabinasynyň alkymyndan öwrüm edip, uçaryň togtadylyşyny sahnalaşdyrdylar we biraz soň olara britan “tupanlary” we fransuz “salgymlary” hem goşuldy.
NATO-nyň ýewropa agazlary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýaranlaygyň agzalaryny ýeterlik maliýe goşantlaryny etmezlikde tankytlaýan wagtynda özleriniň goranyş meselelerine ygrarly çemeleşýändiklerini görkezmäge çalyşýarlar.
Häzir her döwlet öz howa giňişligini goraýar, şol bir wagtda baltika döwletleriniň howa giňişligini goramaga beýleki döwletler hem kömek edýär, sebäbi olaryň özleriniň ýeterlik söweş uçary ýok.
NATO oktýabr we noýabr aýlarynda Norwegiýada “Trident Juncture” türgenleşikleri ady bilen özüniň 16 ýyl içinde iň uly harby manýowrlaryny geçirmegi planlaşdyrýar.
Bu türgenleşiklere 40 müňden gowrak harby gatnaşyp, olaryň içinde NATO agzasy bolmadyk Finlandiýanyň, Şwesiýanyň hem käbir goşunlary bolar.
|
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen kitaplaryň dördüsi GDA ýurtlarynyň “Kitap sungaty” 15-nji halkara bäsleşiginiň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy diýip, TDH 10-njy sentýabrda çap eden habaryny ýene bir gezek gaýtalady.
Mundan öň TDH “Meniň ýurdum” nominasiýasy boýunça abraýly bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna “Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň – ýagny G.Berdimuhamedow hakyndaky eseriň hem girendigini habar beripdi.
Şol bir wagtda Türkmenistanda okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigi, onlarça ýazyjynyň adynyň “gara sanawa” girizilip, kitaplarynyň asla çap edilmeýändigi aýdylýar.
|
Germaniýanyň “Bild” gazeti 15-nji sentýabrda 30 ýaşyndaky Werzilowyň Berlinde ady aýdylmaýan bir hasshanada ýerleşdiriljekdigini habar berdi. Maşgala agzalary näsagyň gözleriniň görmeýändigini, dilden we ýöremekden galandygyny, emma huşuna gelendigini aýdýarlar.
“Men onuň bilkastdan zäherlenendigine şübhelenmeýärin, bu ony gorkuzmak ýa öldürmek üçin edilen bolmaly” diýip, “Bild” dissidentiň öňki aýalynyň sözlerini sitirledi.
|
Mundan iki hepde owal Stambulyň Awjylar diýen ýerinde Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherçesiniň ýaşaýjysy bolan migrant zenanyň gije öýüniň ýanynda pyçaklanyp öldürilendigi habar berilýär.
Bu jenaýat bilen baglanşykly Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesinden türkmenistanly zenanyň pyçaklanyp ýaralanandan soň demini sanap ýatyrka düşürilen wideo şekili gelip gowuşdy. Wideo şekil ýaşlaryň ýanyndaky türk raýatlary tarapyndan ýazga alynypdyr. Wideoda Ýagmyr atly oglanyň ýaraly söýgülisine türk dilinde “Dilfuza, dem al, söýgülim” diýip ýüzlenýändigi we "Tiz kömek nirede“ diýip, gygyrýandygy eşidilýär.
Merhumyň Stambulda işleýän hossarlary we tanyş-bilişleri Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürrüňdeş boldy. Olaryň beren maglumatyna görä, ýaşlaryň ikisi hem Magdanly şäherçesiniň ýaşaýjysy we Stambulda işleýärler. Oglanyň ady Ýagmyr, gyzyň ady bolsa “Dilfuza” lakamyny ulanan Ýulduz Imamkulowa. Ol 33 ýaşynda.
|
Bill Geýtsiň kitap okamagy söýýändigi hiç kim üçin gizlin syr däl. “Microsoft” firmasynyň döredijisi her agşam kitap okaýar. Ol öz blogunda ýüzlerçe kitap hakda garaýşyny beýan edýär. Özi hem halaýan kitaplarynyň sanawyny häli-şindi paýlaşýar. Geýts, esasan özüne durmuşa başgaça seretmäge we dünýägaraýşyny kämilleşdirmäge kömek edýän kitaplary saýlap alýar.
“Bu kitaplaryň ählisi maňa täze dünýäniň gapylaryny açdy. Uilýam garyplyga we ýokanç kesellere garşy göreşmek islegini maňa hem ýokuşdyrdy” diýip, Geýts ýazýar.
Geýts fondunyň gyzdyrmany ýer ýüzünden ýok etmek ýaly beýik maksadynyň aňyrsynda onuň özünde jemgyýetiň saglygy barada soň dörän gyzyklanmasy ýatýar. Geýtsiň bu ugra bildirýän gyzyklanmasy diňseň güýçli. Ol bir gezek 2009-njy ýylda geçirilen TED ylmy ýygnagynda bihabar oturan märekäniň üstüne bir topar çybyny uçuryp goýberipdir. Ol şeýle etmek bilen adamlara jemgyýetiň saglygynyň her birimizi biynjalyk etmeli meseledigini düşündirmek isläpdir. “Munuň diňe garyp adamlaryň duçar bolmagy üçin hiç hili sebäp ýokdyr” diýip, Geýts aýdýar.
Tehnologiýa ägirdi, ABŞ-nyň dünýäde saglygy saklaýyş ugrunyň kämilleşmeginde has uly rol oýnamagynyň gerekdigini öňe sürýär. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2017-nji ýylda döwletiň daşarky kömeklere berýän býujet paýynyň 31% kemeldilmegini teklip edende, Geýts şeýle diýipdi: “Men Amerikanyň dünýädäki garyplaryň saglygy we abadançylygy üçin maýa goýmagyna esasy tarapdarynyň biri. Ýöne gynansagam käbir adamlar başgaça garaýyşda”.
Onuň öňe sürmegine görä, “dünýäde haýsam bolsa bir ýerde adamlaryň ýagdaýy gowulananda hemmämiz üçin ýagşy bolar”.
“Ýüze çykan ýagdaýlara ynanar ýaly däl. Bütindünýä saglygy saklaýyş meselesi ylmyň ahyrky garaňky otaglarynda galypdy. Ol ýere barmak isleýänler öz ýoluny özi gözläp tapmalydy. Häzir bu ýagdaý düýpgöter üýtgedi we bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda ol yzly-yzyna birnäçe okuw jaýynda iň meşhur ugurlaryň birine öwrüldi” diýip, Foik aýdýar.
|
Türkiýäniň syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýanyň Belek etrabynda golf spordy üçin döwrebap meýdançalar bar
|
“Daşoguz welaýatynda gyzyň galyňy üçin alynýan puluň iň az möçberi 30 müňden başlanýar we ol 50-60 müňe çenli dowam edýär. Toýhana arendasy üçin alynýan puluň möçberi hem iň arzany 25 müňden başlanyp, 60 müň manada çenli ýetýär. Bular iň uly çykdajylar, mundan başga-da ownuk-uşak ençeme çykdajy bar. Köp maşgalalar karz alyp, bu zatlary etjek bolýarlar. Netijede, toýdan soň täze çatynjalaryň arasynda dawa-jenjel hem döreýär. Soňky döwürde ýaş çatynjalaryň iki aýa ýetmän aýrylyşýan halatlary hem aşa köpeldi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi sözüni jemledi.
“Adamlar durmuş ýa-da beýleki toýlaryna biri-birinden köp adam, has köp aýdymçy aý-da sazandaçy çagyrjak bolup ýaryşýarlar. Gyzlar “meniň galyňym ýa-da gyzylym köp” diýmek üçin galyňy biri-biriniňkiden has köp saljak, gyzyl spisogynam has köp ýazjak bolup ýaryşýarlar. “Adamlaryň betbagtçylygy öz mümkinçiliginden artykmaç ýaşajak bolýarlar. Şolam admalary garyplyga, horluga getirýär” diýip, öň biri aýypdyr. Şu dogry aýdylan söz. Ýurtda ykdysady kynçylyklaryň has ýiti duýulýan, hemme zadyň gymmatlaýan wagty uly toýlar köp adamlaryň betbagtçylygyndan başga zat däl” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 800 manada barabardygyny hem ýatladýar.
Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri uly toýlaryň ilata ýetirýän täsirleri barada ýaşulularyň gatnaşmagynda oba geňeşliklerinde, ýokary okuw jaýlarynda ýa-da mekdeplerde gepleşikleriň geçirilmelidigini we munuň adamlaryň durmuşyna agram salman, başgaça nädip guramalaşdyryp boljakdygy barada maslahat edilmelidigini aýdýarlar.
Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik bankynyň resmi websahypasynda toý çäresini geçirmek maksady bilen berilýän “Toý karzynyň” möçberiniň 30 müň manada çenli ýetirilip bilinýändigi, karzyň gaýtarylmaly möhletiniň 3 ýyldygy we göterim derejesiniň ýyllyk 14 % - digi aýdylýar.
Ýöne durmuş toýuny tutjak ýaşlar bu “Toý karzyny” alsa, onda olar ýaş çatynjalar üçin göz öňünde tutulan beýleki ýeňilliklerden, meselem, jaý ýa-da mellek ýerini ýeňilleşdirilen görnüşinde almak mümkinçiliginden peýdalanyp bilmeýärler. Başgaça aýdanymyzda, toý etjek ýaşlar ýa-da toý eden ýaş çatynjalar döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan ýeňillikleriň diňe birinden peýdalanyp bilýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda ilat köpçüligine maglumat bermeýärler. Şeýle-de, ýurduň Döwlet statistika gullugy hem, her ýyl durmuş toýuny tutýan ýa-da aýrylyşýan raýatlaryň sany baradaky statistiki maglumatlary köpçülige ýetirmeýär.
|
Gazagystanyň paýtagty Astanada ýerleşýän we 2014-nji ýylda açylan Milli muzeý şäheriň Gazak ili meýdanynyň, Garaşsyzlyk köşküniň, Hezret Soltan metjidiniň we Amaly haşam sungatlary uniwersitetiniň ýerleşýän etrapçasynda ýerleşýär.
|
2010-njy ýylyň Senýabr aýynyň 1-da Aşgabatdaky Buzlu köşgiň golaýynda Lukançylyk Uniwersitetiniň täze binasy açyldy. [6]
|
Saýlaw kampaniýasy döwründe Patten “Waziriň bosgun hökmünde syýasy tejribesiniň azlygy onuň saýlawda üstünlik gazanmak mümkinçiliklerine zeper ýetirip biler” diýipdi.
|
Gepleşigiň bu sanyny Türkmenistanda ÝOJ-na girip bilmedik ýaşlaryň geljek ykballaryna gönükdirýäris.
|
Russiýanyň 73 aýry sebitinde ýüz müňlerçe adamyň gatnaşmagynda “Russiýanyň Lyža trassasy 2018” çäresi geçirildi
Russiýada ýaşaýan köp sanda lyžaçy şu ýyl 36-njy gezek geçirilýän “Russiýanyň Lyža trassasy 2018” çäresine uly gyzyklanma bildirdi.
Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putin ýüzlenme çap edip, çärä gatnaşan 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli ähli adamlary sagdyn ýaşaýyşy saýlandyklary üçin gutlady.
|
Daşoguz welaýatynda 3-5 ýaş aralygyndaky erkek çagalary sünnet etmek möwsümine girişildi diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim ýagdaýda habar berýär.
2011-nji ýylda Bütindünýä saglyk guramasy, BMG-niň degişli edaralary dünýäniň käbir ýurtlarynda, hususan-da Afrika ýurtlarynda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, hem-de gigiýena taýdan arassaçylyga goşýan goşandyny nazarda tutup, erkekleriň meýletin sünnet edilmegine howandarlyk edýän programmalary durmuşa geçirdi.
|
Putin halkara jemgyýetçiliginde, hususan-da Günbatar ýurtlarynda, Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi, şeýle-de ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly repressiw howa döretmekde ýiti tankyt edilýär.
Energiýa boýunça bilermenler, Konwensiýanyň Trans-Hazaryň gurluşygyna diňe Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda girişmäge ýol açýandygyny aýdýarlar.
Putiniň 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabr güni Aşgabada eden saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda “Strategik hyzmatdaşlyk” boýunça Şertnama gol çekildi.
Iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasy 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyndan ýüz öwürmegi bilen bes edildi.
|
Tekstiň standart sahypasy diýlip 1800 şekil (boşluk bilen) ýerleşýän tekste diýilýär.Standart sahypa terjime üçin tekstiň göwrümi hasaplanylanda we tejrimäniň bahasy we işiň ýerine ýetiriş wagty kesgitlenende ulanylýar.
|
Ak Tam tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Tramp: "Aýalym Melani we men ABŞ-däki we dünýäniň ähli ýerindäki musulmanlary baýramlary bilen gutlaýarys" diýdi.
Oraz aýynyň bir täzelenmek aýydygyny aýdan Tramp: "Bu baýramçylykda töweregimizi gurşap alan parahatçylyk we gowy niýet ruhunyň ýylyň ahyryna çenli dowam etmegini dileýäris" diýip belledi.
|
Ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek meseleleri Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy, ol halkyň durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar, bularyň ählisi iri taslamalaryň birnäçesiniň – suwy arassalamak boýunça kärhanalaryň, suw howdanlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda iş ýüzünde amala aşyrylýar.
Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň günorta çetinde, Türkmenabadyň halkara aeroprtuna barýan gara ýoluň ugrunda täze ýaşaýyş jaý toplumy peýda boldy. Ýaňy-ýakynam bu ýerlerde çägeleri ýel sürüp, Gün nury ýakyp barýardy. Indi bolsa toplumlaýyn özgertmeler maksatnamфsynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ýerleri gül-pürçüge bürenen ýere öwrüldi.
Täze ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi oňaýlyб hersi 40 öýli 4 gatly jaýlaryň 22-si bar. Binagärlik ýörelgelerinde milli tilsimler ulanylypdyr. Toplumyň gurluşygyna döwlet gurluşyk guramalary we hususy kärhanalar gatnaşdylar.
16.05.2018. Milli baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň obasenagat ulgamynyň kärhanalarynyň birbada ikisi işe girizildi. Mary etrabynda guşçulyk, Murgap etrabynda iri maldarçylyk toplumlary ulanmaga berildi.
|
I.ORAZOW: Hakykatdan hem, biziň wekiliýetimiziň sapary dürli derejedäki ýolbaşçylar bilen duşuşyklara, EKOSOS-nyň howandarlygyndaky forumyň çäklerinde geçirilen gepleşiklere we beýleki çärelere baý boldy. Geliň, bu wakalar barada ýatlap geçeliň.
M.ATAÝEW: Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň agzalary BMG-niň çäklerinde, forumyň açylyş dabarasyndan soň, duşuşyklaryň ikisini – BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky býurosynyň baştutany jenap W.Woronkow hem-de ÝUNISEF-niň bilim meseleleri boýunça ýerine ýetiriji direktorynyň kömekçisi hanym J.Born bilen duşuşyklary geçirdi. Şol günüň ertesi Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Lýu Ženmin, BMG-niň EKOSOS-nyň başlygy hanym M.Çatardowa hem-de Baş sekretaryň kömekçisi we UNFPA-nyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary jenap D.Wordofa bilen duşuşyklar geçirildi.
M.ATAÝEW: Şonda Türkmenistanyň wekilleri Irlandiýanyň howanyň üýtgemegi, aragatnaşyk we energetika meseleleri boýunça ministri jenap D.Noýten bilen duşuşdylar, wekiliýetimiziň ýolbaşçysy — ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bolsa Syýasy forumyň Ministrler derejesindäki umumy pikir alyşmalarda hem-de “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly durnuklylygy gazanmak: Merkezi Aziýada işlemegiň täze usullary” mowzugy boýunça çärede çykyş etdi. Saparyň jemleýji dördünji gününde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň wekilleriniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Administratory jenap A.Ştaýnerem bilen, wekiliýetimiziň ýolbaşçysynyň bolsa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyklary geçirildi.
S.JEPBAROW: Şu duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berendigini, biziň ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň netijeli häsiýete eýedigini belländigini aýtmalydyrys. Munuň özi howpsuzlygyň, bosgunlaryň we migrasiýanyň örän wajyp meselelerini çözmek, sebit we milli derejede terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň alyp barýan işleri we beýlekiler bilen baglanyşyklydyr.
I.ORAZOW: Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi barada milli syny taýýarlamak boýunça hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasynyň kabul edilendigini aýtmak isleýärin. Onuň çäklerinde DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy düzümleriň — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda hereketleriň esaslarynyň döredilmegini göz öňünde tutýan hukuk resminamasy taýýarlanyldy. Ýylyň ahyryna çenli DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň Hasabatynyň taslamasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
I.Orazow: Şondan öň, 2010-njy ýylyň sentýabrynda “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini döretmäge gönükdirilendir; agyz suwunyň hiline we onuň adamyň saglygy üçin howpsuzlygyna, agyz suwunyň çeşmeleriniň goralmagyna we olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga bolan döwlet talaplaryny kesgitleýär; agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we hapalanmakdan, zaýalanmakdan hem-de azalmakdan ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de işlemeginiň we agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.
S.Jepbarow: “Hemmeler üçin energiýanyň arzan, ygtybarly durnukly we döwrebap çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek” diýen 7-nji maksady amala aşyrmak barada aýdylanda mugt tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan peýdalanýan ilatymyzyň eýe bolan ýeňillikleri hakynda maglumat berilmegi göz öňünde tutulýar. Bu bölüme “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzda ilatyň elektrik we gaz üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny degişli etmek gerek.
B. Gurbanlyýew: 2017-nji ýylda Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde saýlanyldy. 2017-nji ýylyň 28 — 29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisinde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi, ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň gün tertibiniň 19-njy (i) bölümi boýunça resminama hökmünde ýaýradyldy.
S.Jepbarow: 2016-njy ýylyň tomsunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze obalaryň—Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynda Bagtyýar zaman obasynyň, Lebap welaýatynda Berkarar zaman obasynyň hem-de Mary welaýatynda Döwletli zaman obasynyň açylyş dabaralary “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylmagynyň ajaýyp beýanyna öwrüldi.
B.Gurbanlyýew: Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek strategiýasyny nazara alanyňda örän möhümdir, çünki olar täze desgalaryň we taslamalaryň daşky gurşawyň ýagdaýyna mümkin bolan ýaramaz täsiriniň öňüni almak, meýilleşdirilýän hojalyk işiniň tebigaty goramak hakynda Kanunlaryň talaplaryna laýyk gelmegine baha bermek maksadynda döwlet ekologiýa seljermesiniň ölçeglerini ýokarlandyrýar. Senagat önümçilikleriniň galyndysyz işlemegi, hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna hem-de suwuň ýüzüne (şol sanda deňiz suwuna) zyňylmagynyň aradan aýrylmagy, galyndylaryň azalmagy we beýlekiler senagat önümçilikleriniň ekologiýalylygynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.
S.Jepbarow: Men DÖM boýunça ýurdumyzda çäreleriň — “Gury ýerleriň ekoulgamlaryny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli ulanylmagyna ýardam etmek, tokaýlary netijeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň gurpsuzlanmagyny bes etmek we yza gaýtarmak hem-de biodürlüligiň ýitmeginiň öňüni almak” diýen 15-nji maksadynyň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýetiň berilýändigine üns bermek isleýän. 2017-nji ýylda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde agaç nahallarynyň we bezeg ösümlikleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça çäreler görüldi. Şunuň bilen birlikde, bioköpdürlüligi aýawly saklamak hem-de öri meýdanlaryň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
B.Gurbanlyýew: Türkmenistanda ýer serişdelerini goramak maksady bilen, degişli ugurda agrotehniki we agromelioratiw işleriniň toplumy—täze özleşdirilýän we gurplandyrylýan ýerlere ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşyklaryny ornaşdyrmak işleri amala aşyrylýar, munuň özi ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrýar, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrýar, himiýa serişdeleriniň ulanylýan möçberlerini azaldýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň toplumlaýyn taslamasy ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, öri meýdanlary şor zeý suwlarynyň basmagynyň öňüni almak, Amyderýanyň suwunyň hilini ýokarlandyrmak meselesini çözmäge gönükdirilendir.
|
Azerbaýjanyň energetika ministrliginde habar berlişi ýaly, mejlisiň anyk senesi ýakyn günlerde mälim ediler.
«Günorta gaz geçelgesiniň» Konsultatiw geňeşiniň birinji mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji fewralynda, ikinjisi – 2016-njy ýylyň 29-njy fewralynda, üçünjisi – 2017-nji ýylyň 23-nji fewralynda geçirildi.
«Günorta gaz geçelgesi» taslamasy ÝB-niň geljegi uly taslamalarynyň biridir. Ol Hazar sebitinden Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa 10 milliard kub metr azerbaýjan gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar.
|
Siziň ýükleriňiziň Türkmenistany Russiýa, GDA, Aziýa we Ýewropa döwletleri bilen birleşdirýän esasy eksport-import ugurlary boýunça daşalmagyny ýola goýmaklygy teklip edýäris. Siz teklip edilýän hyzmatlaryň tutuş toplumyny, şeýle hem hersini aýratynlykda saýlap bilersiňiz. Dowamyny oka »
|
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde dowam etdirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyň başyndan bäri 1715 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi
|
Ähwaz şäherinde Eýran ilatynyň bir toparynyň mozdur terrorçylarynyň elleri bilen şehit edilmekleriniň ajy we gynandyryjy hadysasy,ýene bir gaýtar Eýran milletiniň duşmanlarynyň gara ýürekli .we habysdyklaryny äşgär etdi
Türkmenistanyň häkimiýetleri BMG-nyň adam hukuklary boýunça işçi toparynyň 2018-nji ýylyň maýynda beren 191 rekomendasiýasynyň 19-syny yzyna gaýtardy. Bu barada adam hukuklary boýunça Ženewada 10-njy sentýabrdan 28-nji sentýabrda çenli aralykda geçirilýän 39-njy sessiýanyň maglumatlarynda aýdylýar diýip,Fergana saýty habar berýär.
|
Biziň kompaniýamyzyň esasy wezipesi ýüküň gidýän ýoluny ýönekeý düzmegiň çäklerinden çykýan häzirki zaman logistik çözgütleri ösdürmek bolup durýar. «Tekiz Yol» — munuň özi logistikanyň ähli ugurlary boýunça maglumaty özüne ýygnaýan bütewi ulgamdyr. Bu ulgamy öz täjirçiliginiň ösmegine gyzyklanýan her bir adam peýdalanyp biler we peýdalanmalydyr.
Biziň esasy logiki maksatlarymyz ýük daşamalarynyň çygryny hemmetaraplaýyn gurşap almaga gönükdirildi. Biz ulag ýük daşamalarynyň çygrynda bazaryň toplumlaýyn monitoringi, hususan-da bolsa daýanyp boljak päk ýürekli ýük daşaýjylary agtarmak, şeýle hem ýük eýeleriniň binýadyny düzmek bolup durýar. Bu maglumaty seljerip, ulag ýük daşamalarynyň amatly we gysga ugurlaryny seçip almak babatda bar bolan logistik ulgamlary gowulandyryp bolar.
Biziň «Tekiz Yol» kompaniýamyz ýanynda bolmak hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýär. Biz ýük daşamalarynyň ugruny dogry seçip almaga, ammar jaýlaryny seçip almaga, şeýle hem gowy hilli işleýän ýük daşaýjylary tapmaga kömek berýäris. Biziň kompaniýamyz döwür bilen hemişe aýakdaş gidýär we bizde her gün bize logistikanyň we ýurdumyzyň geografiýasynyň salgy berýän wezipeleri üçin täze çözgütler peýda bolýar.
|
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar.
220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg bildirýän ýaryşyna gatnaşyp bilerler.
Ýerine ýetiriji komitet raýatlary Aşgabat şäherinde geçiriljek sport oýunlaryna tomaşa etmäge höweslendirmek üçin sport ýaryşlarynyň petek bahalarynyň ulular üçin 7 we 10 manatdan, 14 ýaşdan kiçi bolan çagalar üçin tölegsiz boljakdygyny tassyklady.
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Aşgabat 2017 Türkmenistanyň ilaty üçin aýratyn waka bolar. Biz adamlaryň halkara ýaryşa tomaşa etmek we biziň türgenlerimizi goldamak üçin ajaýyp mümkinçiligi elinden gidirmän peýdalanmagyny isleýäris” diýip belledi.
Petekler Aşgabat şäheriniň çäginde 8 sany petek satuw nokatlarynda we beýleki welaýatlaryň çäginde 6 sany petek satuw nokatlarynda satylar. Bu Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin döwrebap Olimpiýa şäherjigine baryp görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Her petekde eýesiniň ady ýazylar. Petek satyn almak üçin hakyky pasporty ýa-da şahsyýeti tassyklaýan resminamany görkezilmelidir.
|
Ýewropada rasizm we islamafobiýa gün saýyn ýaýbaňlanýar. ÝB-niň esaslandyryjy ýurdy Germaniýada Nasional Sosialistiň geçmişinde şuňa meňzeş etabyň nähili ýagdaýda alnyp barylandygy görülýär. Germaniýada rasizmiň we islamafoiýanyň adaty ýagdaýa gelmäge başlan günlerinde başdan geçirlen Mesut Özil skandaly we Germaniýanyň Milli ýygyndy futbol komanfasynyň türgeni Mesut Öziliň Germaniýanyň milli ýygyndysyndan aýrylmagy rasizmiň we islamafobiýanyň ýeten derejesini görkezýän esasy wakalardan biridir.
Germaniýanyň Milli ýygyndy futbol komandasynyň Russiýada geçirlen dünýä kobugynyň toparara bäsleşiklerinde ýeňilmegi habaryny Germaniýanyň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Mesut Öziliň suraty bilen bermekleri we Germaniýanyň Futbol Federassiýasynyň başlygy Reinhard Grindeliň Germaniýanyň milli ýygyndy futbol komandasynyň dünýä kobugynda ýeňilmeginiň esasy jogapkäri hökmünde Mesut Özili görkezmegi dartgynlygy has-da möwjetdi. Mesut Özil Prezident R. T. Erdogan bilen aldyran suratynyň öňüsyrasynda hem Umra ziýaratynda aldyran suratlary sebäpli rasisit hüjümlere we kemsitmelere sezewar bolupdy.
Aslynda Mesyt Öziliň Twitter arkaly iňlis dilinde çap eden ýüzlenmesi, Germaniýada rasizmiň we islamafobiýanyň ýeten derejesini açyk aýdyň görkezýär.
Mesut Özil jarnamasynda Germaniýadaky rasisme ünsi çekýär we kalbynyň Türkiýe hem-de Germaniýa üçin urýandygyny aýratyn belleýär. Öziliň Germaniýa üçin futbolda gazanan üstünliklerine garamazdan Prezident Erdogan bilen aldyran suraty sebäpli rasist hüjümlerine sezewar bolandygyny açyk aýdyň beýan etmegi, aslynda Germaniýada ýaşaýan türkleriň garaýyşlaryny we duýgularyny hem beýan edýär. Germaniýada ýaşaýan asly türk bolan nemes raýatlary Mesut Özile güýçli goldaw berip ony gahryman ýaly gutladylar.
Öziliň jarnamasy Germaniýada ýaşaýan türkleriň we musulmanlaryň sesi bolan we olaryň garaýyşlaryny we duýgularyny beýan eden bolsa-da, näme üçin bir futbolçynyň we näme üçin bir halk deputatynyň türk we musulman azlygyň garaýyşlaryny we duýgularyny beýan etmeýändigi soragy ünsleri özüne çekýär. Germaniýanyň mejlisindäki asly türk halk deputatlarynyň we Germaniýadaky syýasy partiýalaryň türk we musulman azlygyna wekilçilik edip bilmezligi, dertlerine derman bolmazlyklary Germaniýa üçin esasy mesele. Bir tarapda rasizm we islamafobiýa gün saýyn möwjeýärkä, beýleki tarapda Germaniýadaky türklere we musulmanlara wekilçilik edýän halk deputaty ýok. Şol sebäpli hem Germaniýada ýaşaýan türkleriň we musulmanlaryň hukuklaryny goramak we olara goldaw bermek üçin Türkiýe Germaniýada has täsirli we aktiw syýasat alyp barmaly. Türkiýe Germaniýadaky türkler we musulmanlar üçin göreşmeli. Türkiýe Germaniýadaky türklere we musulmanlara ruhy taýdan goldaw berjek we hakykatlary açyk aýdyň beýan etjek Mesut Özilleriň sanynyň köpelmegi üçin tagalla etmeli.
|
Siziň Alyhezretiňizi, Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ajaýyp ýeňişiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň Alyhezretiňiziň bu ýeňişi ene bir gezek Siziň halkyň arasyndaky beýik abraýyňyzy görkezdi. Şeýle öňden görüji we adalatly syýasatçy ýurduň başynda bolsa şeýle ýurduň halky hemişe bagtyýar we ruhybelent boljagy şübhezisdir.
Türkmenistanyň dünýä derejesindäki ýokary abraýy, içeri we daşary syýasatda gazanan üstünlikleri hem-de daşary ýurtlar bilen ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi bularyň ählisi Siziň konstruktiw syýasatlaryňyzyň ähli umumy ykrar edilmegidir. Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda ýurtda uly özgertmeler amala aşyryldy, Türkmenistanyň halky geljege ynamly garaýar.
Siziň Alyhezretiňiziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Owganystan Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip Ymanazar-Akina demir ýolynyň işe girizilmegi, TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagy ýaly uly taslamalary belläp geçmek bolar. Siziň geljek 7 ýylda etjek ýolbaşçylygyňyzda TAPI gaz geçirijisiniň gysga wagytda doly durmuşa geçirilip, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň halklarynyň Türkmen gazynyň hözirini gorjekdiklerine berk ynanýaryn. Şeýle hem geljek ýyllaryň dowamynda Aziýa demir ýol koridorynyň we Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Päkistana elektik energiýasyny ibermek ýaly taslamalaryň hem durmuşa gejiriljegine doly ynam bildirýärin. Bu taslamalar biziň ýurtlarymyzyň şeýle hem sebitiň halklarynyň dost-doganlygynyň pugtalanmagyna hem-de parahatçylygy we asudalygy berkitmekde oňaýly täsir etjekdigi şübhesizdir.
|
Star gazedi: “Türkiýe Efiopiýa-Eritreýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagyndan hoşal” söz başyly habarynda, Türkiýäniň parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýan iki goňşy ýurt Efiopiýanyň we Eritreýanyň arasynda gol çekilen umumy deklarasiýadan hoşaldygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
|
Gazagystanyň Milli Ykdysadyýet ministri Timur Süleýmanow Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda ýurdyň ykdysadyýetiniň 3,8 göterim ösendigini belläp: “Ykdysady ösüş dünýä bazarlaryndaky riskleriň artan şertlerinde başdan geçirilýär. Hasabata görä ýurdyň Jemi içerki önümi üçin düşewünt 3,8 göterim boldy” diýdi.
|
14.12.2016. Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, önümçilik düzümleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewür duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.
|
raýatra:ýatcfgraždan1ncitizen, subjectSen haýsy döwletiň raýaty?Türkmenistanyň raýaty2adjcivic, civilraýat nikasycivil weddingraýat hukugycivil law
|
Türkiýe raýatlaryny Basrada protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaga çagyrdy | TRT Türkmençe
Türkiýe raýatlaryna Yragyň Basra welaýatynda protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaklaryny maslahat berdi
Türkiýe raýatlaryna Yragyň Basra welaýatynda protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaklaryny maslahat berdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Yragyň Basra şäherine gitjek türk raýatlarynyň howpsyzlygy üçin protest ýörişleriniň geçirilýän ýerlerinden çetde durmaklaryny maslahat berdi.
Beýanatda “ Türkiýe Yragyň hökümetiniň, dost we doganlyk ýurt yragyň halkynyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň hötdesinden gelmegi üçin kömek bermäge dowam eder. Biz Basra welaýatynda gysga wagtda howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin ähli taraplaýyn taýar” diýildi.
|
Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky tarapyndan geçirilen sowalnamanyň netijeleri çap edildi.
|
Biziň kompaniýamyz kuzowynyň dürli möçberli we umumy ýük göterijilikli ulagyň eýelerine wagtlaýyn we hemişelik esasda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär. Ýewropa we GDA ýurtlaryndan biziň hyzmatdaşlarymyzyň köpüsine biz Russiýadan Türkmenistana we yzyna bolan ugrda awtoulagyň ýüklenilmegini hemişe teklip edýäris.
|
Soňra gepleşikler «Serdar» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda giňeldilen düzümde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hökümet delegasiýalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
Türkmenistanyň Baştutany şu duşuşygyň türkmen we türk halklarynyň mizemez dostlugyny alamatlandyrmak arkaly uzakmöhletleýin geljek üçin niýetlenen we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Milletiň Lideri türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljeginiň örän uludygyny we ony tassyklaýan anyk mysallaryň köpdügini belläp, Türkmenistanda adamlaryň Türkiýe Respublikasynyň we doganlyk türk halkynyň gazanýan her bir üstünligine tüýs ýürekden begenýändigini nygtady.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Türkiýäniň abraýly halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Biziň ýurtlarymyz häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek, şol sanda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna ýol bermezlik, halkara terrorçylygyna, jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşiň alnyp barylmagy ugrunda aýgytly çäreleriň görülmegini öňe sürüp, şu ugurdaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ýagdaýda ösdürýärler. Türkmenistan Türkiýe Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny elmydama goldaýar, öz gezeginde Türkiýe türkmen tarapynyň halkara başlangyçlaryna netijeli kömek berýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly iki döwletiň milli ýa-da sebitiň bähbitlerine degişli, şeýle hem bütin dünýä derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolan meseleleriň çözülmegini öňe sürüp, geljekde-de özara gatnaşyklary ösdürjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup, netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berýändigi barada aýdyp, şu ýylyň awgustynda döredilen Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň möhüm orny eýeleýändigini belledi, onuň birinji mejlisi Aşgabatda geçirildi.
2010-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Türkmenistanda türk tarapynyň gatnaşmagynda 600-e golaý kompaniýalaryň hasaba alynmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýän mysallaryň biri bolup durýar. Şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň telekeçileriniň we kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýalary boýunça özara arkalaşykly hereket etmeginiň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutany şunda bilelikdäki konferensiýalaryň we sergileriň uly ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, tejribe alyşmak maksady bilen, 2011-nji ýylda «Awazada» ýokary tehnologiýalar boýunça halkara türkmen-türk maslahatyny geçirmegi teklip etdi.
Ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň we duşuşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigini belläp, Türkiýäniň Prezidenti şeýle duşuşyklar anyk netijeleri berýär diýdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Stambulda geçirilen türki dilli ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşandygyny belledi.
Türkiýe Respublikasynyň baştutany ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini belläp, soňky ýyllarda emele gelen iki döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini aýtdy.
Prezident Abdulla Gül ulag-aragatnaşyk pudagy ýaly möhüm ugurdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Demirgazyk-Günorta halkara demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasynyň örän uly geljeginiň bardygyny aýtdy we bu taslama Aziýa bilen Ýewropa ýurtlaryny birikdirýän oňaýly we ykdysady taýdan amatly ugry açar we netijeli hyzmatdaşlyk üçin göwnejaý mümkinçilikleriň döremegini üpjün eder diýip belledi. Şunlukda mertebeli myhman gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginiň geçýän ýerinde, geografiki taýdan amatly, Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ähmiýetli ulag – üstaşyr çatrygyň merkezinde ýerleşýändigini belledi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýäniň köp asyrlyk taryhy-medeni umumylyklaryň, doganlyk gatnaşyklaryň baý däpleriniň bardygyny aýdyp, şol däpleri gözümiziň göreji ýaly goramak, aýawly saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda gepleşikleriň barşynda bu ugurdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek we onuň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça-da pikir alşyldy.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti metbugatyň wekillerine ýüzlendi. Türk lideri özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, biziň ýurtlarymyzyň halklary Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesine guwanýarlar diýip belledi.
Hazar deňziniň tebigy durkuny saklan gözel kenarynda gurulýan «Awaza» ikinji gezek gelýändigini, bu ýerdäki düýpli özgerişlere, amala aşyrylan beýik işlere haýran galýandygyny hem-de örän guwanýandygyny belledi. Bu ýere iki ýyl mundan öň gelende türkmen Lideriniň öz maksatnamasyny beýan edendigini we taryh üçin şeýle gysga möhletde eýýäm ol maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylandygyny aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda şeýle uly işleriň bitirilýändigini nygtady. Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül öz ildeşleriniň «Awaza» syýahatçylyk-şypahana mekanynda gurluşyk işlerini amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk edendiklerine guwanýandygyny belläp, geljekde türk işewürleriniň diňe bir gurluşykda, önümçilikde däl, eýsem beýleki ugurlarda-da türkmen doganlary bilen ýakyndan hem işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Türkiýäniň Prezidenti aýdylanlar barada durup geçip, iki tarapyň hem hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meýliniň we hoşniýetli syýasy erk-isleginiň bardygyny tassyklady.
Şol gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül Türkmenistanda işleýän türk işewürler bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň işewürleriniň wekilleri geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň bolmagyny giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar. Netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin bolsa türkmen bazarynda ähli zerur şertler döredildi. Amatly maýa goýum ýagdaýy şol hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar.
|
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda şu ýyl 3 müň adamyň haja gitjekdigi nygtaldy.
Beýanatda haj parzyny berjaý etjek gazak zyýaratçylaryna Saud Arabystanynyň kanunlary we ýerli medeniýeti hakynda giňişleýin maglumat berlendigi ýatladyldy.
|
Siziň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyňyz netijesinde häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýy, mertebesi, şan-şöhraty tutuş älemde belende galýar. Siziň başlangyçlaryňyzyň esasynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, ýurduň içki toplumlarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi döwrebaplaşdyrylyp, hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar we gerimi giňeldilýär. Bu bolsa halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagynda möhüm wezipä eýedir.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda häzirki döwürde aragatnaşyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu gün bolsa dünýäniň birnäçe döwletlerinden gelen kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezilip, umumy gyzyklanmalara laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolup durýar.
Biz Aşgabatda bolan günlerimizde Siziň yglan eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öňdengörüjilikli, adyl hem ynsanperwer syýasatyňyzyň üstünlikli durmuşa geçýändigine anyk göz ýetirdik. Siziň umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasatlaryňyzyň esasy maksadynyň ýurduň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösmegine, türkmen halkynyň durmuşynyň, hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, olaryň asudalygynyň abadançylykda saklanmagyna, dünýä halklary bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, türkmen medeniýetiniň we taryhynyň arşa galdyrylmagyna gönükdirilendiginiň şaýady bolmak kalbyňda buýsanç we guwanç duýgusyny oýarýar.
Siziň ajaýyp başlangyçlaryňyz, maksada okgunly, parasatly işleriňiz Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynda täze çözgütleri, möhüm halkara taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan aragatnaşyk ulgamy boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasyna goşuldy. Türkmenistanyň her bir raýaty hödürlenilýän giň we elýeterli hyzmatlardan peýdalanýar.
Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji mejlisi we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki 24-nji mejlisi
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň we informatizasiýa boýunça koordinasion geňeşiniň mejlisi
|
Sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklerimizi giňden şöhlelendirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginler bilen dumukly ösýändigini aýdyň görkezýär – diýlip gutlagda aýdylýar.
Ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň täze belentliklere çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Çünki, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler bir maksada - ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary hilli üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň halk hojalygynyň örän uly kuwwaty, döwletimiziň amatly ýerleşişi, türkmen topragynyň egsilmez baýlyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş- ykdysady ugurlarda gazanýan üstünliklerimiziň, ýurdumyzyň dumukly ösüşiniň, abadançylygymyzyň esasy çeşmeleri bolup durýar – diýlip gutlagda beýan edilýär.
|
Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda Bitaraplyk binasynyň etegine gül çemenini goýýar.
Döwlet Baştutanymyzyň yzýany bilen Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dabara gatnaşýan beýleki adamlar gül goýýarlar.
|
Diýarymyzyň islendik welaýatyny alyp görseň -de, binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan meşhur taryhy ýadygärlikleri we aramgähleri görmek bolýar. Ol ýadygärliklere wagtyň geçmegi bilen weýran bolmak howpy abanypdyr.
Daşoguz welaýaty hem taryhy we medeni ýadygärliklere oran baý ýerlerin biridir. Ol ýerde orta asyrlarda salnan ajaýyp ýadygärlikler diň e bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Taryh institutynyň «Gadymy döwrüň taryhy» bölüminiň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda Ysmamyt ata ýadygärlik toplumynda 2008-nji ýyldan şu günlere çenli 3 tapgyrda rejeleýiş we dikeldiş işleri ýerine ýetirildi.
Köneürgençli ussalar gümmezlerde we hüjrelerde bar bolan gezden ýasalan nagyşly penjireleriň 22 sanysynyň öň ki durkuny dikeltdiler. Bassyrmalaryň 3-si sökülip, doly täzelenip dikeldildi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem ýerli ýaşulularyň maslahaty bilen rejeleýiş işlerinde ulanýiýan derek agajynyň pürsleriniň arassalanmadyk pagta ýagyna ýatyrylmagydyr. Şeýtmek bilen pürsleriň berkligi we olara zyýan beriji garynjalaryň degmezligi gazanylýar.
Ähli rejeleýiş işleri tamamlanandan son, ýadygärligiň daş-töweregine, 12 hüjräniň içine, gapylarynyň daş işigi-ne, bassyrmalaryň aşagyna, medresäniň howlusynyň düşegine iki hatar, çetleri dandanaly dikligine goýlup jäheklenen inedördül kerpiçler düşeldi. Şeýle hem ýadygärligiň töwereginde abatlaýyş işleri geçirildi we sazak, ýylgyn ýaly duza-şora çydamly ösümlikler ekildi.
|
Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama oýunlarynyň çäklerinde şu gün Eýranyň toparyna garşy Daşoguzda geçirilmeli duşuşygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Amangylyç Koçumow Türkmenportal saýtyna beýanat etdi.
—Elbetde, güýçlendirerdiler. Olar biziňkiden derejesi has ýokary çempionatlarda oýnaýarlar, halkara oýunlarynyň tejribesem ýetik. Ruslan Mingazow şu möwsümde Çehiýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi boldy. Artur Geworkýan geçen ýyl Özbegistanyň çempionatynda iň kňp pökgi geçiren oýunçy boldy. Ol Garşynyň “Nasafynyň” düzüminde Aziýanyň Çempionlar ligasynda çykyş edýär, özem oňat oýnaýar, pökgülerem geçirýär. Bizde ýene-de “Almalykdan” Arslanmyrat Amanow, “Rostowdan” Wahyt Orazsähedow bar. Biz olaryň topar bilen gitmegi üçin elimizde baryny etdik. Ýöne dürli sebäplere görä olar Guama garşy geçirilen oýna bilmediler.
Şondan soň oglanlarymyz ykjamlaşyp, howply hüjümleriň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň birinde Ahmet Ataýewiň 11-12 metr aralykdan uran pökgüsi Guamyň derwezeçisi “dok uzaklykdan” çykarmagy başardy. Belläp geçsek, ýer eýeleriniň derwezeçisi duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip bellenildi.
—Gep onda däl. Dörtýyllygyň esasy ýaryşyna — Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama bölegine öňünden maksadalaýyk taýýarlyk görmelidik.
—Eýranyň ýygyndysyna garşy geçirjek duşuşygymyz bize gymmatly tejribe berer. 8 ýyl mundan ozal biz Aziýanyň öňdebaryjy toparlarynyň biriniň — Günorta Koreýanyň garşysyna oýnapdyk. Eýranyň ýygyndysy bilen boljak oýun hem bize öz oýunçylarymyzy barlap görmäge, şeýle-de, gymmatly halkara tejribesini toplamaga ýardam berer. Biz bu duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
—Duşuşygyň Aşgabatdan Daşoguza geçirilmeginiň sebäbi nämede? Demirgazyk welaýatynyň merkezine garanyňda türkmen paýtagtynda has köp tomaşaçy ýygnanardy ahyryn.
—Bilşimiz ýaly, biziň ýurdumyz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Şonuň üçinem paýtagtda häzir häzirki zaman sport desgalarynyň gurluşygy, şeýle hem bar bolanlarynda abatlaýyş işleri güýçli depginde dowam etdirilýär. Duşuşyk şol sebäpli Daşoguza geçirildi. Ynanaýyň, bu Eýranyň ýygyndysy üçin nähilidir bir oňaýsyzlyk döretmek üçin edilmedi. Türkmenistanyň ýygyndysy hem bu ýerde ilkinji gezek öz oýnuny geçirýär. Şonuň üçin toparlaryň ikisi-de deň şertlerde. Daşoguzda ajaýyp stadion we myhmanhana bar. Meniň pikirimçe, oýna taýýarlanmak üçin hiç hili päsgelçilik ýok. Biziň üçinem, myhmanlar üçinem amatly şertleri döreden ýer eýelerine sagbolsun aýdýaryn.
—FIFA-nyň reýtinginde garşydaşlaryň hersi bir tarapda ýerleşýär. Eýranyň ýygyndysy 41-nji orunda barsa, türkmen futbolçylary 173-nji ýerde ýerleşýär. Şundan ugur alyp, siz garşydaşdan howatyrlanýarsyňyzmy ýa-da çekinýärsiňizmi?
—Biz Eýranyň ýygyndysyndan çekinemzok. Bir gowy aýtgy bar: ýeňişlerden netije çykarmak — gelejekki ýeňişleriň girewi.
|
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr. Ylmyň gazananlary döwletiň ýokary ösüşlerine, jemgyýetiň bagtyýarlygyna alyp barýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ähli ösüşleriň özeninde ylmyň durandygyny nygtaýar.
Biziň eýýamymyzdan ozalky VI, biziň eýýamymyzyň III asyrlarynda häzirki Türkmenistanyň çäginde ençeme irki nusgawy binagärçilik mekdepleri döräpdir. Olarda ellinçilik-binagärlik usullary ulanylyp başlanypdyr. «Beýik ýüpek ýolunyň» döremegi bilen ilkinji kartalar, ýol görkezipler, geografiýa, kartografiýa boýunça traktatlar peýda bolup ugraýar. Ilkinji kompas oýlanyp tapylýar. Grek alymy Ktesiýiň, taryhçy Geradotyň, geografiýaçy Strabonyň işlerinde biziň ýurdumyzyň geografiki ýerleşişi, ýaşaýan halklar, dili, däp-dessurlary hakynda ilkinji ylmy maglumatlar peýda bolup ugraýar. Parfiýada, Dehistanda we Horezmde ylym öýleri, kitaphanalar döredilipdir.
Geodeziýa we kartografiýa ylmyna öz goşandyny biziň ýurdumyzyň çäginde ýaşan alymlar hem goşupdyrlar. XI asyrda Maryda seljuklaryň köşgünde meşhur Kyýaseddin Abulfath Omar ibn Ybrahym Haýýam (10401122 ýý.) işläpdir. Ol Mälik şanyň (10551092 ýý.) görkezmesi bilen Maryda obserwatoriýa açyp, ozaldan gelýän senenama düzediş girizilipdir.
Biz, esasan, anyk alymlar, ýagny dünýä ylmynyň taryhynda görnükli yz galdyran ildeşlerimiz hakynda beýan etdik. Iň gadymy döwürlerden başlap, aýratyn-da, VII XII asyrlarda Merkezi Aziýada, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinde ylmyň anyk pudaklaryna üns berlipdir. Elbetde, taryh, dil, edebiýat ylymlary hem uly ösüşlere eýe bolupdyr. Gadymyýetde pederlerimiz ylmyň durmuşdaky ähmiýetine gowy düşünipdirler.
|
Nebitgaz pudagy baradaky makalalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi/Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-tehniki syýasaty, alymlaryň we hünärmenleriň geologiýa, gazyp çykarmak, ulag, nebit we gazy saklamak we gaýtadan işlemek ulgamynda geçiren barlaglarynyň netijeleri, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary, iň täze tehniki işläp taýýarlamalar, olaryň ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda ornaşdyrylyşy barada gürrüň berýän makalalaryň onlarçasy çap etmek üçin saýlanyp alyndy.
Şu gün «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň binasynda redaksiýanyň işgärleriniň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hem-de çagyrylan myhmanlaryň gatnaşmagynda bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly serişdeler, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Nebitiň we gazyň çykarylyşynyň we eksporta iberilýän möçberleriniň artdyrylmagy, pudagyň çig mal binýadyny berkitmek üçin geologiýa-gözleg işleriniň giňeldilmegi bilen bir hatarda geljegi uly gaz ýataklarynyň ýokary depginlerde senagat taýdan özleşdirilmegine, energetika toplumynyň kärhanalarynyň tehnika we tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, häzirki zaman düzümleriniň, nebit we gazhimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýan, ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňra bäsleşigiň ýeňijilerini ilkinji üç orny, ikinji üç orny we üçünji üç orunlary eýelänleri sylaglamak dabarasy boldy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň ylmy-taslama institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň işgärleri, şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplarynyň biri bar.
Dabara sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň nebitgaz toplumynyň medeniýet merkeziniň döredijilik toparlarynyň konserti bilen tamamlandy.
|
Aşgabatda we Balkanabatda geçirilen iki duşuşyk Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň 5-nji tapgyryny jemledi.
|
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşyň jemleýji duşuşygyndan fotoreportaž | Medeniýet
|
Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar/Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar. Ösümlikleriň tebigy taýdan köpelişini goramakda we üstüni ýetirmekde seýrek duş gelýän ösümlikleri ýygnamagy çäklendirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşlerini ýygmaklygyň doly gadagan edilmegi uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanda gül-bezeg ösümlikleriniň intoduksiýasynyň taryhy gadymyýete uzap gidýär. Orta Aziýanyň gadymy döwürlerden bäri ösümçiligiň we bagbançylygyň ýokary ösüşine eýe bolandygy baradaky birnäçe çeşmeler şaýatlyk edýär. Parsa we Hytaýa barýan söwda ýollary Türkmenistanyň çäklerinden geçip gidipdir. Bu bolsa türkmen topragyna ekzotiki ösümlikleri getirmäge şertleri döredipdir. Mälim bolşy ýaly, Gadymy Merwiň bagçylyk-seýil bagçylyk sungaty ýokary ösüşe eýe bolupdyr. Ynsanyň bu ugurda başlangyç işleriniň netijeleri taryhda ýitip gidipdir, entuziastçylaryň atlary bolsa näbelli bolan ylymda saklanyp galypdyr. Diňe bu eýýäm baradaky seýrek maglumatlar biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
Türkmenistanda 1929-njy ýylda Botanika bagynyň döredilmegi gülçüligi ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ol häzirki wagrda synag binýady bolup, bu ýerde gülçüligi ösdürmek ylmy-önümçilik esasynda ýola goýlandyr. Bu ýerde Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň dekoratiw ýabany ösýän gülleriniň görnüşleri öwrenilmäge başlandy.
Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen tejribeleriň esasynda Türkmenistanyň çäklerine daşary ýurtlardan getirlen gül ösümlikleriniň görnüşleri köpeldildi, olary çöllük ýerlerde ösdürip ýetişdirmegiň esasy teklipleri berildi. Eýýäm geçen asyryň ikinji ýarymynda açyk meýdanda ýer şarynyň dürli materiklerinden getirilen ýabany we medeni ösýän nusgalarynyň ýazlerçe görnüşleri synagdan geçirildi, esasy kolleksion gazanasy döredildi we onuň üsti ýetirildi. Onlarça ýyl mundan ozal bägülleri, hrizantemalary köpeltmek boýunça synaglara başlandy, onlarça ýyllaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen tropiki ösümlikleriň kolleksiýasy döredildi.
Häzirki wagtda Botanika bagynyň alymlary-gülçileri gök baglyga öwürmek maksady bilen, kolleksiýanyň üstüni ýetirmek, şeýle hem ýerli floranyň ýitip barýan görnüşlerini aýawly gorap saklamak we derman we peýdaly ösümlikleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirýärler.
|
Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib we Hama welaýatlarynda guran howa hüjümlerinde 17 adam ýaralandy.
|
Şu gün 2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel - 2018” atly XI halka...
Şu gün 2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji mejlisi we Garaşsyz Döwletl...
Gadyrly myhmanlar! Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri! Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2018» a...
|
- BSс/BA (bakalawr, “Transport prosesleriň tehnologiýasy” taýýarlamak ugry) 4 okuw ýyly gaýybana däl okuw bölüminde; 4,4 okuw ýyly gaýybana bölüminde;
|
Şeýle ýadigärlikleriň biri hem Magtymguly etrabynyň Çendir jülgesiniň Ak obasynyň golaýynda, Gyzyl Ymam gonamçylygyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Ol ýerdäki gadymdan dikeldilen, ýogynlygy 30-40 santimetre ýetýän, iň beýigi ýerden 5 metrden gowrak saýlanyp duran daşlar öz ýasalyş aýratynlyklary boýunça ençeme jogapsyz sowallary orta atýar. Bu täsin mesgen baradaky ilkinji maglumatlar baryp 1929-nji ýylda peýda bolýar. Olary ilkinji bolup şol döwrüň belli alymlary A.P.Poseluýewskiý, W.E.Masson we beýlekiler öwrenipdirler. Şol alymlar olary başujy daşlar diýip, hasaplapdyrlar.
Eger-de, bu daşlara astronom hökmünde ser salynan halatynda, olaryň belli bir maksat bilen gurulandygyna, göz ýetirmek bolýar. Daşlardaky ýazgylaryň käbiri bolsa ol ýerden 8 kilometr uzaklykdaky Bezegli deräniň gowaklarynyň diwarlarynda, gaýalarda mundan 14 müň ýyl öň çekilen käbir nyşanlary ýada salýar. Diýmek, ol nagyşlary şol ýerlerde ýaşan adamlaryň ýa-da olaryň nesilleriniň galdyran bolaýmagy gaty ähtimaldyr. Daşlary gören adamlarda ilki döreýän sowallaryň biri hem "Bu daşlar nireden getirildikä?!" diýen sowal bolsa gerek. Çünki, ýakyn golaýlardan asla şeýle uzynlykdaky daşlary tapar ýaly ýeriň ýoklugy mälimdir. Galyberse-de, beýik daşlaryň kiçi daşlara görä ýerleşişi, ol ulgamyň Türkmenistanda, şeýle-de adamzat siwilizasiýasynda iň gadymy dörän sada obserwatoroiýalaryň biridir diýen netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Şeýle halatda, ol "türkmen Stounheji" diýen ada mynasyp bolýar.
Mälim bolşy ýaly, Angliýanyň Stounhej obserwatoriýasyndaky daşlar boýunça pasyllaryň çalyşmagyny, Aýyň we Günüň tutulmaklaryny kesgitlemek üçin oturdulana meňzeýär. Gyzyl Ymamdaky köp sanly ululy-kiçili daşlar, belli bir kanunalaýyklykda ýerleşdirilen ýaly bolup görünýär. Emma onuň anygyna ýetmek üçin bu mesgende hemmetaraplaýyn arehologiýa we astronomiýa ylymlaryna görä ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi zerurdyr. Eger, ol, hakykatdan hem, türkmen "Stounheji" bolup çykaýsa, onda bu ylym we taryh üçin iňňän uly ähmiýete eýe bolar we Türkmenistanyň bu çäginde öň siwilizasiýanyň henize çenli mälim bolmadyk aýratyn ojagynyň barlygy ykrar ediler hem-de Türkmenistanyň taryhynda ýene-de bir ajaýyp altyn sahypa açylar.
|
Alymlaryň pikirine görä, ösümlikleriň nesil toplumynyň ätiýaçlyk gorlaryny şol döwletiň «altyn ätiýaçlygyna» deňäp bolar. Her bir döwletiň altyn ätiýaçlygy çäklidir, ösümlikleriň nesil toplumynyň ätiýaçlygy gaýtalanýandyr we dowamlydyr. Bu wajyp mesele filosofiýa nukdaýnazary bilen seljerilende, ösümlikleriň nesil toplumynyň gory islendik halkyň buýsanjydyr, ýokary derejede durýan milli baýlykdyr. Çünki beýleki milli baýlyklar ösümlikler bilen tebigatyň arasyndaky bölüp geçýän hadysalaryň netijesinde ýüze çykýar.
Dünýäde howanyň üýtgemegi we ygallaryň kemelmegi netijesinde ösümlikleriň ýitip gitmek howpy alymlary biynjalyk edýär. Munuň iň esasy sebäbi hem, her bir ýitirilen ösümligiň sortuny we görnüşini taäzeden döretmek mümkinçiliginiň ýok hasap edilmegindedir. Şeýle-de, howanyň guraklygy ýabany ösümlikleriň gömüşleriniň ýitip gitmek howpuny ýokarlandyrýar. Soňky ýyllarda alymlar öz ýurtlarynda ösýän ýabany ösümlikleriň we oba hojalyk ekinleriniň nesil toplumynyň tohumlarynyň asyl nusgalaryny ýygnamak işlerine has uly ähmiýet berdiler. Netijede, alymlar dünýa boýunça dürli ösümlikleriň nesil tohumlarynyň asyl nusgalarynyň 7 milliona golaýyny ýygnap, öz milli Genetika banklarynda ýerleşdirdiler. Häzirki we geljeki nesiller üçin ýygnalan ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalary dünýäniň dürli döwletlerinde döredilen 1800 milli Genetika banklarynda saklanýar. Ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlarynyň asyl nusgalary Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Aziýada, Ýakyn Gündogarda, Latyn Amerikasynda, Afrikada, Malkara ylmy merkezlerde we hususy hojalyklarda uzak möhletli döwür üçin saklanylýar. Şeýlelikde, milli Genetika banklaryny döreden döwletleriň alymlary, öz ýurtlarynda azyk ýetmezçiligi howpunyň bolmak töwek-gelçiliginiň öňüni almak wezipesini üstünlikli amala aşyrdylar diýip hasap edýärler. Çünki şol döwletlerde ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlarynyň girew ätiýaçlygy hemişelik saklanýar we ösümlikleriň ýitip gitmek howpunyň öňi alynýar. Genetika banklary döredilen döwletlerde ösümlikleriň tohumlaryny täzeden dikeltmek we önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiligi bar. Dünýäniň iň iri milli Genetika banklarynda we gorlarynda oba hojalyk ekinleriniň sortlarynyň ýitirilmezligi üçin bugdaýyň 788 654 sany, arpanyň 486 724, şalynyň 420 341, noýbanyň 268 369, mekgejöweniň 261 584, soýanyň 176 400, sorganyň 168 550, nohudyň 69 736 sany we beýleki ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalary saklanýar.
Ýer ýüzüniň ösümlikleriniň nesil toplumynyň tohumlarynyň ähli asyl nusgalaryny hiç bir döwletiň öz milli Genetika bankynda saklamak mümkinçiligi ýokdur, belki, onuň geregi hem ýokdur. Ösen döwletleriň alymlary tarapyndan oba hojalyk we senagat pudaklarynyň ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirip biljek beýleki döwletlerde saklanýan ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlaryny ylmy esasda öwrenýärler we döwletara ylalaşyklaryň esasynda öz milli Genetika banklaryna ýygnamaga çalyşýarlar. Şu nukdaýnazardan ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlarynyň alyş-çalyş işleriniň netijesinde ylym we önümçilik ähmiýetli ýokary hasylly däneli, gök we bakja ekinleriniň, miweli baglaryň sortlary hem-de gömüşleri dünýäniň köp ýurtlarynyň oba hojalygynda önümçilige ornaşdyryldy.
Türkmenistanyň dagynyň, düzüniň, çölüniň we deňziniň geografiýa taýdan ýerleşişi onda gezekleşip gelýän pasyllara görä, ösümlikleriň jandarlar bilen ýaşaýyş zerurlyk gatnaşyklaryna baglylykda, ösümlikler öz genetika nesil dowamatynyň durnuklylygyny häzire çenli saklap gelýärler. Tebigatda ösümlikleriň ösýän ýerleriniň toprak-suw-howa şertleriniň üýtgemegi bilen olaryň özara tebigy genetiki çakyşmalarynyň netijesinde täze morfologiki görnüşli ösümlige öwrülýärler. Tebigatymyzda ösýäri ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlarynyň asyl nusgalaryny ýygnamak zerurdyr. Şunda ýurdumyzyň milli Genetika bankynyň döredilmegi oňyn netijelerini berer. Bu bankda ýygnalyp saklanjak ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalary türkmen halkynyň egsilmez baýlygy hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün eder.
Ösümlikleriň nesil toplumyny ýygnamak we saklamak boýunça milli Genetika banky döredilen döwletleriň we Halkara ylmy merkezleriň alymlary bilen türkmen alymlarynyň arasynda halkara ylmy we dostlukly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Halkara ylmy gatnaşyklaryň netijesinde ata-babalarymyzyň döreden oba hojalyk ekinleriniň köp sanly sortlarynyň we görnüşleriniň daşary ýurtlaryň milli Genetika banklarynda saklanýandygy malim boldy. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygyň çäginde oba hojalyk ekinleriniň sortlaryny we görnüşlerini ýurdumyza getirmegiň mümkinçilikleri öwrenildi. Gadymy döwürde döredilen oba hojalyk ekinleriniň, esasan hem, gadymy bugdaýyň 41 sorty Gurak şehitlerde oba hojalyk ylmyny öwrenýän Halkara merkeziň Genetika bankynda saklanýar. Daşary ýurt alymlary bu sortlaryň daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerine yssa we gurakçylyga çydamly hasiýetleriniň bardygyny belleýärler we olaryň üstünde seçgi ylmy işlerini alyp barýarlar.
Türkmenistan çöllük ýurt hasap edilýän hem bolsa, onuň beýleki döwletlere garanda genetika taýdan durnukly, çylşyrymly tebigy hadysalara çydamly, başga ýurtlarda gaýtalanmaýan ösümlikleri bardyr. Olaryň nesil toplumynyň tohumlarynyň asyl nusgalaryny milli Genetika bankynda saklamak we peýdalanmak sogaply işleriň biri bolar.
|
llki başda gowaklarda çekilen ýazgylar soňky taryhy ösüşde türkmenleriň halylarynda ýüze çykyp başlapdyr. Biziň döwrümizde-de olar halyçylyk sungatynda yzygiderli ulnaylýar. Olar ilki gowak ýazgylary görnüşlerinde döräpdir. Bu şertli suratlary uzak wagtlap saklamak üçin olary uly daşlaryň ýüzüne çekipdirler. Heýkeller öz göwrümleri, boýy we ýüzündäki şekilleri boýunça jübüt ýasalypdyr daş heýkellerdäki idiografiki çyzgyly ýazgylar ilkinji adamlaryň çokunan «Bolhasyllygyň enesi Äşäniň» ady bolmaly. Şol şertli idiografiki şekil Altyndepäniň külalçylygynda-da ulanylypdyr. Şeýle-de ol doga-tumarlarda, terrekotlarda ýazylypdyr. Olaryň biziň eýýamymyzdan öňki 3-nji müňýyllyga degişlidigini alymlar anykladylar.
|
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 15080-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ata Öweznepesowiç Serdarow şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji we 6-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümi tassyklanyldy.
23.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasaty ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak” hakynda Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 69-njy mejlisine hem-de VIII Gyşky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak we bu Oýunlaryň guramaçylygy bilen ýerinde tanyşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2017-nji ýylyň 17-28-nji fewraly aralygynda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.
|
Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Milli Liderimiz beýik akyldar şahyryň doglan ýerinin beýik daglaryň arasynda ýerleşýändigini, onuň eserleriniň beýikligini nazarda tutup, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň paýtagtymyzyň günorta künjegindäki ajaýyp belentlikleriň birinde oturdylmagynyň örän buýsançly ýagdaýdygyny, munuň özi şol sanda türkmen halkynyň häzirki döwürde ýeten belent derejesiniň has aýdyň alamaty bolup durýandygyny belledi. Ähli ösüşleriň çuňňur watansöýüjilikden gözbaş alýandygyny ýatlanyňda, milli mirasymyzyň howandary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjynyň döreden uly ruhy ýokary göterilişigi tebigy ýagdaýdyr. Bu şatlykly habar ähli halkymyz bilen birlikde, edebiýatçy alymlarymyzyda buýsandyrdy.
Türkmen halkynyň geçmişine ser salanyňda, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň onlarçasynyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Bu başgaça bolup hem bilmez. Çünki, ençeme asyrlaryň dowamynda onlarça döwletleri döreden türkmenler diňe bir Gündogaryň däl, eýsem-de umumadamzat taryhyna, edebiýatyna, medeniýetine, sungatyna öz saldamly goşandyny goşup, atlaryny baky ebedileşdirmegi başardylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermeginde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eždatlarymyzyň ömür ýoly we amala aşyran beýik işleri giň gerimde dikeldilýär, ylmy esasda seljerilýär, neşir edilýär.
Magtymguly atamyzyň şygyrlary seljerilende, onuň ylmyň dürli ugurlaryndan giň düşünjesiniň bolandygyny görüp bolýar. Pyragynyň:
Soltan Mälik şanyň häkimlik eden döwri (10721091) hakynda bize käbir rowaýatlar belli we olaryň birinde şeýle diýilýär: Soltanyň baş weziri Nyzamylmülk her ýyl medreseler gurmak we olaryň harajadyny çekmek üçin epesli möçberdäki puly döwletiň gaznasyndan alýan ekeni. Muny Mälik şa eşidende, ol bu pula giden bir goşuny saklap boljakdygyny ýa-da Stambulyň diwarlaryny täzeden dikeldip boljakdygyny aýdyp, dergazap bolupdyr. Şonda Nyzamylmülk: «Sen goşunyň bilen bile Allanyň öňünde aýyply bolarsyň. Seniň gyrgynçylyk döredýän goşunyň jemlenen wagtynda, duşmanlaryňdan arasy iki arşyň bolan ýerden gylyçlary, üç ýüz arşyna bara-bar aralykdan bolsa peýkam bilen olar seni gorap bilerler. Olaryň günäsi uludyr, çünki olar wagtlaryny oýundyr keýpi-sapalykda geçirýärler. Men bolsa seniň üçin gijeki goşuny döretdim. Seniň goşunyň gije ýatyrka, gije esgerleri Allanyň öňünde nyzama düzülip, gözýaş edip, seniň we goşunyň üçin doga okarlar. Sen we esgerleriň olaryň hemaýaty bilen ýaşaýarsyňyz we kuwwatlanýarsyňyz. Olaryň oklary we dogalary ýedi gat asmana ýeter» diýip, ýetişdiren «esgerleriniň» Mälik şanyň goşunyndan has güýçlüdigini aýdypdyr. Biziň bu rowaýata ünsi çekmegimiz ýöne ýerden däldir.
Azadynyň «Wagzy-Azat» poemasynda bir patyşanyň beýleki bir patyşa garşy ursa başlamakçydygyny aýdanda, ol alymdyr derwüşlerden goşun taýýarlandygyny we olaryň oklarynyň ýedi gat asmana ýetýändigini aýdýar.
Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň, şol sanda türkmen edebiýatynyň çeper aňynyň ösüşini hem-de geljekki ösüş ýoluny kesgitlemekde ägirt uly ornunyň bolandygyny tekrarlasymyz gelýär. Akyldar şahyryň edebi-ylmy mirasy juda giň we köptaraply. Onuň eserlerini hertaraplaýyn öwrenmek diňe türkmen edebiýatyny öwreniş ylmy üçin ähmiýetli bolman, tutuş adamzadyň çeper aňyýetiniň ösüşine akyl ýetirmekde hem örän gymmatlydyr.
|
Ýurdumyzda ylma döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýylsaýyn artýar. Möhüm ähmiýetli ylmy barlaglar, tejribe-synag we tehnologik işleri maliýeleşdirmek üçin zerur serişdeler üpjün edilýär. Türkmenistanda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň gerimi yzygiderli giňeldilýär, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri toplumlaýyn amala aşyrylýar we olaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda hereket edýän aspiranturalaryň, doktotoranturalaryň üsti bilen alymlaryň täze neslini, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy taýdan taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri ýetişdirmek babatda zerur işler durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ösdürilýär, täze tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar.
Mahlasy, jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolan ylym ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup hyzmat edýär. Türkmen alymlary hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ylmyny ösüşiň hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň hem-de tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda öz öňlerinde goýan wezipelerini netijeli durmuşa geçirmek üçin yzygiderli hem-de yhlasly zahmet çekýärler.
|
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň tematiki sergisinde milli žiwopis mekdebiniň ussatlary Yzzat Gylyjowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Ýuliýa Daneşwaryň, Sergeý Beglýarowyň we beýlekileriň, şeýle hem Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň ölmez-ýitmez edermenligini we ildeşlerimiziň Ýeňşiň hatyrasyna çeken janaýamazakly zähmetini wasp edýän döwürdeş nakgaşlarymyzyň eserleri we heýkelleri görkezilýär.
|
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary şanly baýramçylyga — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde täze ýaşaýyş toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol 4 gatly jaýlaryň dördüsinden ybarat bolup, olaryň her birinde dört we üç otagly öýleriň 24-si bar. Gurluşygyň barşynda öňdebaryjy tehnologik enjamlar we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy.
Täze ýaşaýyş toplumynyň öýlerinde ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Üçekleri beýik we oňat timarlanan giň ýagty otaglar, ajaýyp enjamlaşdyrylan aşhana hem-de eýwan täze jaý eýeleri üçin oňaýly şertleri döreder. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi, şol ýerde giň çagalar meýdançasy enjamlaşdyryldy. Toplumyň çäginde toý we beýleki çäreleri geçirmek üçin 300 orunlyk bina göz öňünde tutuldy.
|
Gyrgyzystanyň Prezidenti Soornbaý Jeenbekowyň hemaýatkärlik etmeginde 2-nji sentýabrda resmi dabara bilen başlan Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň çäginde Halkara Etno medeniýet festiwaly başlady
Çarwa kökleri bolan halklaryň etno mirasynyň goralmagyny maksat edinýän Halkara Etno medeniýet festiwalynyň açylyşynda söz sözlän Muhammedkalyý Abylgaziýew: “Halkara Etno medeniýet festiwaly, Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň bir bölümidir. Oýunlar bilen globallaşmak eýýamynda etno-medeni, dünýäniň çarwa halklarynyň we etnograflarynyň etno-medeni däplerini halkara derejede özgermegini, ýaýramagyny we tanalmagyny maksat edinýäris” diýdi.
Gyrgyzystanda 2 gün bäri dowam edýän oýunlaryň 2018-njy ýylyň iň möhüm medeni çäreleriniň birine öwrülendigini aýdan Abylgaziýew: “Oýunlarda günorta amerikalylar, wikingler, mongollar, hytaýlylar, araplar, ýaponlar we Türki dilli halklar biri-birleriniň üstüni ýetirýärler. Şol sebäpli oýunlaryň jomart Manas gahrymany we dünýä meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň topraklarynda geçirilmeginden örän hoşaldyrys. Gelen myhmanlaryň gyrgyz halky bilen ýatlamalaryny, bu ýeriň bozulmadyk tebigatyny we Yssyk Köli bilen bagly ähli ýatlamalaryny öýlerine alyp gitmegini isleýäris” diýdi.
Gyrgyzystanyň Premýer ministri Muhammedkalyý Abylgaziýew Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň saýasynda Gyrgyzystan halkynyň, topraklarynyň, tebigatynyň, däp-dessurlarynyň, adatlarynyň we milli aýratynlyklarynyň dünýä iň gowy ýagdaýda tanatmak pursatlarynyň bolandygyny habar berdi.
|
Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde ylym esasy orunda goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şolaryň hasabyna dünýä bazarlarynda islegi artýan harytlar öndürilýär.
|
Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar/Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Türkmenistanyň çägi üçin täze derman ösümliklerini synag etmeklik ýokary ykdysady netijelilikden peýdalanýar. Emma ösümligiň özüni nähili görkezjekdigini, öz dermanlyk häsiýetlerini saklap galjagyny ýa-da artdyrjagyny, howanyň birden üýtgemegine uýgunlaşyp biljegini, miwelerini ýa-da tohumlaryny berip biljegini öňünden aýtmak kyn. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda synalýan joýajyklarda birnäçe ösümlikler ýerleşdirilen, olaryň içinde rebudianyň stewiýasy hem bar. Onuň watany Paragwaýyň we Braziliýanyň dag sebitleri bolup durýar.
Ol seýrek tagam we şypa beriji häsiýetlere eýedir. Mysal üçin, onuň ýapraklary şekerden 1015 esse süýji. Süýjüliginiň syry düzümine glýukoza, stewiol we beýleki birleşmeler girýän stewizod atly maddany ýygnaýandygyndan we ony öz düzüminde saklaýandygyndan ybarat. Arassa görnüşde stewizod şekerden 300 esse süýji, ýöne şekerden tapawutlylykda onuň düzüminde kaloriýa juda azdyr. Ol gandaky glýukozanyň derejesini ýokarlandyrmaýar, bakteriýalara garşy ýeňiljek täsire eýedir. Hut şonuň üçinde ol sagdyn adamlar üçin, şeýle-de süýjülik keselinden, semizlikden, ýürek-damar bozulmalaryndan we iýmit alyş-çalşygynyň beýleki bozulmalaryndan ejir çekýänler üçin şekeriň juda gowy ýerini çalşyjy diýip hasaplanylýar. Watanynda ösümligiň ýapraklaryny ýöne çaýa ýa-da kofä goşýarlar.
Stewiýa dişiň syrçasyny pytramadan goraýar, öýjükli membranalary durnuklaşdyrýar, bagyrda madda çalşygyny gowlaýar, süňk ulgamynyň dokumalarynyň zaýalanmagyna päsgelçilik döredýär. Ösümligi gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan önüm uzak wagtlap ulanylanda adamyň bedeni üçin düýbünden zyýansyzdyr, ol ýa beýleki ýaramaz täsirleri ýok. Medeni ösümlik hökmünde stewiýa 1500 ýyldan gowrak bäri ösdürilýär. Senagat taýdan ösen ýurtlaryň bazarynda stewiýa ilkinji bolup Ýaponiýada döredi. Ol ýerde stewiýa milli gazanan zat hökmünde yglan edildi.
|
Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, «RIO+20» bütindünýä maslahatynda, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň, Araly halas etmek boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň ýygnaklarynda adamzadyň umumy öýi bolan tebigaty, ekologiýany aýawly saklamak babatda täze-täze başlangyçlary, teklipleri öňe şürdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda topragyň, suwuň we howanyň ýagdaýyna ylmy taýdan yzygiderli gözegçilik edilýär.
Häzirki döwürde ekologiýa Türkmenistanyň ylmynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna zamanabap ylmy-barlag enjamlarynyň uly tapgyry gelip gowuşdy. Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda daşky gurşawyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek boýunça barlaghana döredildi. Ol barlaghana ýokary takyklykda işleýän enjamlar bilen üpjün edildi. Olaryň hatarynda suw, toprak, howa gurşawynyň ekologiýasyny öwrenýän, «Kamaz» awtoulagynda oturdylan göçme barlaghanada bar. Bu barlaghanadaky gaz ölçeýji enjamlaryň kömegi bilen howanyň 7 görnüşli gaz düzümini, suw gurşawyndaky onlarça metaly seljermäge mümkinçilik berýän atom-emissiýaly spektrometr, atmosferanyň 5 sany fiziki görkezijisini hasaba alýan meteostansiýa, howanyň iri we ownuk tozan bölejiklerini kesgitleýän enjamlar bar.
Biziň döwrümizde ekologiýa täsir etmeýän önümçilik pudagyny tapmak kyn. Olaryň hemmesiniň esasynda ýaşaýyş gurşawynyň himiki taýdan özgermesi, hapalanmasy bölüp geçýär. Hut şonuň üçinem, ekologiýanyň arassalygy janly we jansyz tebigatyň ähli iş meýdanyny öz içine alýar. Ekologiýadan üzňelikde ýaşap bolmaýar.
Arassa önümçilik arassa ekologiýa, energiýany tygşytlamagyň, megerem, esasy usullarynyň biri bolsa gerek. Biziň ylymdaky alyp barýan ugrumyz giň möçberde alnanda, ekologiýa bilen energiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara sazlaşygyny üpjün edyär. Şeýle energiýa çeşmeleriniň bir görnüşi-de suwdur.
Adam işjeňligi bilen baglanyşykly ýyladyşhana gazlary biziň sertimizde, esasan, içinden ýakylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň işleýän mahalynda döreýän gazlardyr. Olar, esasan, uglerodyň, azodyň, kükürdiň kislorodly birleşmeleri, ozon, kükürtli wodorod gazlarydyr. Bu gazlar Günüň ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen ýeriň üstki gatlagynda artykmaç ýylylygyň toplanmagyna sebäp bolýar. Biziň 2014-nji ýylda şäher boýunça çak taýdan deň bölünen meýdanlardaky howanyň gazlylyk derejesini öwrenmek boýunça geçiren barlaglarymyza görä, ozonyň kabir artyk mukdarlary hasaba alyndy. Bu gaz, esasan, awtoulaglaryň bölüp çykarýan dört walentli azot oksidiniň fotohimiki dargamagy bilen emele gelýän gazdyr. Ozon gazynyň kadadan çykan mukdarlary şäheriň gür awtoulag gatnawly ýaşaýyş toplumlarynda dusýar.
|
Türkmeniň bereketli topragynda bitýän şirin-şeker tagamly gawunyň gömüşleriniň ýa-da daýhanyň dili bilen aýtsak, tohumlarynyň atlaryna üns berseň, olaryň hersiniň aňyrsynda uly many ýatyr. Mysal üçin, waharman gawunyňyň adynyň gelip çykyşy barada daýhanlar şeýle gürrüň berýärler:
Daýhançylygyň piri Babadaýhan ekin ýerinde gawunyň ajaýyp bir tohumyny ösdürip ýetişdiripdir. Bir gün ekin içine aýlanyp ýörkä, biýaralaryň arasynda daşy torly sary gawunlary synlap:
Indi-hä ýetjek derejäňe ýetäýen bolsaň gerek! diýipdir-de, olaryň birini ýolup almakçy bolupdyr. Eglip, gawunyň sapagyna elini ýetirip, çala gozganam şol eken weli, ýaňky gawun içine ýygnan süýjüsiniň güýjüne darka ýarylaýypdyr. Babadaýhan şonda:
Wah, arman! Ýarylaýdy-da! diýip seslenipdir. Şondanam gawunyň şu görnüşiniň ady waharman bölüp galypdyr.
Elbetde, «waharman» sözüniň gelip çykyşy başgaça-da bolup biler. Emma bu gawunyň çakdanaşa süýjüligi hem-de terligi şu gürrüňiň hem jany bardyr diýmäge esas berýär. Çünki köpigören, tejribeli daýhanlaryň aýtmagyna görä, waharman mes toprakly ýerde gowy bitende, diňe bir ýerinden gozganyňda däl, hatda at aýagynyň dükürdisine, sarsgynyna-da ýarylýar diýýärler. Iň bärkisi, ýaňyja sapagyndan ýolnan waharmany keseniňde, heniz pyçagyň ýetmedik ýerlerem öz-özünden ýarylyp barýandyr. Şu ýagdaý waharmanyň çendenaşa süýjüliginden hem-de terliginden habar berýär.
|
Ýerli ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, bir-mahal bu ýerde ýerasty desga ýerleşipdir. Häzir şu ýerde barlaglar alnyp barylýar. Ýüze çykarylan ýerasty desganyň diwarlary, esasan, inedördül görnüşli çig kerpiçlerden örülip çykarylypdyr, diwarlaryň aýry-aýry böleklerinde bişen kerpiçler hem duş gelýär. Diwarlaryň aşaky bölekleri uly daşlardan örülipdir. Alymlaryň we hünärmenleriň pikirine görä, bu desga ýerleşiş meýilnamasy boýunça haç görnüşinde bölüp, onuň merkezi bölegi kiçiräk gümmez bilen ýapylypdyr. Desganyň girelgesi günörta-gündogar, tarapynda ýerleşipdir. Girelgeden aşaklygyna gidýän üsti arka görnüşi üçek bilen ýapylan geçelgäniň ugry boýunça, ähtimal, basgançaklar ýerleşendir. Alymlaryň çaklamalary boýunça, edil girelge tarapynyň garşysyndaky diwaryň ýumrulmagy netijesinde (mümkin, güýçli siliň gelmegi sebäpli), desganyň daşky diwary bilen merkezindäki gümmez aralygy ýapan giň arkanyň ýüzi açylypdyr. Deslapky maglumatlara görä, bu desga orta asyrlara degişli edilýär, ýöne onuň anyk gurlan döwri geçirilýän ylmy barlaglaryň netijesinde kesgitleniler. Şu desganyň gurluşyk usullarynyň üsti bilen Paryzdepede orta asyrlarda gülläp ösen binagärliginiň özboluşly aýratynlyklaryny göz öňüne getirip bolýar. Diwarlaryň aşaky bölegi berkligi gazanmak maksady bilen, daşlar bilen örülen. Paryzdepäniň içki galasynda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde göranyş diwarynyň bir bölegi açyldy. Şeýle açyş bu sebitde gadymy döwürlerde oguzlaryň daşdan galdyran galalarynyň bolandygyny subut edýär. Gadymy ýerde daşdan gurlan galalar «kent» diýlip atlandyrylypdyr.
Köpetdagyň etekleriniň oňaýly tebigy şertleri, süyji suwlarynyň bollugy bu ýerlerde ýaşaýşyň iňňän gadymyýetde döremegine getiripdir. Bu sebitde örän köp sanly ululy-kiçili galalaryň biri hem Oguzlaryň şäheri bolan Yzgantdyr. «Yz» «oguz» sözünden gelip çykýar, «gant» bolsa türkmenleriň «kent-şäher» sözündendir. Şunuň bilen baglylykda, Yzgant sözüniň ilkibaşdaky manysy «oguzlaryň şäheri» diýmekdir.
Hormatly Prezidentimiz gadymy rowaýaty mysal getirdi. Şol rowaýata görä, türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz han öz ogullaryny derýanyň akýan ugry bilen onuň durjak ýerine çenli gitmegi we şol ýerde mesgen tutmagy pent edýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Yzgant diýen ýer-ýurt adynyň «süýji suw» diýen görnüşiniň bardygyny hem mysal getirdi.
Bu taryhy ýadygärlikde ylmy işler üç esasy ugur bilen alnyp barylýar, ýagny ugruň birinjisi, arheologiýa gözleg we gazuw-agtaryş işleri, ikinjisi, golýazmalaryň üsti bilen Paryzdepäniň we umumy sebitiň taryhy we bu ýerde ýaşan şahsyýetler bilen bagly täze maglumatlary ýüze çykarmak, üçünji ugur bolsa, etnografiýa gözleglerini geçirmekden ybaratdyr. Şu wagta çenli häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen Paryzdepäniň topografik meýilnamasy taýýarlanyldy we arheologiýa gazuw-agtaryş işleri ýadygärligiň gadymy şäher eteginiň demirgazyk gündogar böleginde hem-de edil merkezinde amala aşyrylýar.
|
Subsets and Splits
No community queries yet
The top public SQL queries from the community will appear here once available.