text
stringlengths 99
138k
|
---|
“Tahran bilen Waşingtonyň arasynda diplomatiýa ýoly ýapyldy. Şol sebäpli hem ýolbaşçylar biri-birleriniň beýanatlaryna jogap berýär”
Eýranyň Milli mejlisiniň howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Haşmetullah Felahetpişe Tähran bilen resmi Waşingtonyň arasynda diplomatiýa ýolunyň ýapylandygyny aýtdy.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň ABŞ-nyň sanksiýa syýasatyna garşylyk görkezendigini aýdan Felahetpişe, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ruhaniniň beýanatyna beren jogaby barada durup geçdi we “Tahran bilen Waşingtonyň arasynda diplomatiýa ýoly ýapyldy. Şol sebäpli hem ýolbaşçylar biri-birleriniň beýanatlaryna jogap berýär” diýdi.
|
Durmuşda ýakymly wakalara beslenen şeýle bir pursatlar bolýar, hatda kerwen gurap geçip barýan ýyllaram olaryň täsirini egsip bilmeýär. Ol pursatlar hemişe ynsana ýakymly ýatlamalary peşgeş berip, ajaýyp duýgularyň ýumagyny çözläp gezýär. Şoňa görä-de, şol pursatlary ýatlan mahalyň her bir adamyň ýüregini mähir-muhabbet gurşap alýar. Şeýle ýakymly pursatlaryň biri güýz gününiň säherinde gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň açylyş dabarasydyr. Arkadagyň yhlasyndan görklenýän Aşgabadyň oklaw ýaly göni hem giň köçesiniň ugrunda gurlan gupba ýaly kottejleriň, köp sanly medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyp, ulanylmaga berilmegi oňa gatnaşanlaryň kalplaryna müdimilik ornandyr. 15-nji tapgyryň çäklerinde Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda 208 sany döwrebap 2 gatly kottej ýaşaýyş jaýlary, 8 sany 4 gatly we 8 sany 3 gatly, şeýIede 18 sany 12 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň ajaýypýerinde gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin amatly şertler döredilendir. Köçäniň ugry bilen uzaboýuna gidýän seýilgähler toplumy ýaşaýjylaryň dynç almagy üçin niýetlenendir.
Ol günki gözel Aşgabadyň giň gujagy bezemen toý lybasyna beslendi. Aýdym-sazyň belent owazy ir säherden çar ýana ýaň salýar. Binagärlik dürdäneleri açyk asmanyň astynda öwşün atyp, asyrlaryň şaýady hökmünde döredilen ýeri, ýurduň taryhy hakyndaky gymmatly maglumaty özünde jemläp, taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Gurlan binalaryň gözelligini synlanyňda dideleriň buýsanç düründen dolýar. Öňde-soňda öý-ojagy keramat saýyp, göwni deý giň jaýlarda ýazylyp-ýaýrap ýaşamagy ýaşaýşyň özenine deňeýän türkmen üçin bu bagtyň çüwmesidir. «Ýurduňyz garşy alsyn!», «Toýly jaý bolsun!», «Rysgal-bereketli jaý bolsun!» diýlen alkyşlar bu günki toý dabarasyna gatnaşyjylaryň kalbynyň senasy bolup ýaňlandy. Adamlaryň şatlygyna şaýat bolmakdan ýakymly pursat barmyka, eýsem?! Bize-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Hangeldi Atakaýewiň döwletli maşgalasynyň jaý toýuna goşulmak bagty nesip etdi. Ogul-gyzlary daşyny güllap oturan bu bagtly maşgalanyň öý bikesi, mugallym, Altyn Meňlibaýewa bilen söhbetdeşligimizi dowam etdirdik.
Bu eşretleri näçe synlasaňam, dideleriňe doýma ýok. Täze jaýda eşretli ýaşaýyş üçin ähli şertler döredilen. Otaglarynyň ýerleşişi we giňligi diýseň oňaýly. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda täze jaýlaryň eýeleriniň ýüzündäki şatlygy görüp neneň buýsanmajak?!
Hawa, bina gurmak, döretmek, ýol çekmek ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp ýörelgeleriň biridir. Bu günki gurulýan binalaryň — ýaşaýyş jaý toplumlarynyň waspy bir dessana deň. Bagtyýar döwrümiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň netijesinde her günümiz toý-baýram. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň binalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi göwünlerimize ganat bekledi. Ak mermeriň ýalpyldysy töwerege ýalkym çaýýan ýokary amatlykly, owadan keşpli, kaşaň ýaşaýyş jaýlary bagtyýar döwrümiziň zynatydyr. Ata-babalarymyzyň ertekilere siňdirip, nesillere ýollan arzuwlary bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hakykat ýüzünde hasyl bolýar. Täze jaýyň açaryny almak bagty nesip eden ildeşlerimiziň dilleriniň senasyna öwrülip ýaňlanýan alkyşly sözler bagt mukamy bolup bu gün döwletli maşgalalaryň birnäçesinde ýaňlandy. Türkmen halkynda täze jaýa göçülende, onuň rysgal-bereketli bolmagy yrym edilip, duz-çörekli barylýar.
Dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň hersine hoşallyk bilen jogap gaýtarýan belent ýaşaýyş jaýyndan nesibeli ildeşimiz Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta bilim we terbiýeçilik işi bölüminiň baş hünärmeni Altyn Myratgulyýewanyň döwletli maşgalasyna hem şol jaýdan öý almak paýy nesip etdi. Öý bikesi Altyn gelneje köňül buýsanjyny şeýle beýan etdi:
Bilim ulgamynda 33 ýyl bäri zähmet çekýärin. Garaşsyzlyk baýramymyzyň bellenilen günlerinde täze jaýdan paýly bolmak biziň maşgalamyza-da miýesser etdi. Seniň ömrüňe dahylly şeýle bagtly günde seniň bilen birlikde müňlerçe maşgalanyň şol bagtdan paýly bolmagy şatlygyňy goşalandyrýar. Goý, täze jaýlarda tutulan toýlar dowamat-dowam bolsun!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şeýle şatlyk-begenje, egsilmez alkyşa beslenen ýene bir gününde bagt paýyndan nesibeli ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny, alkyşly sözlerini diňlemek ýakymly. Goý, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda şeýle bagtyýar günler kän bolsun! Döwlet Baştutanymyz tarapyndan amala aşyrylýan belent tutumly işler rowaçlyklara beslensin! Il-halkyň ykbalyny Garaşsyzlygyň gazananlarynyň döredijilikli dowamy bilen galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman, il-ýurdy abadan bolsun, badalga beren aýdyň ýollary asyrlardan asyrlara uzasyn! Kalbymyzdan çykýan şeýle ajaýyp setirler beýik Arkadagly bagtyýar zamanamyzyň waspy bolup ýaňlansyn.
|
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmak, ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmagyny gazanmak üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramagynda, «Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmetçekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň, saglyk ulgamynyň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
|
Şu gün Türkmenistanyň Baş drama teatrynda ýurdumyzyň teatrlarynyň “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly festiwaly açyldy
Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan teatr işgärleri paýtagtymyza bir hepdelik geldiler. Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda geçirilýän bu festiwal aýratyn ähmiýete eýedir.
Soňra paýtagtymyzyň alty teatry we welaýat teatrlarynyň dördüsi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby esasynda goýan sahna oýunlaryndan parçalary görkezdiler. Halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan bu gadymy ýoluň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ýetiren täsirini wagyz etmek pikiri sahna oýunlarynyň ählisiniň many-mazmunyny düzdi. Bu barada döwlet Baştutanymyzyň kitabynda milli taryhymyzyň, gadymy hekaýatlaryň we rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirki durmuşynyň wakalarynyň mysalynda düýpli gürrüň edilýär.
Çäräniň barşynda halk sazlary, türkmen şahyrlarynyň goşgulary hem-de zamanamyzy wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi.
|
Döwrüň sesine ses goşup, işde, okuwda, döredijilikde, çaga terbiýesinde görelde bolýan zenanlarymyz bu gün eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmakda öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ähli babatlarda üstünlikli jemlenmeginde zenanlarymyzyň aýratyn ornunyň bolandygyny aýdyp geçmek ýakymly. 2017-nji ýyl bolsa, halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy ýyllaryň biri bolar. «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýip yglan etmek bilen, mähriban Arkadagymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dünýä ýaň saljak ýylyny has-da dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýylda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy, iri sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleriniň has-da giň gerime eýe bolmagyna itergi berdi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýakynda geçiren derwaýys söhbetdeşligi hem türkmen taryhyna, şeýle-de dünýä sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu ýylyň dabaralary bilen utgaşdy.
|
Taryhda Mesopotamiýanyň (Derýaaralygy) medeniýetiniň başyny başlan Sümer ilaty hasaplanylýar. Alymlaryň pikirine görä, sümerliler Orta Aziýadan Hazar deňziniň eteklerinden häzirki Yragyň ýerlerine ýaýrapdyr diýip hasaplaýarlar. Mesopotamiýanyň ilaty ekerançylyk medeniýetine içgin üns beripdir. Ekerançylykda bolsa, ekiş we ýygym wagtyna, ýagny onuň başlanýan we tamamlanýan döwrüne üns beripdirler. Şonuň üçin olar «Zigorat» ybadathanalarynda astronomiýa merkezlerini döredipdirler. Bu astronomiýa merkezinde ýedi sany ýyldyzyň hereketdedigini açypdyrlar. Şeýle-de bahar baýramçylygynyň Oguz han türkmen döwründe hem bellenilendigi hakyndaky birnäçe ylmy çaklamalar öňe sürülýär. Maglumatlarda bellenilişine görä, Oguz han dünýä gelende, baglar gül açyp, daragtlar we ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär. Dünýä ýüzüne gudratly şowhun ýaýraýar. Ençeme ýyllardan soň edil şol möwsümde Oguz han türkmen duşmanlaryny ýeňip, Talas şäherinden Buhara şäherine çenli aralygy eýeleýär. Şondan soň şol ýeňşiň hormatyna, her ýylyň şol gününde dabaraly baýram edilip, ýörite däp-dessurlar ýerine ýetirilipdir. Maglumatlara esaslanyp, bir zady aýdyp bolar, bu ylmy kesgitleme, hasaplar aýyň we ýylyň atlary Oguz türkmenleriniň dilinden Ahamenileriň döwründe Günorta Eýrana, ýagny fars ülkelere çenli ýaýrap hasaba girizilipdir. Taryhda mälim bolşy ýaly, pasyllaryň ählisi älem giňişligindäki saýýaralaryň (planetalaryň) hereket kanunlary, tebigat hadysalary bilen häsiýetlendirilip, pasyllaryň başlanýan güni, Ýeriň, Aýyň, Günüň ýyllyk hereketlerine görä kesgitlenilip, gadymy döwürlerde Aýyň, Günüň aýlanyş hereketlerine esaslanyp, ýylnamany döredipdirler. Horezm türkmenlerinde baharyň ýedi nygmaty diýilýän däbe aýratyn üns bermegi hem gönüden-göni Nowruz-bahar baýramy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň netijesinde bolsa, täze ýylyň şu pasyldan başlanýandygyny düşündiripdirler.
Abu Reýhan Birunynyň «Masudyň kanuny» atly eserinde maglumat berlişine görä, dünýäniň köp halklarynda gije-gündiziň deňleşmegi ýyl senesiniň başlangyjy hasap edilipdir. Günleriň deňleşýän aýlary hindilerde çaýtara, rumlarda ýanwar, sogdylarda nausard, parslarda ferwerdin hasaplanypdyr. Parslardaky ferwerdin aýynda ýyl senesini açýan, täze ýyl başlanýan güne hurmuz diýlipdir. Eýranda hurmuz täze ýylyň birinji güni — Nowruz diýlip atlandyrylypdyr. Bu baýramyň Jemşidiň häkimliginden öň hem baýram edilendigini Birunynyň özi şeýle belleýär: «Bu güne Jemşitden öň hem hormat goýulýan eken, emma onuň baýrama öwrülmegi hut Jemşidiň zamanasy bilen baglanyşyklydyr» diýip aýdýar. Şeýlelikde, Nowruz baýramynyň has gadymy döwürlerden saklanyp, rowaçlanyp gelmegi alym Abu Reýhan Biruna uly gyzyklanma döredipdir. Nowruz her ýeriň geografiki, tebigy şertlerine seredilip, esasan, bahar aýynda sähelçe wagt tapawudy bilen baýram edilipdir. Musulman halklaryň arasynda bu bahar baýramy gadymy wagtlardan bäri Eýranda, Orta Aziýada, Kawkazda, Gazagystanda, Hindistanda, Pakistanda, Hytaýyň türki halklarynyň ýaşaýan ýerlerinde we beýleki musulman ýurtlarynda her ýyl uly dabara bilen bellenip gelnipdir.
Bahar baýramy barada Hytaýda ýaşaýan türki halklaryň edebi çeşmelerinde hem gyzykly rowaýatlar getirilýär. Onda Nowruz baýramyna ilki «Ýaz baýramy» diýlip aýdylýar. Hytaýyň Gündogarynda ýaşaýan türki halklar hem Nowruz-bahar baýramyny uly dabara bilen belläp geçýärler. Hytaýda ýaşaýan türki halklar hem bu Nowruz baýramynda goňşy-goňşa baryp, süýjülik paýlap, täze baharyň nyşany hökmünde täze baýramçylyk egin-eşiklerini geýýärler. Olar Nowruzda ot ýakyp giň tegelenişip, oglan-gyzlar iki hatar bolup oduň daşyndan aýlanyp, türkmenleriň edil «Küştdepdi» tansyna meňzeş hereketleri ýerine ýetirýärler. Olar şol hereket pursadynda Nowruz baýramy bilen bagly aýdymlary aýdýarlar.
|
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmegiň meselelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, belli alymlar, sungaty öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar Germaniýada geçýän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki Bürünç asyrynyň şalygy” diýen sergi üçin nemes we türkmen hünärmenleri tarapyndan ýörite taýýarlanylan neşir bilen tanyşdylar.
Owadan fotoalbom görnüşde çykarylyp, ylmy-populýar makalalar bilen berlen bu giň göwrümli katalog ady rowaýata öwrülen Margiana ýurdunyň gadymy gymmatlyklary barada gürrüň berýär. Margiana Gadymy Müsür, Hytaý, Hindistan we Mesopotamiýa bilen bir hatarda abraýly alymlaryň ykrar etmegine görä, dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolup durýar.
Şygary “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen ýylda türkmen we nemes barlagçylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen işlenip taýýarlanylan neşir dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine gymmatly goşant goşan ýurtlaryň we halklaryň taryhy bilen gyzyklanýanlaryň ählisine ajaýyp sowgat boldy. Milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek üçin onuň uly ähmiýeti bardyr.
Ajaýyp bezelen katalog birnäçe degişli bölümlerden ybarat bolup, gadymy we kuwwatly Margiananyň durmuşynyň dürli ugurlaryny yzygiderli beýan edýär, şonuň netijesinde, okyjy beýik türkmen döwletiniň haýran galdyrýan keşbini göz öňüne getirýär. Okyjy neşiriň sahypalary boýunça syýahat edip, gadymy siwilizasiýanyň taryhyna aralaşyp biler, onuň özboluşly medeniýetine, ajaýyp binagärligine, biziň eramyza çenli III-II asyrlaryň altyndan, bürünçden we piliň süňkünden taýýarlanan täsin önümlerine göz ýetirer. Olaryň köpüsi häzir Berliniň Täze muzeýinde ýaýbaňlanan sergä girizildi. Güýzde bolsa bu sergi Germaniýanyň beýleki şäheri bolan Gamburga, ondan soň bolsa Mangeým şäherine geçer.
Meşhur barlagçylaryň baha bermegine görä, ajaýyp arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan dünýä açylan Margiananyň Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň bäşisiniň biri bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris. Ady rowaýata öwrülen Marguş ýurdunyň paýtagty Goňurdepe öz döwrüniň iri şäheri bolupdyr, onuň mirasdüşeri Merw bolsa Gündogaryň medeni we ylmy merkezi hökmünde şöhratlanypdyr. Margiana baradaky ilkinji ýazuw ýatlamalary zoroastriýalylaryň “Awesta” diýen mukaddes kitabynda saklanýar hem-de takmynan biziň eramyza çenli VIII — VI asyrlara degişli edilýär. Şondan soňra senanamany düzüjiler Gadymy Merwi “Horasanyň şäherleriniň enesi”, “Älem jahany saklaýan şäher”, “Şalaryň ruhy” diýip atlandyrypdyrlar.
Bäş müň ýyl töweregi mundan ozal türkmen topragynda peýda bolan siwilizasiýanyň ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýän gadymy gymmatlyklaryň ýüzlerçesini özünde jemlän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” diýen sergi türkmen halkynyň baý döredijilik däpleri, gadymky ussatlaryň örän inçe sungaty barada gürrüň berýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmäge, dünýäde maddy we ruhy mirasy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge toplumlaýyn we düýpli ylmy çemeleşme döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şunda milletimiziň bahasyz taryhy-medeni gymmatlygyny saklaýjylar bolan ýurdumyzyň muzeýlerine, iri ylmy merkezlere aýratyn orun berilýär. Halkymyzyň gadymy, bäş müňýyllyk taryhy, onuň özboluşly däpleri, täze eýýamda Türkmenistanyň deňsiz-taýsyz gazananlary—bularyň ählisi baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzda “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän şu ýylda guralýan bu sergi aýratyn uly ähmiýete eýedir, ol köp sanly daşary ýurtly myhmanlara taryhyň gadymy döwürlerinde Gündogaryň patyşalyklarynyň arasynda gatnaşyklaryň kemala gelip başlandygyna şaýatlyk edýän taryhy tapyndylar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Gadymy Margiananyň çäklerinde geçirilen köp ýyllyk gazuw-agtaryş işleriniň barşynda arheologlar, hususan-da, W.Sarianidiniň ýolbaşçylyk eden ylmy-barlag toparynyň gadymy Marguşyň çäklerinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaran tapyndylary munuň aýdyň subutnamalary boldy. Matam esbaplary hem-de bu gadymy ýurduň ýaşaýjylarynyň täsin bezeg şaý-sepleri bilen haýran galdyrýar. Daşdan, metaldan, pil süňkünden hem-de palçykdan ýasalan hem-de senetkärleriň we heýkeltaraşlaryň başarnykly elleri bilen nepis kulal gap-gaçlaryna öwrülen bu ýokary çeperçilikli gymmatlyklar hudaýlaryň şekillerini emele getirip, Goňuryň we beýleki gadymy Margiana obalarynyň ýaşaýjylarynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologiýa toplumlary dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň birinde medeniýetiň we sungatyň ösüş derejesi barada düşünje berýär, ägirt uly Goňurdepe şäheriniň galyndylary onuň merkezi bolupdyr.
Duşuşyk tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň zallary boýunça gezelenç guraldy. Tanyşdyryjylar bu ýere ýygnananlary Margiananyň täsin arheologiýa tapyndylarynyň toplumy: adamlaryň, haýwanlaryň şekiljikleri, dürli möhürler, Marguşyň gözel zenanlarynyň kosmetika degişli enjamlary, altyn gap-gaçlar, bezeg şaý-sepler, monjuklar bilen tanyş etdiler.
|
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy il-ulsumyzyň başyny göge ýetirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz bu ýyly uly zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik guramalary «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmunyny halkymyza ýaýmakda uly işleri alyp barýarlar.
Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda, «Beýik Ýüpek ýolunyň dowamat dowamy» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, telekeçiler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we ýaşlar gatnaşdylar.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň şanly wakalary dünýä ýaň salýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli ýaşamagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanýar. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň şan-şöhraty belende galýar. Diýarymyzyň çar künjüne sazlaşykly ýaraşyk çaýýan dürli medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalar, ýaşaýyş jaýlary, täze obalar halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Bu bagtyýarlyk her bir adamyň yhlasly zähmet çekmegine höwesini artdyrýar, geljege bolan ynamyny berkidýär. Hormatly Prezidenti-
baradaky ýakymly oý-pikirleriňi baýlaşdyrýar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin pikir alyşdylar.
|
Golaýda ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa etrap-şäherlerde, welaýatlarymyzda hem-de paýtagtymyz Aşgabatda bu bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Jemleýji bäsleşigiň ilkinji şertine дога, gelin-gyzlar milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly gymmatly eserinden bir parçany labyzly okadylar, ýatdan aýtdylar. Ikinji şertde bu adybir kitapdan rowaýatlaryň birini sahnalaşdyrdylar. Bäsleşigiň üçünji şertinde oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň özünde galdyran täsirleri barada milli däp-dessurlarymyzyň esasynda gürrüň berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň her bir eseri «Ýürekden çykan söz ýürege ýetýär» diýen jümläni kalbyňa salýar. Şu geçirilen bäsleşik hem munuň şeýledigini aňry ýany bilen subut etdi. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiziň bu eseriniň watansöýüjiligiň beýik güýjüne eýedigine, taryhy şahsyýetlerimiz hakdaky düşünjeleri has hem çuňlaşdyrýandygyna göz
ýetirmek bolýar. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar el işlerini, Beýik Ýüpek ýolundan gatnan kerwenleriň daşan milli keteni matalarynyň, çeper elleriň dokan el halylarynyň hem tarypyny ýetirdiler. Zenan kalbynyň köp öwüşginli şahyrana dünýäsi bäsleşikde ýaňlanan hüwdüleriň, aýdymlaryň, küştdepdiniň üsti bilen hem şirin zybana geldi.
|
Olimpiýa şäherjigi. Aprel. Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty. Türkmenistanly zenan türgen batyrgaýlyk bilen düşekçä çykýar-da, yklymyň iň güýçli türgenleriniň hatarynda görkezilýän garşydaşyny salymyny bermän ýeňýär. Ýeňiji türkmen gyzyny ýaryşa ýygnanan tomaşaçylaryň ählisiniň şowhunly el çarpyşmalar bilen gutlaýanyna şaýat bolup otyrkam...
Olimpiýa şäherjigi. Aprel. Gysga aralyga suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty. 15 ýaşly türkmen gyzy sebitiň iň gowy suwda ýüzüjileri bilen bäsleşip, kümüş medala mynasyp bolýar. Suwda ýyldyrym tizligini ýatladyp ýüzen, medal gowşurylyş pursadynda-da Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşyň ýeňijisi bolmak bagtynyň begenç gözýaşlaryny bukup bilmän duran gyz bilen deň tolgunyp durkam tumarlylar, harmandäliler, zarinalar, banu çeçekler we ýene-ýeneler göz öňüňe gelýär.
“Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi, onuň barşynda 23-29-njy aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde sportuň bu görnüşi boýunça geçiriljek Aziýa çempionatyny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän yklym derejeli ýaryşlara Ýaponiýadan, Hytaýdan, Günorta we Demirgazyk Koreýadan, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan – jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşar.
|
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek ýaryşlaryň tertipnamasyny yglan etdi.
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Açylyş we Ýapylyş dabaralarynyň guramaçylygy bilen meşgullanjakdygyny mälim etdi. Aşgabat Olimpiýa toplumynynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetiren Türkiýäniň belli gurluşyk kompaniýasy “Polimeks”, dabaralaryň geçirilmeginde jogapkär bolar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen dünýä ýüzüniň jahankeşdelerini özüniň goýnunda garşylaýar. Hawa, soňky döwürde bu jenneti mekan özgerip, özüniň gözel keşbi bilen her bir myhmanyň, syýahatçynyň müdimilik ýadynda galar.
|
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary iň ýaş, täze sport ýaryşlarynyň biridir. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň garamagyndaky bu sport baýramçylygy ilkinji sapar 2005-nji ýylda geçirildi. Ilki başda Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlary diýen at bilen guraldy. 2007-nji we 2009-njy ýyllarda-da bäsleşik şol at bilen geçirildi. 2009-njy ýylda ilkinji gezek Söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary atly başga bir bäsleşik guraldy. Soňlugy bilen, Aziýa Olimpiýa Geňeşi 2 ýaryşy birleşdirip geçirmeli diýen netijä geldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary diýen at bilen geçiriljek ilkinji sport çäresi Dohada guralmaly edildi. Ýöne dürli sebäplerden ýaryş 2011-nji ýylda geçirilmedi. 2013-nji ýylda-da Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde bu iri sport baýramçylygy täze ady bilen ilkinji ýola geçirildi. Öňkülere garanyňda, gerimi, ýaýrawy giňän, yklymyň iň esasy sport şüweleňleriniň biri hasaplanýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary 4 ýyldan bir gezek geçirilmeli diýlen karara gelindi. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda-da Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň nobatdakysynyň, has takygy 5-njisiniň Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabatda geçiriljekdigi habar berlipdi.
|
Ine, ak öýüň içindäki görýän zatlaryňyz bolsa, ejemiň daňynan gyňaçlary, sübselik bilen örülen börükleri, gaýynenemiň ýüňsesi, igi, agaç tabaklary, küýzeleri, çokaýy, çepegi, düýäniň dagdandan howdy, könelip giden ýüň daraklar — men bularyň baryny birnäçe ýyllaryň dowamynda iş edindim. Öz ýakyn mähribanlarymdan galan zatlary aýap saklamakda-da iş bar. Döwlen ýerleri bar bolan agaçdan ýasalan gurallary ussa berip bejerdýän. Şu zatlary ýaş nesillere ýetirmekde elimden gelenini edýärin.
Arkadagly ýurtda eneler bagtyýar. Nurana ýüzli, mährem dörediji zenandan onuň bagta bolan garaýşy barada soranymda, ol mähremlik bilen ýylgyryp: «Zenanyň bagty maşgala ojagynyň bagtyýarlygyndadyr, ýanýoldaşynyň söýgüsinde, çagalarynyň şadyýan gülki sesindedir. Eneleriň ykbalyndaky bagtly pursatlar diňe bir öz kalbyny däl-de, öý-içersini, bütin dünýäni ýyladýandyr — diýip, buýsanç bilen gürrüň berdi.
|
Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda türkmen türgenleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň türgenleri, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň meýletinçileri, Zenanlar birleşiginiň işewürleri gatnaşdylar.
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň wekilleri sentýabrda geçiriljek Oýunlar bilen tanyşdyrmak we ol barada maglumat ýaýratmak maksady bilen 2-7-nji aprel aralygynda Daniýanyň Aarhus şäherinde geçirilen “SportAkkord” konferensiýasyna gatnaşdylar.
|
Ynha, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry baharyň şeýle ajaýyp günlerinde, Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda geçirildi.
|
Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmagyň syýasaty babatda suw meseleleri, suwy aýawly saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň meseleleri döwletara ekologiýa gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz AHHG-nyň meýdançasynda, şeýle hem BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda goňşy ýurtlaryň has netijeli birleşen tagallalarynyň zerurdygyny belledi.
|
Häzirki wagt paýtagtyň döwlete degişli dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly, şol sanda “Türkmenbakaleýa” degişli Parahat-1 etrapçasyndaky 3-nji, Parahat-2/2 we Parahat-2/3 etrapçalarynyň serhetleşýän ýerindäki 79-njy dükanlarda we Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky “Sumbar” söwda nokadynyň golaýyndaky dükanda daşary ýurtlarda öndürilen unlar satylmaýar. Şol bir wagtda, ýurduň içinde öndürilen ýokary hilli unlaryň hem gytalandygy aýdylýar.
“Ýurduň özünde ýa-da daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli uny satyn almak üçin indi üç gün bäri dükana gatnaýaryn. Ýöne her gezeginde ertir ýa-da iki-üç günden gelse gerek diýip, yzyma ugradýarlar. Ýurtda öndürilen pes ýa-da orta hilli una ýokary hilli uny goşmasaň, onuň diňe özünden çörek ýa-da beýleki naharlar üçin hamyr taýýarlap bolanok” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran paýtagtdaky 79-njy dükanyň golaýynda ýaşaýan ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Gazagystanda ýa-da Russiýada öndürilen unlar hususy eýeçilikdäki dükanlaryň hem köpüsinde tapdyrmaýar. Munuň bilen bir wagtda, hususy dükanlarda daşary ýurtda öndürilen ýokary hilli unlaryň bahasy hem barha gymmatlaýar.
“Mundan bir aý çemesi ozal hususy dükanlarda Gazagystanda öndürilen ýokary hilli unuň 1 kilogramy 1 manat 60 – 1 manat 80 teňňeden satylan bolsa, häzir 3 manat – 3 manat 20 teňňeden satylýar. Döwlet dükanlarynda ikinji sort diýilýän unuň 1 kilogramy öň 90 teňňeden satylan bolsa, indi 1 manat 20 teňňeden satylýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Aşgabatda ýaşaýan synçy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Köpetdag etrap häkimliginiň Söwda bölümi bilen habarlaşanda, bu edaranyň efirde adynyň agzalmazlygyny soran resmisi “biz öňki mukdardaky uny satuwa goýberýäris. Ýöne halk uny köp satyn alýan bolsa, onda olaryň islegini öwrenip, geljekde satuwa çykarylýan unuň möçberini köpelderis” diýip jogap berdi.
Türkmenistanda diplomatik korpusyň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna baryp gördi (1)
|
“Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýär. Ilatyň hal-ýagdaýy ýyl saýyn gowlanýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin zerur bolan şertler döredilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi döwlet syýasatynda öňe sürilýän esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Berkarar Watanymyzda hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Kada-kanunlar ýyl saýyn kämilleşip, bu ugurdaky işler netijeli dowam etdirilýär. Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir raýatyň asuda, erkana durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi we mynasyp dynç almagy üçin zerur bolan ähli şertleri üpjün edýär.
Mundan 26 ýyl ozal, has takygy, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Munuň özi şöhratly taryhy bolan türkmen jemgyýetinde möhüm taryhy wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin!” diýip, kalbyndan syzdyryp beýan eden arzuw umytlary, döwletlilik adalatlylyk we parahatçylyk ýaly ündewleri mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň esasy Kanunynyň rejelenen görnüşinde köpdürli syýasy garaýyşlar, köp partiýaly jemgyýet ykrar edildi. Bu bolsa ýurdumyzda demokratiýanyň ýyl saýyn kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistan Konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan goragyny kepillendirýän döwletdir. Berkarar ýurdumyzyň ynamly öňe barýan häzirki döwründe durmuş syýasaty, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirlendir. Döwletiň hasabyna köp çagaly maşgalalara, ene-atasyz çagalara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilmegi, ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň konstitusiýasy her bir raýatyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyny üpjün edýär. Jemgyýetimiziň agzybirligini syýasy hem-de durmuş taýdan durnuklylygyny pugtalandyrýar. Her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin zerur şertleri döredýär.
Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň kanun çykarjylyk ulgamynyň kämilleşdiriş işine uly gyzyklanma bilen garalýar. Konstitusiýanyň rejelenen görnüşi Türkmenistanyň täzelenen kanun çykarjylygynyň esasy binýady bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde köpdürli çäreler geçirilýär. Bu gün Türkmenbaşy şäherinde 16 ýaşy dolan 40 sany bagtyýar ýaşlarmyza Türkmenistanyň raýatlyk pasporty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu çäre Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda dabaraly ýagdaýda geçirlip, oňa il sylagly ýaşulylar we eneler gatnaşdylar. Çäre tamamlanandan soňra pasport alan ýaşlara Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna, täze gurlup, ulanmaga berlen Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gezelençler gurnaldy. Bu bolsa olaryň baýramçylyk ruhuny, keýpini has hem galdyryp, raýatlyk pasportyny alan ýaşlarmyzyň durmuşynda bu gün ýatdan çykmajak iň bagtly günleriň biri boldy.
|
Bu festiwal her ýyl ymam Ryzanyň (a) doglan gününde Türkmenistanyň hormatly ýolbaşçylarynyň ýardamy bilen ymam Ryzanyň (a) aşyklarynyň gatnaşmagynda Merw şäherinde geçirilýär.
|
“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralar hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, işiň hukuk esaslary, Türkmenistanyň konsullyk edaralarynyň açylyşynyň we işleýşiniň düzgüni, olaryň wezipeli adamlarynyň we işgärleriniň bellenmegi, mundan başga-da, Türkmenistanyň hukuklarynyň we bähbitleriniň, onuň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridiki şahsyýetiniň goralmagy boýunça konsulyň işleri kesgitlenildi.Konsullyk edaralar Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarynyň ösmegine, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki, medeni gatnaşyklarynyň we syýahatçylygynyň giňelmegine ýardam berýärler.Türkmenistan konsullyk gatnaşyklary ýola goýan döwletlerinde özüniň konsullyk edaralaryny açýar.Konsullyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna degişli aýratyn ylalaşygyň ýok ýagdaýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýulmagy konsullyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagy diýlip hem hasaplanylýar.Konsullyk edaralar Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda açylýar we öz işini bes edýär. Konsullyk edaralarynyň açylyşy hakyndaky deslapky ylalaşyk ikitaraplaýyn döwletara şertnamalar, ylalaşyklar we protokollar esasynda alnyp barylýar.Konsullyk edaralary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, häzirki Kanundan, Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki namalaryndan, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan we halkara şertnamalaryndan ugur alýar. Konsullyk edaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna girýär we oňa öz işi barada hasabat berýär.Konsullyk edaralary öz ýerleşýän ýurdunda Türkmenistanyň şol döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň baştutanynyň umumy ýolbaşçylygynda hereket edýärler.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň konsullyk bölümleri baş konsul ýa-da konsul diýip atlandyrylýan konsullyk edaralarynyň müdirleri tarapyndan dolandyrylýar.Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary bolmadyk döwletlerde bolunýan döwletiň razyçylygy esasynda konsullyk edaralarynyň üstüne diplomatik wezipeler hem ýüklenilip bilner.Türkmenistanyň konsullyk edaralary öz ýerleşýän döwletiniň razyçylygy esasynda, şol döwletde üçünji döwletiň adyndan konsullyk wezipelerini ýerine ýetirip biler.Daşary ýurtlaryň konsullyk edaralary hem üçünji döwletde Türkmenistanyň adyndan konsullyk wezipelerini ýerine ýetirip biler.Türkmenistanyň konsullyk edaralary öz ýerleşýän döwletiniň razyçylygy esasynda we üçünji döwlet tarapyndan garşylygyň bolmadyk ýagdaýynda şol üçünji döwletde konsullyk wezipelerini ýerine ýetirip biler.Konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmegiň tertibi şulardan ybaratdyr:Türkmenistanyň raýatlary we ýuridiki taraplary bilen bagly konsulyň wezipeleri.Konsul Türkmenistanyň raýatlarynyň we ýuridiki taraplarynyň öz ýerleşýän döwletiniň kanunçylygynda we Türkmenistanyň hem-de konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýurdunyň gatnaşýan halkara şertnamalarynda, şeýle hem halkara adatlarda göz öňünde tutulan ähli hukuklardan doly peýdalanyp bilmekleri üçin, ähli çäreleri görmäge borçludyr.Mundan başga-da, konsul notarial hereketleri, konsullyk kanunlaşdyrmany we konsullyk ýygymlaryny amala aşyrýar. Konsulyň wezipesine Türkmenistanyň harby-kömekçi gämileriniň harby korabllary, Türkmenistanyň gämileri, Türkmenistanyň raýat howa gämileri, sanitariýa, fitosanitariýa we weterinariýa goragy bilen bagly hereketler girýändir.
Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyklar, eger Türkmenistan tarapyndan başga halkara şertnamalarynda tassyklanmadyk halatynda, Türkmenistana gelmek üçin wizanyň esasynda, Türkmenistanyň territoriýasyna gelip we bolup bilerler.Daşary ýurtlulara, raýatlygy bolmadyklara Türkmenistana gelmek üçin wizanyň berilmegi we olaryň hereket etmeginiň uzaldylmagy Türkmenistanyň territoriýasynda –Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň çäginden daşarda – daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.Wizalaryň görnüşleri we kategoriýalary, şeýle hem, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we olaryň hereket etmek wagtynyň uzaldylmagynyň tertibi “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki hukuk kadalaşdyryjy namalary tarapyndan düzgünleşdirilýär.
2.Türkmenistandaky guramalaryň we hemişelik daşary ýurt wekilhanalaryň çagyryş ugry boýunça Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk, daşary ýurtlylar üçin-şol guramalaryň we wekilhanalaryň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy.
3. Gulluk ýa-da iş maksady bilen Türkmenistana gelýän raýat bolmadyk, daşary ýurtlylar üçin- kabul edýän guramalaryň gulluk ýa-da iş maksadyny tassyklaýan goşmaça hökmany resminamalar bilen ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy.
5. Türkmenistana şahsy işleri boýunça gelýän raýatlygy bolmadyk, daşary ýurt raýatlary üçin-bellenilen nusgada fiziki şahslaryň çakylygy ýa-da raýatlygy ýok daşary ýurt raýatynyň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy.
6. Türkmenistanyň territoriýasyndan üstaşyr geçýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurt raýatlary üçin- barýan ýurdunyň wizasy bilen ýolagçy resminamalary goşulan öz arzasy.
7. Syýahatçylyk maksatlary bilen Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurtlylar üçin-kabul edýän syýahatçylyk guramalaryň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy ýa-da öz arzasy.
8. Bilim almak maksady bilen Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurtlylar üçin-okuw jaýlarynyň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy.
10. Halkara gatnawlarda ýolagçylaryň we ýükleriň gatnawyny amala aşyrýan daşary ýurt ulag ekipažlarynyň düzümine girýän fiziki şahslar üçin-kabul edýän guramalaryň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy ýa-da öz arzasy
11. Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurtlylar wizasy resmileşdirilmän we onuň territoriýasynda bolýan mahaly, hem-de wiza güýjüni ýitiren ýa-da wagty tamamlanan ýagdaýynda-çykylýan wiza bermek hakynda şol şahsyýetleriň öz arzasy.
Ýüzlenmä goşulan ýüzlenmäniň görnüşi we resminamlaryň sanawy Türkmenistanyň Döwletm migrasiýa gullugy tarapyndan tasyklanylýar.
1.Türkmenistan daşary döwletler bilen konsullyk gatnaşyklaryny, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridiki taraplarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynyň düzüm bölegi-Konsullyk bölümi tarapyndan utgaşdyrylýar.
3. Konsullyk wezipesindäki adamlar öz ygtyýarnamalarynyň çäginde konsullyk okrugy ýa-da bu häkimiýetden gelip çykýan notarial hereketleri, raýat ýagdaýy baradaky aktlaryň bellige alynmagy, resminamalary we dürli aktlary kanunlaşdyrýar. Daşary ýurtlarda ýerleşen Türkmenistanyň raýatlarynyňkanuny bähbitlerini goramaklyk bilen,olara daşary ýurda gelmegiň kanuny we düzgünleri barada maglumat berýär,olara gerekli bolan hödürnamalary berýär, adatdan daşary ýagdaý dörän halatynda howpsuzlygyň berjaý edilişini üpjün etmek boýunça gerek bolan çäreleri ýerine ýetirýär.
4. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň hukuk derejeleri birinji olaryň bolýan döwletleriniň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenýär. Onda konsul konwensiýalarynyň ýagdaýy, raýat, maşgala we jenaýat işlere hukuk kömegi baradaky şertnama uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary beýleki döwletlerden resminamalary talap edip almak meseleleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümine ýüz tutup bilerler.Ýüz tutmany resmileşdirmegiň tertibi hem-de ýüz tutmany ýerine ýetirmegiň möhletleri ilkibaşdaky maglumatlaryň dolulygyna we şol resminamanyň gelip çykan döwletiniň kanunçylygynyň talaplaryna baglydyr. Daşary ýurtlardan resminamalary talap edip almak üçin uzak wagtyň gerek bolýandygy göz öňünde tutulmalydyr.Resminamalary kanunlaşdyrmagyň tertibi barada maglumatKanunlaşdyrmak – munuň özi döwletiň häkimiýetlerinden çykýan ýa-da şol häkimiýetleriň gatnaşmagynda düzülen resminamanyň şol döwletiň kanunçylygyna laýyk gelýändigini tassyklamakdyr. Ol resminama gol çeken wezipeli adamyň golunyň hem-de ygtyýarly döwlet edarasynyň möhüriniň hakykylygyny tassyklamakdan ybaratdyr.Halkara tejribesine laýyklykda pasportlary we olaryň ornuny tutýan resminamalary kanunlaşdyrmak talap edilmeýär.Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän ýa-da özüniň mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirip biljek ýa-da raýatyň mertebesine şek ýetirýän resminamalar we namalar, şeýle hem pasportlaryň, zähmet depderçeleriniň, harby biletleriň, şahsyýetnamalaryň, eýeçilik baradaky namalaryň, täjirçilik ýa-da gümrük amallaryna (hasaplar, harytlaryň serhetden geçirilişi baradaky resminamalar, harytlary ibermek hakyndaky ylalaşyklar, gümrük deklarasiýalary we şuňa meňzeşler) gönüden-göni degişli resminamalaryň asyl nusgalary hem-de göçürmelri kanunlaşdyrmaga degişli däldir.Daşary ýurtlarda ulanmak üçin resminamalary kanunlaşdyrmak.
Türkmenistanyň Adalat (ýustisiýa) ministrligi kepillendirijiniň golunyň we möhüriniň hakykylygyna şaýatlyk edýär;
Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümi Türkmenistanyň Adalat (ýustisiýa) ministrliginiň möhüriniň we wezipeli adamyň golunyň hakykylygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde kanunlaşdyrylandan soň resminamalar olaryň ulanyljak döwletiniň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda kanunlaşdyrylýar (legallaşdyrylýar). Şunluk-da daşary ýurt konsuly özünde bar bolan nusgalygyň esasynda Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminiň ygtyýarly işgäriniň golunyň we möhüriniň hakykylygyny tassyklaýar. Kada bolşy ýaly, resminamalar kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgalarda kanunlaşdyrylýar. Daşary ýurtlarda ulanmak üçin niýetlenen bilim hakyndaky resminamalar muňa girmeýär, şol resminamalar Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde asyl nusgasynda kanunlaşdyrylýar.Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde resminamalary kanunlaşdyrmak üçin konsullyk ýygymy we iş ýüzünde edilen çykdajylaryň öwezini dolmagyň hasabyna ýygym alynýar.Türkmenistanyň çäginde ulanmak üçin daşary ýurt resminamalaryny kanunlaşdyrmak.Türkmenistanyň çäginde ulanmak üçin niýetlenen daşary ýurt resminamalary olaryň gelip çykan döwletiniň Daşary işler ministrliginde ýa-da muňa ygtyýarly edilen beýleki resmi döwlet edarasynda kanunlaşdyrylandan soň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylman Türkmenistana getirilen daşary ýurtlaryň resminamalary deslapdan, resminamanyň düzülen daşary ýurt döwletiniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynda, soňra bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde kanunlaşdyrylýar.Türkmenistanda baglaşylan raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi hem-de hukuk gatnaşyklary hakyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklar, şeýle hem 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minsk şäherinde GDA agza döwletler tarapyndan gol çekilen raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakyndaky Konwensiýa degişli tertibi kesgitleýär. Oňa laýyklykda, ylalaşýan taraplaryň biriniň resmi häkimiýetleri tarapyndan berlen resminamalara resmi hökmünde garalýar we beýleki bir ylalaşýan tarapyň çäginde haýsydyr bir goşmaça kepillendirme talap edilmezden, ýagny kanunlaşdyrylmazdan, resmi resminamalaryň subut ediji güýjünden peýdalanýar.
“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary olaryň konsullyk okrugynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlaryny bellige alýar we hasabyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň çäginden daşda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda bellige alynmaga (konsullyk hasabyna durmaga) haklydyr.Türkmenistanyň raýatlaryny bellige almak muzdsuz amala aşyrylýar.Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümi bu mümkinçilikden peýdalanmagy tutanýerli maslahat berýär. Hökmany suratda bolman, bu düzgün Türkmenistana gitmän köp meseleleri çözmäge (boljak saýlawlar we sala salşyklar barada maglumatlary bermek, pasportlary resmileşdirmek, raýatlyk ýagdaýynyň ýazgysyny bellige almak we ş.m.) mümkinçilik berýär, şeýle hem özüniň bolýan döwletinde harby hereketleriň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň ýa-da tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykan halatynda Watanyna gaýdyp gelmegini ýeňilleşdirer.Türkmenistanyň Diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda konsullyk hasabyna goýmak üçin bellenilen görnüşdäki kartoçka doldurylýar.Bellige alnanda pasportda: “…(Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň ady we onuň ýerleşýän ýeri)hasaba alyndy” diýen bellik edilýär, sene hem-de hasaba alan adamyň goly görkezilýär.
|
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guran bäsleşiginiň netijesinde işeňňir zenanlar G.Dosowa birinji, O.Atdaýewa ikinji, G.Oraznyýazowa üçünji ýeri eýelediler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
|
Gunduz welaýatynyň içeri işler bölüminiň işgäri Serwer Hüseýin howpsyzlyk güýçleriniň Talibana garşy alyp barýan operasiýalarynyň dowamynda başbozarlar bilen çaknyşandygyny habar berdi
ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde döredilen halkara koalisiýasynyň Yrakda geçiren harby howa operasiýasynda Ninowa welaýatynda 26 partizanyň bolsa ýaralanandygy habar berildi
|
Düýn, XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň altynjy gününde türkmen toparynyň gazananlarynyň üsti ýene-de bir bürünç medal bilen artdy
Munuň özi Aziýa oýunlarynyň taryhynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlarda “ne-waza” görnüşinde Türkmenistanyň ilkinji baýragydyr.
Mongol türgeni bilen üçünji orun ugrundaky jemleýji duşuşyk çylşyrymly boldy. Garşydaşlar işjeň hereket etmekde we ussatlykda biri-birinden kem galmady. Netijede, eminleriň çözgüdi bilen ýeňiş türkmen pälwanyna berildi. Biziň türgenimiziň bu ýaryşlara taýýarlygynyň ýokary derejesini bellemek gerek. Çünki Mongoliýanyň wekili Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesidir, K.Meredow bolsa şol ýaryşyň tertipnamasynda dokuzynjy orundady.
Boks boýunça ýaryşlara badalga berlip, ilkinji duşuşyklar geçirildi. 60 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji aýlawy biziň türgenimiz Hursand Imankulyýew hem yzda galdyrdy. Ol 2017-nji ýylda bolan Yslam oýunlarynyň baýrak eýesi hem-de şu ýyl Polşada geçirilen boks boýunça Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşynyň ýeňijisidir.
Şeýlelikde, şu günki medal oýunlarda ýygyndy toparymyzyň üçinji medalydyr. Ilkinji baýraklaryň eýeleri bolsa TDH-nyň habarçysy bilen öz şatlygyny paýlaşdylar.
Agyr atletika boýunça ýaryşlarda tomusky Aziadanyň kümüş baýragynyň eýesi, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Kristina Şermetowa şeýle diýdi:
|
Hawa, ene ýerdäki perişde. Ol täsin adam. Ene hemişe perzendiniň ýagşy günlerine şaýat bolasy gelýär. Olar hemişe arzuw-dileg bilen ýaşaýarlar. Eýsem, eneler näme dileg edýärkäler? Dünýäniň, öý-ojagynyň parahatlygy, agzybirligi, çagalarynyň ile-güne, Watana wepaly, ar-namysly, mährem bolup ýetişmekleri — eneleriň bimöçber dilegi. Ene bilen sözsüz gürleşip, düşünişip bolýar. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň käbesine, ähli zenanlara bagyşlap ýazan kitabyndan bir parçany ýatlasym gelýär: «Edebiýat sapagyndan düzme ýazmaly bolanymyzda, muny biz, ilki bilen, ejem janyň okamagyny isleýärdik. Onuň sesini çykarman, dymyp okamagy bolsa, biziň «bäşligimizdi». Häzir ene hakdaky şol düzmäniň mazmunyndan ýadyma düşýäni: «Ejem jan asman ýyldyzy, ýyldyzsyz gijeler bolmaýar. Ejem jan baharyň mylaýymlygy, ony döredýän bolsa, asmanyň güneşi. Güneşsiz gündiz bolmaýar, güller hem açylmaýar. Ejem jan! Sen meniň üçin ähli zat, muny beýan etmäge men başga söz tapyp bilmeýärin». Şonda men mugallymyň nähili bahasyna mynasyp bolandygyma üns hem bermändirin. Ýöne esasy zat, ejem jan maňa hiç zat diýmedigem bolsa, ony şonda begendirendirin diýip, umyt edýärin».
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli zamanada ýaşaýan Zenanlar guramasynyň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, paýhasyndan halkymyza peşgeş berlen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby esasynda «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» ady bilen geçirilen bäsleşigiň döwletimiz boýunça jemleýji tapgyryna welaýat tapgyrynda baýrakly orunlary eýelän ýeňijiler gatnaşdylar.
Türkmeniň haly-palasy bilen bezelen bäsleşigiň geçjek meýdanynda mähriban Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserlerine ussat suratkeşleriň çeken suratlarynyň, gelin-gyzlaryň çeper ellerinden dörän el işleriniň, zergärçilik işleriniň, milli lybaslarynyň, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylyny mahabatlandyrýan türkmeniň gadymy ak öýleriniň, uzak ýola barýan kerwenleriň, kerwensaraýlaryň, galalaryň, kejebäniň, küýzeleriň, düýäniň şekilleriniň sergisi guralypdyr. Türkmenistanyň dokma senagatynyň öndürýän döwrebap, dünýä ülňülerine gabat gelýän, özüniň milliligi bilen tapawutlanýan önümleri hem ünsüňi çekýär. Milli medeniýetimize we sungatymyza, gözel tebigatymyza, milli mirasymyza goýulýan sarpa kalplary buýsandyrýar.
|
Turkmensnews - Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşen Sistan we Baluçestan welaýatynyň tertip düzgün goraýjy güýjiniň serkerdesi bu welaýatyň sarawan etrabynda bir ...
|
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde guramaklarynda «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» ady bilen zenanlaryň arasynda ýurt derejesinde geçirilýän bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry ýokary guramaçylykda, şowhunly geçdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançany bäsleşige gatnaşýanlar alyp gelen haly-palaslary, keçeleri, nepis el işleri bilen bezäpdirler. Milli şaý-seplerimizi, zenanlarymyzyň milli toý lybaslaryny, dokma önümlerini mahabatlandyrýan sergiler bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Zenanlaryň kimsi ýüň saýyp, keçe güllese, kimsi haly dokap, ýene biri tara işledip, düýe ýüň saçagyny, agyr gyňaç dokasa, gelin-gyzlaryň käbiri gaýma gaýap, keşde çekmek bilen meşgullandylar. Ölaryň ýerine ýetiren aýdymlary dürli döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşyp, adamlaryň ruhuny göterdi.
|
Türkiýäniň taryhy we dini gatnaşyklary bolan Mawritaniýa bilen syýasy gatnaşyklar dostluk we hyzmatdaşlyk esasynda ösýär. Iki ýurduň arasnda haýsydyr bir syýasy düşnüşmezlik ýok. Emma 2008-nji ýyla çenli iki ýurduň arasynda uly ösüş hem bolmady. Türkiýäniň “Afrika Başlangyjy Syýasaty” bilen bilelikde iki ýurduň arasynda özara we köp taraply platformalarda ýokary derejeli saparlaryň sany hem artdy. Mawritaniýanyň Prezidenti Abdel Aziziň 2010-njy ýylda Türkiýä sapary we şondan soň iki taraply häsýetde ilçihanalaryň açylmagy özara gatnaşyklaryň we saparlaryň depginini güýçlendirdi. İki ýurduň arasynda 2013-nji ýyldan bäri yzgiderli syýasy geňeşmeler geçirilýär.
Türkiýe bilen Maliniň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejeli. Gatnaşyklary soňky döwürde Maliniň Prezidentiniň, Mejlisiniň Başlygynyň we Premýer ministriniň Türkiýä guran saparlary bilen hasam güýçlendi. Türkiýäniň Malidäki ilçihanasy 2010-njy ýylyň 1-nji fewralynda işe başlady. Maliniň Prezidentiniň Syýasy geňeşçisi Brahim Sumar hem 2014-nji ýylyň 6-njy maýynda Ministrler kabinetiniň karary bilen Türkiýä ilçi hökmünde bellendi. Iki ýurduň arasynda köp sanly ugurda ylalaşyklara gol çekişildi. Geljekde-de şol ylalaşyklaryň üssüne başgalarynyň goşulmagyna garaşylýar.
Afrika ýaly sebitde pozisiýa eýelemek uzak möhletli iş. Türkiýe şu günki günde edýän başlangyçlarynyň anyk netijelerini birnäçe on ýylda alar. Şol sebäpli sabyrlylyk bilen, erjellik bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmeli. Eýsem Türkiýäniň beýleki güýçler ýaly Afrikany ünsden düşürip bilmez.
|
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň merdana we agzybir halkynyň saglygyny gorap saklamak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreş» atly yglan eden biraýlygynyň çäklerinde geçirilýän çäreler-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Welaýat saglygy goraýyş müdirligiň welaýat onkologiýa hassahanasy bilen bilelikde geçiren maslahaty hem işjeň ýagdaýa eýe boldy.
|
Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Saniniň 7-nji sentýabrda Berline gurajak saparynyň öň ýanynda Germaniýada çap edilýän “Handelsblatt” gazetine interwýu beren Kataryň Maliýe ministri Ali Şerif Al Amadi maýa goýumlarynyň saparyň dowamynda yglan ediljekdigini beýan etdi.
|
ABŞ-nyň Voice of America habarlar agentligi: “Erdogan: Yragyň Kürt Awtonomiýasyndan bikanun garaşszylyk referendumy täze gam-gussalaryň habarçysy” söz başyly habarynda, Yragyň Kürt Awtonomiýasynda 25-nji sentýabrda geçirilen bikanun garaşsyzlyk referendumyna garşy reaksiýalaryň dowam edýändigini habar berýär. Habarlar agentligi Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň düýn paýtagt Ankarada 2017-2018-nji okuw ýylynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşandygyny belleýär. Habarda Erdoganyň ol ýerde eden çykyşynda Türkiýäniň soňky wagta çenli Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň lideri Mesut Barzaniniň olar ýaly ýalňyş hereket etjekdigine ynanmandygyny belläp: “Ýalňyşypdyrys. Gatnaşyklarymyzyň taryhdaky iň gowy zamanasynda kabul edilen bu karar ýurdumyza garşy hyýanatdyr” diýendigi beyan edilýär. Habarlar agentligi Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň ähli duýduryşlara, ähli garşylyklara garamazdan garaşsyzlyk referendumyny geçirmekde tutanyerli çemeleşendigini aýdan Türkiýäniň Prezidentiniň bu saýlawyň bar bolan Yragyň konstitutsiýasy taýdan hiç hili güýjüniň ýokdygyny, Ysraýyldan başga tarapdarynyň hem bolmandygyny belländigini nygtaýar. Habarlar agentligi Erdoganyň: “90-92 göterim bilen tassyklanypdyr. Onuň bir güýji barmy? Seniň garaşsyzlygyňy kim kabul eder? Ysraýyl. Dünýä Ysraýyldan ybarat dälä” diýip nygtandygyna ünsi çekýär.
Germaniýanyň Deutsche Welle (DW) media guramasy: “Germaniýadaky saýlawlaryň netijesinde Erdoganyň duýduryş beren tarapyna gelindi” söz başyly habarynda, Germaniýada 24-nji sentýabrda geçirilen umumy saýlawlarda saýlawçylaryň Angela Merkeliň bosgunlar bilen bagly syýasatyndan hoşal däldigini görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar agentligi onuň bolsa Erdoganyň ýygy-ýygydan gün tertibe getiren yslama we bosgunlara garşy partiýa bolan Germaniýa üçin Alternatiw partiýasynyň işine ýarandygyny belleýär. Habarda Germaniýa üçin Alternatiw partiýasynyň ikinji umumy saýlawlarda 100-e golaý deputaty bilen Federal Mejlise iň uly 3-nji partiýa bolup girmegi başarandygy ýazylýar.
Russiýanyň Radio we habarlar agentligi Sputnik: “Stambul dünýäniň iň meşhur 10 şäheriň arasynda” söz başyly habarynda, merkezi ofisi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Halkara maliýe kärhanasy Mastercard tarapyndan taýarlanan 2017-nji ýyl Global maksat şäherler indeksinde Stambulyň şu ýyl dünýäde iň köp daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegine garaşylýan ilkinji 30 şäheriň arasynda 10-njy ýere mynasyp bolandygyny mälim edýär. Habarlar agentligi Mastercard kärhanasynyň Global maksat şäherler indeksine görä geçen ýyl 9,6 million daşary ýurtly myhman gelen Stambul şäheriniň Ýewropanyň iň meşhur şäherleriniň arasynda 3-nji oruna geçendigini nygtaýar. 2017-nji ýylda bolsa şähere takmynan 9,24 million adamyň gelmegine garaşylýandygyna ünsi çekýär. Eýýäm 9 ýyl bäri taýarlanýan habarnama jemi daşary ýurtly myhmanlaryň sany, serhetden näçe adamyň geçendigi, daşary ýurtlylaryň şol şäherlerde sowan pullary we ýolagçy sanyndaky üýtgeşiklikler göz öňünde tutulyp taýarlanýar.
ABŞ-nyň halkara habarlar gullugy CNN: “Ordudaky ýaýlaglarda turistleriň artyşy” söz başyly habarynda, Ordu welaýatynyň 1500 metr beýiklikde ýerleşýän Aýbasty Penşenbe ýaýlagynyň arap syýahatçylarynyň üns merkezindedigini beýan edýär. Habarlar gullugy Aýbasty etrabynyň häkimi Izzet Gündogaryň Pars aýlagy ýurtlaryndan şu ýyl gelen syýahatçylaryň sanynyň artandygyny belläp: “Tanyşdyrylyş çäreleri indi miwesini bermäge başlady. Dynç almaga gelýän syýahatçylaryň sany örän artdy” diýendigine ünsi çekýär. Geçen ýyl Penşenbe ýaýlagyna 500 müň ýerli we daşary ýurtly syýahatçy bardy. Şu ýyl şol sanyň 700 müňe ýetmegine garaşylýar.
|
Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.
Soňra Harunyň ogullary – ruhanylar böleklenen eti, malyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otda goýsunlar.
Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
|
Hindistanyň Kerala welaýatynda aşa köp ýagan ýagyş sebäpli emele gelen sil apatynda we ýer süýşgünleri netijesinde ýogalan adamlaryň sany 368-e ýetdi
Muson ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apaty Kerala welaýatynyň 14 etrabynyň 12-sine öz täsirini ýetirdi.
|
Çubarow “Krym tatarlarynyň 18-nji maý ýaly gamly günlerinde bir ýere jemlenişmeklerini islemeýärler. Ýönekeý sebäpleri bahana görkezýärler, çünki bu ýerde şeýle prowakasiýalaryň boljakdygyna ynanmaýarys. Çünki 23 ýylyň dowamynda biz hiç hili prowokasiýalara sebäp bolmadyk” diýdi.
|
Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halklar bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy.
Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap ýurdunda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.
Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Pagudy. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.
|
Şu gün tomaşaçylara Türkmen telewideniýesiniň teleýaýlymlarynda tehniki işler sebäpli beriljek arakesme barada bildiriş ýetirildi. Bildirişde milli telewideniýämiziň ýaýlymlarynda 15-nji maý güni gije sagat 00:00-dan gündiz sagat 12:00-a çenli arakesmäniň boljakdygy aýdylýar.
|
Ine, öňümizde biziň döwlet Tugumyzyň baýramy. Baýdak–döwletiň buýsanjy, özbaşdaklygyň alamaty. Biziň ýaşyl Baýdagymyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň mukaddes nyşany. Döwlet Tugumyz halkymyzyň geçmişini, şu gününi, geljegini görkezýär. Ynsanlar beýik–beýik edermenlikleri, üstünlikli ýeňişleri öz ýurdunyň baýdagynyň astynda amala aşyrypdyrlar. Ýaşyl Tugumyz biziň göz–guwanjymyz, depämiziň täji. Ol biziň mertebämiz bolup belentde parlaýar. Sebäbi, Baýdak, Tug-mukaddes. Ol ata Watanymyzyň ähli künjünde, her bir ýaşaýyş jaýynyň, orta we ýokary okuw binalarynyň, edara-kärhanalaryň depesinde buýsançly parlaýar. Biziň üstünliklerimizi, şanly ösüşlerimizi, beýik ýeňişlerimizi buşlap, türkmen döwletini äleme jar edýär. Biz oňa çäksiz buýsanýarys.
Eziz Diýarymyzyň her bir toýunda egsilmez ruhubelentlik, şatlyk-şowhun höküm sürýär. Naýbaşy baýramlarymyzyň biri bolan Baýdak baýramynyň şagalaňy örän üýtgeşik. Gözel paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çärelerem, gyzykly bäsleşiklerem, aýdym-saz dabaralaram bu mukaddes toýuň şowhunyny artdyrýar.
Ýaşyl Tugumyz biziň göz-guwanjymyz. Ol biziň mertebämiz bolup belentde parlaýar. Sebäbi Tug–mukaddes. Agzybirligiň, rowaçlygyň alamaty bolan ýaşyl Tugumyz halkymyzyň buýsanjy! Türkmen Tugy–Watan gymmatlygy ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Döwlet Tugumyz başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni! Biziň döwlet Tugumyz örän owadan. Sebäbi, oňa halkymyzyň mähri siňen. Şeýle mähir, söýgi bilen dörän ýaşyl Tugumyz Birleşen Milletler Guramasynyň jaýynyň öňünde, dünýäniň ähli döwletleriniň Baýdagy bilen bilelikde Al-asmanda parlaýar! Türkmen ilimiziň döwletliliginiň, azatlygynyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz geljegimiziň aýdyňlygydyr. Tebigy ýaşaýşy, juwanlygy, milliligi şöhlelendirýän ýaşyl Tugumyz bu gün dünýäniň çar künjeginde belentden parlaýar!
Garaşsyz döwletimiziň baş nyşany bolan ýaşyl baýdagymyz halkymyzyň mukaddes guwanjy. Parahatçylyk söýüji syýasaty bilen döwletimiziň abraýy, şan-şöhraty has-da ýokarlandy, ykdysady kuwwady berkedi. Ýaşyl tugumyzyň dünýäniň çar künjünde buýsançly pasyrdamagy, dünýäniň ösen, öňdebaryjy ýurtlarynyň biziň döwletimiz bilen ýakyndan aragatnaşygy, özara hyzmatdaşlygy ýola goýandygyndan nyşan.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Döwlet nyşanlarynyň biri bolan Döwlet Baýdagymyzyň döredilen gününi - indi her ýyl maý aýynyň 18-ne uly dabara bilen belleýäris. Baýdak – döwletiň ýüzüni görkezýän, ähli baýramçylyklarda, sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanylanda asmana galdyrylýan belent bir nyşan bolup durýar.
Döwletimiziň ýaşyl baýdagy halkymyzyň milliliginiň buýsanjydyr, hemişe bahar paslyny ýatladýan ýaşaýşyň nyşanydyr. Ýaşyl Tugumyz ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň bezegi. Hormatly Prezidentimiz türkmen döwletiniň dünýä derejesindäki abraýyny belende götermek, halkymyzyň oňat ýaşamagyny gazanmak üçin taýsyz tagallalary edýär. Herbir ynsanyň öz başarnygyna, ukybyna görä, Watana ak ýürekden hyzmat etmegini ündeýär.
Türkmeniň her bir ogul–gyzy golunda ýaşyl Tug göterip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeňişlere tarap batly gadam urýar. Al–asmanda buýsançly pasyrdaýan Tugumyz bizi ýene-de täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýüreklerimizde Watana söýgi, golumyzda ýaşyl Tugumyz uly buýsanç bilen öňe gadam urýas. Goý, biziň mukaddes Baýdagymyz her bir öýüň depesinde ýaşaýşyň baky nyşany bolup pasyrdasyn!
|
Özüni hakyky edebiýatçydyr öýdüp, ýat ýurtlardan öz iline, öz halkyna tarap üýrýän "ýazyjylaryñ" aýtmagyna görä, "türkmen okyjylaryna bu gün okar ýaly türkmen dilinde ýazylýan çeper eser ýokmuşyn..."
|
2 Oppozisiýa söweşijisi Al-Tamanah obasynyň golaýynda Siriýanyň hökümet goşunalryna tarap top atýar. Idlib welaýaty. (AFP/Omar Haj Kadour)
|
Şu ýylyň 18-nji maýynda halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günü dabaraly bellenip geçiler.
Döwlet senamyzda „Baýdagyň belentdir dünýaň öňünde“ diýlip aýdylyşy ýaly, tugumyzyň ýokary galdyrylmagy Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň, mertebesiniň arşa galmagydyr.
|
Düýn Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda 18-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy geçirildi.
|
Türkiýä gelen gönüden halkara maýa goýumlary üstümizdäki ýylyň 7 aýlyk döwründe geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 9 göterime glaý artyp, 7,9 milliard dollara ýetdi
|
Daşky reklama – Türkmenistanyň islendik şäherlerinde reklamalaryň ýerleşdirilmegi, reklama şekillendirmeleriniň taýýarlanmagy we dizaýyn boýunça ýokary professional hyzmatlaryň berilmegi.
Poligrafiýa – doly reňkli poligrafiýa önümleriniň, şol sanda, listowkalaryň, bukletleriň, kataloglaryň, kalendarlaryň, flaýerleriň, gutlag bukjalarynyň, otkrytkalaryň taýýarlanmagy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň portretleriniň tapgyryny taýýarlamakda ýokary hil üçin çaphanaçylyk bäsleşiginde birinji orun
|
Gazagystanyň Ilçisi iki milletiň taryhynyň, medeniýetiň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi döwletleriň özara gatnaşyklaryň işjeňliginiň esasy bolup durýandygy belledi. Ol şeýle-de ýurdunyň geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny bildirdi.
|
Bahreýniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary Bahreýniň ilçihanalarynda, konsulluklarynda we diplomatik wekilhanalarynda 20-njy noýabrda ses berer.
ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, nebitiň bahalarynyň arzanlamagy sebäpli Saud Arabystanyna minnetdarlyk bildirdi
|
Britaniýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Karen Piers Prezident Erdoganyň “Wol Strit Jornal” gazetinde Siriýanyň İdlib welaýaty baradaky makalasyny nazarda tutup: “Prezident Erdogana goşulýarys” diýdi.
BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi Russiýanyň islegine laýyklykda Prezident R.T.Erdoganyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň anna güni Tähranda geçiren ýokary derejeli maslahatynyň netijelerini we İdlibdäki soňky şertleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mejlis geçirdi.
Geňeşiň mejlisinde çykyş eden Britaniýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Karen Piers: “Siriýanyň hökümeti we Russiýanyň İdlibe hüjüm etmegi bilen Türkiýäniň terorçylara garşy göreşmeginden biri saýlanyp alynmaly Türkiýäniň İdlib boýunça meýilnamasy bar; “oppozisionerler terrorçylara garşy göreşýärkä hökümet olara hüjüm etmesin.” Geňeş şuny ara alyp maslahatlaşmaly” diýdi.
ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Heli bolsa Russiýa bilen Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň İdlibe guraýan hüjümlerinde barrel bombalaryny we raketalary ulanandygyny, hassahanalaryň bombalanandygyny beýan etdi.
Russiýanyň Siriýada parahatçylyk üçin wagty boşa geçirmegi bes etmelidigini aýdan Heli; “Russiýa we Eýran Siriýada goşant goşujy hökmünde ynamdarlyklaryny görkezmek üçin ähli şertlere eýedi. Şol pursatlara näme boldy? Öz güýçleri çaknyşyksyzlyk ylalaşygyny gülkünç we durnukly ýagdaýda basgyladylar” diýdi.
|
Borlaý, seň bilen deň şertlerde çekişjek bolsam beýnimiň ýarsyny aýyryp gelmeli boljak. Şonuň üçin arkaýyn bolaýaýyn.
|
Kabul polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Haknawaz Hakýar hüjümiň Sadarat skwerinde, köp sanly hökümet binalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň we dükanlaryň golaýynda bolandygyny aýtdy.
|
Ruhani sözüniň dowamynda Eýran bilen Türkiýe döwletleri bilelikdäki hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyryp Siriýadaky çaknyşyklaryň güýçlenmeginiň öňüne geçmelidirler diýip nygtap geçdi.
|
TANAP taslamasy Türkiýe-Gürjistan serhedinde ýerleşýän Ardahan welaýatynyň Posof etrabyndaky Türkgözü obasyndan başlaýar, 20 welaýat bilen 67 etrapdan geçip 1850 kilometr soň Edirne welaýatynyň Ipsala etrabyna çenli geler we Azerbaýjanyň tebigy gazy şol ýerden Ýewropa ýurtlaryna akdyrlar.
|
— "Altyn asyr" gowy topar. Bize garşydaşyň böwedini böwsüp, toparçadan çykmaga mümkinçilik dörär diýip pikir edýärin. Goý, öňde duran wezipe ertir biziň peýdamyza çözülsin. Balkanabatda duşuşygyň iň soňky minutlarynda käbir ýalňyşlyklary goýberdik, ertir bolsa ýalňyşmak bolmaýar.
|
Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.
Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Madaýyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Olar patyşanyň iň ýakyn adamlary, onuň ýörite maslahatçylary, Parsyň we Madaýyň ýedi begi: Karşena, Şetar, Admata, Tarşyş, Meres, Marsena hem-de Memukan dagylardy. Olar patyşanyň huzurynda iň beýik wezipeleri eýelediler.
Soňra Memukan patyşanyň we begleriň öňünde şeýle diýdi: «Şa aýaly Waşty diňe patyşa garşy däl-de, eýsem patyşa Kserksiň ähli welaýatlaryndaky hemme han-beglere we halka garşy gabahat iş etdi.
Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we madaýlaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin.
Bu maslahat patyşanyň hem-de onuň begleriniň göwnünden turdy we patyşa edil Memukanyň aýdyşy ýaly hem etdi.
Ol her bir erkek öz öýüne hojaýyn bolsun diýip, her halka öz dilinde yglan edip, özüniň bütin patyşalygyndaky welaýatlara hersiniň öz ýazuwynda, öz dilinde hatlar ýollady.
|
Gürrüňdeşligiň barşynda dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekiline Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň hem-de ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada habar berildi. Ilçi şeýle hem milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi we onuň düzümi bilen tanyşdyryldy.
|
Türkmenistanyň Konstitusiýasy baş Kanunymyzdyr. Sebäbi Konstitusiýamyz jemgyýetimiziň we döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny milliligimize we türkmeniň ruhy gymmatlyklaryna laýyklykda kanuny esasda kesgitleýär. Baş kanunymyzda bellenişi ýaly Türkmenistan demokratik, hukuk dünýewi we hemişelik Bitarap döwletdir. Biziň jemgyýetimiz, döwletimiz baş Kanunda bellenilen ynsan hukuklaryny ýörelge edinip günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan içerki we daşary syýasatlar Hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda adam hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Biziň döwlet syýasatymyzda adam mertebesi ýokarlandyrylyp, ilatyň durmuş derejesi ýokary derejä göterilýär. Ýurdumyzda adam döwletiň iň uly gymmatly hazynasydyr. Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni baş şygarymyz edip goýýar. Bu her bir raýatyň bagtyýar we abadan durmuşynyň kepilidir. Ýagny, ýurdumyzda täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi on iki ýyllyk orta bilime geçirilmegi gazanylan üstünliklerimiziň sanyny artdyrýan esasy zatdyr.
Hawa, Baýdak baýramynyň hem Baş Kanunymyzyň kabul edilen gününde bellenilmegi baýramçylyk dabaramyzyň şatlyk-buýsanjymyzy goşalandyrýar. Bu iki mukaddesligiň hatyrasyna toý tutmak Watanyň mukaddesliginiň sarpasyny has beýige götermekdir. Ol çuňňur watansöýüjilikdir, mizemez döwletlilikdir. Watan Berkararlygynyň aýdyň nyşanydyr. Bu baýramçylyk Gahryman Arkadagymyz bilen jebis bolan türkmen halkynyň täzeçe ruhda, täze röwüşde milli görnüşde bellenýän baýramydyr. Ol türkmen halkynyň özbaşdaklygynyň, agzybirliginiň, jebisliginiň, mizemezliginiň belent nyşanydyr.
Varje ansluten organisation har nu en dedikerad kontaktperson på TAM-Arkiv. Det är till den arkivarien man i första hand vänder sig med arkivrelaterade frågor.
|
Eý, ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde ýa atalar döwründe, heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?
Sebäbi meniň topragyma ummasyz, güýçli bir leşger çozdy; arslanyňky ýaly onuň dişleri, ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.
Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.
Ýa Reb, Saňa dat-perýat edýän, çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy, meýdan agaçlarynyň baryny ýalyn köýdürdi.
Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary, çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.
|
2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Ýaşulylar Maslahatynda halkymyzyň goşa buýsanjy bolan Baş kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň şanly baýramçylygy baglanyşdyrylyp, her ýylyň 18-nji maýyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýip yglan edildi. Bu ajaýyp baýramçylyklaryň bir günde bellenilmeginiň çuňňur we taryhy manysy bardyr. Türkmen halkymyzyň agzybirliginiň, asudalygynyň, jebisliginiň, döwletimiziň berkararlygynyň we bagtyýarlygynyň ähli alamatlary bu mukaddeslikleriň ikisinde hem ýerleşdirilendir.
Türkmen halkynyň milli aýratynlygyna, taryhyna, pelsepesine laýyk gelýän döwlet nyşanlarynyň biri bolan ýaşyl baýdagymyz taryhy asyrlara, müňýyllyklara uzalyp gidýär. Türkmen halkymyzyň buýsanjy bolan Döwlet baýdagymyz özbaşdaklygyň, özygtyýarlylygyň, bitewiligiň we döwletliligiň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşyl tugumyzyň dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda belentden parlamagy türkmen halkymyzyň we berkarar döwletimiziň abraýynyň, mertebesiniň arşa galmagydyr.
Gözlerimiziň guwanjy bolan Döwlet baýdagymyzyň we ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleriniň hukuk binýady bolan Konstitusiýamyzyň baýramy gutly bolsun! Bagtyýar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Türkmeniň Arkadag ogly hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
|
Türkmenistanda dowam edýän azyk önümleriniň bahalarynyň gymmatlamagynyň fonunda, bu pursatdan öz bähbidine peýdalanmak isleýänleriň bardygy aýdylýar.
|
Aşgabat şäherniň kiçi etrapçalarynda goşmaça gurluşyklaryň ýumrurlyp, etrapçalaryň ara ýollarynyň täzeden abatlanandygyna ýaňy iki ýyla golaý wagt boldy.
|
Russiýanyň Ria Nowosti habarlar gullugy: “Türkiýe Eýrana garşy goýuljak sanksiýalara garşy çykdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň resmi Ankaranyň Eýrana garşy sanksiýalaryna garşydygyny aýdandygyny habar berýär. Habarlar gullugy Çawuşoglynyň: “Eýrany nähak ýerinde tankyt edýäris, hakly ýerinde bolsa goldaw berýäris. Embargo syýasaty ýalňyşdyr. Käbir ýurtlaryň ýigrenç duýdugy we ýok etmek isledigi Eýrany çüňke gabamak örän erbit bir ýalňyşlykdyr. Eýran bize duşmanmy näme?” diýendigini beýan edýär.
ABŞ-nyň AP habarlar agentligi: “Türkiýe: Ispaniýanyň territorial bütewiligine hormat goýarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hüseýin Müftüoglynyň Kataloniýada 1-nji oktýabrda geçirilen bikanun garaşsyzlyk referendumy bilen baglanşykly Ispaniýanyň territorial bütewiligine hormat goýandyklaryny belläp, taraplaryň Ispaniýanyň kanunyna boýun bolmagyny we eden-etdiligiň möhümdigini aýdandygyny nygtaýar. Habarda Müftüoglynyň Türkiýäniň Ispaniýanyň bular ýaly synaglaryň hötdesinden geljekdigine ynanýandygyny aýdandygy ýazylýar.
|
Ýeri gelende ýatlasak, 2015-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň, şeýle hem ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi, şol ýyl döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna beslendi. Şu günki wakalaryň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylda bolup geçmeginiň çuňňur manysy bar. Häzirki döwürde ady rowaýata öwrülen bu gadymy ýol, ençeme asyrlar mundan ozal türkmen topragyndan hem geçip, bu gün täze görnüşde dikeldilýär, döwletleriň we halklaryň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklary berkitmek we has-da işjeňleşdirmek pikirini özünde jemleýär.
Şeýle hem bu ýerde Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan sergi guraldy. Onuň eksponatlary dört ýurduň – TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň gadymdan gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlary, baý medeniýeti barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň ekspozisiýasy şu ýylyň şygaryny – “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary açyp görkezýär we meşhur ýoluň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýoluň bir bölegi türkmen topragyndan geçipdir. Bu ýerde görkezilen karta hem bu barada gürrüň berýär. Eksponatlaryň hatarynda pile bar. Ondan dürli matalary, lybaslary, ajaýyp halylary taýýarlamak üçin ulanylýan ýüpek sapaklar alynýar. Diwarlyklar dabara gatnaşyjylary Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň bütin dünýäde meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri, şeýle hem milli amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen tanyşdyrýar. Şol önümleriň hatarynda türkmen zergärleri tarapyndan taýýarlanylan bezeg şaý-sepleri we elbetde, meşhur türkmen halylary bar.
Owganystanyň ekspozisiýasynda, esasan hem, Hyrat welaýatynyň gymmatlyklary görkezilýär. Bu ýerde dürli sowgatlyklary, milli keşdeleriň nusgalaryny, suratkeşleriň täsin işlerini we beýlekileri görmek bolýar. Hyratda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň taýýarlan halylary aýratyn ünsüňi çekýär. Olar milli halyçylyk sungatyny aýawly saklaýarlar hem-de nesilden-nesle geçirýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri ýörite gurnalan bina barýarlar, onuň mejlisler zalynda köpsanly dabara gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, birnäçe ýurtlaryň wekiliýetleriniň baştutanlary, abraýly halkara maliýe düzümleriň, şol sanda Aziýa we Yslam ösüş banklarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Pakistanyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, şu günki wakalar örän möhüm ähmiýete eýedir. TOPH gaz geçirijisini gurmak pikiri iş ýüzünde amala aşyrylýar, diýmek, sebitiň halklarynyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar dikeldilýär we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler döredilýär.
Pakistanyň hökümetiniň Baştutany şeýle hem elektroenergetika ulgamyndaky taslamalaryň we Merkezi Aziýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etjek halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň ähmiýetini nygtady.
Pakistan mundan beýläk hem bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, Premýer-ministr Şahid Hakan Abbasi aýtdy we TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlary, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankyny gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Dostlukly ýurduň daşary işler döwlet ministri türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, dürli ulgamlarda, aýratyn hem IT tehnologiýalar ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljeginiň uludygyny nygtady. Hindistan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatyny goldaýar. Şol syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa TOPH taslamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna mümkinçilik berdi diýip, ýokary wezipeli myhman belledi.
Bu ýere ýygnananlar TOPH energiýa geçirijisiniň nobatdaky böleginiň iki polat turbalarynyň seplenilişiniň kebşirlenilişine, elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulyşynyň başlanyşyna uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Bu işler ýöriteleşdirilen tehnikalaryň we enjamlaryň kömegi bilen amala aşyryldy.
Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministriniň dört ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.
Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, binanyň eýwanyna barýarlar we däbe görä, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler.
Dabaranyň öňüsyrasynda hem wekiliýetleriň baştutanlarynyň gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra dabara gatnaşyjylar mejlisler zalyna barýarlar.
Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň belleýşi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy hem-de ugurdaş taslamalaryň durmuşa geçirilmegi köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny has-da berkider, oňa täze itergi berer, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna ýardam eder. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen adamlaryň öýüne ýagtylyk we ýylylyk geler.
Şu gün biziň ählimiz üçin uly baýram. Biz bu baýramy doganlyk owgan halky, pakistanly we hindistanly dostlarymyz, şeýle hem beýleki ýurtlardan gelen dostlarymyz bilen bilelikde belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu duşuşyk biziň oý-pikirlerimiziň hem-de maksatlarymyzyň birdigini aňladýar. Alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygymyzyň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar. Biz şu hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini görýäris we oňa buýsanmaga haklydyrys.
Bularyň ählisi strategik maksatlarymyzyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini–biziň ýurtlarymyzyň kontinentde we bütin dünýäde ykdysady gatnaşyklara işjeň goşulýandygyny aýdyň görkezýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Merkezi we Günorta Aziýa işjeň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy üçin tebigy giňişlikdir. Hut şu ýerlerden köp asyrlaryň dowamynda Aziýa bilen Ýewropany birleşdiren gadymy söwda ýollary geçipdir. Häzirki döwürde bu sebitleriň döwletleri esasy bölegini energetika we ulag ulgamlary düzýän ählumumy ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Şu ulgamlarda taslamalaryň amala aşyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde ulag hem-de energetika gatnaşyklaryny amatly ýagdaýa getirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Täze ýaşaýyş-durmuş hem-de senagat üpjünçilik ulgamlaryny gurup, goşmaça iş orunlaryny açmaga mümkinçilik döreder. Bularyň ählisi bolsa, sebitde ýaşaýan adamlaryň bähbidine, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, özleriniň we geljekki nesilleriniň ertirki güne ynamly bolmagyna hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz şeýle möhüm we giň gerimli taslamalary bilelikde amala aşyrýandygymyza buýsanyp bileris diýip, milli Liderimiz nygtady we bu taslamalaryň amala aşyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlygyň hem-de hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň alamatyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Goý, bu ýollar bizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine ýetirsin.
Pakistanyň Hökümetiniň Baştutany bu taslamanyň sebitiň taryhynda täze eýýamyň başlanýandygynyň özboluşly buşlukçysyna öwrüljekdigini nygtap we pursatdan peýdalanyp, owgan halkyna aýratyn gutlaglaryny beýan etdi.
Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministrine söz berilýär. Ol dabara gatnaşyjylary TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň başlanmagy, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi hem-de täze polat ýoluň açylmagy bilen gutlap, bu wakalaryň döwletara hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýörite taýýarlanan meýdançada TOPH gaz geçirijisiniň düzüminiň desgasynyň binýady tutulýar. Şol bir wagtyň özünde buldozerler geljekki gazgeçirijisiniň ugrunda ýer tekizlemek işlerini geçirýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde Mejlisiň Başlygynyň, Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hem-de Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyry, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň dowamynda başy başlanan halkara ähmiýetli taslamalary işjeňleşdirmegiň esasy ugurlary, bu babatda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijisiniň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen mümkinçilikler barada aýdyldy.
Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagy we sebitiň ýurtlarynyň bu taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirmegi Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu taslamalar boýunça meýilleşdirilen işleriň ählisini ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli görülmeginiň wajypdygyny nygtap, iş maslahatyna gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine zähmetde üstünlikler arzuw etdi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
|
Şu ýyl Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny, milli gymmatlyklarymyzy kämilleşdirmäge we dünýä tanatmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzda giňden bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni şu ýyl aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu gün halkara çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda geçirilýän döwlet derejesindäki halkara çärelerine yzygiderli gatnaşmak bilen, baý tejribe toplaýarlar. Medeniýet we sungat ussatlarymyz dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günlerine hem işjeň gatnaşýarlar.
Garaşsyz ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri hem üstünlikli geçirilýär. Bu bolsa, dünýä halklarynyň türkmen medeniýeti bilen, biziň medeniýet we sungat ussatlarymyzyň beýleki milletleriň medeniýeti bilen içgin tanyşmaklaryna, özara tejribe alyşmaklaryna giň ýol açýar.
Ak şäherimiz Aşgabatda, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda we şäherlerimizde gurlan döwrebap medeni maksatly binalarymyz döwletli Diýarymyzyň keşbini düýpgöter özgertdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň teatrlary, kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleri bagtyýar halkymyzyň we myhmanlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Bularyň ählisi bolsa biziň şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň datly miweleridir. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr.
Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň täze belentliklere ýetmegi ugrunda alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!
|
Şanly senäniň hormatyna täze binalaryň birnäçesini birbada ulanyşa bermek babatdaky asylly däp Türkmenistanyň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelilidigine ynamly şaýatlyk edýär.
Paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda bazarly täze söwda merkezi dabaraly açyldy. “Bereketli” toplumy binagärlik keşbinde milli binagärligiň hem-de häzirkizaman çözgüdiniň iň oňat däplerini sazlaşykly utgaşdyrýar.
Üsti ýapyk meýdançanyň merkezinde gök, miwe, bakja önümleriniň bölek söwdasy üçin ýerleriň birnäçesi bar. Olar türkmen topragynyň bereket baýlygyny alamatlandyrýar. Käbir söwda bölümleri et we balyk bölümleriň satuwyna niýetlenipdir.
“Bereketli” merkezinde senagat we azyk harytlarynyň, şol sanda egin-eşikleriň we aýakgaplaryň, dokma we neşirýat önümleriniň, mebelleriň, durmuşda ulanylýan himiýa önümleriniň, elektrik enjamlarynyň, gurluşyk serişdeleriň we beýlekileriň giň görnüşleriniň satmak boýunça ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň 280-si göze öňünde tutuldy.
Söwda merkeziniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, ol ýerlerde bagy-bossanlyklar döredilipdir, kölegeli we iňňeli baglaryň dürli görnüşleri ekilipdir, ajaýyp ýagtylandyryjylar gurnalypdyr.
Paýtagtymyzyň täze “Bereketli” söwda toplumy söwda hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hem-de ýokary derejesini hödürlemäge gönükdirilip, gürrüňsiz suratda paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda iri ýaşaýyş toplumynyň barha ösýän ýaşaýyş-durmuş düzüminiň üstüni ýetirer we ýakyn wagtda aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüler.
Şeýle hem şu gün paýtagtymyzda binagärlik açylyş dabaralarynyň ýene-de biri boldy--Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda täze gurlan, Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde çalt depginler bilen ösýän etraplaryň biriniň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek üç gatly Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy.
Täze Saglyk öýüniň näsaglarynyň bir günüň içinde hünärmenler bilen maslahatlaşyp, bu lukmançylyk edarasynyň çäklerinde iň bir döwrebap derejede bejeriş almak mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmak gerek.
Şäheriň oňaýly ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstii 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaý bilen ýetirildi. Her bir öýde ýaşaýyjylar üçin döwrebap amatlyklaryň hemmesi, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, durmuş üpjünçilik ulgamyndan, enjamlaryň we mebelleriň zerur toplumyndan ybarat bolan döwrebap amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.
Täze binanyň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berlipdir. Binanyň meýdançasy gök zolaga bürelipdir, aýmançalar gurlupdyr, ýanýodalar we amatly girelge ýollary çekilipdir. Bu ýerde awtoduralga hem-de jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýer hem bar.
Balkanabatda Birinji şäher saglyk öýüniň dabaraly açylyşy boldy. Onuň durkuny täzelemek işini Balkan welaýatynyň häkimliginiuň tabşyrmagy boýunça “Galkan” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.
Şu gün günbatar sebitiň dolandyryş merkezinde döwrebap ýaşaýyş jaýyny ulanyşa bermek mynasybetli bolan açylyş dabarasy hem aýdyň milli öwüşginlikleri bilen tapawutlandy. Bu jaý maýplar we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlendirilendir.
Ir bilen Balkanabadyň iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň biri bolan 13-nji kiçi etrapçasynda ýerleşýän täze binanyň meýdançasynyň öňünde uly türkmen toýy ýaýbaňlandy. Howa şarlarynyň girlýandlary hem-de reňkli baglar bilen bezelen öýüň gapdalynda milli ak öýler hem dikilipdir. Asyrlar boýy emele gelen asylly däbe görä, täze jaý toýuna köpsanly myhmanlar geldiler. Olaryň hatarynda durmuş taýdan ähmiýetli bolan bu taslamany ýerine ýetiren “Türkmennebit” Döwlet konserniniň gurluşykçylary we beýleki işgärler hem bar.
Bir we iki otagly öýleriň 48-sini öz içine alýan bu dört gatly jaý mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin ýöriteleşdirilip gurlupdyr. Hususan-da, bu ýerde girelge eňňitleri, tutawaçlar, giňeldilen geçelgeler we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Şunuň bilen birlikde bu öýler häzirki zaman ýaşaýyş jaýyna bildirilýän iň ýokary talaplara laýyk gelýär. Olar amatly ýerleşdirilişi, beýik potolakly ýagty otaglardan we giň aşhanalardan ybaratdyr. Şeýle hem täze jaýyň daş-töwereginde söwda merkezinden, çagalar baglaryndan, mekdepden ybarat bolan zerur durmuş düzüminiň bardygyny hem aýtmak bolýar. Munuň özi raýatlaryň ýokarda agzalan gatlaklary we olaryň maşgala agzalary üçin örän wajypdyr.
Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde, Daşoguz şäherinde maýplar we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki gatlaklary üçin täze köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzda bu ugurdaky döwlet syýasatynyň maksada laýyk we yzygiderli geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Täze binanyň daş-töweregi ýaşyl zolaga bürelip, doly abadanlaşdyrylyp. Bu ýerde sport we çagalar üçin oýun meýdançalary jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýapyk meýdança göz öňünde tutulypdyr.
Toplumyň merkezi binasynyň iki gapdalynda bu ýeriň umumy binagärlik we bezegçilik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan üç gatly binanyň ikisi gurlupdyr.
Olaryň biri bolan “Toý mekany” dabaralary geçirmek üçin niýetlendirilendir. Bu binanyň birinji we ikinji gatlarynda degişlilikde 200 we 500 orunlyk zallar, aşhana we ammar jaýlary bolan giň banket zallarynyň ikisi gurlupdyr. Binanyň üçünji gaty bolsa gözellik salony, fotosudiýa we işçi jaýlar üçin bölünip berlipdir. Bu ýerde şeýle hem bilýard oýnamak üçin zal hem-de uly bolmadyk kinoteatr bar.
Işewürler merkeziniň abadanlaşdyrylan çäginde şeýle hem bouling we spa-salon üçin bina, ýeňil maşynlary bejerýän ussahana we ýeňil maşynlaryň şaýlaryny satýan dükanlar, iki awtoýuwalga iki sany amatly kafe ýerleşýär.
Ýurdumyzyň gündogar sebitinde açylyş dabaralary maýplar we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki gatlaklary üçin niýetlenen dört gatly jaýyň açylmagyndan başlandy. Bu bina Türkmenabat şäherinde welaýat keselleri anyklaýyş merkeziniň we gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň golaýynda ýerleşýär. Täze jaýda aşhanalar bilen enjamlaşdyrylan ýagty otaglary bolan bir, iki we üç otagly öýleriň 48-si bar. Bu öýlerde fiziki taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin ähli amatly şertler döredilipdir.
Jaýyň ýakyndaky çäklerinde dynç almak üçin ýaşyl zolak, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin jaý gurlupdyr.
Şu gün Türkmenabatda täze jaýlara göçüp barýanlara hem ulanyşa girizilen dört gatly amatly jaýlaryň ikisiniň açarlary gowşuryldy. Ol jaýlaryň her birinde 24 öý bar.
Mundan başga-da, welaýatyň edara merkeziniň döwrebap binagärlik toplumynyň üsti Bitarap Türkmenistan köçesiniň—merkezi şaýoluň gyrasynda gurlan täze jaýlaryň toplumy bilen dolduryldy.
Munuň özi Senagatçylar we telekeçilik birleşmesiniň welaýat birleşigine degişli işewür merkezi we “Lebap” söwda we dynç alyş merkezdir. Onuň gatlarynyň bäşisinde “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň filiýalynyň we Senagatçylar we telekeçilik birleşmesiniň welaýat birleşiginiň edara jaýlary ýerleşýär. Bu ýerde şeýle hem döwrebap guramaçylyk tehnikalary usulyýet we beýleki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan, işewürligi alyp barmagyň esaslaryny öwredýän telekeçilik mekdebi işlär.
3,5 gektar meýdany eýeleýän täze desga Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi hem-de Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Türkiýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.
|
Welaýatda täze desgalaryň ýene-de biri şu gün Ýolöten etrabynyň dolandyryş merkezinde açyldy. Bu ýerde täze gurlan “Bagtyýarlyk şuglasy” atly çagalar meýdançasy uly baýramçylygyň öňüsyrasynda şäheriň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
|
Gezelenç ýodalary dürli reňkli çüwdürimiň hem-de dynç almak üçin telärleriň ýanyna alyp barýar, bu ýerde möwsümleýin howa şertlerine baglylykda howanyň yssy wagty günüň şöhlesinden ýa-da ýagyşdan goranmak bolýar.
|
G-20-ä agza ýurtlar dünýä ykdysadyýetiniň 85 göterimine, dünýä ilatynyň bolsa 2/3 bölegine wekilçilik edýär. Halkara söwdanyň hem ¾-ni ýerine ýetirýär.
|
...Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy boýunça dabaralara milli parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda deputatlaryň topary gatnaşdy.
Etrabyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly we tans çykyşlary hem-de ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary bu çärälere aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Çäräniň dowamynda ýygnananlar türkmenistanlylaryň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, täze obalaryň we şäherçeleriň döredilmegi milli Liderimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir, munuň özi oba ýaşaýjylarynyň diňe bir ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, sebitleri ösdürmegiň ykdysady we maýa goýumlarynyň kämilleşdirilmegine ýardam eder.
Türkmenistanyň dünýä giňişliginde yglan edýän maksatlarynyň we iş ýüzündäki hereketleriniň düýp mazmunyna düşünmegiň açary döwletimiziň içerki syýasatynyň baş wezipesinde – ykdysady abadançylyga we durmuş taýdan gülläp ösüşe ýetmeginde jemlenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
|
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara Super User tarapyndan ýazyldy Seretmeler: 344
|
Ilkinji 8 aýda 9 million 200 müň syýahatçy gelen Antalýa ýylyň ahyryna çenli ýene-de 5 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.
|
Ýurdumyzyň bu künjegi özünde gadymy medeniýetleriň gatlaklaryny saklaýar: hut Ahalyň dag eteklerinde ilkinji ekerançylar ak bugdaýy ýetişdirip ugrapdylar, türkmeniň rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri hut şu mekandan gözbaş alýarlar. Şu gün irden bu ýere özünde abadançylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetliligi hem-de dostlugy alamatlandyrýan baharyň we tebigatyň oýanyşynyň hormatyna guralan dabara ähli myhmanlar hem-de baýramçylyga gatnaşyjylar geldiler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we myhmanlary ýoluň iki gyrasynda hatara duran elleri baýdakly we şarly talyplar hem-de mekdep okuwçylary, hormatly ýaşulular, Ahal welaýatynyň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden baýramçylyga gelenler mübäreklediler. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda Owganystanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň wekilleri bar.
Däp bolşy ýaly, baýramçylyk meýdançasyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstraliýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Norwegiýadan, Singapurdan we beýleki ýurtlardan syýahatçylar hem geldiler, bahar paslynda olaryň sany has artýar. Olar üçin bu baýramçylyk özboluşly däpleriň hemmesini — zähmet dessurlaryndan başlap, döredijilik we aşpezlik sergilerini synlap, toý dabarasyna gatnaşyp, muzeý taryhyna, halkyň kalbyna aralaşmak mümkinçiligini başdan geçirmek bolup durýar.
Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara synçylary baýramçylygyň myhmanlary boldular, olar Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň öňde boljak saýlawlaryna monitoringi amala aşyrmak üçin ýurdumyza geldiler.
Ýaýlada gündogar ertekilerini ýatladýan ajaýyp şäherçe özüniň ähli öwüşginlerini ýaýbaňlandyrdy. Giň sähra şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi, türkmen obasynyň aýrylmaz gymmatlyklarynyň esasynda döredilen, Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen köp sanly gyzgalaňly söwda şäherçeleri bolsa onuň bezegine öwrüldi...
Gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine girişilýän günlerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowarynyň gowaça ekişi bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuny bardyr, ol halkymyzyň asylly däbine öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz şu günki wakalaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, geçirilýän çäreleriň diňe bir ýurdumyzyň keşbini gözelleşdirmek bilen çäklenmän, ýaşamak üçin amatly daşky gurşawy döretjekdigini hem-de türkmenistanlylar üçin ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrjakdygyny belledi.
Tut agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ady bilen sazlaşykly utgaşýar. Adamzat siwilizasiýasy möçberinde ägirt uly bu ýoly gaýtadan dikeltmek bilen, ýurdumyz tut agajynyň ýapragynyň esasynda işlenip taýýarlanylýan ýüpek matanyň adyndan gelip çykýan taryhy many-mazmuna eýe bolan nyşany dikeltmek üçin hem ähli şertleri döredýär. Şol sebäpli hem tut agajynyň 2018-nji ýylyň bag ekmek çäresiniň “baş gahrymanlarynyň” biri hökmünde bolmagy ýurdumyzda yglan edilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen kybaplaşýar.
Agaç nahallaryny oturtmak işinden başga-da, tutuş ýurdumyz boýunça öňden ösüp oturan baglara ideg etmek işleri hem guraldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda “Türkmeniň ak öýi” dabaraly ýagdaýda açyldy we agaç nahallaryny oturtmak boýunça nobatdaky ekologiýa çäresine badalga berildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň aýdyň netijeleri görünýär — ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň meýdanlarda ynsan eli bilen döredilen tokaýlyklar ýaýylyp gidýär. Şol ýerdäki agaçlaryň sany onlarça milliondyr. Giň tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar, ak mermerli paýtagtymyzyň töwereginde, Köpetdagyň eteginde bagy-bossanlyklar döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylda jemi 3 million düýp agaç nahaly: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahaly, welaýat merkezleriniň we şäherleriniň eteklerinde hem şonça möçberde agaç nahallary ekiler. Bu işi amala aşyrmak ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi.
Orta Aziýada melhemlik häsiýetleri üçin tut agajyny agaçlaryň şasy we onuň miwesini şa ir-iýmişi diýip atlandyrýarlar. Miwesinde güýçli tebigy antioksidantlaryň — karotiniň, C we E witaminleriniň, seleniň bolmagy köp sanly kesellerden saplanmaga kömek edýär.
Hünärmenleriň tassyklaýşy ýaly, hatda iň döwrebap himiki barlaghana hem, tebigatdaky ýaly, şeýle kämil we düzümi boýunça dürli birleşmeleri sintezirlemäge ukyply däldir. Tebigat özüniň “ýaşyl laboratoriýalarynda” emeli ýol bilen döretmek mümkin bolmadyk maddalary öndürýär. Köp agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň miweleri bolsa, bilşimiz ýaly, adamyň kesellere garşy durmak ukybyny pugtalandyrmaga, dürli kesellerden saplanmaga ýardam berýär.
Tut agajynyň ýapraklary ýüpek gurçugy üçin esasy iýmit bolup hyzmat edýär. Ýüpek gurçugynyň pileleri tebigy ýüpek matalary öndürmek üçin peýdalanylýar. Tuduň agajy hem örän gymmatly serişdedir. Aziýa ýurtlarynda tut agajy saz gurallaryny ýasamak üçin hem giňden ulanylýar. Hil häsiýetleri boýunça bu berk we agyr agaç gurluşyk we timarlaýyş serişdesi hökmünde hem peýdalanylýar.
Miweli agaçlar barada aýdylanda bolsa, olar mähriban Diýarymyzyň dürli künjegine gaýtalanmajak gözellik çaýyp biler. Miweli agaçlar ýylyň ähli pasyllarynda täsin görnüşi bilen özüne çekijiligini ýitirmän saklaýar. Miweli agaçlaryň bezeg görnüşleriniň hem köpüsi bar. Geljekde olaryň giňden ulanylmagy ýylyň islendik paslynda Nowruz ýaýlasyny bezär.
Geçirilýän işleriň möçberleri haýran galdyrýar, çünki tokaý zolaklary öň boşap ýatan ýerlerde peýda bolýar. Giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek işine saldamly goşantdyr, çünki ýaşyl zolaklar ýurduň ilaty üçin amatly howa ýagdaýyny döredýär.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna bu babatda möhüm orun degişlidir. Bu resminamada okgunly ösýän senagat düzümi, ulag kommunikasiýalarynyň giň ulgamy, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň çalt gurulmagy bilen birlikde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu iri maksatnamanyň çäklerinde giň möçberli bag ekmek işleri alnyp barylýar. Bu işe ýurdumyzyň ähli ilaty uly höwes bilen goşulýar. Şunda ekinleri suwarmagyň suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ulanylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, güneşli Diýarymyz ýaşyl jülgeleriň, ajaýyp seýilgähleriň hem-de gür bagly tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Olar täzelenişiň we ösüşiň janly nyşanlarydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we baýramçylygyň myhmanlary milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda bezelen özboluşly taryhy galereýanyň girelgesine tarap ugraýarlar.
Kitap açylýar, onuň gadymy söwda ýollary çekilen jiltleri bolsa hemmeleri bu ajaýyp özüne çekiji hem-de bu ägirt baýramçylyk görnüşiň esasy hökmünde alnan täsin rowaýat we aýtgylar bilen beýan edilen eseriň sahypalary boýunça syýahat etmäge çagyrýan derwezä öwrülýärler.
Biziň halkymyzyň ýyl ýazgylarynda we medeni mirasynda ajaýyp yz galdyran türkmen topragynyň şäherleri boýunça syýahat başlanýar. Myhmanlary ilkinji bolup, gadymyýetde Amul diýlip atlandyrylan Lebap garşylaýar. Bu ýerde kenarynda biziň günlerimize çenli Daýahatyn kerwensaraýy ýaly geçmişiň ajaýyp şaýatlaryny saklap oturan Jeýhun joşgunly tolkunlary bilen akýar.
Ýoluň sag tarapynda ýaýbaňlandyrylan zähmet gurallarynyň sergisinde iş başynda oturan ussatlary görmek bolýar. Olaryň altyn elleri bilen bezeg amaly-haşam sungatynyň binagärçilik gymmatlyklarynyň ajaýyp eserleri döredildi.
Şeýle ýadygärlikleriň biri hem zyýaratçylaryň häzirki wagtda hem köp gelýän ýeri bolan Astanababa aramgähidir. Bu ajaýyp ýadygärlik toplumynyň binagärçilik görnüşini döredýän bezegleriniň ýanynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky teatrynyň artistleri hormatly Prezidentimiziň kitabynda getirilen hökümdar we derwüş hakyndaky rowaýatyň mazmuny esasynda goýlan sahna görnüşini oýnaýarlar.
...Bir gezek öz nökerleri bilen ýörişe çykan hökümdar ýolda derwüşe duşýar. Olaryň arasynda durmuşda hemme zatdan gowy we ajaýyp zadyň nämedigi barada söhbet gyzyşýar. Ähli gündogar rowaýatlary ýaly, bu kyssa hem pelsepewi we göçme mazmunlydyr, onuň manysy bolsa adamyň öz kökleri bilen toprakdan iýmitlenýän, miweleri bilen nesli dowam edýän bagy aňladýar. Şeýle hem ýaşaýyşda mähriban toprakda ýetişdirilen gülden başga gymmatlyk dünýäde ýokdur. Gojanyň parasadyny alan hökümdar ýörişden boýun gaçyryp, yzyna dolanýar, özüniň ähli baýlygyny bolsa halka paýlaýar. Halk bolsa oňa özüniň zähmetsöýerligi we beýleki ajaýyp işleri bilen jogap berýär, şeýlelikde, hökümdar we onuň halky ozalkydan köp esse baý ýaşaýarlar.
Soňra ýoluň boýunda Amyderýanyň kenaryndaky däplere mahsus bolan el işleriniň sergisi ýaýbaňlanýar. Bu ýerde öýde matanyň we kilimiň dokalyşy, gyýkyndy tehnologiýasy we beýlekiler görkezilýär.
Tansyň dilinde gürrüň berlen bu rowaýat bilen Amyderýanyň sag kenarynda Köýten daglaryndaky tebigy täsinlikleriň biriniň adynyň gelip çykyşy baglanyşdyrylyp, ol köp asyrlardan bäri bellidir hem-de bu rowaýat Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ýaýrapdyr. “Kyrk gyz” diýlip atlandyrylýan bu künjek Hojapil obasynyň ýanynda ýerleşen çuň jülgedir. Bu jülgäniň kert gaýalarynyň beýikligi 200 metre ýetýär, ol käýerlerde on bäş metre çenli daralýar. Onuň düýbünden örän arassa suwly çeşme akýar, bu çeşme gözbaşyny ägirt uly gowakdan alyp gaýdýar. Gowagyň girelgesi elli metre ýetýär.
Rowaýatda aýdylyşy ýaly, gadymy döwürlerde jülgäniň ýanyndaky dag obasynda kyrk sany peri ýaly gözel gyz ýaşapdyr, olar her gün tämiz howadan dem almak hem-de suwa düşmek üçin çeşme boýuna gelipdirler. Bir gün basybalyjylar oba çozupdyrlar. Ýaşajyk gözeller jülgede gizlenipdirler, emma olaryň gizlenýän ýeri aýan bolupdyr. Duşmanlar gowaga golaýlaşanlarynda, gyzlar Beýik Biribardan halas etmegi dileg edipdirler. Ine, gudrat: gaýalar süýşüp, geçit berýärler, gyzlar oňa girensoňlar gaýa ýapylýar. Gyzlaryň gowakda galan gap-gaçlary we egin-eşikleri daşa öwrülipdir...
Şunuň ýaly jadyly rowaýatlar bilen halk tebigatyň täsinliklerini hem şahyranalaşdyrypdyr, hem-de olaryň ady bilen milli taryhyň sahypalaryny ebedileşdiripdir.
Daýahatyn kerwensaraýynyň şekilini alamatlandyrýan uly gurnama desganyň içinde Baş drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde küşt oýnunyň sahnasy görkezilýär. Bu sahna bizi hyýalymyzda müňlerçe ýyl mundan öňki döwre geçirip, X asyrda meşhur bolan türkmen şazadasy Abubekir as-Suli barada gürrüň berýär. Ol küşt hakynda beýan edýän “Sadrançnama” atly ylmy eseri ýazdy.
Kerwensaraýlarda dünýäniň ähli künjeklerinden ýygnanan söwdagärler dürli harytlary daşapdyrlar. Şolaryň gymmatly görnüşleriniň biri, elbetde, ýüpek bolup, onuň ady Aziýadan Ýewropa uzalyp gidýän söwda ýoluna dakyldy.
Dokma we ýüpek önümçiliginiň sergisinde baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylara ýüpegiň nähili emele gelşi hem-de ondan nähili önüm öndürilişi görkezilýär, serginiň çäklerinde tut agaçlarynyň dürli görnüşleri görkezilýär, bu agaçlaryň ýapragyndan ýüpek ýüplügi alynýar, şeýle hem bu ýerde keteni matasynyň ýörite enjamda dokalyşyny synlamak bolýar.
Elde ýasalan bu we beýleki önümler uly bolmadyk sergide ýerleşdirildi, Mary welaýatyndan gelen agaç ussasy bolsa işiň käbir tilsimlerini görkezdi. Gadymy Merwe bagyşlanan baýramçylyk dabarasynyň nobatdaky bölümi şeýle açylýar. Agaç ussasynyň özboluşly pawilýonlaryndan soň, Uly Gyzgalanyň kuwwatly diwarlary görünýär. Onuň keşbinde bu täsin desganyň ägirt uludygy görkezilýär.
Bu ýerde Mary welaýatynyň birleşen folklor topary çykyş edip, gadymdan gelýän sapan urmak oýnuny ýerine ýetirýär. Kada boýunça, sapanyň aýlanmagy üçin ýüpden çekmek zerur bolup durýar. Oýnawaç badyny peseldip başlanda, ýene-de ýüpden çekmek bolýar. Oýnuň beýleki bir görnüşi taýajyk bilen baglanyşyklydyr. Taýajyga ýüpi daňyp, sapany aýlap goýberýärler. Kimiň sapany köp aýlansa, şol utan hasaplanylýar.
Halkymyz Gadymy Merwiň saklanyp galan ýadygärlikleriniň köpüsini zenanlar bilen baglanyşdyrýar: mysal üçin, Gyzbibi kümmetiniň adyndan belli bolşy ýaly, olar hökümdarlardyr ýa-da şazada gyzdyr. Gyzgala ýadygärligi bilen birnäçe rowaýat baglanyşyklydyr. Olaryň birine görä, golaýda ýerleşen Uly we Kiçi Gyzgala gadymy döwürlerde Gyzgala we Ýigitgala diýlip atlandyrylypdyr, çünki olaryň birinde gyzlar, beýlekisinde bolsa ýigitler ýaşapdyr. Ýigitleriň biri gyzlaryň galasyna almany zyňyp bilse, ol şol galada ýaşaýan islendik gyza öýlenip bilipdir.
Ine, Soltan Sanjaryň kümmeti Merwiň hakyky merjenidir. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýatlanylýan Soltanyň perä bolan söýgüsi hakyndaky rowaýat janlandyrylýar. Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri bu rowaýat barada ussatlyk bilen gürrüň berýärler. Onda kümmetiň gurluşynyň käbir aýratynlygyny düşündirýän pursat bar. Gümmezleriň arasyndaky howa çalşygy üçin niýetlenen gümmeziň deşigi özboluşly we täsindir. Ýöne daşky gümmez birmahallar weýran bolupdyr. 2004-nji ýylda dikeldiş işlerini geçirýän arhitektorlara bu gümmezi doly dikeltmek başartdy.
Ýoluň gyrasynda ýaýbaňlandyrylan sergide zergärçilik sungatynyň önümleri ýerleşdirilipdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň işleri goýlupdyr. Bu ýerde sergide ussat zergär gurallara erk etmekde hem-de inçe iş usullaryny görkezmekde tomaşaçylary geň galdyryp, kümşüň hakyky poeziýa öwrülmeginiň jadylaýjy sungatyny görkezýär.
Milli egin-eşikleriň nusgalary goýlan sergide ezber keşdeçileriň jadylaýjy el işlerine seredip, durman geçmek mümkin däl. Bu ýerde, aýratyn-da, aýal egin-eşikleriniň nagyşlara baýdygyny görmek bolýar. Kürte — ol ajaýyp egin-eşikleriň iň naýbaşysy hasaplanýar.
Soňra Nowruz ýaýlasy meýdançasynda joşgunly durmuş bark urýan köpöwüşginli gündogar bazary ýaýbaňlanýar. Bu ýerde halkyň el işleriniň önümleri we harytlar ähli bolçulygynda görkezilipdir. Bazarda dükançylar telpekler we tahýalar, elde ýasalan durmuş önümleriniň gyzgalaňly söwdasyny edýärler. Bu ýerden ýüpek ýiti lowurdaýar. Dürli küýzeler we gap-gaçlaryň syrçalary şöhle saçýar. Halylar öwşün atýar. Uzak ýerlerden gelen söwdagärler bolsa bu ýerler üçin düýpgöter täsin bezemen egin-eşikleri bilen märekede saýlanýarlar.
Daş-töwerekleri janköýer diňleýjiler bilen gurşalyp alnan bagşylaryň ýerine ýetirýän aýdymlary janlandyrylan görnüşleriň ajaýyp öwüşginleri boldular. Bir gapdalda pälwanlaryň tutluşyklary we şadyýan milli oýunlar gyzyşýar. Gadymyýetde bu milli gymmatlyklara adamly ýerlerde aýratyn meýdançalar bölünip berlipdir.
Bu ýerde däp bolan semeniniň taýýarlanylyşyny, şeýle hem bugdaýyň ýaşyl baýramçylyk öwüşginine öwrülişini görmek bolýar. Gadymy ýer sürüjileriň watany bolan Ahal welaýatynyň bölümi hut şeýle görnüşleri bilen hem açylýar.
Ýoluň çep tarapyndaky uly teläriň astynda oturan aýallar gadymy asyrlarda hamyr taýýarlanyşynyň ähli tapgyrlaryny — bugdaýy daş degirmenlerde üwemekden başlap, uny elemäge çenli ähli işleri görkezýärler.
Bu ýerde Ahalyň medeni ýadygärligi — orta asyrlaryň Sarahs baba ady bilen belli bolan Abul-Fazylyň kümmeti görkezilipdir. Onuň diwarlarynyň töwereginde ýaýbaňlandyrylan sahnada welaýatyň birleşdirilen folklor topary ak bugdaýyň we ekerançylyk däpleriniň gelip çykyşyny keşplerde beýan edýärler.
Çaklaňrak etnografik oýunlarda gadymyýetde ýer sürmegiň we döwek döwmegiň iş ýagdaýlary janlandyrylýar. Soňra olaryň orny häzirki zaman görnüşleri bilen çalşyrylýar — Oba we suw hojalyk ministrligi tarapyndan guralan çörek we çörek önümleriniň sergisi görkezilýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de baýramçylygyň myhmanlarynyň öňünde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri çykyş edip, alymlaryň — astronomlaryň, matematikaçylaryň, pelsepeçi-akyldarlaryň bir ýere jemlenip, dünýäniň gurluşy hem-de täze açyşlar we bilimler barada pikirlerini paýlaşyp duran pursatlaryny şekillendirdiler.
XV asyrda gurlan, emma 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde zeper ýeten Seýit Jemaleddin metjidi Ahal welaýatynyň çägindäki görnükli ýadygärlikleriň biridir. Biziň günlerimize çenli onuň täzeden dikeldilen galyndylary gelip ýetdi. Emma metjit öz ähmiýetini saklap galdy hem-de häzire çenli syýahatçylarda, şeýle hem alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Gaýtadan dikeldilen mozaika dikeldiji hünärmenleriň işinde esasy üstünlik boldy, ol ösümlik şekilli nagyşlaryň ýanynda aždarhalary hem-de metjidiň “Gözellik öýi” diýlip atlandyrylandygyny beýan edýän ýazgyny şekillendirýär.
Aždarhalaryň şekili metjitler üçin mahsus däldir hem-de bu mozaika bezeginiň Orta Aziýada deňi-taýy ýokdur. Alymlar adaty bolmadyk şeýle şekiliň döremeginiň sebäbi barada köp pikir etdiler hem-de aždarhanyň şol döwürde ýerli ilatyň seždegähi bolandygy barada pikire geldiler. Galyberse-de, obanyň ýaşaýjylarynyň aždarhany beladan halas edenligi, munuň üçin bolsa altyndan serpaýa eýe bolup, bu metjidi gurdurandygy barada rowaýat bar.
Türkmenistanyň taryhy goraghanalarynyň biri bolan Abiwerd galasy bilen hem bagly taryh teatrlaşdyrylan sahnada görkezildi. Bu ýerde senetçileriň ýaşaýan ýerleri, misgärleriň we zergärleriň ussahanalarynyň bolandygyna şaýatlyk edýän metaldan ýasalan dürli zatlar tapyldy. Küýzegärçilik işi hem gülläp ösüpdir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda bularyň ählisi barada maglumatlar köpdür.
Mundan beýläk uly teläriň aşagynda ter gök önümler we miweler gözüňi dokundyryp, türkmen ekin meýdanlarynyň, baglarynyň we mellekleriniň sowgatlarynyň sergisiniň üstüni ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri ýetirdi. Ussat aşpezler gadymy tagamnamalar boýunça milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny görkezip, olary myhmanlara hödürlediler.
Birneme daşrakda, ak öýleriň arkasynda atlylar, düýe kerweni ýerleşip, ýaz gülleri çykan meýdanda alabaýlaryň goraýan goýun sürüleri otlap ýördi.
Nowruz ýaýlasy meýdançasyndaky çykyşlar bolsa Nusaý galasy baradaky sahna bilen dowam edýär. Onuň diwarynyň ýanynda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde Oguz hanyň kuwwatly pälwan — bäsdeşi bilen tutluşygy beýan edildi.
Janköýerleriň şowhunly el çarpyşmalary astynda çykyş edýän pälwanlaryň özüne çekiji tutluşyklary ýagşylygyň we ýagtylygyň güýçleri bilen utgaşýar. Ajaýyp bedewlere atlanan çapyksuwarlar bolsa ähli baýramçylyklaryň bezegidir.
Kakadylan önümler hem-de beýleki tebigy süýjülikler türkmen saçagynyň berekedini artdyrdy. Tomaşaçylara iň tagamly kişmişiň taýýarlanylyşy, Türkmenistanda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän üzümiň dürli sortlarynyň nusgalary görkezildi. Baglary we meýdanlary suwarmak üçin ulanylýan jykyryň işi daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Balkan welaýaty öz bölümini “Türkmenbalyk” hojalygynyň balyk önümleriniň sergisi bilen açdy. Nowruz ýaýlasynda, hatda “Hazar deňzi” — uly bolmadyk suw howdany gurlup, onda balyklar ýüzüşip ýördi, ýurdumyzyň günbatar sebitiniň döredijilik topary bolsa, «küştdepdiniň» owazy astynda deňizden balyk toruny çekýän balykçylary şekillendirdiler. Elbetde, «küştdepdi» tansy — deňiz tolkunlarynyň badyny öz içine alýan joşgunly tans hem ýerine ýetirildi.
Kerwenler Dehistanyň üstünden ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda geçipdir, şonuň üçin bu ýerde ençeme kerwensaraýlaryň gurlandygy, ülkäniň özi barada bolsa gyzykly rowaýatlaryň onlarçasynyň düzülendigi geň zat däldir. Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleri Parawbibi hakynda rowaýatyň äheňi boýunça sahna görkezdiler.
Zähmetiň, däp-dessurlaryň we rowaýatlaryň bu bahar baýramçylygynda nobat Daşoguz welaýatyna ýetdi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti özüniň görkezilişini bu künjekde meşhurlyk gazanan ugrundan — ussat hünärmenleriň önümleriniň sergisini görkezmekden başlady. Soňra ähli tomaşaçylary ýörite sahnalaşdyrylan meýdança çagyrdylar. Bu ýerde Törebeg hanymyň meşhur aramgähiniň abadanlaşdyrylyşy olara tomaşa etmäge görnüş bezegi bolup hyzmat etdi. Bu oýnuň esasynda ýaş ussanyň hanyň gyzyna bolan wysal bolmadyk söýgüsiniň beýanaty ýatandyr. Bu rowaýatyň köpdürli nusgalarynyň bardygyny bellemek isleýäris. Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri bolsa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapdaky bu kyssanyň inçeden beýan ediliş äheňini çuňdan duýmak bilen sahnada örän köp aýtgylaryň bütin many-mazmunyny gysgajyk parçada şowly goýmagy başardylar.
Törebeg hanymyň mawzoleýi Gutlug Temiriň minarasynyň golaýynda ýerleşýär hem-de Köneürgenjiň iň bir haýran galdyryjy ýadygärligi hasaplanylýar. XIV asyrda gurlan bu orta asyr binagärligiň ajaýyp gymmatlygy häzirki günlerimize çenli oňat saklanyp galypdyr. Orta Aziýanyň binagärçiligi öň hiç haçan eýwany täsin bezelen, giňişligi guramakda döredijilik erkinligine baý bolan hem-de bir bitewi çeperçilik wezipesiniň çözgüdine tabyn edilen munuň ýaly ajaýyp ýadygärligi görmändi.
Alymlar bu kümmet XII — XIII asyrlaryň sepgidinde gurlupdyr diýip hasaplaýarlar. Halk arasynda ony şeýh Şarapyň ýa-da Şarap babanyň kümmeti diýip atlandyrypdyrlar. Bu keramatly goja üçin halk tarapyndan uly hem-de kaşaň kümmetiň bina edilendigi barada rowaýatda aýdylýar. Şeýhi getirip, oňa bu binany görkezipdirler. Şeýh Şarap gurluşykçylary we olaryň guran binasyny öwüpdir, ýöne Taňrynyň ýönekeý guly bolan özi ýaly adam üçin şeýle kümmetde jaýlanmagynyň gelşiksizdigini aýdypdyr, haçan-da ol, aradan çykanda, şeýhi bu ajaýyp binanyň golaýynda jaýlapdyrlar.
Horezm şasy Tekeşiň kümmetiniň görnüşiniň öňünde Daşoguz welaýatynyň birleşdirilen folklor topary Göroglynyň öýlenişinden bir sahnany ýerine ýetirdiler. Dürli tagamlar hödürlenilmeýän toý bolmaýar ahyryn?! Halwanyň we beýleki milli süýji tagamlaryň sergisi hem şu ugra degişlidir. Bu ýerde aşpezler dabara gatnaşýanlaryň ählisi üçin palaw taýýarladylar. Daşoguz tüwüsinden iň tagamly palawyň taýýarlanýandygy hemmä mälimdir.
Hiňňildiklerde uçýanlaryň şadyýan sesleri töwerege ýaň salýar. Olarda uçmak ruhy taýdan päkizlenmegi aňladyp, Täze ýyla täze güýçler, päk ýürek we ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basmaga mümkinçilik berýär diýilýär. Tämizlenmegiň simwoliki dessurlary, aýratyn-da, Nowruza mahsus bolup, olara ot ýakmak, onuň üstünden bökmek dessurlary girýär.
Ýaýlada ýaýbaňlandyrylan bahara, türkmen tebigatyna, onuň naz-nygmatlaryna, tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan adamlara bagyşlanan çeperçilik sergisi şekillendiriş sungatynyň belli ussatlarynyň eserlerini, şeýle hem türkmen halkynyň döredijilik däplerini mynasyp dowam edýän ýaş suratkeşleriň işlerini öz içine alýar.
Soňra baýramçylyk çäreleri şu ýyl Halkara Nowruz baýramynyň Türkmenistanda geçirilýän dabaralaryna gatnaşýan ýurtlaryň milli röwüşde bezelen bölümlerinde dowam etdirilýär.
Bu baýramyň şeýle derejä eýe bolmagyna Türkmenistan hem goşandyny goşdy. Nowruz ýaýlasynda guralan ägirt uly Ak öý türkmenleriň çäksiz myhmansöýerliginiň, milli medeniýetimiziň dowamatlylygynyň alamatydyr.
Şu gün baýramçylyk konsertleri we beýleki dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde we Aşgabat şäherinde giňden ýaýbaňlandyryldy.
|
Nebitiň hem-de gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän we eksport möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, nebit, gaz hem-de geologiýa pudaklarynyň çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini berkitmek, täze nebitgazly ýataklary gözlemek, özleşdirmek hem-de ulanmaga bermek boýunça taslamalaryň depginlerini çaltlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak, bu ugurdan baý tejribesi bolan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlarda gowaça ideg işleri dowam edýär.
Şeýle hem wise-premýer 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda hünärmenleriň ylmy-amaly çemeleşmesi netijesinde, kärhanada daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda ulanylýan himiýa önümleriniň täze görnüşlerini çykarmaga gönükdirilen goşmaça önümçilikleriň birnäçesi özleşdirildi. Şolaryň hatarynda ýylda 1100 tonna ekologiýa taýdan arassa oksigumat — ösümlikleri zyýanly mör-möjeklerden goraýan serişdeleri öndürýän bölüm bar. Zawodda türkmen kwars çägesiniň esasynda ýylda 100 tonna suwuk aýnanyň öndürilişi hem ýola goýuldy. Bu önüm gurluşykda, dürli magdanlary baýlaşdyrmakda ulanylýar. Ýylyň başyndan bäri şu önümiň 20,6 tonnasy öndürildi, onuň 14 tonnasy içerki sarp edijilere ýerlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmek, ony ýokary bazar bäsdeşligi şertlerinde täze sepgitlere çykarmak boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, özümiziň çig mal serişdelerimizi giňden ulanmak, tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň has netijeli ylmy işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak mümkinçiliklerine daýanmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň degişli pudaklaryň zerurlyklaryny üpjün etmek bilen birlikde, gaýtadan işleýän himiýa senagatynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, haryt dolanyşygyny giňeltmek hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz okgunly ösýän paýtagtymyzyň we sebitleriň sazlaşykly durmuşyny üpjün etmegiň köp şertlerden ybaratdygyny belledi. Hojalygy ýöretmegiň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi köp babatda şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna baglydyr. Jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly işlemegini guramak şeýle şertleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag gatnawlarynyň artýandygyny nazara almak bilen, olary guramaga we dolandyrmaga döwrebap serişdeleriň hem-de usullaryň esasynda çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň ünsüni milli telewideniýäniň işiniň hiline çekdi. Hususan-da, “Sport” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynyň işine nägilelik bildirildi. Döwlet Baştutanymyz bu teleýaýlymlaryň wezipesiniň sportuň milli görnüşlerini wagyz etmekden, türkmen sportunyň gazanýan üstünliklerini giňden ýaýmakdan, sport ýaryşlarynda ýeňijilerimizi wasp edip, olaryň mysalynda ýaşlarymyzy terbiýelemekden ybaratdygyny belläp, bu teleýaýlymlaryň hiç biriniň hem öz üstüne ýüklenen wezipelere hötde gelip bilmeýändigini aýtdy.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň başlygy wezipesine B.Bäşimow bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen N.Iýaberenow Metbugat merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berdi.
Bellenilişi ýaly, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda”, “Oba hojalygyny ösdürmegiň döwlet düzgünleşdirmesi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, çaganyň hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmek, maşgala hem-de zähmet gatnaşyklary, ylym we bilim, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ulgamlarda hereket edýän kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine — Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy. Biziň döwletimiziň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornunyň ykrar edilýändigine we barha berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Welosiped sporty dünýäde sportuň giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen iň meşhur görnüşleriniň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Taryhyny 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň aralygynda geçirilen ilkinji uly ýaryşdan alyp gaýdýan welosiped sporty häzirki döwürde diňe bir sport babatdaky öňegidişlikleri aňlatman, eýsem, adamzadyň parahatçylyk söýüjilik taglymatlaryny, dostlugy hem-de hoşniýetliligi hem dabaralandyrýar. Biz halklaryň ýakynlaşmagynyň, bütin dünýäde parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine, şol sanda halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan bu ugurda Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edýän Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerýän, halkara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk eden bu taryhy waka mähriban halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, baý öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleriň geçirilmegi eziz Diýarymyzy sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmünde dünýä tanadýar, biziň her birimizde şatlykly duýgulary döredýär, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.
|
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň alyp barýan işinde kesgitleýji boldular. Köp ýyllaryň dowamynda hut şu institut gurluşygyň ylmy-kadalaşdyryjy binýadyny işläp düzmek we kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanda esasy edara bolup durýar.
Institutyň işgärleri kadalaşdyryjy resminamalary, ylmy işläp düzmeleri, emeli teýkaryň gurluşy boýunça binalara we desgalara ýetirilýän seýsmiki täsiri azaltmaga mümkinçilik berýän hödürnamalary işläp taýýarlamak we gurluşyk tejribesine ornaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. Olaryň hakyky işe ukyplylygynyň we ulanyş hiliniň fiziki taýdan könelme derejesini ýüze çykarmak bilen, gurluşyk konstruksiýalarynyň tehniki ýagdaýynyň barlagyny üstünlikli geçirýärler, şeýle hem gurluşyk obýektleriniň, şol sanda Türkmenistanda gurulýan awtomobil ýollarynyň hiline gözegçilik etmegi amala aşyrýarlar.
Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk YBI-nyň alymlary we hünärmenleri biziň ýurdumyzdaky ähli awtoýollaryň we şäherara awtotrassalaryň gurluşygynyň hiline yzygiderli gözegçilik edýärler. Bu ugurda maksada gönükdirilen işleri geçirmek bilen, biziň işgärlerimiz innowasion tehnologiýalardan we öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alýarlar. Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda ýol gurluşygynda ýol örtükleri hökmünde asfaltbeton örtükler giňden ulanylýar.
|
Şu düzgünler saýtyň ulanyjylarynyň we saýta girijileriniň ählisine degişlidir. Saýtyň maglumatlaryny ulanyp, ulanyjy şu düzgünleri bilen ylalaşýandygyny mälim edýär. «МТС-Türkmenistan» hojalyk jemgyýeti (Kompaniýa) öz islegi boýunça şu düzgünleri we gözükdirijileri üýtgetmek hukugyny öz ygtyýarynda galdyrýar. Şu düzgünler bozulan ýagdaýynda, Kompaniýa düzgün bozujylara garşy kanun boýunça rugsat berilýän ähli serişdeleri ulanmak hukugyny öz ygtyýarynda galdyrýar. Şu düzgünler häzirki we geljekki Kompaniýanyň saýtyny ulanyjylar üçin niýetlenendir.
Şu saýt üçünji taraplaryň saýtlary barada maglumatlary özünde saklap bilýär. Bu saýt bilen baglynyşykly haýsy hem bolsa başga Internet-resursa geçmek, ulanyjynyň öz jogapkärçiligine degişlidir; bu saýtlarda ýerledirilen maglumatlaryň, garaýyşlaryň, maslahatlaryň ýa-da beýannamalaryň takyklygy boýunça Kompaniýa jogapkärçilik çekmeýär. Kompaniýa başga saýtlaryň salgysyny ulanyjynyň amatlylygy üçin ýerleşdirýär, ýöne Kompaniýa bu saýtlarynyň mazmunyny goldaýandygyny ýa-da oňa jogapkärçilik çekýändigini aňlatmaýar.
МТС – ÝPJ-niň “Mobil TeleUlgamlar” söwda nyşany hökmünde hasaba alnan. Türkmenistanyň çäklerinde görkezilen söwda nyşanyny ulanmak hukugy “МТС-Türkmenistan” hojalyk jemgyýetine degişlidir. Bu saýtda ýerleşdirilen, söwda nyşanlary, logotiplar, we hyzmatlaryň kysymy Kompaniýanyň ýa-da üçünji taraplaryň eýeçiligine degişlidir.
Şunuň bilen Kompaniýa Size bu saýtda çap edilen maglumatlary diňe täjirçilik bolmadyk ýagdaýynda nusgasyny göçürmäge hukuk berýär. Başga maksatlar üçin maglumatlary ulanyp bolmaýar. Şol sebäpli, saýtyň islendik maglumatlarynyň nusgasyny göçüreniňizde, Siz asyl nusgasynyň degişli belliklerini we ähli awtorlyk hukuklaryny saklamak bilen ylalaşmalysyňyz. Ýokarda görkezilenlerden başga, ähli beýleki hereketler Kompaniýanyň ýa-da üçünji taraplaryň awtorlyk hukugyna ýa-da söwda nyşanyna, ygtyýarnamasyna ýa-da patente bolan hukugyna gytaklaýyn, bilkastdan ýa-da haýsy hem başga eýelemesi diýlip teswirleniler.
|
şu gün Emir Hatami Siriýanyň çydam güýçleriniň serkerdeleriniň arasynda beren gürrüňlerinde duşmanlaryň Siriýada ýola berýän pitnelerine we bu ýurdyň ilatynyň bir näçesiniň DAEŞ terrorçylary arkaly öldürilýändigine yşarat edip Yrakda we Siriýada ýüze çykan ýagdaý Amerikalylaryň sebit baradaky pitneleriniň çarçuwasyndadyr diýip beýan etdi.
Emir Hatami şeýle-de Siriýanyň goşun we halyk güýçleriniň çydamlylygy we jan aýamazlygy eziji düzgüniň Siriýadaky mekirli hilelerini puja çykarandyr diýip sözüne goşdy.
|
Türkmenistanyň döwlete dahylsyz ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň we ösüşiniň geljeginiň giň möçberli gözden geçirilişi Super User tarapyndan ýazyldy Seretmeler: 375
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi Super User tarapyndan ýazyldy Seretmeler: 454
|
Maslahatda Russiýa bilen çarter uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy üçin görülýän taýarlyklar, syýahatçylaryň howpsyzlygy üçin görüljek çäreler we syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.
|
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ak mermerli paýtagtymyz täze gurlan desgalarynyň gerimi we ajaýyplygy bilen uly täsir galdyrýar. Soňky ýyllarda onuň binagärlik toplumyna täze taryhy döwrüň hem-de milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanlaryna öwrülen özboluşly binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary sazlaşykly goşuldy.
Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.
Ýurdumyzda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp amala aşyrylýan şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm bölegi hemişe durmuş ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyrylyşyň barşynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahananyň, Aşgabat şäherinde 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi.
Baş meýilnama laýyklykda, 1008 hojalyga niýetlenen 10 sany 12 gatly 72 öýli we 6 sany 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Bu ýokary amatlykly jaýlarda üç otagly öýleriň 442-si, dört otagly öýleriň 382-si hem-de bäş otagly öýleriň 184-si ýerleşer. Şeýle hem 6 sany ýerasty pyýada geçelgelerini, umumy uzynlygy 5 564 metr bolan ýollary gurmak meýilleşdirilýär.
Bu gün, täze taryhy döwürde Magtymgulynyň öçmez-ýitmez goşgulary Garaşsyzlygyň, halk bitewüliginiň, ene topragymyzda parahatçylygyň we agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň wasp eden öçmejek ynsanperwer gymmatlyklary asyrlar geçse-de, Türkmenistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ýaşaýan hoşniýetli adamlaryň hemmesine ýakyn we düşnükli bolup durýar.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ilaty, ozaly bilen ýaşlary olara çekmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle taslamalary düýpli işlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda şypahananyň, Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň, şeýle hem paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş toplumynyň hem-de Aşgabady gurmagyň 16-njy tapgyrynyň taslamalaryna ünsi çekip, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyna örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Olar halkymyzyň bähbidine hyzmat edip, türkmenistanlylaryň ýokary durmuş ölçeglerini üpjün etmelidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adam hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek, adamlaryň oňaýly ýaşamagy we dynç almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, olaryň saglygyny goramak ileri tutulýan ugur bolmalydyr.
Häzir biziň gurluşyk senagatymyz uly kuwwata eýedir. Şol kuwwaty täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, zerur ýagdaýynda bolsa daşary ýurt maýa goýumlaryny hem çekmek arkaly doly derejede peýdalanmaly. Desgalar gurlanda esasy ýagdaýlaryň ählisini, şol sanda ýurdumyzyň howa şertlerini göz öňünde tutup, diňe saýlanyp alnan ýokary hilli serişdeleri ulanmak gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.
|
Türkmenistanyň Prezidenti dikuçaryň ýanynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde bina edilen we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
|
Russiýanyň hökümeti Ukraina bilen tebigy gaz ylalaşygynyň möhlediniň uzaldylmagy bilen bagly gepleşikler geçirdi
Üçtaraplaýyn gepleşikde Russiýanyň tebigy gazynyň Ukrainanyň üsti bilen Ýewropa ugradylmagy ele alyndy.
|
Maşgalalaryň bir müňden gowragy ýokary amatlykly öýlere göçüp bararlar. Magtymguly şaýoly bilen Köşi köçesiniň kesişýän ýerinde amatly ýollaryň, ulag duralgalarynyň, awtobus duralgalarynyň, gök zolaklaryň we iri söwda merkeziniň gurulmagy bu ýeriň ýaşaýjylaryna zerur amatlyklary döreder. Täze ýaşaýyş jaý toplumy paýtagtyň görküne görk goşar we onuň oňaýlylygyny, ekologiýa talaplaryna laýyk gelýänligi, owadanlygy we sazlaşygyny açyp görkezer.
|
«Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna girýän döwletleriň içinde Türkiýe tebigy gazdan peýdalanmaklygyň derejesiniň ösüşi boýunça Hytaýdan soň ikinji ýurtdur. Şonuň üçin hem TANAP (Trans-Anatoliý gaz geçirijisiniň gurluşygy) taslamasy Türkiýäniň gaza bolan artýan islegini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir» - diýip Türkiýäniň Prezidenti azerbaýjan HBS-lerine beren interwýusynda aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, azerbaýjan-türk bilelikdäki taslamasy bolan TANAP Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir. «Işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Biz ýakyn wagtda gaz geçirijiniň işläp başlajakdygynyň şaýady bolmaga umyt edýäris» diýip ol belledi.
R.T.Ärdoganyň nygtaýşy ýaly, TANAP-yň birinji tapgyrynyň çäklerinde geçirilmegi göz öňüne tutulýan gaz Türkiýede geljek ýyllarda gaz sarp edilişiniň hasabatyna goşuldy. «Şeýle hem Russiýa bilen «Türk akymy» taslamasynyň çäklerinde işler dowam etdirilýär. Biz şeýle hem gündogar Ortaýer deňzi we Yrak sebitlerinden gazy eksport etmegiň täze taslamalaryny öwrenmäge taýýar» diýip ol aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gündogar ortaýerdeňzi sebitlerinden gaz çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy täze alternatiwa öwrüldi. «Türkiýe Ýewropa gaz eksportynyň maliýe taýdan hem, iň gysga ýol nukdaýnazary taýdan hem ähli ugurlaryna gatnaşýar. Türkiýäniň energetiki merkeze öwrülmegi üçin biz bu ugra maýa goýumlaryny goýmaga taýýar» diýip R.Ärdogan aýtdy.
|
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirşiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2018-nji ýylyň 4-nji fewralyna çenli kabul edilýär.
|
Türkiýe Liwiýanyň paýtagty Tripolide Liwiýanyň Milli nebit firmasyna guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, “Liwiýanyň durnuklylygy we asudalygy taýdan esasy orun eýeleýän firma guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys” diýildi.
Beýanatda “Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, dost Liwiýanyň hökümetine we doganlyk ýurt Liwiýanyň halkyna uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.
|
BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Onuň esasyny oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Aşgabatda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm waka bolup durýar. Bu düzüm özüni Milletler Bileleşiginiň sebitdäki ygtybarly merkezi hökmünde görkezdi.
2017-nji ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Bu şanly waka Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bitaraplyk derejesi özüni döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, hakyky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde görkezdi.
Bu geňeşi döretmek baradaky teklip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ABŞ-nyň işewürleri bilen 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda bolan duşuşygyň barşynda beýan edildi. Şonda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka iş saparyny amala aşyrdy. Rokfeller merkezinde geçirilen bu duşuşyk türkmen-amerikan işewürler gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berip, hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Duşuşyga ABŞ-nyň hökümetiniň wekilleri, amerikan kompaniýalarynyň we konsernleriniň 300-e golaý ýolbaşçylary gatnaşdy.
Şu ýylyň aprel aýynda “John Deere” kompaniýasynyň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda 2018 — 2021-nji ýyllarda pudak üçin işgärleri taýýarlamak ugry boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky üçtaraplaýyn Ähtnama gol çekildi.
2018-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 2573,43 million amerikan dollaryna we 0,3 million ýewro bolan 156 taslama hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen çäreleriň netijesinde ýurdumyz ýylsaýyn ýokary ykdysady görkezijileri gazanýar. Munuň özi bolsa maýa goýum işini işjeňleşdirmek we bilelikdäki iri taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat esas bolup durýar.
Beýik Ýüpek ýoly döwründe Türkmenistanyň çägi Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm baglanyşdyryjy merkez bolupdyr. Täze taryhy şertlerde hem ýurdumyz şu wezipäni — yklymara ýollaryň ulag çatrygy bolmak wezipesini ýerine ýetirýär. Bu babatda hem köpugurly daşary syýasaty durmuşa geçirýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr.
|
Kiçi biznesiň subýektleri we hususy telekeçiler üçin üçin Palatanyň agzasy bolmak meýletin esasda alnyp barylýar. Telekeçiligiň beýleki subýektleri üçin agzalyk hökmanydyr.
Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalko bilen Limanyň (Peru döwletiniň paýtagty) söwda palatasynyň baş sekretary Hose Rosas 1980-nji ýylda gol çekilen şertnamany işjeňleşdirmek baradaky ylalaşyga geldiler.
Soňky birnäçe ýylda Russiýa bilen Perunyň arasyndaky gatnaşyklar işjeňligi bilen tapawutlanmady. Russiýanyň gümrük boýunça statistikasynyň maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylda haryt dolanyşygy 2 esse pese düşüpdir. 2017-nji ýylda položitel görkezijileri gazanmak başardypdyr. Bu ýagdaý 2018-nji ýylda hem dowam edip, birinji ýarym ýylda ýokary netijeler gazanyldy. Bu barada Wladimir Padalko Peru döwletiniň Russiýadaky ilçisi Benhamin Çimoý we Limanyň söwda palatasynyň baş sekretary Hose Rosas bilen bolan duşuşykda belläp geçdi.
Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti krizisden ozalky döwürdäki ýokary görkezijileri diňe bir dikeltmäge däl, eýsem olary has ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik bardygyny aýtdy.
Hose Rosas Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wekiliniň pikirini goldap, Peru döwletiniň ykdysadyýetiniň Russiýanyň farmasewtika we medisina önümlerine, informasion tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle-de, dag-magdan we gurluşyk pudaklarynda bilelikdäki inwestisiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljeginiň uludygyny ýadýarlar.
Hytaý wekiliýetine Çžeszýan welaýatynyň ýolbaşçylarynyň biri U Guýin baştutanlyk edip, onuň düzümine kompaniýalaryň 30-a golaýy girdi. Olar azyk senagaty, gurluşyk, dokma, durmuş hyzmatlary we beýleki ulgamlara wekilçilik etdiler.
Forumyň ahyrynda Çžeszýan welaýatynyň halkara söwdasyna ýardam etmek Geňeşi bilen Kuba Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň arasynda memoranduma gol çekildi. Geljekde bu iki guramanyň arasyndaky gatnaşyklary has giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Bu çäre iki döwletiň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden we özara düşünişmegi ýola goýmakdan ugur alýar.
27.02.2018. Azerbaýjanyň Çehiýadaky ilçihanasy we Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasy (Çehiýadaky) hyzmatdaşlyk boýunça memoranduma gol çekdiler diýlip, ilçihananyň habarynda aýdylýar. Memorandum Azerbaýjan bilen Çehiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşygynyň ösmegine, iki ýurduň işewürler toparynyň arasyndaky gatnaşygyň giňeldilmegine, şeýle hem Çehiýada Azebaýjanyň wagyz edilmegine ýardam eder.
Habarda Çehiýada ilçihananyň we Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasynyň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilýändigi bellenilýär. Hyzmatdaşlygyň netijesinde Çehiýadaky Azerbaýjanyň ilçihanasynda Genje awtomobil zawody bilen Çehiýanyň «Tatra» kompaniýasynyň arasynda ady agzalan kompaniýanyň ýük awtoulaglarynyň önümçiligi hakynda memoranduma gol çekildi.
Şeýle hem üstümizdäki ýylda Çehiýadaky Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasynyň we ilçihananyň dürli çäreleri geçirmegi meýilleşdirilýär.
|
2018-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlygy Agentligi (JICA) bilen bilelikde «Aşgabat şäheriniň çäginde hem-de onuň töwereklerinde seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmagyň Taslamasyny» durmuşa geçirmek ugrunda maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlygy Agentliginiň arasynda ylalaşylan teswirnamasyna laýyklykda Taslama amala aşyrylanda pudagara utgaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin Bilelikdäki utgaşdyryjy komitet (BUK) döredildi.
Taslama Türkmenistanda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meseleler boýunça we BUK-niň ýygnagynyň gidişinde Halkara Taslamanyň çäklerinde işleriň geçirilmegini dowam etdirmek barada pikir alyşyldy.
|
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini we zerurlyklaryny nazara almak bilen amala aşyrylmalydygyna ynam bildirdi
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen toparlarynyň oýny 12.04.2018
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen toparlarynyň deňme-deň oýny
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon söhbetdeşlik geçirdi
|
Täze ýaşaýyş toplumy Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşyp,Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň miwesi bolup durýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar şol syýasatyň özenini düzýär. Soňky ýyllarda dünýä ölçegleriniň derejesinde ýaşaýyş jaý gurluşygy giň gerime eýe boldy. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmek baradaky maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy wezipesidir.
Ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary ulanmaga bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda gurlan ýaşaýyş jaýlarynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň köpsanly maşgalalary jaý toýlaryny tutdular. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem şol desgalaryň iri buýrujylarynyň biri boldy.
Ir säherden dabaranyň geçirilýän ýerinde hakyky baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabara gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, köpsanly aşgabatlylar bar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde, “Eziz Diýar” hem-de “Ajaýyp eýýam” diýlip atlandyrylan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugraýar. Täze desgalaryň her biriniň öňünde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, artistleriň, sazandalaryň hem-de tans toparlarynyň köp öwüşginli çykyşlary ýaňbaňlandyrylýar.
Köp öwüşginli baýramçylyk dabarasynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän milli däpler hem-de täze döwrüň ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar. Derwezäniň aňyrsynda walsyň jadylaýjy owazy ýaňlanýar we ajaýyp lybasly köpsanly tansçylar dünýäde iň meşhur tanslarynyň biri bolan walsy ýerine ýetirýärler.
Onuň garşysynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň döreden suratlary goýlupdyr. Meýdançanyň golaýynda estrada aýdymçylary Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy, mähriban halkymyzy we Arkadag Prezidentimiziň beýik işlerini wasp edýän aýdymy ýerine ýetirýärler.
Ertekileriň we beýleki meşhur gahrymanlaryň lybasyna beslenen körpe tansçylar ruhubelentlik bilen çykyş edýärler. Olaryň arasynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň gahrymany Wepaly atly alabaý saýlanyp dur. Türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi netijesinde, alabaýyň keşbi dünýäniň köp ýurtlarynda meşhurlyga eýe boldy. Şu günki baýramçylykda hem Wepaly çagalaryň üns merkezinde boldy. Körpeler onuň daşyndan şadyýan aýlandylar.
Şanly waka mynasybetli ýaş türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny taýýarladylar. Hut olar, geljekki Olimpiadalaryň gahrymanlary ýakyn ýyllarda abraýly halkara ýaryşlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny goramalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaý toplumyny gözden geçirmegi dowam edip, täze üç gatly “Şypaly” söwda merkezine baryp gördi. Onuň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk çykyşy ýaýbaňlandy. Merkeziň golaýynda täze maşgalanyň döredilmegi mynasybetli dabara ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda täze jaý toýlary köp halatlarda maşgala toýlary bilen bilelikde tutulýar.
Bu ýerden uzak bolmadyk ýerde ýaş suratkeşler surat çekmek bilen meşgullanýarlar. Döredijilige indi gadam basýan suratkeşleriň işleri paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalaryň biri boljak şu günki baýramçylygyň özboluşly beýany bolar.
Daş-töwerekde bolsa joşgunly tanslar hem-de aýdymlar ýerine ýetirilýär, türgenler çykyş edýärler. Gündogar başa-baş söweşiniň wekilleri hem-de ýaş gimnastikaçylar ussatlyklaryny görkezýärler. Olaryň golaýynda şadyýan çagalar dürli lybaslarda sahnajyklary ýaýbaňlandyrdylar.
Binanyň birinji gatynda supermarket ýerleşýär. Şol ýerde azyk önümleriniň we hojalyk harytlarynyň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. Olaryň esasy bölegi täze önümlerdir. Olaryň hatarynda, et, süýt, çörek önümleri, şol sanda berhizlik harytlar, süýji-köke önümleri, çagalar iýmiti, ýarmalar, pomidor goýaltmasy, maýonez, şerbetler, alkogolsyz içgiler we çaýlar, doňdurmalar we beýleki önümler bar. Alyjylara şeýle hem miweleriň, gök we bakja önümleriniň köp görnüşi hödürlenilýär.
Bu ýerde goýlan önümleriň ählisiniň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilendigi bellärliklidir. Olar hil babatda daşary ýurtlaryň önümlerinden birjik-de pes durmaýar hem-de alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Munuň özi bolsa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýsanjy bolup durýar. Hususy ulgamyň wekilleri gaýtadan işleýän we azyk senagaty ýaly pudaklary üstünlikli özleşdirip, ykdysadyýetiň bu möhüm ulgamynda hem-de halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmegiň beýleki ugurlarynda özleriniň kuwwatyny artdyrmagy dowam etdirýärler.
Umuman, bularyň ählisi milli senagat toplumynyň kuwwatynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu toplumda milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyna möhüm orun degişlidir.
Söwda merkeziniň ikinji gatynda mebel dükany, üçünji gatynda edara we iş otaglary ýerleşýär. Binanyň aşaky gaty tehniki we ammar jaýlary üçin niýetlenendir.
Şol pursat “Bilimli – Ylymly” atly beýik ýaşaýyş jaýynyň öňünde däp bolan toý dessury – gelniň giýewiň öýüne gelmegi bilen bagly dessur ýaýbaňlandyrylýar. Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baranlaryň uly topary gelni aýdymlar we tanslar bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş toplumy bilen tanyşmagyň barşynda 12 gatly 72 öýli jaýdaky öýleriň birine baryp gördi, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy täze jaý eýeleri mähirli garşyladylar.
Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz myhmansöýer öý eýelerinden täze jaýda nähili ýerleşendiklerini sorady hem-de öýüň otaglarynyň ýerleşişi we üpjün edilişi bilen gyzyklandy.
Täze jaý eýeleri döwlet Baştutanymyza adamlar barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzyň raýatlaryna şunuň ýaly ajaýyp jaýlary satyn almak üçin mümkinçilikleriň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdiler. Bu jaýlarda ähli zatlar hiliň we amatlylygyň ýokary ölçeglerine laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ilatyň islegine we hajatlaryna laýyk gelýän amatly şäher gurşawyny döretmek paýtagtymyzda amala aşyrylýan uzakmöhletleýin şähergurluşyk konsepsiýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin Aşgabatda ýaşaýyş jaýlar bilen bir toplumda hökmany suratda bilim we mekdebe çenli terbiýeçilik edaralary gurulýar.
Şeýlelikde, şu günler paýtagtymyzda geçirilen binagärlik açylyş dabaralary milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýan hem-de mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny garşylamaga taýýarlyk görýän eziz Watanymyzyň täze taryhyna nobatdaky sahypany ýazdy.
|
Gazna ministri Nikolas Dužowneniň berk syýasy çäreleriň çäginde ençeme ykdysady meýilnamany aýan etmegine garaşylýar.
Türkiýäniň Hasabat guramasyndan berlen beýanata görä, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda doňdurma we buzly içgileriň satuwyndan 24 million 206 müň 543 dollarlyk girdeji gazanyldy.
|
Häkim şeýle hem inženerçilik we jemagat gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler, ýaşaýyş jaýlaryny, şäheriň desgalaryny, jemgyýetçilik ýerlerini göwnejaý tertipde saklamak, öňde boljak şanly seneleri garşylamaga görülýän degişli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow estetiki, medeni we jemgyýetçilik-ekologik şäher giňişligini döretmek babatynda aýry-aýry wezipelere ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimleriniň özlerine degişli çäkleriň ösdürilmegini, şäher ýaşaýjylarynyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmek üçin, olaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de boş wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin amala aşyrylýan işleriň we çäreleriň ählisini berk gözegçilikde saklamalydyklaryny belledi.
Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy, ol sebitiň durmuş-ykdysady görkezijileri, gowaça ekişiniň barşy, ekin meýdanlaryna mineral dökünleriň berlişi, ösüş suwunyň tutulyşy, galla oragyna görülýän giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, aprel aýynda boljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalaryň, ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak meseleleriniň hemişe welaýatyň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede guramak boýunça tabşyryk berdi. Hususan-da, milli Liderimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralaryň geçiriljek ýeri bolan welaýatyň çäklerinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumynyň we stadionlaryň taýýarlygyna berk gözegçilik etmegi talap etdi.
Soňra göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy, ol ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şol sanda ýakynda badalga alan ýaz ekişiniň barşy, meýdan işlerine gatnaşýan düzümleriň sazlaşykly işlerini üpjün etmek, oba hojalyk tehnikasyny galla oragyna taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň başlanmagyna giň möçberli taýýarlyk işleri, galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hususan-da, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler barada habar berildi.
Mundan başga-da, häkim welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler, gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem aprel aýynda boljak şanly seneleriň baýramçylyk maksatnamasy barada hasabat berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häzirki döwürde gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Hasabatyň dowamynda galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaz-meýdan işleriniň bellenilen möhletleriniň anyk berjaý edilmeginiň, gowaça ekişiniň göwnejaý geçirilmegini üpjün etmek üçin dökünleriň, tehnikanyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, Türkmenistanyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
|
Şertnamany gaýtadan resmileşdirmek üçin golaýdaky TMCELL müşderilerine hyzmat ediş ofisine, hökman şertnamanyň täze eýesi bilen baryň. Özüňiziň pasportyňyzy we şertnamanyň täze eýesiniň pasportyny almaklygy ýatdan çykarmaň!
|
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary (iňl. 2017 Asian Indoor and Martial Arts Games), ýa-da başga bir ady bilen "Aziada 2017" , Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylyň 17-nji we 27-nji Senýabr aralygynda geçirildi.[1] Post-Sowet döwletleriň arasynda Aziada ilkinji bolup Aşgabatda geçirildi. Aziada V -iň çekilişi 2010-njy ýylyň 19 dekabrda Kuweýtde boldy.[2]2013-nji ýylyň iýun aýynyň 6-syna Olimpiýada komiteti tarapyndan Olimpiýada baýdagy Aşgabadyň hakimine gowşuryldy. [3]
Olimpiýada şäherçesiniň ýanynda köp sanly ýokary okuw jaýlary ýerleşýär. Olar: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty,Türkmen döwlet medeniýet instituty we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty.
Oýunyň açylyş dabarasy 2017-nji ýylyň Senýabr aýynyň 17-sine (Ýegşenbe) Aşgabat Olimpiýa stadionynda boldy.[10]
Oýunyň ýapylyş dabarasy Senýabryň 27-sine Aşgabat Olimpiýa stadionynda boldy. Ol ýerde halkara aýdymçylar: rus aýdymçy Nýuşa, Leban aýdymçy Ellisa , iňlis aýdymçy Jon Nýuman we ýerli aýdymçylar janly seslerii bilen göni ýaýlymda aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.[11]
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine agza bolan 45 sany döwletiň hemmesine çakylyk haty ugradyldy. Oýuna ilkinji gezek "Ýuwaş okean olimpiýa geňeşiniň" agzalaryndan 17 sany döwlet Aziýada oýunlaryna gatnaşdy.[12][13]
|
Türkiýäniň statistika hasabatlaryna laýyklykda, 2017-njy ýylda bu ýurtda 42 müň 841 türkmenistanly, 15 müň 878 erkek, 26 müň 963 zenan resmi hasaba alnypdyr. Türkiýede wizasyz, bikanun ýaşaýandyklaryny aýdýan türkmen migrantlary esasan öz tölemeli jerimeriniň möçberini bilmek isleýändiklerini aýdýarlar
|
Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Siriýada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Idlib welaýatynda geçiriljek giň gerimli harby çaknyşygyň “adam katastrofasyna” ýol açmak töwekgelçiligini özünde jemleýändigi 14-nji sentýabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa aýdyp, oňa duýduryş berjekdigini mälim etdi.
Siriýanyň hökümeti Idlib welaýatyndaky gozgalaňçylary welaýatyň çäginden kowup çykarmak üçin, giň gerimli harby operasiýa geçirmek planyny mälim etdi.
Orsýet we Eýran ýurduň ýedi ýyla çeken raýat urşunyň dowamynda başdan-soňa Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assada möhüm goltgy berip geldi. Siriýadaky raýat urşy 2011-nji ýylyň martynda dörän protest çärelerini hökümetiň basyp ýatyrmagy bilen tutaşypdy.
“Bu meselede Orsýet örän wajyp rol oýnaýar. Biz geçiriljek duşuşykda aç-açan bu ýagdaýy maslahat ederis” diýip, Maas aýtdy.
“Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strukturasyny çylşyrymlaşdyrýan syýasy aratapwutlylyklar bar. Ýöne iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni, sosial kybapdaşlyklar, ykdysayýet, hatda adam parasatlylygy ýurtlaryň halklarynyň bilelikde bina ediljek ýakymly gelejege ynanmaklaryna esas döretdi” diýip, Lawrow aýtdy.
Lawrow Moskwanyň Birleşen Ştatlary bilen-de gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny, ýöne ol Waşingtondaky “Russofobiýa” atlandyrýan zadynyň ösüşlere badak atýandygyndan zeýrendi.
“Biz [Birleşen Ştatlaryň prezidenti] Trampyň iki ýurduň arasynda kadaly gatnaşyklary ýola goýmak boýunça aýdýan beýanatlaryna çynlakaý çemeleşýäris” diýip, Lawrow sözüne goşdy.
|
Daşoguz welaýatynyň oba ýerlerinde köçelerde idegsiz ýören itleri guramaçylykly öldürmek boýunça işler geçirilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 11-nji sentýabrda habar berdi we häkimiýetleriň guramaçylygynda şu günler geçirilýän bu çäreleriň çäginde öýüniň golaýynda gezip ýören hasaba alnan öý itleriniň hem gyrylýandygyny belledi.
Aşgabatda köçede ýören itleriň kommunal hojalyklaryň işgärleriniň tutup ýygnaýandygy, soňky ýyllarda Aşgabadyň köçelerinde itleri we pişikleri ýygnaýan gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglaryň hereket edip başlandygy habar berlipdi. Käbir halatlarda itleriň köçelerde ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde demir taýaklar bilen urlup öldürilýändigi, ýa-da zäherlenip ýok edilýändigi habar berlipdi.
Aşgabatda öýsüz it-pişikleri köçeden ýygnamak we ýok etmek boýunça işleriň ýene-de batlanandygyny awgustyň başynda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary mälim edipdi.
Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgäriniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, müdirligiň tehniki işgärlerine, ýagny köçe süpürijilere, arassaçylyk we bagbançylyk işlerini edýän işgärlerine, şeýle-de suw üpjünçilik işlerini ýerine ýetirýän santehniklere her hepdede bir iti ýa-da bir pişigi diriligine ýa-da onuň maslygyny ýaşaýyş jaý ulanyş edarasyna tabşyrmagyna görkezme berilýär, bu "plany dolmadyklar" babatynda göz öňüne tutulan jerime bar.
Bu ýagdaýa şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi: "Itleri gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglar bilen äkidýärler. Käwagt köpçüligiň gözüniň alnynda itleriň kellesine, oňurgasyna demir taýak bilen urýarlar, ýüpden we demir simden halka edip bogýarlar. Köçe süpürijiler bolsa pişikleri polietilen haltalara salýarlar, elbetde haýwanlaryň ählisi demigip ölýär. Howanyň gyzgyny günüň aşagynda 60 gradusa ýetýär. Polietilen haltalaryň içindäki bug daşyna suw bolup dökülýär".
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary şu günler Aşgabatda idegsiz ýören öý haýwanlaryny ýok etmek boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigini we haýwanlary tutýan ýörite awtoulaglaryň ýanynda polisiýa ulaglarynyň hem gatnap, itdir-pişikleri tutýan işgärleri ilatyň gahar-gazabyndan goramak wezipesini berjaý edýändigini belleýärler.
Mundan öň käbir raýatlaryň haýwanlara görkezilýän rehimsiziklere garşy çykýandygy we bu ýagdaýyň öňüni almaga synanyşýandygyny habar berlipdi.
Ýerli synçylar, öýsüz haýwanlary köçeden ýygnamak boýunça guramaçylykly işleriň döwlet tarapyndan ähmiýet berilýän çäreleriň we uly baýramçylyklaryň öňýany hasam batlanýandygyna ünsi çekýärler. Şu günler Türkmenistan "Amul-Hazar" awtorallisini geçirýär we gaýtadan dikeldilen Halk Maslahatyna taýýarlanýar.
Munuň bilen bir wagtda şu günler Aşgabatda öýlerde saklanýan haýwanlarynyň döwlet tarapyndan hökmany waksinasiýasy amala aşyrylýar.
"Häzir öz haýwanlarynyň dälilikden hökmany döwlet waksinasiýasy alnyp barylýar. Weterinar gulluklaryň işgärleri öýme-öý aýlanyp, "Biokan-R" dermanyň sanjymyny edýärler. Bu haýwan saklaýanlar üçin örän amatly" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy it eýesi 11-nji sentýabrda gürrüň berdi.
|
Dünýä türkmenleriniň arasynda sosial mediada edilýän gürrüňlerde Owganystandaky diasporanyň erkek adamlarynyň eşiginiň näme üçindir goňşy halklaryňka meňzeýändigi, ýagny üýtgändigi barada dürli garaýyşlar öňe sürülýär.
Emma muňa garamazdan, diasporanyň käbir ýaşlary bu pikir bilen ylalaşmaýarlar we ýurtda milliligiň ýitip barýandygyny aýdýarlar.
|
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň ABŞ bilen gatnaşyklardaky durgunlylygy bes etmäge taýýardygyny aýtdy, emma ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky "rusofobiýanyň" öňegidişligi bökdeýändigini belledi.
14-nji sentýabrda Germaniýanyň liderleri bilen gepleşik geçirmek üçin bu ýurda sapar edýän Lawrow "Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary petikden çykarmak ugrundaky ýoluň öz bölegimizden geçmäge taýýar" diýip, dpa agentligine aýdy.
|
Eger-de Siziň SIM-kartaňyzyň PIN-kodynyň ýalňyş girizilmegi sebäpli öçürilen ýagdaýynda, Size ýene-de TMCELL aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin ony dikeltmek zerurdyr, munuň üçin TMCELL müşderi bölümine ýüz tutuň
|
Ukrainanyň prezident Petro Poroşenko Ýewropanyň Ýalta strategiýasy boýunça ýyllyk konferensiýasynda çykyş edýär, Kiýew, 14-nji sentýabr, 2018
Onuň bu çykyşy prezidentiň parlamentdäki wekili Iryna Lutsenkonyň Ukrainanyň Halkara maliýe fondy bilen täze ylalaşyk boýunça gepleşik geçirýändigini mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu ylalaşygyň 17.5 million dollarlyk häzirki ýardam programmasynyň ornuny tutjagy aýdylýar.
"Bu Halkara maliýe fondunyň reformalary, parahatçylygy we ylalaşygyň çäginde biziň amala aşyran reformalarymyzyň netijelerini makullaýandygyny we bizi ýene bir programmanyň çäginde üpjün etmäge taýýardygyny aňladýar" diýip, Iryna Lutsenko aýtdy.
|
Kreml Britaniýanyň öňki gizlin agenti zäherlemekde güman edýän iki adamy soraga çekmek baradaky islendik talabyna özüniň orsýet kanunlarynyň esasynda çemeleşjekdigini aýdýar.
Peskowyň bu çykyşy özlerini Ruslan Boşirow we Aleksandr Petrow diýip tanadan iki adamyň Orsýetiň RT telekanalynda eden çykyşynda özleriniň GRU aňtaw gullugyna gatnaşygynyň ýokdugyny we özleriniň Salisbury şäherine syýahatçy bolup barandygyny aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.
Britaniýanyň premýer-ministriniň metbugat-wekili James Slak agzalan iki adamyň çykyşyny "ýalançylyk we gödek galplaşdyrma" diýip atlandyrdy.
|
Siz özüňize “owadan” ýa-da ýeňil ýatda galýan, ýa-da Siziň durmuşyňyzyň “aýratyn” sanlary bilen bagly bolan telefon belgisini (bar bolan boş TMCELL belgilerinden) saýlap bilersiňiz .
|
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani syýasy we howpsuzlyk bir ylalaşyk adynda ýadro ylalaşygyň amala aşyrylmagy ýada şowsuzlyga uçramagy dawa aramagyň ýerine gepleşik geçirilmeginiň täsirliligini hemde halkara guramalaryň başarjaňlygyny ölçemek üçin taryhy synagdyr diýip nygtady.
şu gün Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Tehranda Eýranyň tertip düzgün goraýjy güýjiň serkerdeleriniň ýygnagynda eden çykyşynda ýadro ylalaşygy baradaky Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň aýdan gürrüňlerine yşarat edip Donald Tramp Amerikanyň öňki döwletiniň gol çeken ylalaşygyny kabul etmese hiç bir ýurt Amerika bilen ylalaşyga gol çekmez diýip nygtady.
|
Subsets and Splits
No community queries yet
The top public SQL queries from the community will appear here once available.